Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň täjirçilik banklarynda goýum amallarynyň ösüşi we kämilleşmegiy
Häzirki wagtda Türkmenistanyň bank ulgamy bagtyýarlyk döwrüniň düýpli özgertmeleriniň akymynda ykdysadyýetiň depginli ösýän ulgamy bolup durýar. Milli ykdysady ösüşiň maliýe üpjünçiligini berkitmek, milli manadyň hümmetiniň durnuklylygyny saklamak, bank hyzmatlarynyň häzirki zaman toplumyny ornaşdyrmak we çekilen serişdeleri netijeli peýdalanmak Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarydyr.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alyp barylýan işjeň ykdysady syýasatyň netijesinde ilatyň ýaşaýyş durmuş ýagdaýy yzygiderli ýokarlandyrylýar. Muňa mysal edip täze bank hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagyny, şeýle-de her ýylda zähmet haklarynyň, talyp haklarynyň, pensiýa, hemaýat pullarynyň ýokarlanmagyny görkezmek bolar.
Ýurdumyzda ykdysadyýetiň durnukly ösmegi, oňa döwlet tarapyndan goldaw berilmegi, manadyň durnuklylygynyň saklanmagy ilatyň süýşürintgileriniňhas-da artmagyna mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň banklary goýumlar we depozitler görnüşinde ilatyň pul süýşürintgilerini kabul edýar, şol serişdeler hem bankyň serişdeleriniň goşmaça çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bu öz gezeginde ýurtda hereket edýän pul birliginiň kadaly aýlanyşygyny ýola goýmakda bank ulgamynyň ähmiýetini has hem artdyrýar. Şunuň ýaly toplumlaýyn we ulgamlaýyn çäreleriň üstünlikli bank tejribesine ornaşdyrylmagy edara görnüşli we şahsy taraplar üçin ähli amatlyklary döredýär. Şeýle-de banklar pul serişdelerini netijeli dolandyryp, olaryň aýawly saklamagyny üpjin edýär, goýumçylara ýöriteleşdirilen hyzmat we goýan maýasy üçin düşýän girdejini almak mümkinçiligini berýär.
Süýşürintgileri möhletine baglylykda iki görnüşe: uzak we gysga möhletlilere bölmek bolýar.
Uzak möhletli süýşürintgiler esasan hem iri çykdajylary etmek üçin niýetlenendir.
Ykdysadyýetde durnukly ýagdaý bolanda gysga möhletli süýşürintgiler wajyp maýa goýum potensialy we ykdysady ösüşiň faktory bolup çykyş edýärler. Uzak möhletli maýa goýumlar makroykdysady maksatlar üçin has-da amatlydyr.
“Talap edilýänçä” goýumy – bu goýum nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýär. Goýuma serişdeler çäklenmedik möçberde möhletsiz kabul edilýär.
Olar gündelik hasaplaşyklary amala aşyrmak üçin niýetlenendir we islendik wagtda tutuşlygyna ýa-da bölekleýin talap edilinip bilner.
“Möhletli depozitler” – bu müşderileriň banka belli möhlete olar boýunça girdeji almak maksady bilen amala aşyrmak üçin ulanylýar. Möhletli depozitlerden bankyň müşderileri öz serişdelerini onuň möhleti tamamlanandan soň alyp bilýärler. (tölenýän göterimler bilen)
Bank üçin möhletli goýumlary çekmek bähbitli bolýar, çünki olar durnuklydyrlar we goýumçylaryň serişdelerini uzak wagtyň dowamynda ulanmaga mümkinçilik berýär.
Banklar tarapyndan çekilýän serişdeler, şol sanda ilatyň goýumlary bankyň uzak möhletleýin maýa goýum taslamalary üçin zerur bolan karz goýumlaryň möhüm çeşmesi bolup hyzmat edýär. Goýumlaryň möçberiniň artmagy, ilatyň milli manada we bank ulgamyna bildirýän uly ynamyna, sarp edijilik bazarynda nyrhlaryň durnuklylygyna, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Biziň ýurdumyzda milli manadyň hümmetini ýokarlandyrmak üçin ähli zerur çäreler amala aşyrylýar we ol öz gezeginde oňyn netijelerini berýär.
Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli ynsanperwer syýasaty netijesinde ykdysady özgerişleriň geçirilýän döwründe il-halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, adam hakyndaky aladany iň ýokary derejä eltmek, ilatyň ähli gatlaklarynyň durmuş taýdan üpjünçiligini, hukuknamalar bilen goragyny berkitmek boýunça öz milli adalatly ýoluny saýlap aldy we alyp barýar.
Türkmen döwlet Maliýe institutynyň
“Bank işi” kafedrasynyň mugallymy
M.Akmyradow