Türkmen-gazak doganlyk gatnaşyklarynda taryhy tapgyr
2014-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň arasynda ýokary derejedäki duşuşyk geçirildi.
Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ençeme meseleleri, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara syýasatynyň käbir ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Dürli ugurlarda, ilkinji nobatda, energetika we ulag ulgamynda bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikler barada pikir alyşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň arasynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça işjeňleşdirilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
Türkmen-gazak gatnaşyklarynyň gazanylan ýokary derejesi Türkmenistanyň we Gazagystanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge we hemmetaraplaýyn ösdürmäge tarap esasy ugra bolan ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda okgunly ösüşe eýe bolup, sebit ähmiýetli bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmagyň hasabyna täze mazmun bilen baýlaşdy. 2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda açylyşy meýilleşdirilýän Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transkontinental demir ýoly munuň aýdyň mysaly bolup durýar.
Bu demir ýoly diňe bir ykdysady taýdan bähbitli taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, kontinental durnuklylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam etmäge, oňynlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinde goşulyşmak ýagdaýlaryny işjeňleşdirmäge ukyply durmuş ähmiýetli taslamadyr.
“Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demir ýolunyň 700 kilometre golaý bölegi Türkmenistanyň çäklerinden geçýär. Bu ägirt uly we ykdysady taýdan ähmiýetli ulag koridory Ýewropa ýurtlaryndan Pars aýlagyna bolan ulag gatnawyny 600 kilometr gysgaltmaga ýardam berer. Polat ýollary, ýükleri daşamakda öňdebaryjy ähmiýete eýe bolanlygy sebäpli, açyljak “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demir ýolunyň sebitde söwda dolanyşygyna oňyn täsir etmegine garaşylýar. Şeýle-de bu demir ýoly sebit döwletleriniň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge hem itergi berer.