Türkmen manadynyň goraglylyk derejesi artdy
Türkmenistanyň Merkezi banky gymmaty bir, elli we ýüz manat bolan 2014-nji ýylyň banknotlarynyň täze modifisirlenen görnüşlerini dolanyşyga goýberdi. Bu täzelik 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilen milli puluň gorag alamatlaryny artdyrmak we wizual serişdelerini kämilleşdirmek maksady bilen girizildi.
Umuman, pullaryň reňki we daşky görnüşi saklandy. Ozalkylardan tapawutlylykda täze pullar islendik görnüşli ýasalmalardan goraglylygyň has ýokary derejesine eýedir. Ähli kagyz pullar, ilkinji nobatda, ýörite elde taýýarlanan matrisalaryň kömegi arkaly ýasalýan suw belgisiniň we elektrotiniň bolmagy bilen goralandyr. Ýagtylygyň we kölegäniň kynçylyk bilen tapawutlandyrylan böleklerine kagyzyň galyňlygynyň üýtgedilmegi arkaly ýetilýär. Milli puluň täze görnüşlerindäki suw belgisi hökmünde türkmen halkyny şöhratlandyran beýik taryhy şahsyýetler Togrul beg Türkmeniň (1 manat), Gorkut ata Türkmeniň (50 manat) we Oguz hanyň (100) keşpleri ýerleşdirilendir. Ol ýagtylykda çalaja bildirip, ýagta garşy tutulyp seredilende, has anyk görünýär. Elektrotip suw belgisiniň iň ýagty we gowy bildirýän bölegi bolup, ol banknotyň gymmatyny görkezýän sandan, ýarym aýdan we bäş ýyldyzdan ybaratdyr.
Mälim bolşy ýaly, ähli kagyz pullaryň möhüm alamatlarynyň hatarynda «özara utgaşýan şekilleriň» bolmagy bardyr. Olar ýagta garşy tutulanda banknotyň ýüz we arka tarapyndaky nominal gymmatyny görkezýän sanyň bölekleri özara utgaşyp, bütin şekili emele getirýärler.
Mundan başga-da, türkmen manadynyň täze görnüşlerinde kagyz pullarynyň içinde ornaşdyrylan kleartekst ýazgyly gorag sapagy — «üznüksiz» görnüşi (1 manat), «reňkini üýtgedýän Starbright» görnüşi (50 we 100 manat) gowulandyrylandyr. Kagyz pullarda ulanylýan bu alamat diňe ýagtylyga garşy tutulanda görünýär we köpeldiji tehnikalarda hem-de elektron skanirlemelerde görünmeýär. Şeýle hem kagyz pullarynyň ählisine altyn ýalpyldawyk häsiýete eýe bolan aýratyn boýag bilen ýasalan «iridessent zolagy» salnandyr. Pula belli bir ýapgytda seredilende, haly gölleri we banknotyň gymmatynyň sany görünýär. 1 manat gymmatyndaky kagyz pullarda bu zolak 10 millimetre, 50 manatlykda 15 millimetre, 100 manatlykda bolsa 20 millimetre deňdir.
Täzelikleriň hatarynda kagyz pullarynyň ýüz tarapynda ýerleşdirilen kämilleşdirilen relýefli bellikleri bardyr. 1 manatlykda el bilen ellenende digir-digirli ýokary relýefli çyzyklar görnüşdäki gorag alamaty, 50 manatlykda el bilen ellenende saýgaryp bolýan 4 sany ýyldyzyň we çyzyklaryň relýefli şekilleri, 100 manatlykda bolsa 5 sany ýyldyzyň we çyzyklaryň relýefli şekilleri goşulandyr. Şeýle hem nominalyň şekiliniň dürli ýapgytlarda seredilende öwüşgin döredýän reňkini üýtgedýän ýörite boýag bilen ýasalandygyny bellemek zerurdyr. 50 manatlyk pulda onuň reňki goýy gyzyl reňkden ýaşyl reňke öwşün atýar, 100 manatlykda bolsa gök reňkden ýaşyl reňke öwşün atyp üýtgeýär.
Ähli kagyz pullarynda ýönekeý göz bilen synlanyňda ýönekeý çyzyk bolup görünýän «TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY» diýlen intaglioda ýazylan ownuk ýazgylar (ESP) yzygiderli gaýtalanyp, ýazgynyň örän maýda setirlerini şekillendirmek bilen, goraglylygyň goşmaça derejesini göz öňünde tutýar. Ýazgyny diňe ulaldyjy aýna arkaly okap bolýar.
1 manatlyk puluň arka tarapynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň binalarynyň toplumy şekillendirilendir. 50 we 100 manatlyk kagyz pullarynyň ýüz tarapynda ini degişlilikde 13 millimetr we 14 millimetr bolan goşmaça golografik çyzyklar salnandyr. Çyzyklaryň her birinde banknotyň nominalynyň we ahalteke bedewiniň öwşün atýan şekilleri, şeýle hem gorizontal hereket edýän sekizburçly ýyldyzyň statiki we üç ölçegli şekili ýerleşdirilendir.
Kagyz pullarynyň ýüz tarapynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň golunyň faksimilýesi hem-de onuň çap edilen senesi ýerleşdirilendir.
Merkezi bankda habar berişleri ýaly, kagyz pullarynyň çykarylan täze görnüşleri Türkmenistanyň çäklerinde nagt pul hasaplaşyklarynyň kanuny serişdesi bolup durýar hem-de eýeçiliginiň görnüşine we alyp barýan işjeňligine garamazdan, edara-kärhanalaryň ählisi tarapyndan tölegler üçin nominal gymmaty boýunça kabul edilmäge hökmanydyr. 2009-njy we 2012-nji ýyllaryň nusgasyndaky nominaly 1 hem-de 2009-njy ýylyň nusgasyndaky nominallary 50 we 100 manat bolan ähli banknotlary biziň ýurdumyzda kanuny töleg serişdesi bolup galýarlar.
Hünärmenleriň pikirine görä, banknotlaryň hakykylygyny takyk kesgitlemek üçin bäşden az bolmadyk gorag alamatlaryny barlamak zerurdyr. Türkmenistanyň çäginde dolanyşykda bolan kagyz we şaýy pullaryň resmileşdirilişi we hakykylyk alamatlary baradaky maglumatlar Internetde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň sahypasynda şu salgyda ýerleşdirilendir: http://www.cbt.tm.
TDH