Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Bagtyýarlyk döwrüniň dynç alyş mesgeni

Berkarar türkmen döwletiniň, bagtyýar türkmen halkynyň şu günki belent mertebesi, uly ösüşleri, ýeten we gelejekde nazarlanýan beýik sepgitleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.Berkararwatanymyzda alnyp barylýan işler her bir Türkmenistanlyny guwandyrýar we öz ýurduna bolan buýsanjyny artdyrýar. Mundan bäş ýyl ozal hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen il-ýurt bähbitlitutýan işleri netijesinde,gojaman Hazaryň kenarynda «Awaza», milli syýahatçylyk zolagyny döretmek barada Türkmenbaşy şäherinde üç döwletiň Türkmenistanyň, Russiýanyň hem-de Gazagystanyň döwlet ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygyna onça köp wagt geçmedik hem bolsa,eýýäm bu ýerde halkara ähmiýetli desgalarynyň ýigrimiden köprägi guruldy we gelejekde gurular.«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döredilmeginiň baş maksady deňiz kenarynyň tebigy serişdelerinden netijeli peýdalanmakdan we syýahatçylygyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekden, bu ýerde Türkmenistanlylaryň hem-de daşary ýurtly raýatlaryň döwrebap dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmekden ybaratdyr.Çünki adamlar, olaryň saglygy we abadan, asuda, bagtyýar durmuşy hakyndaky alada biziň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.Ak mermere beslenip barýan gözel Awazada 2009-njy ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň «Hazyna» myhmanhanasy açyldy.

«Hazyna» myhmanhanasy gündogaryň merjen dänesi bolan Awazanyň merkezinde ýerleşýär.Ol özboluşly gaýtalanmajak gözel tebigat bilen häzirki zaman döwrebap myhmanhanalaryndan talap edilýan ýokary derejedäki halkara standartlaryny özünde jemleýär.Myhmanhanany gurşaýan tebigatyň dürdäne gorlary hem-de deňiz gözelligi bilen ajaýyp sazlaşmagy netijesinde, beden taýdan dynçalmaklyk ýaly-da ruhy taýdan hem dynç alyp, aýratyn lezzeti duýmak üçin ählişertleri döredýär.Biziň myhmanhanamyza mahsys bolan ýatdan çykmajak aýratynlyklary, öz kaşaňlygy,şeýle-de ilkinji nobatda oňaýlygy we rahatlygy bilen, onda dynç alýan myhmanlaryň deňiz tebigatynda ýekelikde galyp, dynç alyş möwsüminiňher bir pursatyndan doly ruhy lezzet almaklary üçin zerur bolan ähli şertleri hödürlenýär.

Myhmanhanamyzdaky ýörite guralan medeni dynç alyş merkeziniň çagalar üçin niýetlenen oýun oýnalýan otagynda we wideo zalynda  çagalaryň dynç alyş wagtyny has-da şadyýan geçirmekde, mejlisler otagy bolsa iş meselelerini ajaýyp dynç alyş möwsümi bilen utgaşdyryp alyp barmaga mümkinçilik döredýär.
Biziň «Hazyna» myhmanhanamyzda ykjam hem-de kaşaň guralan 86sany otag bolup,ýokary hilli hyzmatlar bilen üpjün edilen.Şeýle-de myhmanlaryň ygtyýarynda maşgalalar üçin giň hem-de lýuks otaglar bar.

Otaglaryň derejeleri: 47-sany adaty otag, 27-sany iki adamlyk otag,10-sany lýuks otag,2-sany maşgala üçin niýetlenen otaglardan ybaratdyr.

Myhmanhanamyzda edilýän hyzmatlar: Himiki arassalaýyş, kir ýuwuş hyzmatlary,taksi ulagyny çagyryş,awtoulaglaryň duralgalary,tennis korty,basketbol meýdançasy,açyk meýdanda oýnalýan küşt oýny, açyk meýdanda oýnalýan woleýbol meýdançasy, içki we daşky howuz, amfiteatr, medeni dynç alyş merkezi, çagalar üçin oýnalýan meýdança, bank we internet ulgamyndan peýdalanmakhyzmatlary edilýär.

Dynç alýanlaryň hyzmatyna dürli naharlar bilen ajaýyp utgaşdyrylan deňiz iýmitlerine baý bolan tagamlar hödürlenýär.

«Hazyna» myhmanhanasynyň  lukmançylyk aýratynlygy: bu bedende bil oňurganyň, beýniniň, ýürek-damar ulgamlarynyň keselleriniň we dem alyş ýollarynyň kadaly işlemekliginiň dikeldilmegi, bejerilmegi we olaryň öňiniňalynmagydyr.

Myhmanhanamyzda bejeriş we anyklaýyş bölümindeultra ses-anyklaýyş otagy,elektro-kardiografiki otagy, kardiotrening otaglary hem bar.Şeýle hem myhmanlara diňe bir adaty päkizedynç alyş bejergilerini hödürlemän,eýsem başga-da bir näçe saglygy dikeldiş enjamlary we şypaly dynç alyş owkalama,fitnesmerkezi,mineralwulkaniki şypaly palçyklar arkalypalçyklybejergi,suwly bejergiler, umumy howdanlar,palçyk suwly we hoşboýysly howdanlar,üznüksiz duş,şarko duşy,suw otlary bilen gurşaw,oňurganyň enjamlaýyn süýündirilmegi, newropotolog lukmanyň gözegçiligindäki «Ormet» enjamy bilen bejergi hyzmatlary hödürlenýär.

Halklaryň arasyndaky gatnaşyklar we dostluk üçin açyk bolan,gülläp ösýän deňiz kenaryndaky «Hazyna» myhmanhanasynda dynç almak üçin döredilen amatly şertler,myhmansöýerlik we açyk göwünlilik birleşip birbitewi sazlaşygy döredýär.

«Awaza»milli syýahatçylyk zolagyndaky Türkmenistanyň Merkezi bankynyň  «Hazyna» myhmanhanasy Türkmenistanly we daşary ýurtly myhmanlara ýylyň dört paslynda hem gujak açyp garaşýar.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
,,Hazyna,, myhmanhanasynyň
başlygynyň w.ýe.ýe. Ç.Hallaýew