Halkara töleg ulgamlary – bank hyzmatlarynyň möhüm ugry
Hormatly Prezidentimiz 2014-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna MasterCard kompaniýasy bilen Ygtyýarnama Ylalaşygyny baglaşmaga rugsat berýän Buýruga gol çekdi we häzirki şertlerde halkara töleg ulgamlaryny, şol sanda nagt däl hasaplaşyk ulgamlaryny ornaşdyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny nygtady.
Şol ulgamyň ornaşdyrylmagy hasaplaşyklaryň we tölegleriň, elektron bank hyzmatlarynyň göwnejaý guramagyna şert döreder hem-de 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary döwründe paýtagtymyza geljek myhmanlara ýokary derejede hyzmat etmäge ýardam berer.
Ýurdumyzda halkara töleg ulgamyny ornaşdyrmakda bank ulgamynyň öňünde uly wezipeler dur. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 28-nji ýanwaryndaky Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» birinji tapgyrynda töleg ulgamynyň ösüşi, zerur bolan tehniki üpjünçiligiň kesgitlenilişi we ornaşdyrylyşy, kadalaşdyryjy hukuk namalaryň taýýarlanylyşy, müşderiler üçin nagt däl görnüşinde hyzmatlaryň we daşary ýurt pulundaky amallaryň geriminiň giňeldilmegi bilen bagly wezipeler bellenildi.
Şol Maksatnama esasynda ýurdumyzda milli töleg ulgamyny ösdürmek hem-de onuň netijeliligini, ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek üçin töleg ulgamynda häzirki zaman maglumat tilsimatlaryna laýyklykda, programma üpjünçiligini we tehniki infrastrukturany kämilleşdirmek işleri alnyp barylýar. Ýokary netijeli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän töleg-hasaplaşyk ulgamyny gurnamak üçin milli töleg ulgamynyň işjeňligini kadalaşdyrýan kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär. Töleg ulgamynyň ýagdaýyna seljeriş we yzygiderli gözegçilik etmek boýunça Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan zerur bolan çäreler geçirilýär.
Milli töleg ulgamyny ösdürmek aşakda bellenen ugurlary öz içine alýar:
- bölekleýin nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek;
- prossesing torunyň işini kämilleşdirmek;
- bank kartlary boýunça hereket edýän töleg ulgamlary bilen halkara ulgamlaryň birikdirilmegi boýunça işleri geçirmek;
- bank kartlarynyň kömegi bilen, hyzmatlar üçin tölegleri nagt däl görnüşinde amala aşyrmak mümkinçiliklerini döretmek.
Şeýle-de, ýokarda ady agzalan Maksatnamada ýurduň töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak bank ulgamynyň maksatlarynda bellenildi.
Häzirki döwürde Türkmenistanda ýeke-täk töleg ulgamyny, şol sanda bank kart tölegleriniň ulgamyny ösdürmek bilen baglylykda, onuň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek üçin degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Şeýle-de töleg ulgamyny ösdürmek boýunça ýurdumyzyň karz edaralarynda kartly töleg ulgamy boýunça zerur bolan goşmaça iş orunlaryny döretmek we hünärmenleri taýýarlamak işleri geçirilýär.
2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleriniň çäklerinde ýurdumyzda halkara töleg ulgamyny ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär.
2013-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýynlyk görmek bilen baglylykda bank ulgamynyň öňünde duran çäreleriň meýilnamasyny işläp düzmek we onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek maksady bilen iş topary döredildi. Iş toparynyň düzümi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň degişli müdirlikleri we karz edaralarynyň ýolbaşçylaryndan durýar. 2013-nji ýylyň 17-nji aprelinde şol iş topary tarapyndan 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen baglylykda bank ulgamynyň öňünde duran çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy we Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan tassyklanyldy. Meýilnama laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna we Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankyna Türkmenistanyň milli töleg ulgamynyň halkara töleg ulgamyna utgaşdyrylmagy boýunça Visa, MasterCard halkara töleg ulgamlaryna agzalyga girmek, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda, ýolagçy hyzmatlary üçin, myhmanhanalarda Visa kart we MasterCard ulgamynyň kartlaryny kabul etmekligi we bankomatlardan konwertirlemek arkaly nagt puly almagy ýola goýmak ýaly guramaçylyk çärelerini geçirmek bellenildi.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky «MasterCard» Assosiasiýasynyň 1994-nji ýyldan bäri agzasy bolmak bilen, häzirki wagtda «MasterCard» bank kartyny dolanyşyga goýbermek üçin MasterCard Worldwide kompaniýasy bilen iş geçirilýär. MasterCard halkara töleg kartlaryny Türkmenistanda dolanyşyga goýbermek babatda, bank bilen MasterCard arasynda aragatnaşyk ugruny gurnamak babatda degişli tehniki çäreler amala aşyrylýar. Şeýle-de MasterCard halkara töleg ulgamynyň talabyna laýyk gelýän aragatnaşyk enjamlar kesgitlenildi we olary satyn almak üçin degişli işler geçirilýär. Bank ulgamynda ornaşdyrylan töleg terminallaryň we bankomatlaryň MasterCard üçin gerek bolan sertifikasiýasy babatda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan işler geçirildi.
Ýurdumyzda halkara töleg ulgamynyň ornaşdyrylmagy raýatlarymyza we daşary ýurtly myhmanlara hasaplaşyklary we tölegleri ýokary hilli geçirmäge mümkinçilik döreder we Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan badalga berlen we 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlara taýýarlygy güýçlendirer.
Baýram Garaýew,
TMB-niň Ylmy-önümçilik geňeşiniň başlygy