Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

2014-nji ÝYlyŇ habarlar arhiwi
25 dekabr 2014 ýyl

Ykdysadyýetiň bäsleşige ukyplylyk ýolunda

Milli ykdysadyýetleriň globallaşýan we integrirlenýän işleriniň ösüşi, howpsuzlygy ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň netijeliligini we bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýän häzirki zaman ykdysadyýet şertleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boup durýar.

9 dekabr 2014 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä bankynyň wise-prezidentini kabul etdi

2014-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilýän ýokary derejedäki halkara energetika forumyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça wise-prezidenti hanym Lora Taky kabul etdi.

4 dekabr 2014 ýyl

Dostluk demirýoly

2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň gatnaşmagynda «Gazagystan — Türkmenistan — Eýran» halkara demir ýolunyň açylyş dabarasy boldy.

3 dekabr 2014 ýyl

Gazagystan – Türkmenistan – Eýran dostluk demir ýolunyň açylyşy mynasybetli çykarylan şaýy pullary

Ýurdumyzyň ulag toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň demir ýol pudagyny has-da ösdürmek maksatlarynda gurlan Gazagystan – Türkmenistan – Eýran dostluk demir ýolunyň açylyşy mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan altyndan we kümüşden her haýsysynyň gymmaty 50 manada deň bolan ýadygärlik şaýy pullary we şol pullaryň toplumy çykaryldy.

3 dekabr 2014 ýyl

Türkmen-gazak doganlyk gatnaşyklarynda taryhy tapgyr

2014-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň arasynda ýokary derejedäki duşuşyk geçirildi.

6 noýabr 2014 ýyl

Halkara pul gaznasy nobatdaky gezek Türkmenistanyň ösüşine oňyn baha berdi

Halkara pul gaznasynyň Türkmenistan boýunça wekiliýet toparynyň başlygy jenap Býorn Roteriň baştutanlygyndaky türkmen paýtagtyna iş sapary tamamlandy. HPG-niň wekilleri Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň makroykdysady gazananlaryna baha berdiler we netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

15 iýul 2014 ýyl

Bagtyýarlyk döwrüniň dynç alyş mesgeni

Berkarar türkmen döwletiniň, bagtyýar türkmen halkynyň şu günki belent mertebesi, uly ösüşleri, ýeten we gelejekde nazarlanýan beýik sepgitleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

1 iýul 2014 ýyl

Türkmen manadynyň goraglylyk derejesi artdy

Türkmenistanyň Merkezi banky gymmaty bir, elli we ýüz manat bolan 2014-nji ýylyň banknotlarynyň täze modifisirlenen görnüşlerini dolanyşyga goýberdi. Bu täzelik 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilen milli puluň gorag alamatlaryny artdyrmak we wizual serişdelerini kämilleşdirmek maksady bilen girizildi.

24 iýun 2014 ýyl

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe kiçi we orta telekeçilik işini ösdürmegiň ähmiýeti

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinden, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi baradaky tagallalaryndan egsilmez ylham we güýç alýan halkymyz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda uly-uly sepgitlere ýetýär.

20 iýun 2014 ýyl

Eksport amallarynda pul gözegçiliginiň milli we daşary ýurt tejribesi

Ykdysady gatnaşyklaryň köp ugurlarynda, ylaýta-da maliýe we pul ulgamlarynda özara baglanyşyklaryň artmagy, halkara söwdasynyň we oňa hyzmat edýän maýanyň ýokary depginler bilen ösüşi, häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň häsiýetli aýratynlyklarynyň hataryndadyr.

17 iýun 2014 ýyl

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň täjirçilik banklarynda goýum amallarynyň ösüşi we kämilleşmegi

Häzirki wagtda Türkmenistanyň bank ulgamy bagtyýarlyk döwrüniň düýpli özgertmeleriniň akymynda ykdysadyýetiň depginli ösýän ulgamy bolup durýar. Milli ykdysady ösüşiň maliýe üpjünçiligini berkitmek, milli manadyň hümmetiniň durnuklylygyny saklamak, bank hyzmatlarynyň häzirki zaman toplumyny ornaşdyrmak we çekilen serişdeleri netijeli peýdalanmak Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarydyr.

17 iýun 2014 ýyl

Raýat hukuk gatnaşyklarynda şertnamalaryň orny

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda raýat jemgyýetini gurmak giňden ýaýbaňlandyrylýar. Raýat jemgyýeti bolsa,  raýatlaryň jemgyýetçilik gatnaşyklaryna özara ylalaşyk baglaşmak esasynda girmeklerini, özara arabaglanyşygy diňe sagdyn jemgyýetçilik aňynyň serişdeleri bilen döretmeklerini üpjün edýän öz-özüňi düzgünleşdiriş gurluşyna eýe bolan, dürli gatlaklara, toparlara bölünen adamlaryňaň-düşünjeli şahslaryň umumy jemidir.

10 iýun 2014 ýyl

Prudensial gözegçilik reformalarynyň aýratynlyklary

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň bank ulgamynyň durnuklylygyny we ösüşini üpjün etmek Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ilkinji nobatdaky wezipeleriň biri bolup durýar. Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bank ulgamynyň öňünde goýan reformalary amala aşyrmak bilen, Merkezi bank, durnuklylygy üpjün ediji faktor hökmünde, prudensial gözegçiliginiň pugtalanmagyna aýratyn ähmiýet berýär.

14 maý 2014 ýyl

 

Magtymgulynyň 290 ýyllygy mynasybetli ýubileý şaýy pullary çykaryldy

Türkmenistanda beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň öňüsyrasynda ýurdumyzyň Merkezi banky ýadygärlik şaýy pullaryny çykardy. Her haýsynyň hümmeti 50 manada deň bolan altyn we kümüş ýubileý şaýy pullaryndan ybarat bolan...

8 maý 2014 ýyl

 

Halkara töleg ulgamy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda bank ulgamynda hem oňyn özgerişlikler amala aşyrylýar we töleg ulgamy kämilleşdirilýär.

2 maý 2014 ýyl

 

Türkmenistan ykdysadyýeti ösdürmegiň bazar usullaryny işjeňleşdirýär

Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumynda bazar ykdysadyýeti ýörelgelerine birsydyrgyn geçmek babatda nobatdaky ädim ädildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini yzygiderli ösdürmek, nebit önümleriniň rejeli peýdalanylmagyny gazanmak we içerki bazarda ýerlenmegini tertipleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2014-nji ýylyň 28-nji aprelinde degişli karara gol çekdi.

28 aprel 2014 ýyl

Karz edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler

2014-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere, şol sanda bank edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çärelere bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.

18 aprel 2014 ýyl

Maliýe ulgamynyň globallaşmagy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen häzirki döwürde ýurduň ykdysady ulgamy üýtgedilip gurulýar we barha kämilleşdirilýär. Ykdysadyýetimizi ýokary depginler bilen ösdürmek hem-de ilatyň durmuş hal ýagdaýyny gowulandyrmak üçin öňde goýlan wezipäni çözmekde býujet, maliýe, salgyt we bank ulgamlary düýpgöter täzeden gurnaldy...

10 aprel 2014 ýyl

Birža işleri: hukuk taýdan sazlaşdyrmagyň täzelikleri

Şu ýylyň mart aýynda “Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi.Bu Kanun Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrlyşynyň 1-nji martda bolup geçen mejlisinde kabul edildi. Kanun haryt-çig mal biržalarynyň işlemeginiň, birža söwdalarynyň guralmagynyň we geçirilmeginiň hukuk, guramaçylyk weykdysady esaslaryny kesgitleýär hem-de Türkmenistanda harytlaryň lomaý bazarynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

24 mart 2014 ýyl

Bank kartlarynyň maglumat howpsuzlygy

Häzirki döwürde bank kartlary biziň durmuşymyza kem-kemden ornaşýandygyny ynamly belläp bolar. Şolary dürli maksatlar üçin işjeň ulanýan adamlar bar. Esasan hem ýurdumyzdaky ministrlikler, edara-kärhanalar, kompaniýalar öz işgärleriniň zähmet hakyny bank kartlary arkaly tölemekligini giňden ornaşdyrýarlar.

20 mart 2014 ýyl

Türkmenistanyň Bankara walýuta biržasynyň işini halkara derejesine ýetirmek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde uly we taryhy ähmiýetli özgertmeler amala aşyrylýar.

17 mart 2014 ýyl

Kuwwatly ýurt— eşretli ýaşaýyş

Hormatly Prezidentimiziň ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek baradaky Karary halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda möhüm ädimdir. Ýurdumyzy ösdürmek, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak  ugrunda hormatly Prezidentimiz ýadawsyz aladalar edýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen adam hakyndaky alada döwletimiziň baş aladasyna öwrüldi.

10 mart 2014 ýyl

Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen «Türkmen zenany – gözelligiň nyşany» atly baýramçylyk dabarasy

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda özünde mähremligi, gözelligi, näzikligi jemleýän mähriban ene-mamalarymyza we gelin-gyzlarymyza uly sarpa goýulýar.

24 fewral 2014 ýyl

Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary – dünýä derejesinde maliýe hasabatlylygynyň bir bitewi ulgamydyr

Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmek kärhanalara we guramalara döwlet edaralary tarapyndan, şol sanda salgyt edaralary tarapyndan goldaw bermegiň şertleriniň biridir.

7 fewral 2014 ýyl

Bank hyzmatlary döwrebaplaşýar

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän uly gerime eýe bolan işleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda bank ulgamy hem barha kämilleşýär. Bank ulgamy ýurdumyzda ykdysady syýasatyň kemala gelmegine we bolup geçýän uly ykdysady özgertmelere gatnaşýar, hem-de ykdysady döwlet maksatnamalaryny netijeli durmuşa geçirýär.

4 fewral 2014 ýyl

Telekeçilige döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijeliligi

Häzirki döwür telekeçiligiň iş ýüzünde dikeldilýän, işewür adamlara öz ukyplaryny doly açmak üçin ähli şertleriň döredilýän döwrüdir. Döwletimiz senagat önümçiligini mundan beýläk-de ösdürmek üçin hususy telekeçileriň mümkinçiliklerini çekmäge ilkinji nobatdaky wezipeleriň biri hökmünde garaýar.

4 fewral 2014 ýyl

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2013-nji ýyl. Maliýe-ykdysady ulgam

2013-nji ýylda — Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygynyň ýigrimi ikinji ýylynda türkmen halkynyň bähbitleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda ýöredilýän uly möçberli döwlet syýasaty netijesinde dünýäniň depginli ösýän ýurtlarynyň hatarynda mynasyp orny eýeläp, durmuş-ykdysady ösüşde ýokary üstünlikleri görkezdi.

31 ýanwar 2014 ýyl

Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlap, Türkmenistanyň Merkezi banky altyn we kümüş şaýy pullaryny goýberer

2014-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň göni aragatnaşyk arkaly geçiren wideoşekilli iş maslahatynda Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan goýberilmegi meýilleşdirilýän altyn we kümüş şaýy pullarynyň nusgalary hödürlendi.

30 ýanwar 2014 ýyl

Dünýä ykdysadyýetine tarap ädilen ädim

Nagt däl hasaplaşyklaryň uly mäýdanynda ýene-de bir iri oýunçysy Türkmenistanda işläp başlar. Türkmenistanyň daşary ykdysady iş banky töleg işiniň ulgamyna gatnaşmaga hukuk berýän MasterСard bilen lisenzion ylalaşygy baglaşar. Daşary ykdysady iş bankyna şular ýaly ygtyýary Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda gol çeken Buýrugy hukuk berýär.

23 ýanwar 2014 ýyl

Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy – kanun çykaryjy esaslar

Geçen ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen «Eýeçiligiň döwletiň garamagayndan aýrylmagy we döwletiň emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň täze Kanuny 2014-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girýär.

22 ýanwar 2014 ýyl

Halkara töleg ulgamlary – bank hyzmatlarynyň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiz 2014-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna MasterCard kompaniýasy bilen Ygtyýarnama Ylalaşygyny baglaşmaga rugsat berýän Buýruga gol çekdi we häzirki şertlerde halkara töleg ulgamlaryny, şol sanda nagt däl hasaplaşyk ulgamlaryny ornaşdyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny nygtady.