Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Telekeçilige döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijeliligi

Penşenbe, 23 ýanwar 2014

«Häzirki döwür telekeçiligiň iş ýüzünde dikeldilýän, işewür adamlara öz ukyplaryny doly açmak üçin ähli şertleriň döredilýän döwrüdir. Döwletimiz senagat önümçiligini mundan beýläk-de ösdürmek üçin hususy telekeçileriň mümkinçiliklerini çekmäge ilkinji nobatdaky wezipeleriň biri hökmünde garaýar... Ykdysadyýetiň hususy pudagy bilen döwletiň netijeli hyzmatdaşlyk etmegine gönükdirilen, ýurdumyzyň kompaniýalarynyň maýa goýum işini goldamaga niýetlenen kanunçylygy kämilleşdirmek, hususy telekeçiligi ösdürmegiň pudaklaýyn ugurlarynyň gerimini giňeltmek örän möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu bolsa, ykdysadyýetimiziň önümçilik pudagyna has köp möçberde maýa goýumlaryny çekmäge we durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmaga gönükdirilýän serişdeleriň möçberlerini has-da artdyrmaga mümkinçilik döreder».

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Daşoguz şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynda eden çykyşyndan getirilen bu çözler şu ulgamda bolup geçýän, şol sanda geçen ýylyň degişli wakalarynda syn berilýän oňyn özgertmeleriň gerimini has giňişleýin şöhlelendirýär.

Mundan başga-da, şu ýerde 2014-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde geçen ýylyň jemlerini jemlemek bilen, döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny emele getirmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady özgertmeler syýasatynyň amala aşyrylmagy dowam etdi diýip aýdandygyny bellemek gerek.

«Döwletimiz telekeçilere goldaw bermek bilen bir hatarda, ykdysady taýdan kuwwatly hususy kärhanalaryň sanynyň artmagyna ýardam berýär. Bu kärhanalar häzirki döwürde ýurdumyzyň sarp ediş bazarlaryny senagat we azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmäge uly goşant goşýarlar».

Hususyýetçiler we telekeçiler synpynyň kemala gelmegi hem-de döwletimiziň olar bilen özara gatnaşyklary Türkmenistanyň bazar ulgamynyň düzümini döretmekde kesgitleýji ähmiýete eýe bolup durýar. Ýurdumyzy ösdürmekde milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrýan möhüm ýagdaýlaryň biri bolup durýan işewürler — bileleşiginiň eýeleýän orny barada aýdylanda ýurdumyzyň telekeçiliginiň kemala gelmeginde täze döwrüň başlanandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň jemi içerki önüminde kiçi we orta telekeçiligiň paýy artýar, hususy telekeçiler özleri üçin täze bazary, şol sanda daşary ýurt bazaryny özleşdirýärler. Şunda olar öz öndürýän önümleriniň ýokary hilli bolmagy netijesinde bäsdeşlige üstünlikli hötde gelýärler, mahlasy, işjeň ykdysady işleri alyp barýarlar.

2013-nji ýylyň wakalary nobatdaky subutnamalary, ýagny, häzir telekeçiligiň köp babatda milli ykdysadyýetimizde bäsdeşligi saklamaga ýardam edýänligi, ýurdumyzyň bazar şertlerine geçýän wagty tebigy durmuş daýanjyny döredýändigi ýaly subutnamalary getirdi. Şol wakalara syn bermek üçin geçen ýylyň başyna gaýdyp baralyň, şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylda ähli pudaklaryň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan esasy wezipeleri kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz hökümetiň mejlisinde çykyş edip, «ýangyç-energetika toplumy hasaba almanda, häzir döwürde hususy pudagyň kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň we edýän hyzmatlarynyň paýyna jemi içerki önümiň 55,7 göterimi düşýär. Soňky ýyllarda jemi içerki önümiň möçberinde hususy pudagyň paýy 8,2 göterim artdy we bu görkeziji ýylsaýyn artmagyny dowam edýär» diýip belledi.

Şol mejlisde milli Liderimiz «Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» karara gol çekdi. Şeýle hem eksport ugurly ýokary hilli önümleri öndürýän ýokary tehnologiýaly kärhanalary giňeltmek, bar bolan senagat önümçiliklerini döwrebaplaşdyrmak barada anyk görkezmeler berildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini ykdysadyýetiň hususy ulgamyny batly depginler bilen ösdürmäge gönükdirmek bilen döwlet Baştutanymyz Milli oba maksatnamasyny, beýleki meýilnamalary we taslamalary amala aşyrmak babatda ony işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýratyn belledi.

Şeýlelikde, milli Liderimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda türkmen telekeçilerine milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda hem-de bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde esasy ornuň degişlidigi kesgitlendi. Kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary sazlaşykly we netijeli ösdürmek maksadynda örän amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredilýär. Olar salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmegini, telekeçilik işini hasaba almagyň we güwälendirmegiň tertibiniň ýönekeýleşdirilmegini, ýeňillikli karzlaşdyrmagy öz içine alýar.

Bu barada 2013-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynyň barşynda hem gürrüň edildi. Şonda bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň ösüşini kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça möhüm wezipeler kesgitlendi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz kanun çykaryjylaryň ünsüni hususy telekeçiligi, hojalykçylaryň maýa goýum işjeňligini, daşary ýurt maýadarlarynyň çekilmegini has-da höweslendirmegiň hukuk usullaryny işläp düzmäge çekdi.

Täze kärhanalary gurmagyň we bar bolan önümçilikleriň durkuny täzelemegiň hasabyna senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça ýurdumyzyň öňünde durýan wezipeleriň çözgüdi degişli şertleriň döredilmegini, biziň bazarlarymyzyň daşary ýurt maýadarlary we hyzmatdaşlar üçin özüne çekijiligini ýokarlandyrmagy talap edýär. Olar üçin düýpli hukuk kepilliklerini göz öňünde tutmak gerek diýip, milli Liderimiz belledi.

Bazar gatnaşyklaryna esaslanan ykdysadyýete geçmegiň häzirki şertlerinde raýat-hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak uly ähmiýete eýe bolup durýar. Eýeçiligiň ähli görnüşleriniň eldegrilmezligi we hukuklarynyň birmeňzeşligi, şertnamalaryň erkin baglaşylmagy, raýat-hukuk gatnaşyklaryň taraplarynyň hukuklarynyň deňligi haryt-pul gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň esasy ýörelgeleri bolup durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bazar we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň, şeýle hem raýat hukugyny has-da ösdürmegiň täze jemgyýetçilik-hukuk we aýrybaşga-hukuk shemalaryny işläp düzmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

2013-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 5 ýyllygy bellenip geçildi. Geçen döwürde bu ýaş gurama milli işewürligi ösdürmegiň öňdebaryjysy bolmaga gönükdirilen jemgyýetçilik birleşigi hökmünde özüniň netijeliligini görkezdi. Şol bir wagtda-da ol hökümetiň ygtybarly, gujurly we ynamdar hyzmatdaşyna öwrüldi.

Ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamynyň ösüşiniň kuwwatyny, gazananlaryny we ugurlaryny Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň önümleriniň 17-18-nji martda Aşgabatda geçirilen sergisi, şeýle hem bu birleşigiň agzalarynyň maslahaty görkezdi. Sergide bu guramanyň agzalarynyň 150-si öz işleri bilen çykyş etdiler. Olar hususy kärhanalar we jemgyýetçilik guramalary, aýry-aýry işewürlerdir. Olaryň hödürlän harytlarynyň we hyzmatlarynyň hili we görnüşleri bazar ykdysadyýetiniň öňdäki orunlaryna ynamly çykýan Watanymyzyň telekeçiliginiň ösüş depginleri we mümkinçilikleri barada düşünje berýär. Özleriniň gazanan serişdelerini telekeçiler önümçiligi ösdürmäge gönükdirýärler, döwrebap enjamlary satyn alýarlar, hereket edýän kärhanalarynyň täze bölümçelerini gurýarlar, emele gelýän bazaryň ýagdaýyna mynasyp hereket edýärler, isleg bildirilýän önümleri çykarmagy ýola goýup, özlerini täze pudaklarda üstünlikli synaýarlar.

Ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiliginiň wekilleriniň meşgul bolmaýan hiç bir pudagy ýokdyr. Olar gurluşyk pudagynda hem, mebel önümçiliginde hem, azyk we ýeňil senagatynda hem, maldarçylyk we awtoulag toplumynda hem, çaphana we bezeg işlerinde hem, syýahatçylykda, halyçylykda, halk senetçiliginde hem, dokma we moda ugrunda hem, bilim, hukuk, durmuş we beýleki hyzmatlarda hem iş alyp barýarlar. Şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň türkmen paýtagtynda we daşary ýurtlarda geçirilýän beýleki halkara we pudaklaýyn gözden geçirilişlerine hem hemişe gatnaşýandyklaryny bellemek gerek. Bu çäreler möhüm ykdysady maglumatlary ýygjam alyşmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny depginli ösdürmäge hem-de bähbitli işewür gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýär.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işiniň halkara ugry barha işjeňleşdirilýär. Biziň telekeçilerimiz özleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýdular. 26-njy iýunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Orta we kiçi telekeçiligi goldamakda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň orny we ähmiýeti» atly ylmy-amaly maslahat döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hem-de sebitara özara gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine bagyşlandy. Forum GDA ýurtlaryndan bolan milli söwda-senagat edaralarynyň we işewür düzümleriň wekillerini ýygnady, olaryň işine şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda hususy telekeçiligi ösdürmäge, söwda-ykdysady aragatnaşyklar pudagynda döwletara özara hereketleri işjeňleşdirmäge hem-de GDA gatnaşyjy ýurtlaryň işewür toparlarynyň arasynda maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermegiň ýörelgeleri we gurallary ylalaşyldy.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamynyň ösüşinde 7-nji awgust taryhy güne öwrüldi. Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabady gurmagyň 13-nji nobatdakysynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge başlanmagy mynasybetli dabara geçirildi. Bu iri möçberli taslamany durmuşa geçirmegi döwlet Baştutanymyz tutuşlygyna ýurdumyzyň telekeçilerine ynandy.

Paýtagty gurmagyň täze tapgyry şäheriň günorta-günbatar künjegini öz içine alar. Taslamanyň çäklerinde türkmen paýtagtynyň täze dolandyryş-işewür we medeni merkezi kemala gelýän Oguzhan köçesiniň ugrunda täze gurluşyklary bina etmek göh öňünde tutulýar. Bu ýerlerde umumy meýdany 970 müň inedördül metr bolan ýokary amatlykly ak mermere örtülen belent gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem dolandyryş we beýleki ähmiýetli desgalaryň tutuş toplumy peýda bolar. Olar ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň buýurmalary boýunça bina ediler. Paýtagty gurmagyň 13-nji nobatdakysynyň ähli desgalarynyň bahasy 1 milliard 410 million manada deňdir.

Şu ýerde hem her biri 600 orunlyk bolan umumybilim berýän orta mekdepleriniň ikisi hem-de 160 orunlyk çagalar baglarynyň ikisi, 600 orunlyk saglyk öýi, söwda-dynç alyş merkezi, şeýle hem birinji gatynda dükanlary bolan 200 ulaga niýetlenen üç derejeli awtoduralga, ulag ýollary we köpsanly beýlekiler gurlar. Paýtagty gurmagyň 13-nji nobatdakysynyň desgalarynyň potratçylarynyň sanawynda 20-den gowrak hususy gurluşyk kärhanalary bar.

Bir söz bilen aýdylanda, täze taryhy döwür telekeçilik işiniň hakyky galkynýan, onuň netijeli ösmegi üçin hemme şertleriň döredilýän, ukyplaryň hem-de telekeçilik zehinleriň açylýan döwrüne öwrüldi. Gün-günden türkmen telekeçileri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine barha işjeň goşulýarlar.

Hormatly Prezidentimiz döwlete degişli däl ulgamyň ugruny häzirki zaman ýokary tehnologik innowasion önümçilikleriň ösdürilmegine we umuman, milli hem-de dünýä ykdysadyýetiniň döwrebap ösüşiniň wezipelerini hasaba almak arkaly kiçi we orta telekeçiligi düzümleýin özgertmäge gönükdirýär.

Hususy kompaniýalaryň şäher gurluşyk toplumyna, şeýle hem milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge giňden çekilmegi ýurtda telekeçiligi goldamagyň döwlet syýasatynyň ugurlarynyň biri bolup durýar. Hususy gurluşyk kompaniýalaryna ynanylan döwlet buýurmalarynyň möçberi haýran galdyrýar, olaryň köpüsi 2013-nji ýylda durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi tarapyndan tutuş ýurdumyz boýunça ýaşaýyş-durmuş we medeni ähmiýetli desgalaryň ýüzlerçesinde işler alnyp barylýar, her hepde diýen ýaly ýurdumyzyň dürli sebitlerinde hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan täze ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary we durmuş ähmiýetli beýleki desgalar açylyp, ulanmaga tabşyrylýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe desgalaryň gurluşygyny amala aşyrdylar. Şeýle hem welaýatlary ösdürmegiň iri möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň telekeçilerine aýratyn orun berilýär, olara ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli möhüm desgalary gurmak, döwrebap önümçilik toplumlaryny döretmek ynanyldy.

Ýurdumyzyň şu we halk hojalygynyň köp sanly beýleki pudaklarynda telekeçileriň işleriniň netijeleri olaryň ägirt uly wezipeleri çözmegiň hem hötdesinden geljekdiklerini subut edýär. Diýmek, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňde goýlan strategik maksada, ýagny, 2020-nji ýyla çenli ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamynyň paýy jemi içerki önümiň möçberiniň (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) 70 göterimini emele getirmek ugrundaky maksada ýetiler.

Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň işewürlik derejesini ýokarlandyrmak, onuň önümçilik serişdelerini we maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmak üçin iň oňat dünýä tejribesini öwrenmegiň hem-de peýdalanmagyň, halkara işewürlik gatnaşyklarynyň işjeň iş tejribesini ulanmagyň zerurdygyny üýtgewsiz nygtap geçýär. Bu mesele ýokary derejedäki gepleşikleriň hem-de milli Liderimiziň daşary ýurtly liderler we dürli düzümleriň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklarynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşylýar. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň 2013-nji ýylyň 11-13-nji sentýabrynda bolan Ýaponiýa resmi sapary hem muňa mysal bolup durýar.

Işewür hyzmatdaşlyk türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny artdyrmagyň mümkinçilikleri hakyndaky pikir alyşmagyň möhüm meseleleriniň biri boldy, milli Liderimiziň we Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň iri ýapon işewürliginiň wekilleri bilen bolan duşuşyklarynyň, şol sanda saparyň çäklerinde «Ygtybarly hyzmatdaşlygyň aýdyň geljegi» atly bilelikdäki maslahatyň çäklerinde bolan duşuşyklaryň mazmuny hem-de häsiýeti muňa şaýatlyk edýär.

Bellenip geçilişi ýaly, şol duşuşyklarda ýapon işewürligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurt maýa goýumlaryny ýurdumyza çekmek hem-de telekeçileriň artýan synpynyň hasabyna içerki maýa goýumlaryny höweslendirmek üçin has amatly şertleri we netijeli, çeýe usullary döretmek babatda işjeň şahsy işini we täzeçillik çärelerini makullap, Türkmenistanda ykdysady özgertmelere uly gyzyklanma bilen syn edýär.

Iki ýurduň telekeçileriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň, Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň tejribesini, hususan-da, işewürligi guramak hem-de dolandyrmak, ýokary düşewüntli önümçilikleri döretmegiň, şeýle hem ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň mümkinçilikleri bu babatda ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn meselesi boldy. Sport ulgamy babatda hem gürrüň gozgaldy, şol babatda eýýäm üstünlikli gatnaşyklar ýola goýuldy. 2017-nji ýylda Aşgabatda boljak ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary bilen baglanyşykly bu meseläniň möhümligi artýar. Şeýle iri halkara çäresini guramaga ýardam etmek tejribe alyşmak hem-de syýasatyň, şol sanda gender syýasatynyň ähli ugurlarynda döwletimiziň gyzyklanýan we işewür kömekçisi bolup çykyş edýän ýurdumyzyň telekeçiliginiň durmuş taýdan ornuny ýokarlandyrmak üçin köp ugurlaryň ýene-de biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hatarlarynda telekeçi zenanlaryň işewür işjeňligini belläp geçmeli. Jemgyýetimiziň zenanlarynyň öz ukyplaryny we başarnyklaryny, işewür hil sypatlaryny hem-de telekeçiligini durmuşa geçirmekde jemgyýetimiziň zenanlarynyň gazanýan üstünliklerini «Biziň mümkinçiliklerimiz» ady bilen sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen sergi-ýarmarkasy görkezdi, ol ähli welaýatlarda şolar ýaly çäreleriň tapgyryny açdy.

Bu ýerde söwda we jemgyýetçilik iýmiti, tikinçilik we dokma önümçiligi, bilim, amaly-haşam sungaty we amaly hünärmentçilik ýaly ugurlarda üstünlikli işleýän türkmen zenanlarynyň — telekeçileriniň önümleri hödürlendi. Bu babatda çeper halyçylyk we el bilen keşde çekmek sungaty aýratyn orny eýeleýär. Munuň özi türkmen işewürliginiň milli medeniýetimiziň özboluşly hem-de gymmatly baýlygy hökmünde asyrlardan bäri dowam edip gelýän halk hünärmentçiligini gorap saklamak we ösdürmek babatda möhüm hyzmatlarynyň ýene-de biridir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazaryň kenarýakasynda 8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda güýzki binagärlik açylyşlary, şol sanda şypahana düzümleriniň beýleki desgalarynyň açylyşlary mynasybetli dabaralar telekeçiler üçin ýatda galýan dabaralar boldy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Täjir» dynç alyş merkezi açyldy.

Milli Liderimiz bu iri toplum bilen tanşan mahaly ýene-de bazar ykdysadyýetiniň usullary hakynda söhbet açdy, şol toplumlara belent myhmanhana hem-de kottejler şäherçesi girýär. Mysal üçin, döwlet Baştutanymyz bäsleşige ukyply önümleri öndürmekde ep-esli üstünlikler gazanan türkmen telekeçileri ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda, hyzmatlar ulgamynda we beýleki ençeme ugurlarda mäkäm orun eýeläp, öz harytlaryny we hyzmatlaryny ýerlemekde häzirki zaman tehnologiýalaryna eýe bolmalydyrlar diýip nygtady. Munuň özi mahabatlandyryş — maglumat beriş mümkinçiliklerini sowatly ulanmagy, piar — çäreleri guramagy, şol sanda syýahatçylyk we myhmanhana işewürliginde önümler babatda guramagy göz öňünde tutýar.

«Täjir» toplumyna girýän myhmanhanalar we kottejler diňe bir telekeçileriň serişdelerine gurulman, eýsem, olaryň eýeçiliginde bolýandygyny hem belläp geçmeli. Ýagny, olar oňa öz maşgalalary bilen ýerleşip, ýa-da dynç alyş günlerini, rugsatlaryny geçirip bilerler, şeýle hem kärendä berip bilerler. Bu myhmanhana toplumlaryny direktorlar geňeşiniň dolandyrmagy meýilleşdirilýär, olar şeýle hem bazaryň bäsleşigini öwrenip we özleriniň çeýe nyrh syýasatyny, hyzmatlar toplumyny we başgalary kemala getirip hem bilerler. Şonda milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara ýer böleklerini Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ygtyýaryna bermek barada hem görkezme berdi. Şol ýerde myhmanhananyň hajatlary üçin miweler we gök önümler ösdürilip ýetişdiriler.

Maýa goýum taslamalaryny karz serişdeleri bilen üpjün etmegiň ulgamyny ösdürmek, kanunçylyk binýadyny döretmek ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyny çalt ösdürmäge ýardam etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtap geçişi ýaly, telekeçiligi goldamak boýunça maksatlar hem-de wezipeler ýurdumyzyň ähli ykdysady ulgamynda mundan beýläk-de çynlakaý özgertmeleri talap edýär, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi eýýäm ýakyn wagtlarda diňe bir»kiçi» we «orta» işewürlik hakynda däl, eýsem, iri işewürlik hakynda söz açmaga mümkinçilik berer.

Synyň başynda eýýäm agzalyp geçilişi ýaly, bu ulgamda bellenilen meýilnamalary amala aşyrmak boýunça anyk çäreleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Daşoguz şäherinde bolan Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynda eden çykyşynda beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz telekeçilik işiniň şertlerini gowulandyrmak üçin geçirmek zerur bolan ilkinji nobatdaky çäreleri kesgitläp, ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga çemeleşmä düýbünden gaýtadan seretmegiň zerurdygyny belledi. Ilkinji nobatda, ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy raýatlaryň öz serişdeleriniň hasabyna hem-de olaryň buýurmalary esasynda gurluşyk işlerini amala aşyrmaga ukyply hususy telekeçilere ynanmak barada gürrüň barýar.

Diňe bir ýaşaýyş jaýlaryny däl, eýsem, senagat we durmuş maksatly desgalary gurmak üçin hususy telekeçileriň serişdelerini has giňden çekmek meselesini hem öwrenmek gerek. Munuň özi telekeçileriň öz serişdeleriniň hasabyna möhüm senagat desgalaryny gurmak üçin ýer böleklerini bermegiň tertibini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp taýýarlamagy, şeýle hem salgyt ýeňilliklerini we beýleki ykdysady daýançlary peýdalanmagyň iş tejribesine gaýtadan seretmegi hem talap edýär.

Mundan başga hem döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ulgamynyň ýolbaşçylaryna hususy telekeçileri oba hojalyk önümlerini öndürmäge, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny çalt ösdürmek boýunça işe, şol sanda onuň maldarçylyk pudagyna çekmäge gönükdirilen anyk çäreleri kesgitlemegi tabşyrdy.

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak diňe bir maýa goýumy görnüşinde däl, eýsem iň täze tehnologiýalar görnüşinde hem çekmegiň zerurdygyny öňe sürýär. Ýokary tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň transferti okgunly ösýän Türkmenistanda aýratyn talap edilýär we ýurdumyzyň telekeçiliginiň ornuny pugtalandyrmak üçin geljegi uly ugur bolup durýar.

Bu mesele söwda we maýa goýumlary babatda gatnaşyklary ösdürmek boýunça ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky Çarçuwaly Ylalaşyk Geňeşiniň 11-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, bu duşuşygyň çäklerinde «Merkezi Aziýada işewürlik: işewürligi ösdürmek üçin mümkinçilikler hakynda jemgyýetçilik we hususy ulgamlaryň arasyndaky gatnaşyklar» diýen mesele boýunça tegelek stoluň başynda duşuşyk guraldy. Oňa gatnaşyjylaryň altmyşa golaýynyň hatarynda bütin dünýä meşhur amerikan kompaniýalarynyň we ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň wekilleri bar.

Soňky bäş ýylyň içinde ýurdumyzyň telekeçileri diňe bir milli ykdysadyýeti ösdürmekde uly goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem-de, döwlet çözgütleriniň kabul edilmeginde geňeşçä, ygtybarly güýje öwrülip, jemgyýetçilik ösüşiniň hilini kesgitleýän ýurduň syýasy durmuşynda mynasyp orny eýelediler. 2012-nji ýylda senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmegi bilen, türkmen işewürliginiň syýasy ygtyýarlygy hem giňeldi. Olar döwlet syýasatynyň işlenip taýýarlanylmagyna täsirini ýetirmäge, öz başlangyçlaryny hödürlemäge, teklipler bilen çykyş etmäge mümkinçilik aldylar.

Şu babatda 2013-nji ýylyň dekabry oňat mysala öwrüldi. Dekabryň ortasynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre – Mejlisiň V çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlary bolup geçdi. Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek oňa iki partiýa — Türkmenistanyň Demokratik partiýasy hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasy gatnaşdy. Olaryň wekilleri saýlanan deputatlaryň düzümine girdiler.

Birnäçe günden soňra — 18-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Ol telekeçiligi ösdürmäge we maýa goýumlary çekmek üçin şertleri döretmäge hem-de Türkmenistanda netijeli, durmuş ugurly bazar ykdysadyýetini ösdürmäge gönükdirilendir.

Umuman hususylaşdyrmagyň geçirilmegi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bäsleşige ukyplylygyny has-da artdyrmaga mundan beýläk-de ýardam etmäge, senagat önümçiliginiň netijeliligini we düşewüntliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem ýurdumyzyň hususy telekeçiligini ösdürmäge gönükdirilendir. Bu bolsa öz gezeginde türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna amatly täsir eder.

2014-nji ýylyň öň ýanynda ýurdumyzyň telekeçiligi üçin möhüm wakalaryň ýene-de biri bolup geçdi. 25-nji dekabrda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, milli Liderimiz şöhratly ahalteke bedewi bolan Ýanardagyň şekili bolan ýadygärlik bina edilýän Andalyp köçesiniň we Köpetdag şaýolunyň kesişýän ýerinde saklandy. Töweregindäki ýerleri abadanlaşdyrmak arkaly bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň «Myradym» hususy kärhanasyna ynanyldy.

Desgadaky işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýadygärligi bina etmek boýunça işleriň hiline kanagatlanma bildirdi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylygyna «Myradym» kärhanasynyň gurluşykçylaryna pul baýraklaryny gowşurmagy tabşyrdy. Şunda milli Liderimiz döwletiň hususy telekeçiligi ösdürmäge mundan beýläk hem degerli goldaw berjekdigini nygtady. Onuň wekilleri Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýyl-ýyldan barha işjeň goşulýarlar.

Şol gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň baş edarasynda «Myradym» hususy kärhanasynyň hünärmenlerine we işgärlerine baýraklaryň gowşuryş dabarasy boldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Myradym» kärhanasynyň işçilerini sylaglamak baradaky teklibi işçileriň zähmetine berlen mynasyp baha boldy. Olaryň zähmeti bilen, täze ýaşaýyş jaýlarynda we mekdeplerde, çagalar baglarynda, hassahanalarda, ýollarda we beýlekilerde biziň durmuşymyzyň täze keşbi döredilýär. Umuman bu çözgüt ähli guramalaryň, şol sanda ýurdumyzyň ösüşinde barha ähmiýetli orna eýe bolýan işewür düzümleriniň durmuş jogapkärçiligini ýokarlandyrmak üçin nusga öwrüldi.

Häzirki wagtda telekeçilik köp babatda senagat kuwwatyny artdyrmaga, milli ykdysadyýetde bäsleşikli ýagdaýy goldamaga ýardam edýär. 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan öndürilen önümleriň möçberleriniň görnükli artmagy hasaba alyndy. Umumy möçberiň ýarysy gurluşyk materiallaryna, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk materiallarynyň ornuny tutýan önümlere degişli bolup durýar. Munuň özi türkmen gurluşyk işewürliginiň uly özbaşdaklygynyň hem-de toplumlaýyn ösüşiniň durnukly alamatlaryny şöhlelendirýär.

48 göterim töweregi önümler dokma önümleri, haly we haly önümleri, mebeller, ýuwujy serişdeler, şeýle hem neşirýat we çaphana senagatynyň önümleri ýaly dürli harytlara degişlidir. Mysal üçin, 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende, mebel önümçiliginiň möçberi 82 göterim, himiýa önümleriniň möçberi 23,5 göterim ýokarlandy.

2013-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän senagat önümleriniň täze görnüşlerini çykarmaklyk hem özleşdirildi. Bu önümler elektrokabeller, ýag we howa filtrleri, akkumulýatorlar, binalaryň daşyny reňklemäge degişli önümler, antifrizler we beýlekilerdir. Senagat önümleriniň umumy möçberiniň ösüş depgini 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende haýran galdyryjy görkezijini — 140,7 göterimi emele getirdi.

Importuň ornuny tutýan önümleri öndürmegi giňeltmek we içerki bazary doldurmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek bilen bir hatarda, türkmen işewürligi bäsleşige ukyply we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürip başlaýar. Kön önüm öndürijiler ýurdumyzyň bazarynda öňbaşçy orunlary eýelemek bilen, häzirki wagtda öz önümlerini beýleki döwletlere eksport etmäge taýýardyrlar, täze ýerleýiş bazarlaryny işjeň gözleýärler.

Ýokarda beýan edilenleri umumulaşdyrmak bilen, bir makalanyň çäklerinde telekeçilik işiniň ulgamynda bolup geçýän ähli özgertmeler barada gürrüň bermek, olaryň kuwwatynyň ähli ugurlaryny jikme-jik beýan etmek mümkin däldir. Şu synda biz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan amala aşyrylýan eksport mümkinçiliklerini artdyrmagyň hem-de importuň ornuny tutýan harytlary öndürmegiň sanawyny giňeltmegiň, milli maksatnamalary we ileri tutulýan taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagyň esasy alamatlaryny hem-de meýillerini beýan etmäge çalyşdyk.

Telekeçilikde öňde uly we möhüm wezipeler durýar we olaryň hatarynda durmuş pudaklaryny, şol sanda sport ulgamyny ösdürmäge ýardam etmäge degişli jogapkärli tabşyryklar bar. Munuň özi ilkinji nobatda, Aziada—2017-ä taýýarlyk görmek bilen baglanyşyklydyr, çünki, degişli maksatnamalary guramak meselelerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mümkinçiliklerine hem-de başlangyçlaryna uly ynam bildirýär. Sebäbi bu guramanyň tejribesi onuň bazar şertlerinde oňat hilli işlemegi başarýandygyny hem-de islendik pudaga täze ösüş depginini bermäge ukyplydygyny subut edýär.

Türkmen işewürleriniň meýilnamalary hakykatdan-da ägirt uludyr, döwletiň telekeçilige goldaw bermeginiň işlenip düzülen we yzygiderli kämilleşdirilýän usullary olaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär.

TDH