Halkara töleg ulgamy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly  Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli  ugurlarynda, şol sanda bank ulgamynda hem oňyn özgerişlikler amala aşyrylýar we  töleg ulgamy kämilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň  Ministrler Kabinetiniň 2014-nji ýylda geçirilen ilkinji mejlisinde bank  ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we dünýä tejribesinde giňden  ulanylýan halkara töleg ulgamlaryny döwletimizde ornaşdyrmak barada geçirilýän  çäreler hakynda giňişleýin maslahat edildi.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň dünýä maliýe ulgamyna  sazlaşykly goşulyşmagy bilen ýurtda halkara töleg ulgamyny ornaşdyrmak wezipesi  möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen  kabul edilen «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin  Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzda halkara töleg ulgamyny  ornaşdyrmakda bank ulgamynyň öňünde möhüm wezipeler kesgitlenildi. Bu ugurda  töleg ulgamynyň ösüşi, zerur bolan tehniki üpjünçiligiň kesgitlenilişi we  omaşdyrylyşy, kadalaşdyryjy hukuk resminamalarynyň taýýarlanylyşy, müşderiler  üçin nagt däl görnüşde hyzmatlaryň we daşary ýurt pulundaky amallaryň geriminiň  giňeldilmegi bilen bagly wezipeler bellenildi.
Bu Döwlet maksatnamasy esasynda ýurdumyzda milli töleg  ulgamyny ösdürmek hem-de onuň netijeliligini, ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny  üpjün etmek üçin töleg ulgamynda häzirki zaman maglumat tilsimatlaryna  laýyklykda, programma üpjünçiligini we tehniki infrastrukturasyny  kämilleşdirmek işleri alnyp barylýar. Ýokary netijeli, dünýä ülňülerine laýyk  gelýän töleg-hasaplaşyk ulgamyny guramak üçin, milli töleg ulgamynyň  işjeňligini kadalaşdyrýan kanunçylyk binýady hem kämilleşdirilýär. Muňa mysal edip,  2011-nji ýýlda «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda» we «Karz edaralary we  bank işi hakynda» hem-de «Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirme  hakynda» kabul edilen Türkmenistanyň Kanunlaryny görkezmek bolar.
Şu ýylyň 17-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň  Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bank  ulgamynyň işini we töleg hasaplaşyklaryny geçirmegi has-da kämilleşdirmek  hem-de halkara tejribesine laýyklykda MasterCard halkara töleg ulgamynyň  kartlaryny we hyzmatlaryny ýurdumyza ornaşdyrmak maksady bilen, degişli buýruga  gol çekdi. Buýruga laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna  Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «MasterCard» kompaniýasynyň arasynda Ygtyýamama  Ylalaşýgyna gol çekmäge ygtyýar berildi.
«MasterCard» — halkara töleg ulgamy özüne dünýäniň 210  ýürdundan maliýe guramalarynyň 22 müňe golaýyny birikdirýär. Kompaniýanyň  merkezi Nýu- Ýork şäherinde (ABŞ) ýerleşip, dünýäde ulanylýan töleg kartlarynyň  20 göterimden gowragy «MasterCard»-yň paýyna düşýär.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky MasterCard  Assosiasiýasynyň 1994-nji ýyldan bäri agzasy bolmak bilen, häzirki wagtda  MasterCard, bank kartyny dolanyşyga goýbermek üçin MasterCard Worldwide  kompaniýaşy bilen degişli işleri alyp barýär. MasterCard halkara töleg  kartlaryny Türkmenistanda dolanyşyga goýbermek babatda, bank bilen MasterCard  kompaniýasynyň arasynda aragatnaşyk ugruny gurnamakda degişli tehniki çäreler  amala aşyrylýar. Şeýle-de MasterCard halkara töleg ulgamynyň talabyna laýyk  gelýän aragatnaşyk enjamlary kesgitlenildi we olary satyn almak üçin degişli  işler geçirilýär. Bank ulgamynda ornaşdýrylan töleg terminallarynyň we  bankomatlaryň MasterCard-y ulanmak üçin dolanyşyga goýbermegi bilen, nagt  däl-hasaplaşyklaryň möçberiniň artmagyna garaşylýar. Nagt däl hasaplaşyklaryň  ösmegi bolsa, öz gezeginde milli ykdysadyýetiň subýektleriniň maliýe  serişdeleriniň bank ulgamyna gelmegini artdyrar.
B. Goçmyradow, Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky
Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň baş hünärmeni.