Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Magtymgulynyň 290 ýyllygy mynasybetli ýubileý şaýy pullary çykaryldy

 Türkmenistanda beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň öňüsyrasynda ýurdumyzyň Merkezi banky ýadygärlik şaýy pullaryny çykardy. Her haýsynyň hümmeti 50 manada deň bolan altyn we kümüş ýubileý şaýy pullaryndan ybarat bolan “Nusgawy Türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy” atly şaýy pul toplumyny çykarmak Merkezi bankyň umumymilli baýramçylyga – Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan sowgady boldy.
Şaýy pullarynyň ikisiniň hem ýüz tarapynyň ýokarky sag böleginde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy şekillendirilen. Puluň sag tarapyndan pergament hem-de syýadanyň içinde ýazuw üçin ýelegiň şekilleri, çep tarapynda elinde ýazuw ýelek bolan Magtymguly Pyragynyň we gadym zamanlarda ulanylan kitap hatjasynyň şekilleri ýerleşdirilendir.
Şaýy pullarynyň merkezinde Garaşsyzlyk binasynyň şekili, pullaryň aşaky böleginde sary-altynsow reňkli zeýtun şahajyklary, onuň aşagynda “TÜRKMENISTAN – 2014” diýlen ýazgy ýerleşdirilendir. Şaýy pullarynyň arka tarapynda ýer şarynyň şekili ýerleşdirildi. Aýlawy boýunça şaýy pullarynyň iki gapdalynda we olaryň ýokarky böleginde “NUSGAWY TÜRKMEN ŞAHYRY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 290 ÝYLLYGY” diýen ýazgy bar.


Şaýy pullarynyň ikisiniň hem arka tarapynyň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirildi. Onuň ýokarsynda ýarym aýlaw boýunça “TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET TUGRASY” we “50 MANAT” diýen ýazgylar ýerleşdirilen. Ýazgylar özara sekizburçly şekil bilen bölünendir. Diametri 38,61 millimetrlik şaýy puluň mähegi (altyn pulunda Au 916,7, kümüş pulunda Ag 925) görkezilen. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň şaýy pullaryna goşulýan sertifikaty bu pullaryň “pruf” hilini kepillendirýär. Altyn şaýy pulunyň agramy 39,94 grama we kümüş şaýy pulunyňky 28,28 grama barabardyr.

Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik üçin täze şaýy pullarynyň çykarylmagy bu şanly senä bagyşlanan dabaraly çäreleriň biri hökmünde, ýurdumyzda we daşary döwletlerde şaýy pullaryny toplaýanlar üçin möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu täze şaýy pullarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nobatdaky nyşanlaryna öwrüljekdigine hem-de olaryň seýrek duşýan şaýy pullarynyň toplumlarynyň arasynda mynasyp orny eýelejekdigine söz ýok.

 

TDH