Dostluk demirýoly
2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň gatnaşmagynda «Gazagystan — Türkmenistan — Eýran» halkara demir ýolunyň açylyş dabarasy boldy.
Bu demir ýoluň gurluşygyna 2007-nji ýylyň 1-nji dekabrynda dabaraly ýagdaýda badalga berildi.Halkara demir ýolunyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti “Täze halkara demir ýoly millionlarça adamlaryň bähbitlerine, parahatçylyga we ählumumy abadançylyga hyzmat eder” diýip belledi.
Gazagystanyň sähralaryndan Garagum çölüniň üsti bilen Eýranyň demirgazygyndaky daglyk Gülüstan welaýatyna çenli uzap gidýän bu polat ýoluň umumy uzynlygy 900 kilometre ýetirildi. Häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan polat ýoluň ugrunda döwrebap üpjünçilik ulgamlary döredildi, beketler, demir ýol duralgalary açyldy, zerur tehniki we durmuş maksatly desgalar bina edildi.
Halkara demir ýolunyňTürkmenistanyň çäginden geçýän böleginiň uzynlygy gapdal şahalary bilen bilelikde 825 kilometre ýetýär. Çylşyrymly tebigy we howa şertlerine garamazdan, türkmen demirýolçulary Bereket demir ýol bekedinden başlap, Gyzylgaýanyň üstünden Gazagystan bilen döwlet serhedine çenli 500 kilometr ýoly gysga döwrüň içinde gurmagy başardylar.
2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda halkara demir ýolunyň Bereket şäherinden Türkmenistan bilen Eýranyň serhedinde ýerleşýän Etrek etrabynyň merkezine çenli bölegi işe girizildi. Gapdalşahalarybilenbilelikdeýoluňbuböleginiňuzynlygy 325 kilometrden hem geçýär.Ykdysady taýdan bähbitli bolmak bilen, bu demir ýoly ýükleri, şol sanda üstaşyr geçirilýän ýükleri gysga ugur boýunça daşamaga giň mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýük dolanyşygynyň möhletleriniň gysgalmagyna netije berip, bäsleşikde düýpli artykmaçlyk berýär. Öz gezeginde bu ýagdaý işjeňligi artdyrýar, netijede, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga oňyn täsir edýär. Yakyn gelejekde polat ýolunyň Eýranyň çäklerinden geçýän böleginiň doly taýýar edilmegi bilen,Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta—Gündogar Aziýa ugry boýunça harytlaryň iberilýän möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik dörär.
Gurulyp ulanmaga berilen bu demir ýoly Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, täze iş orunlary döretmäge, söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmaga itergi berer.
Ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmek we halkymyzyň parahatçylykly we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri rowaç bolsun.
Ylmy-önümçilik geňeşi