Bank hyzmatlary döwrebaplaşýar
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän uly gerime eýe bolan işleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda bank ulgamy hem barha kämilleşýär.
Bank ulgamy ýurdumyzda ykdysady syýasatyň kemala gelmegine we bolup geçýän uly ykdysady özgertmelere gatnaşýar, hem-de ykdysady döwlet maksatnamalaryny netijeli durmuşa geçirýär. Banklar öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanyp, ýurduň islendik künjeginde bank hyzmatlarynyň elýeterli bolmagyny üpjün etmek ýaly wezipeler hem durýar.
Ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek üçin bank ulgamy dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak boýunça degişli işleri geçirýär. Biziň döwrümizde ýokary netijeli pul dolanyşygy ulgamyny döretmezden hem-de häzirki zaman töleg mehanizmlerini peýdalanmazdan hiç bir döwletiň ykdysadyýetiniň ösüşini göz öňüne getirmek mümkin däldir. Tejribäniň görkezişi ýaly, ykdysadyýeti maliýeleşdirmek we karzlaşdyrmak, býujeti ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly gündelik meseleleriň, şeýle hem geljekki döwürlere degişli wezipeleriň üstünlikli çözülmegi nagt däl hasaplaşyklaryň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine bagly bolup durýar.
Nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini bank kartlary arkaly giňeltmek maksady bilen Türkmenistanyň Merkezi bankynda «Altyn Asyr«, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda «Milli kart«, «Visa«, Türkmenistanyň «Türkmenistan« döwlet täjirçilik bankynda «Türkmenkart« bank kartly töleg ulgamlary hereket edýär. Bu ugurda, Türkmenistanyň banklary tarapyndan iri söwda merkezlerinde hem-de ministrlikleriň we pudak edaralaryň binalarynda bankomatlar, töleg terminallary ornaşdyrylýar, şeýle hem zähmet haklaryny bank kartlary arkaly bermek tejribesi netijeli durmuşa ornaşdyrylýar.
Türkmenistanyň çäklerinde bank kartlarynyň kömegi bilen milli töleg ulgamyny giňden ýaýratmak boýunça Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kart ulgamynyň programma üpjünçiligi täzelenip, işe goýberildi. Bu ulgam halkara töleg ulgamlarynyň ülňülerine laýyk gelýän ulgam bolup, onda häzirkizaman innowasion tehnologiýalaryň mümkinçilikleri göz öňünde tutulandyr. Bank kartlar «çip« tehnologiýasynyň esasynda bolup, maglumat howpsyzlyk we funksional mümkinçilikleri taýdan öňdebaryjy tehnologiýalara laýyk gelýär.
Bank kartlar arkaly geçirilýän hasaplaşyk amaly wirtual bank amallaryna degişlidir. «Elektron pul göteriji« ýada başgaça «elektron gapjyk« – munuň özi elektron karty ulanýan raýatyň harytlar ýa-da hyzmatlar üçin nagt däl tölegleri amala aşyrmak üçin we zerur ýagdaýlarda banklarda ýa-da hasaplaşyk bölümlerinde nagt pul serişdelerini alyp bilmeklige mümkinçilik berýän şahsy töleg kartoçkasydyr. Bank kartlarynyň aýratynlyklarynyň ýene-de biri, ol hem töleýjiniň şahsyny tanatmaga mümkinçilik berýär. Onuň üçin bank kartda oňa hyzmat edýän bankyň nyşany, kartyň eýesiniň ady we familiýasy, hasap belgisi, kartyň ulanyş möhleti ýerleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumuzyň maliýe, ykdysadyýet, bank we beýleki ulgamlarynda bank karty ulanyş tölegi we hasaplaşyk işlerini geçiriş ugry has ösdi we häzirki wagtda dürli pudaklara degişli bolan edara-kärhanalaryň aglabasynda özara hasaplaşyklar bank kartlarynyň üsti bilen hasaplaşyk ulgamlarynda geçirilýär.
Bank kartlary ýurdumyzda pul serişdeleriniň aýlanyşygyny çaltlandyrmaga itergi berýär, munuň özi bolsa ähli pudaklarda önümçiligiň, söwdanyň we hyzmatlaryň pul-karz hem özara hasaplaşyk amallaryny döwrebap bank tehnologiýalary esasynda guramaga mümkinçilik berýär. Bank kartlarynyň üsti bilen işgärleriň zähmet haklaryny bermek, pul geçirimlerini ygtybarly we tiz amala aşyrmak, şol sanda ulaglara ýangyç guýmak, ykjam telefonlarda hasabyň üstüni doldurmak, bank karzlaryny we olaryň göterimlerini tölemek, şeýle hem ýaşaýyş-jemagat hyzmatlary üçin tölegleri geçirmek bilen baglanyşykly amallary gysga wagtda nagt däl görnüşde berjaý etmek mümkinçiligi emele gelýär. Bank kartlarynyň bu artykmaç taraplary ilatyň olardan has-da işjeň peýdalanmagyna amatly şertleri döredýär.
Nagt däl hasaplaşyklaryň döwrebap elektron ulgamlarynyň işe girizilmeginiň döwletimiz üçin bähbidi uludyr. Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ählisi halkyň bähbidine hyzmat edýär, şonuň üçin hem döwletiň bähbidi gönüden-göni halkyň bähbidi bilen baglanyşyklydyr.
Şeýlelikde, bank kartlarynyň işe girizilmegi:
- pullary ýasamak, gaplamak, daşamak we saklamak bilen bagly çykdajylary tygşytlamaga,
- puluň dolanyşygyna we hereketine gözegçiligi berkitmäge,
- puluň ýitmeginiň we gaplaşdyrylmagynyň öňüni almaga,
- hasaplaşyklary geçirmegiň wagtyny tizleşdirmäge,
- pul geçirmelerini ýeňilleşdirmäge,
- karz almak we goýum goýmak üçin amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň bank ulgamynda halka edilýän hyzmatlaryň sanyny artdyrmak we hilini ýokary derejä ýetirmek boýunça işler yzygiderli alynyp barylýar. Häzirki wagtda banklaryň hyzmat etmegi esasynda işgärleriň aýlyk zähmet haklaryny bank kartlarynyň kömegi bilen bermek, «Altyn Asyr« öýjükli aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölegleri geçirmek, ipoteka boýunça karzlary tölemek ýaly hyzmatlary ýerine ýetirilýär. Şeýle hem şäher telefony we «MTS« öýjükli aragatnaşyk hyzmatlary üçin töleglerini, bank karzlarynyň beýleki görnüşleriniň töleglerini, elektrik energiýasynyň töleglerini we ş.m. hyzmatlary bank kartlarynyň üsti bilen amala aşyrmaklyk göz öňünde tutulýar.
Bank kartlaryny giňden ornaşdyrmak boýunça zerur çäreleri geçirmek işi dowam etdirilýär. Bu ulgamyň üsti bilen töleg, goýum çekmek, karzlaşdyrmak wezipelerini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň bank ulgamynda halka edilýän hyzmatlaryň sanyny artdyrmak we hilini ýokary derejä ýetirmek bopýunça işler yzygiderli alynyp barylýar. Bu işleri ýerine ýetirmekde innowasion tehnologiýalary bank ulgamynda ornaşdyrmaga uly üns berilýär.
Töleg kartlary hereket ediş çäkleri boýunça milli we haklara töleg kartlary diýen görnüşlere bölünýär. Milli kartlary bu diňe ýurdyň serhediniň çäklerinde hereket etmäge ukyplydyr. Halkara töleg kartlary bolsa diňe bir ýurdyň içinde däl, eýsem dünýäniň köp ýurtlarynda hasaplaşyklary geçirmäge niýetlenendir. Bu bolsa onuň milli kartlaryndan tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklarynyň biridir. Bu günki günde bolsa halkara töleg kartlaryny ulanmaklyk dünýäniň birnäçe ýurtlarynda giňden ýaýrandyr. Halkara gatnaşyklarynyň ösmegi bilen bir hatarda halklara töleg kartlaryny ulanmaklyk hem barha artýar. Bu ugurda esasy orny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Visa Internasional we MasterCard kompaniýalary eýeleýär.
Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 17-nji ýanwarynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen dünýä belli MasterCard kompaniýasy bilen degişli ygtyýarnama Ylalaşygyna gol çekmäge rugsaty bermek hakyndaky Buýruga gol çekdi. Milli Liderimiz häzirki halkara ülňülerine laýyk gelýän köpugurlty kartlary peýdalanmaga geçilmeginiň nagt däl hasaplaşyklarynyň görnüşlerini ösdürmekde hil taýdan öňe gidilmegini şertlendirjekdigini belledi.
Häzirki wagtda bu kompaniýanyň kartlary dünýäniň 200-den gowrak ýurdunda herket etmek mümkinçiligine eýedir. Bu kart esasanam syýahat etmek üçin örän amatlydyr. Master karty bolan adam dünýäniň köp ýurtlarynda söwda nokatlarynda we dynç alyş ýerlerinde dürli ýeňilliklerden peýdalanmak mümkinçiliklerine eýe bolýar. Master kartlarynyň biziň ýurdumyzda ýaýramagy daşary ýurtlardan gelýän syýahatçylar üçin hem köp amatlyklaryň döremegine ýardam eder.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bank ulgamynyň ösüşine örän uly orun berilýär. Ýurdumyzyň bank ulgamyny düýpli özgertmek we ösen döwletleriň derejesine ýetirmek, şeýle hem milli puluň durnuklylygyny üpjün etmek esasy wezipedir. Döwlet ähmiýetli taslamalary ýerine ýetirmek üçin, göz öňünde tutulan maksatnamalaryň ählisini durmuşa geçirmek üçin, ýurdumyzda banklaryň ýerine ýetirýän amallarynyň sanyny artdyrmak we olaryň hilini ýokarlandyrmak örän wajypdyr. Bank amallarynyň kämilleşdirilişi ýurduň ösüşini täze basgançaklara çykmakda uly itergi berer.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde amala aşyrylýan maliýe-bank ulgamyndaky özgertmeleriň ählisi ýurdumyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, olaryň ýaşaýyş derejesini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmäge gönükdirilendir, bu bolsa, adam baradaky aladanyň hemme zatdan öňde durýandygyny aňladýar.
Mähriban halkyny asuda, agzybir, bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşadýan, Türkmenistan döwletimiziň barha pajarlap ösmegi ugrunda ýadawsyz tagalla edýän Gahryman hem Arkadag Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jany sag, ömri uzak, beýik tutumlary elmydama rowaç bolsun!
Bazarow Berdimyrat,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow
adyndakyÝöriteleşdirilen bank mekdebiniň
mugallymy