Bank kartlarynyň maglumat howpsuzlygy
Häzirki döwürde bank kartlary biziň durmuşymyza kem-kemden ornaşýandygyny ynamly  belläp  bolar. Şolary dürli maksatlar üçin işjeň ulanýan adamlar bar. Esasan hem ýurdumyzdaky ministrlikler,  edara-kärhanalar, kompaniýalar öz işgärleriniň zähmet hakyny bank kartlary arkaly  tölemekligini giňden  ornaşdyrýarlar. Bank kartlaryny aýlyk zähmet hakyny almak üçin ulanýanlaryň aglaba bölegi, bank kartlaryny  ulanmak bilen baglanyşykly ýüze çykyp biljek töwekgelçilikler hakynda az  maglumata eýedirler.
  Bank kartyny ulanmak bilen bagly howpsuzlyk düzgünlerini bilmek kart eýelerini mümkin bolan töwekgelçilklerden  goramaga ýardam berer. Ilkinji howpsuzlyk düzgüni bank karty alynanda onuň ýany bilen berilýän PIN (şahsy  anyklaýyş belgisi) bukjasy bilen baglanyşykly. PIN bukjanyň içinde kart hasabyna giriş mümkinçiligini  berýän gizlin kod saklanýar. Şol gizlin kody ýatda  saklamaly. Ony kagyza ýa-da  bank kartyna  ýazmaly däl! Eger-de kody ýatda  saklamak kyn düşýän ýagdaýynda  bukjany gizlin ýerde saklamaly. Gizlin kod ýatdan çykarylan  ýagdaýynda PIN-bukjany açyp, kody ýatlap bilersiňiz. 

  PIN kodynyň ýazylan kagyzyny öz ýanyňyzda  götermeli däl we ony kartyň arka ýüzine bellemeli däl.  Bu ýönekeýje şerti ýerine ýetirmezlik töwekgelçilige  eltip biler. PIN kod – ol  bank kart hasabyndaky pullary almaklygyň gizlin kody bolup durýar. Kart we onuň kody bolan ýagdaýynda, kart hasabyndaky  ähli pullary almak, onuň kömegi bilen dükanlarda hasaplaşmak we  ş.m. amallary ýerine ýetirmek bolýar. Eger de  bank karty ýiten ýagdaýynda, ony tapan adam onuň PIN koduny  bilmese, şol kartdan peýdalanyp bilmez.
  Ikinjiden bank kartynyň belgisini, bankyň ýa da töleg ulgamynyň telefonyny aýratyn kagyza ýazyp almaly  we ony haýsy hem bolsa bir ýerde (meselem, resminamalar bilen bile bir ýerde) goýmaly.  Eger-de bank karty ýiten ýagdaýynda bellenen şol maglumatlar gerek  bolar. Bank karty ýiten ýagdaýda,  tiz wagtda banka jaň edip habar berilmeli. Habar banka näçe tiz ýetirilse, kart hasabyna bolan giriş  mümkinçiligi şol derejede çalt ýapylýar  we pul  serişdeleriň goraglylygy üpjün edilýär. Bank kartynyň belgisini kagyza  ýazanyňyzda ony amatly ýerde  saklamak maslahat berilýär. Sebäbi islendik halkara töleg ulgamynyň kartlarynyň diňe belgisini we möhletiniň gutarýan wagtyny bilip, internet ulgamy arkaly hasaplaşyp bolýar. Şol sebäpli,  kartyň belgisini kagyza  ýazan soň, ony goragly ýerde saklamak maslahat berilýär.
  Üçünjiden bank  karty alynanda, kartyň arka tarapyna gol çekmegi  unutmaly däl. Şu ýagdaý kart hasabyndaky puluň goragy üçin goşmaça çäreleriň biri bolup durýar. Şu  şert kart eýesi we hyzmat ediji banky bilen şertnamada göz öňünde tutulan ýagdaýynda ýerine ýetirilýär. Adatça şol şert  VISA, MasterCard ýaly halkara töleg ulgamlaryna degişli  bolan kartlar üçin ulanylýar. Bank  kartyna gol çekmeginiň zerurlygy haçanda kart eýesi söwda, hyzmat ediş  nokadynda kartyň üsti bilen amal edende, kassir töleg terminalynda çap edilen  töleg petegine gol çekmegini talap edýär. Eger töleg petegine çekilen gol bank  kartyndaky gola gabat gelmedik ýagdaýynda, kassir tölegi geçirmän biler. 
  Dördünjiden hiç  wagt bank kartyny başga birine bermeli däl, şol  sanda maşgala agzalaryna hem. Sebäbi,  kartyň howpsuzlygyny üpjün etmek kadalary az bilinen ýagdaýynda kart boýunça kezzaplaryň pidasy bolmak ähtimallygy ýokarlanýar. Mundan  başga-da meselem söwda  dükanlarynda kassir çege gol  çekmegi talap edende olar karty peýdalanmaga bolan hukuklaryny subut edip  bilmezler we eger-de kart kassir tarapyndan alnan ýagdaýynda ony  diňe onuň eýesi yzyna alyp biler. 
  Soňky howpsuzlyk düzgüni - hiç kime öz kartyňyzyň belgilerini aýtmaly däl. Kart  boýunça kezzaplar öz pidasynyň kart belgisini we gizlin koduny telefon üsti  bilen almak üçin hilegärlige ýüz urýarlar. Ýagny, olar ilki bilen  pidasynyň telefon belgisini, adyny, familiýasyny we haýsy bankdan kart  alandygyny anyklaýarlar. Soňra olar kart eýesine jaň edip, özleriniň bank  işgäridigini we bankda tehniki (ýa-da şoňa meňzeş) işleriň geçirilýändigini we  kartyň belgisini hem-de onuň gizlin koduny aýtmaklaryny soraýarlar. Käbir kart  eýeleri bu ýagdaýda hakykatdan hem bankdan jaň edilýändigine ynanyp, soralýan  maglumatlary berýär. Bu bolsa düýbinden nädogry hereket bolup durýar. Gizlin  kody hiç kime, şol sanda bankyň işgärine hem aýtmak bolmaýar.
  Ýokarda agzalan  hereketler ýerine ýetirilen  ýagdaýynda kart boýunça  kezzaplaryň pidasy bolmagynyň  öňüne geçip bolar we gündelik  durmuşda bank kartyny ulanmakda  töwegelçilikleri aradan aýyrmaga mümkinçilik berer.
Annamuhammet Atamyradow
TMB-niň Bank işlerini awtomatizasiýalaşdyryş müdirliginiň başlygy