Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Bank ulgamyna syn

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, bank gözegçiligi we kadalaşdyryjy gurama hökmünde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Merkezi banky 2009-njy ýylda bank ulgamynyň kadaly işlemegine gönükdirilen çäreleri geçirmegini dowam etdi. Türkmenistanyň bank ulgamynyň öňünde goýýan esasy meselesiniň biri bu goýumçylaryň we algydarlaryň bähbitlerini goramak, bank ulgamy tarapyndan ilatyň we guramalaryň serişdelerini mundan beýläk-de saklamak we netijeli ulanmak, olaryň karzlaşdyrmaklyga we maýa goýumlara gönükdirilmegi boýunça netijeliligini ýokarlandyrmak, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaklyga we terrorçylygy maliýeleşdirmek üçin banklaryň ulanylmagynyň öňüni almak hem-de edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we täze görnüşlerini girizmek, şeýle hem, ykdysadyýetiň ösmegine ýardam bermekdir.

2010-njy ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna Türkmenistanyň çäginde eýeçiligiň dürli görnüşlerine degişli 11 sany banklar öz işjeňligini alyp barýarlar, olaryň 6-sy döwlet täjirçilik banklary, 3-si paýdarlar täjirçilik banklary, 2-si daşary ýurt maýasy 100% bolan daşary ýurt banklarynyň bölümi. 2008-nji ýylyň dowamynda Kommersbankyň wekilçiligi bellige alynmagy bilen, şu günki güne iki sany daşary ýurt döwletleriniň Doýçebankyň we Kommersbankyň wekilçilikleri Türkmenistanda öz işjeňligini amala aşyrýar.

Bank edaralary tarapyndan müşderilere edilýän hyzmatlar esasanam şahamçalaryň we wekillikleriň giň gerimi arkaly amala aşyrylýar. 2009-njy ýylyň dowamynda olaryň sany artmagyny dowam edip, şu günki günde Türkmenistanyň çäginde täjirçilik banklarynyň 128 sany şahamçasy we 408 sany gulluklary hereket edýär. Şahamçalaryň has giň gerimi "Daýhanbank" we "Türkmenistan" DTB-na degişlidir. Bank edaralaryň işgärleriniň sany 5.908 adamdan ybarat bolup, olar 1.353.554 müşderlerä hyzmat edýärler. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň daşary ýurt pulunyň alyş-çalyş hümmetini ýeke-täk görnüşe getirmek we şahsy taraplaryň alyş-çalyş amallaryny bökdençsiz amala aşyrmaklaryny üpjün etmek çäreleri bilen baglanyşykly Türkmenistanyň çäklerinde alyş-çalyş nokatlaryň sany 178-e deň boldy, olaryň 8-si müşderileriň amatlygy üçin öz işini gije-gündiz tertipde alyp barýarlar.

2009-njy ýylda Türkmenistanyň Merkezi banky bank ulgamynyň maýasynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli syýasatyny dowam etdi. Netijede, banklaryň umumy hususy maýasy 11,6% köpelip, 520,6 mln.manada deň boldy.

2009-njy ýylda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bank ulgamynyň gelejekgi ösüşini, şeýle hem netijeliligini we durnuklylygyny ýokarlandyrmaklygy üpjün edýan baş ýorelgesiniň ugurlary şu aşakdakylar bolup durýar:

  • bankyň müşderileri üçin has amatly we oňaýly şertleriň döredilmegi, çeýe ýygym syýasatyny alyp barmak we iň täze maliýe tehnologiýalary ulanmak,
  • karzlaşdyrmagyň, şol sanda korporatiw müşderileri karzlaşdyrmagyň mehanizmini;
  • bankyň aktiwleriniň we pasiwleriniň çeýe dolandyryş ulgamyny, işgärleriň hünärmenlik derejesiniň ýokarlanmagyny, hödürlenýän bank hyzmatlarynyň sanawynyň täzelenmegini we giňelmegini özgertmek;
  • ipoteka karzlaşdyrmanyň, şol sanda oba ýerlerinde, şeýle hem etrap merkezlerinde, şäherlerde we şäherçelerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini artdyrmak arkaly, göwrümini artdyrmak,
  • bank töwekgelçiliklerini dolandyrmak ulgamyny kämilleşdirmeklige gönükdirilen içki gözegçiligiň ornuny özgertmek we giňelmek, şol sanda jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan girdejileri kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini berkitmek, bank hyzmatlaryny kämilleşdirmek, kabul edilen maliýe borçnamalaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek, şeýle hem dünýä hasaplaşyklar ulgamyna girmek we beýleki ýurtlaryň banklary bilen işewür gatnaşyklary saklamak maksady bilen, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan täjirçilik banklary bilen birlikde "SWIFT" halkara hasaplaşyklar ulgamyny ornaşdyrmak boýunça, şeýle hem olaryň birinji derejeli daşary ýurt banklarynda korrespondent hasaplaryny açmaklary üçin işler geçirildi.

2009-njy ýylda Türkmenisyanyň Merkezi banky hereket edýän banklaryň işjeňligini sazlaşdyrmak we baha bermek ulgamyny halkara tejribelerine, şol sanda bank gözegçiligi boýunça Bazel komitetiniň esaslandyryjy ýörelgelerine laýyk getirmek boýunça işleri dowam etdirdi, sebäbi bank ulgamynyň aýdyňlygynyň, berkliginiň we ygtybarlylygynyň häsiýetnamasy ilki bilen banklar tarapyndan ykdysady kadalaşdyryjylaryň ýerine ýetirilşine esaslanýar. Şeýle hem, täjirçilik banklary bilen birlikde banklar tarapyndan maliýe hasabatlaryň Halkara ülňelerine geçilmegi boýunça kadalaşdyryjy esaslary we usulyýet teklipleri işläp taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi, maksatnamalar taýýarlandy we onuň esasynda täjirçilik bankaryň hünärmenleri bilen okuwlar geçirildi.

2009-njy ýylda Türkmenistanyň bank ulgamynyň özgermeginiň wajyp depginleriniň biri-de Türkmenistanyň banklarynyň maýasyny we aktiwlerini artdyrmaklygyň dowam etdirilmegidir. Bank ulgamynyň maliýe ýagdaýyny häsiýetlendirýän esasy görkezijileriň depgini bank ulgamynyň berkligine we gelejekde netijeli ösjekdigine şaýatlyk edýär. Hasabat senesine banklaryň karz baýlyklarynyň çeşmesi kärhanalardan we guramalardan serişdeleri çekmekligiň hasabyna bolşy ýaly, ilatyň goýumlarynyň hasabyna hem öz gerimini giňeltmekligi dowam etdirýär.

2009-njy ýylda Türkmenistanyň banklarynyň işjeňligi oňaýly görkezijiler bilen häsiýetlendirilýär. Hususan-da, Türkmenistanyň çäginde hereket edýän banklaryň 2009-njy ýylyň dowamynda edilen hyzmatlardan alan girdejileriniň möçberi 399,7 mln.manada deň boldy. Netijede, hasabat ýylynda bank ulgamy tarapyndan 145 mln.manat möçberinde peýda gazanyldy. Şonlukda, bank ulgamynyň girdejileriniň esasy çeşmesi karzlaşdyrma we ýygymlar bilen baglanyşykly amallar bolup galýar.

Hasabat ýylynda Türkmenistanyň karz edaralarynyň resurs toplumynyň ösüş depgininiň dowam edýänligi bellenilýär we onuň möçberi 2.714 mln.manada deň bolup 55% artýar. Şeýlelikde, daşary ýurt pulunda çekilen serişdeleriň göwrüminiň ösüş depgini milli manatda çekilen serişdeleriň ösüş depgininden öňe gidýär. Netijede, 2009-njy ýylda edara görnüşli taraplardan we şahsy adamlardan milli pulumyzda çekilen serişdeleriň ösüşi 62% deň boldy. Çekilen serişdeleriň düzüminde esasy orny ykdysadyýetiň döwlete degişli bölegi tutýar, olaryň ösüşi 52%-e deňdir.

Banklar tarapyndan geçirilýän oňaýly çäreleriň biri bankyň borçnamalarynyň möhletliligini artdyrmak boýunça geçirilýän çärelerdir, hususan-da, üzüliş möhleti 1 ýyldan artyk bolan passiwleriň ösüşi bellenilýär. Bu bolsa öz gezeginde durnukly uzak möhletli passiwleriň toplanmagyna oňaýly täsirini ýetirýär we uzak möhletli karzlaryň özgermegine ýardam berýär.

Karz goýumlarynyň düzüminiň agramly bölegini milli manatda berlen serişdeleriň 76% tutýanlygy oňaýly ýagdaýlaryň biridir, 2009-njy ýylda olaryň göwrümi 6.751 mln.manada (bankara karzlary hasaba almak bilen) deň boldy. Öňden boluşy ýaly hasabat ýylyň dowamynda-da karz serişdeleri döwlet tabşyryklary üçin oba hojalyk önümlerini öndürijileri, ýerli haryt öndürijileri goldamaklyga, importyň öwezini tutýan tehnologiýalary özgertmeklige, ipoteka karzlaryny ösdürmeklige gönükdirilendir.

2009-njy ýylda uzak möhletli karzlaryň göwrüminiň artmagyna ipoteka karzlarynyň we ýerli telekeçileriň önümçiligi ýola goýmaklyga ýa-da giňeltmeklige gönükdirilen maýa goýum taslamalaryny karzlaşdyrmak maksatnamanyň çäklerinde berlen ýeňillikli karzlaryň ösüş depgininiň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelik-de, karzlaşdyrma hasabat ýylynda döwlet täjirçilik  banklaryň aktiw amallarynyň esasy gönüşi bolmaklygyna galdy, bu banklar bank ulgamynyň jebislendirlen aktiwleriniň düzüminde 79%-i eýeleýär.

Şol bir wagtyň özünde karzlaşdyrmanyň banklaryň esasy ugry bolup durýanlygyny göz öňünde tutup, birinji ýerde karz töwekgelligini peseltmek wezipesi ýüze çykýar. Geçen ýylyň dowamynda banklar bolup biljek karz alyjynyň maliýe-hojalyk işine, olaryň karz taryhyna düýpli seljerme geçirmekligi gurnamak, şeýle hem karz alyjylara soňraky gözegçiligi alyp barmak bilen baglanyşykly bu ugurda birnäçe çäreler geçirildi.

Netijede, 2009-njy ýyl bank ulgamynyň karz bukjasynyň hiliniň ýokarmak depginiň saklanmagy bilen bellendi. Şeýlelikde, karz bergidarlygyň umumy düzüminde standart karzlaryň möçberi 99,15%-den gowurak, substandart karzlaryň möçberi 0,76%, şübheli we ygtybarsyz karzlar bolsa 0,09% tutýar.

Möhleti geçen karzlaryň möçberi umumy bank ulgamy boýunça hasabat senesinde 0,04% peseldi we 01.01.2010ý. ýagdaýyna umumy karz goýumlarynyň 0,11%-ni düzýär.