Kuwwatly ýurt— eşretli ýaşaýyş
Hormatly Prezidentimiziň ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek baradaky Karary halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda möhüm ädimdir.
Ýurdumyzy ösdürmek, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrunda hormatly Prezidentimiz ýadawsyz aladalar edýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen adam hakyndaky alada döwletimiziň baş aladasyna öwrüldi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2014-nji ýylyň 28-nji fewralynda geçirilen mejlisinde “Şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak (mellek) we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek hakynda” Karara gol çekilmegi hem muny ýene bir gezek tassyklaýar.
Bu Kararyň ähmiýeti, onuň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly “Türkmenistan” gazetiniň ýörite habarçysy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Karz amallary müdirliginiň başlygy Guwanç Seýidow we Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň halk hojalygynyň pudaklaryny karzlaşdyrmak we hasaplaşyklar müdirliginiň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan ykdysatçysy Gurbanmuhammet Çaryýew bilen söhbetdeş boldy.
—Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ähli ugurlar boýunça uly ösüşler gazanylýar. Haýsy tarapa seretseň, şäheremi ýa oba, hatda Garagumuň jümmüşlerine çenli–haýsy ýere barsaň, özgerişlere gözüň düşýär. Olaryň ählisini sanap çykmak asla mümkin däl. Beýik taryhy özgerişler! Muny diňe şeýle atlandyryp bolar.
Eýsem-de bolsa, ýurdumyzy mundan buýana-da ösdürmek, halkymyzyň bagtly durmuşyny üpjün etmek babatda hormatly Prezidentimiziň gol çeken “Şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak (mellek) we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek hakyndaky” Kararynyň belli bahasy ýokdur!
Guwanç Seýidow:
—«Meniň ähli aladam halkym bolar» diýýän hormatly Prezidentimiz tarapyndan bu Kararyň kabul edilmegi ýurdumyzyň raýatlarynyň arasynda örän uly goldaw tapdy. Olar döwletimiziň özleri hakdaky aladalaryna begenip hem buýsanyp, mähriban Arkadagymyzyň adyna alkyş aýdýarlar.
Milli Liderimiziň gol çeken şol Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlaryna oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak üçin, şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek bellenildi, ýurdumyz boýunça jemi 35671 gektar ýer gaznasyny döretmek meýilleşdirildi.
Şonça gektar ýeriň paýlanyp berilmegi netijesinde ýüzlerçe müň hojalyk hususy mellek ýerli we döwrebap täze jaýly bolar. Raýatlar, isleglerine görä, bir ýa-da iki gatly ýaşaýyş jaýlaryny öz serişdeleriniň ýa-da ýeňillikli karzlaryň hasabyna gurduryp bilerler.
—Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde: “...meýilleşdirilýän çäreler türkmenistanlylaryň ýaşaýyş derejesiniň gyşarnyksyz ýokarlanmagyna, şäherlerde we obalarda ösen durmuş-ykdysady düzümleriň kemala getirilmegine gönükdirilendir” diýip nygtady. Bu hakda näme diýersiňiz?
Gurbanmuhammet Çaryýew:
—Şonça köp mukdarda ýer gaznasynyň döredilmeginiň, şonça köp ýer bölekleriniň hususy eýeçilige berilmeginiň özi-de watandaşlarymyzyň durmuşynyň mundan beýläk hem ýokarlanjakdygyny aňladýar. Şol ýer böleklerinde özbaşdak ýaşaýyş jaýlary, şahsy kömekçi hojalyklar bolar. Özem olar döwrebap ýaşaýyş jaýlary we döwrebap kömekçi hojalyklardyr. Eýýäm ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan we gurlup ýörlen täze obalardaky, şäherçelerdäki ýaly. Meýilleşdirilen çäreler diňe ýer bölekleriniň berilmegini we şol ýer bölekleriniň çägindäki gurluşyk işlerini öz içine almaýar. Ol çäreler, milli Liderimiziň talap edişi ýaly, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyny, şäherlerde we obalarda ösen durmuş-ykdysady düzümiň kemala getirilmegini üpjün edýän ýene köp işlerden ybarat.
Karara laýyklykda bölünip berilýän ýerlerde gurulmaly ýaşaýyş jaý toplumlarynda raýatlarymyz üçin ähli amatly şertleriň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Ol ýerlerde çagalar baglary, mekdepler, saglyk öýleri, dükanlar, durmuş maksatly beýleki desgalar gurlar, ýaşaýyş-durmuş, inžener-tehniki, ulag-aragatnaşyk ulgamlary dörediler. Bularyň ählisi halkara ölçeglere laýyklykda bolar.
—Hususylaşdyrylan ýer böleklerinde ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga ýurdumyzyň banklarynyň gatnaşygy bilen baglanyşykly işler barada giňişleýinräk aýdaýsaňyz!
Guwanç Seýidow:
—Hormatly Prezidentimiziň 2008-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda gol çeken “Türkmenistanyň raýatlaryna gozgalmaýan emlägi girewine alyp karzlary bermegiň usulyny ösdürmek hakynda” we 2010-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda gol çeken “Türkmenistanda hususy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy hakynda” Kararlaryna laýyklykda ýurdumyzyň bank ulgamynda degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň raýatlaryna gozgalmaýan emlägi girewine alyp karzlary bermegiň usulyny ösdürmek hakyndaky” Kararyna laýyklykda döwlet gurluşyk kärhanalary Türkmenistanyň raýatlarynyň ýüz tutmasy boýunça üçtaraplaýyn (raýat, häkimlik we gurluşyk edarasy) şertnama esasynda obalarda, şäherçelerde, etraplaryň we welaýatlaryň merkezlerinde berlen ýer böleginde öz serişdeleriniň we ygtyýarlandyrylan banklardan 2 (iki) ýyl möhlete göterimsiz alan karz serişdeleriniň hasabyna gurluşyk işlerini alyp barýarlar.
Jaýlar gurlup, kabul ediş topary tarapyndan kabul edilenden soňra, ygtyýarlandyrylan karz edaralary, gurlan ýaşaýyş jaýyny girewine alyp, raýatlara ýyllyk 1 göterim bilen hem-de esasy bergini üzmek boýunça 5 ýyla çenli ýeňillikli döwür bilen bahasynyň 90 göterimine çenli 30 ýyllyk karzlary berýär. Jaýyň bahasynyň galan 10 göterimini raýat öz serişdeleriniň hasabyna töleýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda hususy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy hakynda” Kararyna laýyklykda döwlete dahylsyz gurluşyk kärhanalary Türkmenistanyň raýatlarynyň ýüz tutmasy boýunça üçtaraplaýyn (raýat, häkimlik we gurluşyk edarasy) şertnama esasynda welaýatlaryň we etraplaryň merkezlerinde, şäherlerde, etraplardaky şäherlerde, şäherçelerde we obalarda berlen we täze berilýän ýer böleklerinde öz serişdeleriniň we banklardan çeken serişdeleriniň hasabyna ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça gurluşyk işlerini alyp barýarlar. Zerur bolan halatynda hususy gurluşyk kärhanalary ygtyýarly banklara öz emlägini girewine goýup, ýyllyk 7 göterim bilen 1 ýyl möhlete karz alyp bilýärler.
Gurlup ulanylmaga taýýar edilen jaýlardaky öýleri satyn almak üçin, banklar gurlan ýaşaýyş jaýyny girewine alyp, Türkmenistanyň raýatlaryna ýyllyk 1 göterim hem-de esasy bergini üzmek boýunça 5 ýyla çenli ýeňillikli döwür bilen ýaşaýyş jaýynyň bahasynyň 90 göterimine çenli möçberde 30 ýyllyk karzlary berýär. Jaýyň bahasynyň galan 10 göterimi raýatyň öz serişdeleriniň hasabyna tölenilýär.
—Ýokarda bellenilen Kararlara laýyklykda, hususylaşdyrylan ýer böleklerinde ýaşaýyş jaýlaryny gurmakda ýurdumyzyň karz edaralaryna, şol karz edaralarynyň biri hökmünde “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankyna hem möhüm orun degişli. “Daýhanbankyň” bu ugurdaky işleri barada gürrüň beräýseňiz!
—Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan, ýurdumyzyň obalarynda, şäherçelerinde, etrap şäherlerinde, etrap we welaýat merkezlerinde iki gatdan belent bolmadyk ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin, döwlet gurluşyk kärhanalaryna we döwlete dahylsyz kärhanalara ýeňillikli karzlary bermek işleri giň gerimde alnyp barylýar.
Häzirki wagtda gurluşygy tamamlanan müňlerçe ýaşaýyş jaýlary raýatlarymyza 30 ýyllyk ýeňillikli karzlar esasynda ulanmaga berildi.
Türkmenistanyň karz edaralary hormatly Prezidentimiziň “Şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak (mellek) we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek hakynda” Kararynyň, şeýlelikde, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlary üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak babatda öňde duran wezipeleriň ýerine ýetirilmegine işeňňir gatnaşarlar. Raýatlarymyz banklara ýüz tutan ýagdaýlarynda, ýokarda bellenilenler boýunça maslahat kömegini alyp bilerler.
—Amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ägirt uly mümkinçiliklerinden habar berýär. Milli ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanmagy, elbetde, milli Liderimiziň parasatly syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. “Döwlet adam üçindir!” diýýän Gahryman Arkadagymyz döwletimiziň ähli mümkinçiliklerini adamlaryň bagtly durmuşynyň hyzmatynda goýýar.