Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Gazagystan – Türkmenistan – Eýran dostluk demir ýolunyň açylyşy mynasybetli çykarylan şaýy pullary

Ýurdumyzyň ulag toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň demir ýol pudagyny has-da ösdürmek maksatlarynda gurlan Gazagystan – Türkmenistan – Eýran dostluk demir ýolunyň açylyşy mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan altyndan we kümüşden her haýsysynyň gymmaty 50 manada deň bolan ýadygärlik şaýy pullary we şol pullaryň toplumy çykaryldy.

Täze şaýy pullary Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy – Beýik Britaniýanyň «The Roýal Mint Limited » zikgehanasynda ýasaldy. Şaýy pullaryň ikisiniň hem ýüz tarapynda içki halkanyň merkezinde Ýer şarynyň globusynyň fonunda lokomotiw ýöräp barýan demir ýol şekillendirilen. Kümüş şaýy pulunda demir ýol we lokomotiw altyn bilen çaýylan. Lokomotiwiň ýokarsynda, çepden saga, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet baýdaklarynyň reňkli şekilleri ýerleşdirilen. Daşky halkanyň aýlawy boýunça ýokarsynda «GAZAGYSTAN – TÜRKMENISTAN – EÝRAN DOSTLUK DEMIR ÝOLY» diýlen ýazgy, aşagynda ýadygärlik şaýy pulunyň çykarylan ýyly «2014» görkezilen.
Şaýy pullaryň ikisiniň hem arka tarapynda merkezde Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy şekillendirilen, onuň ýokarsynda ýarym aýlaw boýunça «TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY» diýlen ýazgysy ýerleşdirilen. «ELLI MANAT» diýlen ýazgy şaýy puluň nominalyny görkezýär. Ýazgynyň çep tarapynda şaýy puluň mähegi (altyn pulunda Au 916,7, kümüş pulunda Ag 925), sag tarapynda – agramy (altyn pulunda 39,94 gr, kümüşde 28,28 gr) görkezilen.
Şaýy pullaryň diametri 38,61 mm.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň olara goşulýan sertifikaty şaýy pullaryň «pruf» hilini kepilendirýär.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gymmatly numizmatiki toplumynyň üstüni ýetiren gymmatlyklar ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köp sanly pul ýygnaýjylary üçin ajaýyp sowgat bolar.