Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Birža işleri: hukuk taýdan sazlaşdyrmagyň täzelikleri

Şu ýylyň mart aýynda “Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi.Bu Kanun Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrlyşynyň 1-nji martda bolup geçen mejlisinde kabul edildi. Kanun haryt-çig mal biržalarynyň işlemeginiň, birža söwdalarynyň guralmagynyň we geçirilmeginiň hukuk, guramaçylyk weykdysady esaslaryny kesgitleýär hem-de Türkmenistanda harytlaryň lomaý bazarynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Kanunyň ýörelgesi birža bütewi guramaçylyk, ykdysady we hukuk esaslaryna eýe bolan bazar ykdysadyýetiniň klassiki instituty hökmünde garaýar. Muňa kanuna täze girizilen esasy adalgalar hem-de olaryň anyk kesgitlenmegi şertleri döredýär. Adalgalara düşünmegiň we ulanmagyň birmeňzeş bolmagy söwda biržalarynyň, şeýle hem birža söwdalarynyň döredilmeginiň we işiniň dowamynda ýüze çykýan gatnaşyklary sazlaşdyrmak üçin berk binýadyny goýýar. Türkmenistanyň ykdysadyýetinde emele gelýän we onuň dünýä hojalyklaryna goşuluşmagynda täze ykdysady şertlere jogap bermek bilen, “standart şertnama”, “forward geleşigi”, “fýuçers geleşigi”, “opsion geleşigi” ýaly adalgalar kanuna ilkinji sapar girizildi.

Umuman haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakyndaky kanunçylyk kada hukuk namalaryndan ybarat bolup, ol Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar. Şunlukda Kanun birža söwdalarynda döwlet sazlaşdyrmalary amala aşyrlanda halkara şertnamalarynyň kadalaryny berkidýär. Birža söwdalarynyň geçiriliniň aýanlygy we köpçülikleýinligi; birža geleşiklerini baglaşmagyň meýletinligi we birža söwdasyna gatnaşyjylar üçin birža söwdasyna gatnaşmagyň şertleriniň deňligi; birža söwdasynda nyrhlary emele getirilmeginiň erkinligi birža işiniň esasy ýörelgeleri bolup durýar.

Kanun biržalaryň işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini berkidýär hem-de anyk beýan edýär. Ol Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we biržalaryň işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar. Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklaryna, hususanda, birža hyzmatlary üçin birža ýygymynyň möçberini kesgitlemek, Döwlet haryt-çig mal biržasynda satylýan harytlaryň sanawyny, bu birža tarapyndan bellige alynmaga degişli daşary söwda we içeri söwda şertnamalarynyň görnüşlerini kesgitleýär.

Kanunda biržanyň döredilmegi, üýtgedilip guralmagy, işiniň bes edilmegi we ýatyrylmagy, onuň esasy wezipeleri, hukuklary we borçlary anyk ýazylandyr. Birža diňe birža söwdalaryny guramaga we sazlaşdyrmaga degişli işleri amala aşyrmaga birçludyr. Birjanyň esasy wezipelerini kesgitlemek bilen, kanun çykaryjy olaryň ýerine ýetirilmegi lomaý haryt bazarynyň ösdürilmegine, ýurduň öndürijileriniň harytlarynyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirýär. Bu kanunyň möhüm bölümleriniň biri hem arbitraž we beýleki birža toparlaryny döretmäge bolan hukugydyr.

Kanunyň esasy lokal kadalaşdyryjy ýagdaýlarynyň biri hem birža söwdalarynyň guralyşy we geçirilişi bolup durýar. Kanunyň 18-nji maddasy birža söwdalarynyň guralyşyna we geçirilişine kesgitlenen talaplary göz öňünde tutýar. Kanun tarapyndan kesgitlenen kadalar birža söwdalaryna gatnaşýanlaryň ählisi üçin hökmany bolup durýar.

18-nji maddanyň 2-nji bölümine laýyklykda, birž söwdalarynyň kadalary indikilerden ybaratdyr: birža söwdasyna gatnaşyjylara geljekki birža söwdalary barada habar bermegiň tertibi, birža söwdasyny guramagyň we geçirmegiň tertibi, birža söwdasyna gatnaşmagyň tertibi, birža geleşiklerini baglaşmagyň, resmileşdirmegiň, bellige almagyň we hasabatynyň ýöredilmeginiň tertibi, biržanyň harytlarynyň nyrhlarynyň kotirowkasynyň tertibi we birža söwdasyna gatnaşyjylar tarapyndan kesgitlenen kadalary ýerine ýetirilmeginiu üpjün edýän çäreler.

Kanunyň biržanyň täjirçilik syryny saklamak bilen bagly kadasy uly ähmiýete eýedir. Bu maglumatlaryň ýaýradylmagy oňa gatnaşyjylaryň haýsydyr biriniň bähbide bolmagy mümkindir. Bu bolsa oňa gatnaşyjylaryň deňlik ýörelgeleriniň pozulmagyna getirýär Şu maksatlar üçin kanunda şeýle maglumatlaryň ýaýradylmagy gadagan edilýär.

Jedelleriň çözülişi kanunyň düýpli kadasy bolup durýar. Kanun jedelleriň kazyýete çenli çözülmegini göz öňünde tutup, birža arbitražynyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Eger taraplaryň haýsy hem bolsa bir tarapy Birža arbitražynyň çözgüdi bilen ylalaşmasa ýa-da onuň çözgüdi meýletinlik tertibinde ýerine ýetirilmeýän bolsa, onda gyzyklanýan tarapyň Türkmenistanyň Arbitra1 kazyýetine ýüz tutmaga haky bardyr.

Täze kanunyň kabul edilmegi birža söwdalaryny kämilleşdirmäge şertleri döreder, onuň hil täýdan ýokary derejelere çykmagyny üpjün eder. Şeýle hem kanun kämil bazar gatnaşyklaryny düzmäge ýardam eder, birža söwdalaryna gatnaşyjylaryň ählisini birža söwdalaryny durnukly alyp barmaga hem-de olaryň bähbitleriniň goralmagyny üpjün eder.

Irina IMAMKULYÝEWA