ALTYN |
KÜMÜŞ |
PLATINA |
PALLADIÝ |
2015-nji ýylyň 25-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öňýanyndaky bilelikdäki mejlisini geçirdi.
2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iri gaz känlerini bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
2015-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi.
2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dürli ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, dünýäniň ýokary syýasy derejeli wekilleri, abraýly halkara we sebit guramalarynyň, diplomatik toparlarynyň wekilleri Aşgabada ýygnandylar.
1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 agza döwletleriň makullamagynda „Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy“ hakynda Rezolýusiýasy kabul edildi.
Şanly baýramyň – Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk halkara-hukuk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygynyň öň ýanynda ýurdumyzyň Merkezi banky tarapyndan her haýsysynyň gymmaty 50 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary hem-de şol pullaryň toplumy çykaryldy.
2015-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistana iş sapary bilen geldi.
2015-nji ýylyň 4-nji dekabrynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň dabaraly mejlisi geçirildi. Ol ýetip gelýän baýramçylyga - biziň döwletimiziň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlandy.
2015-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda Gökdepe etrabynyň Gökdere obasynda gurulýan 600 baş atçylyk toplumynda we 114 hojalyk üçin ýaşaýyş jaýlary toplumynda alnyp barylýan işleriň depgini bilen ýakyndan tanyşdy.
2015-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Mary welaýatynyň merkezinde täze durmuş medeni maksatly desganyň – “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde Mary şäherine 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejesiniň berilmeginiň çäklerinde türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.
2015-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Eýran Yslam Respublikasynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tähranda geçirilen gazy eksport ediji ýurtlaryň Forumynyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy.
Ýaňy-ýakynda ýurdumyzda Türkmenistanyň milli puly - manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 22 ýyllygy güni dabaraly bellenildi. Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk alan ýylyndan başlap ykdysady özgertmeleriň hatarynda ýurduň milli puluny dolanyşyga girizmek wezipesi wajyp orna eýedi. Sebäbi milli ykdysadyýetiň sazlaşykly hereket etmegi, garaşsyz pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy, bank ulgamynyň netijeliligi milli puluň dolanyşygyna köp bagly bolup durýar.
2015-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mejlisler zalynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 22 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi.
2015-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri girizildi, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
2015-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda özbek paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimowyň arasynda geçirilen gepleşikler uly üstünlige eýe boldy.
2015-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Türkmenistanda gussaly sene – ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde gurban bolanlary ýatlamak bilen baglanyşykly Hatyra güni bellenilip geçilýär. “Halk hakydasy” Ýadygärlikler toplumynyň ýadygärliklerine gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
2015-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň 9 aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine hem-de döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.
2015-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçýän 70-nji mejlisiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş serketary Pan Gi Mun bilen duşuşygy boldy.
2015-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň “Awaza” Kongresler merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Ol türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda möhüm şanly waka boldy.
2015-nji ýylyň 13-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň wise-prezidenti jenap Wensaý Çžany kabul etdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan üçin şanly senäniň - “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20-ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Merkezi banky her haýsysynyň hümmeti 50 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary hem-de şol pullaryň toplumyny çykardy.
2015-nji ýylyň 11-nji iýulynda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň arasynda gepleşikler geçirildi.
2015-nji ýylyň 11-nji iýulynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn agşam resmi sapar bilen türkmen paýtagtyna gelen Hindistanyň Premýer-Ministri Narendra Modiniň duşuşygy bolar.
2015-nji ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi, şeýle hem Prezident maksatnamasynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine seredildi.
2015-nji ýylyň 2-3-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Gruziýada boldy. Ýurdumyz oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi, şol sanda Gruziýa bilen oňyn gatnaşyklary işjeň ösdürýär.
2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy sessiýasynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnamasy kabul edildi.
2015-nji ýylyň 12-nji maýynda Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Haýns Fişeriň arasynda gepleşikler geçirildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösüş gazanýar. Muňa 2015-nji ýylyň 1-nji maýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň şu ýylyň dört aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlen hasabatlardan hem göz ýetirip bolýar.
2015-nji ýylyň 8-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek baradaky gündelik wezipelere hem-de döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.
Taryhy wakany — Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52o E” ilkinji emeli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine uçurylmagynyň şanyna ýurdumyzyň Merkezi banky her biriniň gymmaty 50 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullaryny, şeýle hem şu ýadygärlik şaýy pullardan toplumlary taýýarlady.
Ahalteke bedewleriniň ata-babalary – şöhratly “nusaý atlary” tutuş dünýäniň atçylygynyň täji bolmak bilen çäklenmän, eýsem, älem-jahana hakyky sungat eserini peşgeş beren gadymy türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň jedelsiz subutnamasy hasaplanýar.
2015-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan wezipelere garaldy, ony mundan beýläk-de okgunly ösdürmek we döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatynyň beýleki möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
2015-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
2015-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.
2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şeýle hem birnäçe möhüm resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
2015-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň “Altyn Asyr” teleýaýlymyna goýberilen nobatdaky syýasy gepleşige Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Tükmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenstanyň milli haryt dolanyşygyny öwreniş institutynyň wekilleri gatnaşdylar.
2015-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.
Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2015-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda 831 san bilen bellige alnan “Erkin aýlanýan puluň çägini bellemek barada” Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň başlygynyň 2015-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda çykaran 25-iş belgili buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzda erkin aýlanýan puluň çägi ABŞ-nyň 10 000 dollary derejesinde bellenildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösüş gazanýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň ykdysadyýetde gazanýan üstünlikleriniň anyk görkezijileri, şol sanda jemi içerki önümçiligiň ýylsaýyn ösüşi, daşary söwda dolanyşygynyň oňyn netijeleri, ýurdumyz boýunça düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň yzygiderli ýokarlanmagy hem doly tassyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçen hepdäniň jemleýji iki gününde Türkmenistanyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda maslahatlar geçirildi.
Copyright © 2008-2021
Türkmenistanyň Merkezi banky
Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 36
Telefon: +99312 381027 Faks: +99312 920812