Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy – kanun çykaryjy esaslar
Geçen ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen «Eýeçiligiň döwletiň garamagayndan aýrylmagy we döwletiň emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň täze Kanuny 2014-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girýär. Milli parlament tarapyndan kabul edilen bu kanun örän öz wagtynda ädilen ädim bolup, Türkmenistanda bazar ykdysadyýetini nazarlaýan durmuş netijeliligini ösdürmek üçin oňaýly şertleri döredýär.
Kanunda eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň esasy ýörelgeleri, şol sanda raýatlaryň hukuklarynyň deňligi, işgärleriň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegi, aýanlyk, eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň barşynda çäreler amala aşyrylanda döwlet we jemgyýetçilik gözegçiligi ilkinji sapar kesgitlenýär.
Döwlet eýeçiligindäki paýnamalaryň gazna biržalarynda satylmagy, hususylaşdyrmagyň obýektiniň göni (salgysy) satylmagy, kärende şertinde ulanylýan döwlet eýeçiligindäki obýektiň satylmagy ýaly eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrmagyň görnüşlerine degişli maddalaryň girizilmegi kanunyň täzeçiligi bolup durýar.
Kanunda eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy kanunda anyk kesgitlenendir. Hususanda, eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy – döwlet kärhanasynyň esaslandyryjysy döwlet bolan ýa-da esaslandyryjylarynyň biri döwlet bolmaly paýdarlar jemgyýetine ýa-da beýleki guramaçylyk-hukuk görnüşli kärhana öwrülmegi kesgitlenendir. Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy – döwlet eýeçiligindäki emlägiň fiziki we (ýa-da) döwlete degişli bolmadyk ýuridik şahslaryň eýeçiligine muzdly berilmegidir.
Şeýlelik bilen, döwletden fiziki we ýuridik şahsalara bölekleýin berilmegi ýa-da göniden-göni hojalyk subýektleriniň dolandyrmak borçlarynyň doly berilmegi eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň esasy alamaty bolup durýar. Bu hem eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyndaky önümçiligiň, beýleki maddy serişdeleriň işi bolup durýar. Bu iş bu esasda paýdarlar ýa-da eýeçiligiň başga görnüşlerini döretmäge gyzyklanma bildirýän adamlara döwlet eýeçiligindäki desgalary hususy şahsalara satmak arkalay amala aşyrylýar.
Hususylaşdyrmak – döwlet kärhanalarynyň adaty satuwyndan tapawulylykda has giň we ulgam dörediji ýagdaý bolup durýar. Hususylaşdyrmagyň manysyny giň we dar düşünjede beýan etmek bolýar. Giň düşünjede hususylaşdyrmaga gysgaltmak ýa-da husuy bölegiň paýyny artdyrmak bilen alnyp barylýan ykdysadyýetiň döwlete degişli böleginiň ösüş depginini haýallatmak manysynda düşünilýär. Dar düşünjede hususylaşdyrmaga döwlet eýeçiligindäki önümçilik serişdelerini, emläk gymmatlyklaryny, beýleki maddy we maddy däl serişdeleri hususy eýeçilige doly ýa-da bölekleýin geçirilmegine düşünilýär. Husussylaşdyrmak esasan hem ýurduň umumy ykdysadyýetiniň bäsdeşligini güýçlendirmäge we hojalygy dolandyrmagyň desgalarynyň netijeli peýdalanylmagyny ýokarlandyrylmagyna ýardam bermelidir.
Şeýlelik bilen, Türkmenistanda eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we hususylaşdyrmak biri-biriniň üstüni doldurýan iki sany meňzeş işi öz içine alýar. Bu – hususy eýeçilik ulgamynyň doly amala aşyrylmagy çylşyrymly bolan bazar gatnaşyklarynyň we täze hukuk hem-de ykdysady gurluşlaryň we mehanizmleriň çäklerinde olar tarapyndan ýerine ýetirilmeýän we täze hukuklayň döremegine döwleti eýeçilik gatnaşyklaryny sazlaşdyrýan birnäçe borçlaryndan ýuwaş-ýuwaşdan boşadýar. Şonuň üçin hem häzirki tapgyrda döwlet öz hususyýetçilige bolan hukugyny azaltmak bilen, beren hususyýetçiligine we bazar ykdysadyýetine gözegçiligini we sazlaşdyrmagyny dowam etdirer.Kabul edilen kanunda eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň obýektleriniň görkezilmegi aýratyn üns berilmegine mynasypdyr. Şunlukda, kabul edilen kanunyň 6-njy maddsynda indiki desgalar goşmaça girizilendir: ýaşaýyş jaýlaryndaky umumy peýdalanylýan meýdan hasap edilmeýän ýaşalmaýan meýdanlar, gurluşygy tamamlanmadyk desgalar, paýdarlar jemgyýetleriniň esaslyk maýasyndaky döwlete degişli bolan dürli guramaçylyk-hukuk görnüşli kärhanalaryň (şol sanda oba hojalyk önümlerini öndürýän) emlägindäki gymmatly kagyzlaryň paýy, emläk toplumy hökmünde kärhananyň hususylaşdyrylmagy tehnologik tapgyryny bozmaýan önümçilik we önümçilik däl bölümleri we düzüm birlikleri. Şeýle hem bu madda bilen eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň obýektleri bolup bilmeýän desgalaryň sanawy takyk kesgitlenendigini nygtamalaydyr.
Bu kanunyň kabul edilmegi bilen, kärhanalaryň öndürijiliginiň ýokarlanýandygy, býujete gurýän girdejiniň atrýandygy, ilatyň töleýiş ukybynyň we maýa goýumlarynyň artýandygy, işgärleri kärhananyň maýalaryny dolandyrmaga çekmäge, kiçi we orta hususyýetçileriň we beýlekileriň giň dumuş binýadyny döredýändigi uly ähmiýete eýedir.
Şonuň üçin, eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň esasy maksady önümçiligiň netijeliligine hyzmat etmekdir. Kärhanalaryň birnäçesiniň hususy bölegi üstünlikli dolandyrmaklary hem muny tassyklaýar. Hususyýetçilik ýurduň umumy ykdysadyýetiniň bäsdeşligini güýçlendirmäge itergi bermelidir.
Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýyrmak we döwlet emläginiň hususylaşdyrmak ulgamynda gazanylan netijelere garamazdan, kärhana, pudak we ykdysadyýet üçin esasy zat olaryň emele gelmekleri, şeýle hem olaryň hususylaşdyrmakdan soňky ösüşleri bolup durýar. Bu babatda kanunda döwlet emlägini satyn alyjylara tölegi süýşürip bilmäge mümkinçilik berýän kada öz beýanyny tapýar. Şunlukda, 18-nji maddanyň dördünji böleginde aýratyn halatlarda Pudagara merkezi toparyň hödürlemegi boýunça döwlet emlägini hususylaşdyrmak üçin serişdeleriň töleginiň satyn almak-satmak şertnamasynda görkezilen möhletden ygtyýarly edara tarapyndan – üç ýyla çenli, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan – bäş ýyla çenli süýşürilip biliner.
Bu ýagdaý eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylan we döwlet emläginiň hususylaşdyrylan kärhanalaryň bolup biläýjek durnuksyz işlemegi, güýçli we gowşak taraplarynyň ýüze çykmagy, restrukturizirlemegiň aýratynlygy, durkuny täzelemegiň zerurlygy we reinžinirlik bilen bagly birnäçe meseleleri çözmäge şert döreder. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylanda we döwlet emlägi hususylaşdyrylanda netijelere garalanda ykdysady we durmuş ulgamlarynyň göz öňünde tutulmagy hökmandyr. Bularyň ählisi Türkmenistana dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň köpüsinde üstünlikli hereket edýän usuly peýdalanmaga şert döreder. Haçan-da ýurduň islendik adamsy paýnamany satyn alyp bilse döwlet olaryň satylmagy netijesinde ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilýän hakyky pul serişdelerini alýar.
Agajan Hudaýberdiýew,
Türkmenistanyň Mejlisi