Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Raýat hukuk gatnaşyklarynda şertnamalaryň orny

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda raýat jemgyýetini gurmak giňden ýaýbaňlandyrylýar. Raýat jemgyýeti bolsa,  raýatlaryň jemgyýetçilik gatnaşyklaryna özara ylalaşyk baglaşmak esasynda girmeklerini, özara arabaglanyşygy diňe sagdyn jemgyýetçilik aňynyň serişdeleri bilen döretmeklerini üpjün edýän öz-özüňi düzgünleşdiriş gurluşyna eýe bolan, dürli gatlaklara, toparlara bölünen adamlaryňaň-düşünjeli şahslaryň umumy jemidir. Raýat jemgyýetini emele getirmegiň esasynda bolsa şertnama gatnaşygy dur.
Jemgyýet özüniň maddy we ruhy isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen syýasy, ykdysady, medeni we durmuş gatnaşyklaryny amala aşyrmak üçin döwlet häkimiýet hem döwlet dolandyryş edaralaryny we onuň ulgamyny, önümçilik we beýleki ýörite maksatlaryny amala aşyrmak üçin adamlar köpçüligini birleşdirýän kärhanalary, edaralary we guramalary hem-de olaryň pudaklaýyn ulgamyny döredýär. Olaryň arasyndaky jemgyýetçilik gatnaşyklary şertnama esasynda düzgünleşdirilýär.
Şoňa görä-de,  raýat hukuk gatnaşyklarynyň esasy bolup durýan şertnamalaryň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekde tagalla bildirijilik, utgaşdyryjylyk we goraýjylyk wezipesini kanunçylygyň çäklerinde amala aşyrylýar. Şertnamalaryň niýetlenen maksadyna we düzgünleşdiriş talabyna laýyk derejede düzülmegini, jedelleriň we düşünişmezlikleriň öňüniň alynmagyny  üpjün etmek üçin şertnamanyň özüni kämilleşdirmeli. Onda ýekeje-de nazarda tutulmadyk mesele galmaly däl. Munuň üçin bolsa hukuk kadalaryny dogry ulanmak, şertnamanyň kanunylygyny üpjün edýän şertnamanyň düýpli şertlerini hukuk kadalarynyň talabyna laýyklykda ylalaşmak adatyny ornaşdyrmak wajyp bolup durýar. 
Biz raýat hukuk gatnaşyklaryny olaryň gönükdirilen obýekti boýunça dürlüçe atlandyrýarys. Olary subýektleriň derejesi we ýerine ýetirýän işi boýunça telekeçilik hukuk gatnaşyklaryna, hojalyk gatnaşyklaryna, gatnaşygyň ýüze çykyş esasy boýunça borçnama gatnaşyklaryna, zähmet gatnaşyklaryna, maşgala hukuk gatnaşyklaryna bölýäris. Şeýle hem biz olary emläk, haryt-pul, hyzmatlar, ylmy-döredijilik işiniň netijesi bilen bagly gatnaşyklar hökmünde-de baha berýäris.  Raýat hukuk gatnaşygynyň haýsy görnüşini alanyňda hem, onuň esasy hökmünde şertnamanyň tutýan orny uludyr.  Şertnama bu hukuk gatnaşygynda iň giň ýaýran borçnamalaýyn esas bolup durýar. Türkmenistanyň Raýat kodeksinde şertnama aýratyn kesgitleme berilmeýär, ýöne kodeksiň 75-nji maddasyna (Geleşikler diýen düşünje we olaryň görnüşleri) laýyklykda, şertnama geleşigiň aýratyn bir görnüşi  (75 maddanyň 2-nji bölümi) hökmünde görkezilýär.
Şertnamanyň mazmuny taraplaryň hukuklarynyň we borçlaryndan ybarat bolup, ony emele getirmek üçin birnäçe deslapky çäreleri amala aşyrmak zerurdyr. Şertnama baglaşmakçy bolýan taraplar Türkmenistanyň raýat kodeksiniň 341-nji maddasyna laýyklykda, şertnama baglaşmagyň bellenilen tertibini berjaý etmelidirler.

Şertnamanyň mazmuny düzülende birinji nobatda şetrnamanyň gurluş taýdan bir ülňüli görnüşi barada ylalaşylýar. Şertnamanyň mazmunynyň gurluşy ortaça şu aşakdakylar bolup biler:
1. Şertnamanyň giriş bölümi: bu bölümde şertnamanyň ady, şertnama gol çekilýän senesi we ýeri (şäher, etrap, şäherçe), taraplaryň (fiziki ýa-da ýuridikşahslary) resmi atlary, gol çekýän şahslaryň wezipesi, familiýasy, ady we olaryň salgysy, beýleki şertli aňlatmalary görkezilýär;
2.Şertnamanyň esasy mazmun bölegi: bu bölümde şertnama borçnamasynyň predmeti (karz alyş-beriş,  alyş-çalyş, satmak-satyn almak we beýleki şertnamalaryň zady, meselem, harydyň görnüşi, sany, hili, kysymy, gaplananlygy we ş. m. maglumatlaryň görkezilmegi), taraplaryň hukuklary we borçlary,  şertnamanyň bahasy we ony tölemegiň şertleri, görnüşleri we möhletleri, şertnamanyň häsiýetinden gelip çykýan borçnamany ýerine ýetirmegiň ýörite şertleri (meselem, satmak-satyn almak şertnamasynyň predmetini kabul edijä ibermegiň, ýüki daşamagyň we gowşurmagyň şertleri), şertnama borçnamasyny ýerine ýetirmegiň görnüşleri (puşmana puly, girew, zamunlyk, bank kepilligi, öňünden pul bermek, hakyjy tölemek) we şertleri, fors-mažor ýagdaýlary bilen bagly şertler görkezilýär.
3. Şertnamanyň jemleýji bölegi: bu bölümde jogapkärçiligiň görnüşleri (zyýanyň öwezini dolmak, jerime, penýa) we onuň ýüze çykmagynyň esaslary (borçnamanyň ýerine ýetirilmezligi we mynasyp däl derejede ýerine ýetirilmegi), üçünji taraplaryň jogapkärçiligi (eger bar bolsa), şertnamany düşündirmek, üýtgän ýagdaýlara gabat getirmek, şertnamany düzmek we oňa gol çekmegiň tertibi, şertnamanyň dili, nusgasyny taýýarlamak we ony taraplara gowşurmak, saklamak, şertnamanyň hereket edýän möhleti, ony ýatyrmagyň tertibi, şertnama ýatyrylan mahalynda ýitgi emele getirýän çykdajylary tölemek baradaky we şertnamanyň esasy böleginde göz öňünde tutulmadyk beýleki şertler (meselem, jedeli çözmegiň tertibi, şertnamanyň aýrylmaz bölegi bolup durýan goşundylar), şertnama gol çekýän taraplara dahylly  zerur bolan ähli maglumatlar (taraplaryň ady, salgysy, habarlaşma serişdeleriniň görnüşleri, bahk hasaby we ş. m. ) görkezilýär. 
Şertnamanyň mazmuny ýokarda görkezilen gurluşda beýan edilende we bir ýazga jemlenende şertnamalaýyn düzgünleriň belli bir ulgamy döreýär, olaryň özara baglanyşygy we yzygiderliligi üpjün edilýär, şertnama özüniň tagalla bildirijilik, utgaşdyryjylyk  we goraýjylyk wezipesini has talabalaýyk ýerine ýetirýär. Şoňa görä-de, şertnamanyň mazmunyny emele getirmek hereketiniň amala aşyrylýan döwri iňňän wajyp we jogapkärli döwürdir. Sebäbi şertnamanyň hakykylygy, taraplaryň arasynda jedeliň we düşünişmezligiň döremezligi, şertnamalaýyn borçnamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi we taraplaryň bellenilen maksada ýetmegi we garaşylan netijäni gazanmagy bilen şertnamanyň üstünlikli tamamlanmagy şertnama baglaşylýan garşydaş tarapyň dogry seçilip alynmagyna we şertnamanyň mazmunynyň dogry düzülmegine bagly bolup durýar.
Şeýlelikde, şertnamanyň mazmuny özüniň düzgünleşdirýän hukuk gatnaşygynyň maksadyna we öňde goýan wezipesini ýerine ýetirmeklige hyzmat edýär.

 

 TMB-niň Hukuk gullugynyň

 baş hünärmeni Ýusup Akmämmedow