Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlap, Türkmenistanyň Merkezi banky altyn we kümüş şaýy pullaryny goýberer
2014-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň göni aragatnaşyk arkaly geçiren wideoşekilli iş maslahatynda Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan goýberilmegi meýilleşdirilýän altyn we kümüş şaýy pullarynyň nusgalary hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiz Magtymgulynyň döredijiliginiň beýik şahyra bütindünýä şöhratyny getirendigini we onuň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň beýleki halklarynyň hem edebi mirasyna ägirt uly goşant bolandygyny bellemek bilen, öňde boljak dabaralaryň ähmiýetini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şaýy pullarynyň hödürlenen nusgalaryny makullady we şanly senä bagyşlanyp çykaryljak şaýy pullarynyň diňe bir ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň şaýy pullaryny ýygnaýjylary üçin däl-de, meşhur türkmen şahyrynyň döredijiligine sarpa goýýan ähli adamlar üçin ajaýyp sowgat boljakdygyny belledi.
Türkmen Döwlet habarlar gullugynyň
maglumatlary esasynda taýýarlanyldy