Halkara pul gaznasy nobatdaky gezek Türkmenistanyň ösüşine oňyn baha berdi
Halkara pul gaznasynyň Türkmenistan boýunça wekiliýet toparynyň başlygy jenap Býorn Roteriň baştutanlygyndaky türkmen paýtagtyna iş sapary tamamlandy. HPG-niň wekilleri Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň makroykdysady gazananlaryna baha berdiler we netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyklaryň barşynda IV Madda boýunça 2015-nji ýylyň ýanwar aýynda meýilleşdirilen Geňeşmeleriň çäklerinde öňde boljak duşuşyklar üçin gün tertibine giriziljek meseleleriň esasy ugurlaryny kesgitlemäge aýratyn üns berildi.
HPG-niň wekiliýetiniň saparynyň jemleri boýunça maglumatlar taýýarlanyldy, onda Türkmenistanyň ykdysady taýdan durnukly ösüşini dowam etdirýändigi we 2014-nji ýylda daşary ýurtlara iberilýän gazyň hem-de iri döwlet maýa goýumlarynyň möçberleriniň artdyrylmagynyň hasabyna ösüşiň 10-11 göterime barabar bolmagyna garaşylýandygy bellenilýär. Kuwwatly serişde mümkinçilikleriniň bolmagy, hökümet tarapyndan gazyň eksport ugurlarynyň diwersifikasiýa edilmegi üçin durmuşa geçirilýän çäreler hem-de halkara maliýe bazarlaryndaky ýagdaýa garaşlylygyň bolmazlygy netijesinde sebitdäki ykdysady çökgünligiň biziň ýurdumyzyň ykdysadyýetine täsirini ýetirmejekdigi bellenildi.
Şol maglumatlarda şeýle hem Halkara pul gaznasynyň mundan beýläk-de özgertmeleri durmuşa geçirmäge milli statistiki hasabatlary, pul-karz amallary we salgyt-býujet syýasatyny hem öz içine alýan ösüş mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça geňeşmeler görnüşinde goldaw bermäge taýýardygy tassyklanylýar. Bellenilişi ýaly, HPG Türkmenistanyň Hökümetiniň jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen ýokary ykdysady görkezijileri gazanmak, şeýle hem makroykdysady durnuklylygy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän tagallalaryny goldaýar. HPG-niň işgärleriniň topary Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň pul-karz özgertmeleri, bäsdeşlige ukyplygyk we ykdysady ösüş” atly maslahatyň işine gatnaşdy, onda HPG-niň ählumumy we sebitldeýin ykdysady mümkinçilikleriň geljegine nukdaýnazary beýan edildi, şeýle hem uglewodorod serişdelerini eksport edýän ýurtlaryň döwlet maýa goýumlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça teklipleri aýdyldy.