Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Prudensial gözegçilik reformalarynyň aýratynlyklary

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň bank ulgamynyň durnuklylygyny we ösüşini üpjün etmek Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ilkinji nobatdaky wezipeleriň biri bolup durýar. Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bank ulgamynyň öňünde goýan  reformalary amala aşyrmak bilen, Merkezi bank, durnuklylygy üpjün ediji faktor hökmünde, prudensial gözegçiliginiň pugtalanmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Şu ugry kämilleşdirmeginiň prosesi häzirki günde hereket edýän kadalaşdyryjy ulgamynyň usullarynyň bank gözegçiligi boýunça Bazel toparynyň halkara derejedäki maslahat görnüşli teklipnamalarynyň çäklerinde, mikro we makro taýdan çemeleşmegine tarap gaýtadan seredilmegini öz içine alýar.
Ýakyn döwürde ýüze çykan bütindünýä çökgünliginiň we geçmişde bolup geçen çökgünlik görnüşindäki peselişleriň dowamynda edinilen tejribäniň görkezişi ýaly, karz araçyllygynyň we hasaplaşyk ulgamynyň merkezinde bolup, hut bank ulgamynyň özi, ykdysady we maliýe sarsgynlaryň täsirine ilkinji nobatda duçar bolýar. Hususy we çekilen serişdeler boýunça bankiçi we gözegçilik barlagynyň bolmazlygy, hususy maýanyň ululygy we hiliniň peseldilmegi, hem-de likwid serişdeleriniň ätiýaçlyklarynyň ýetmezçiligi bazar subýektleri tarapyndan ynamdarlygyň ýitmegine we ykdysadyýetiň maliýe we önümçilik bölekleriniň emele gelmegine sebäp bolýar. Şuňa meňzeş meseleleri çözmek üçin, Bazel ýörelgesi karz edaralarynyň aýratyn her birine we tutuş ulgamda aktiwler, borçnamalar we maýa özara gatnaşygyny ölçemegiň aýratynlyklary boýunça toplumlaýyn çäreleriň ýerine ýetirilmegini maksada laýyk hasaplaýar. Bu çäreler korporatiw dolandyryş we gözegçilik edaralarynyň bellän hökmany talaplaryň ýerine ýetirilmegi görnüşinde amala aşyrylýar.
Korporatiw dolandyryşyň ähmiýetini karz edarasynyň maliýe durnuklylygy taýdan nazara alanymyzda paýdarlar, müdiriýet agzalary we ýokary dolandyryş üçin makul bolan kadalaryň elementleriniň doly aýdyňlylygyny üpjün etmeli. Meselem, müdiriýet geňeşi (synçy geňeşi) we wezipeli ýerine ýetiriji dolandyryş (bankyň müdiriýeti) diňe maliýe we bazar strategiýalarynyň kesgitlenmesi ýaly adaty hereketler bilen çäklenmeli däldir. Muňa goşmaça, olar töwekgelçilikleri dolandyrmak prosessine işeňňir gatnaşmaly, we şolary ägirt uly çeşmeleri talap edýän bank işiniň durmuş ähmiýetli meseleler hökmünde garamaly. Munuň bilen baglylykda garaşsyz düzüm birligi derejesinde we bankyň töwekgelçilik ýagdaýyny peseltmek boýunça hukuklara we borçlara eýe bolan ýokary dolandyryşyň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde töwekgelçilikleri gündelik esasda seljermek işiniň gurnalmagyna tarap ädim ätmek banklar üçin derwaýys mesele bolup durýar. Karz edarasynyň barlag çäreleriniň nobatlylygy gündelik bank prosesleriniň aýrylmaz bölegi bolan töwekgeçilikler boýunça kabul edilen içki modelinde hem-de işeňňirliginiň monitoring we meýilnamalaşdyryş ýörelgelerinde beýan edilmeli.
Subýekt içi kadalaşdyrmagynyň ösüşi bilen bilelikde karz edaralarynyň makro ölçegindäki gözegçiligiň ähmiýeti hem artýar. Munuň durmuşa geçirilmegi aşakda beýan edilen birnäçe tapgyrlary göz öňünde tutýar:
Birinji tapgyry öz ünsüni täzelikleri girizmek bilen bagly taýýarlygy nukdaýnazaryndan Türkmenistanyň umumy bank gurşawynyňanyklanmagyna jemleýär. Bu maksat bilen ilkinji nobatdaky faktorlar hökmünde ykdysady ösüşiň milli modelini hasaba goşmak bilen bilermenleriň syn görnüşinde emele gelen tejribeli bahalary çykyş edýar.
Ikinji tapgyr bellenen karz edaralarynyň düzülen kadalaşdyryjy talaplaryna laýyklygy boýunça maliýe durnuklygygynyň deslapky barlagynyň geçirilmegini öz içine alýar. Umuman, görkezilen talaplar döwürleýin hasabat mazmunly resminamalaryň özleşdirilmegine, maliýe hasabatlarynyň halkara standartlary esasynda maglumatlary aýan etmegiň meselelerine hem-de aktiwleriň hili we likwidliligi, maýanyň ýeterlikligi babatyndaky kadalaşdyryjy görkezijileriň kämilleşdirilmegine gönükdirilen. Şeýle hem, häzirki döwürde ulanylýan tejribe bilen deňeşdirilende getirilen koeffisientleriň tapawutly seljeriş garaýyşlaryna eýe bolýandygyny bellemek zerur. Meselem, maýanyň ygtybarlylygy, hususy we çekilen serişdeleriniň özara gatnaşygy bilen laýyk gelmeli we töwekgelçiliklere garşy ukyply bolmaly. Likwidlilik barada aýdanymyzda, bar bolan görkezijilere goşmaça, bankyň töleg borçlaryny ýerine ýetirmegi boýunça hepdelik, on günlük, aýyk, çäreklik we ýyllyk zerurlygy ýaly dürli döwürlere görä düzülengelip gowuşan we tölenen möçberler ölçeginde pul serişdeleriniň akymlarynyň grafikleriboýunça töwekgelçilik görkezijileri ulanylar. Karz edarasynyň toplanma töwekgelçiligi we taraplar bilen töwekgelçilikli bank amallary boýunça häsiýetlendirmesi hem wajyp bolup durýar.
Üçünji tapgyr kadalaşdyryşdaky üýtgemeleriniň ýerine ýetirilişini aňladýan prudensial özgerişiň möhlet çäklerinden ybarat. Şu tapgyryň netijeliligi karz edaralarynyň we olary kadalaşdyrýan gözegçilik edaralarynyň tagallalarynabaglydyr. Ornaşdyrylýan prudensial usullaryna karz edaralarynyň dolandyryşy tarapyndan doly akyl ýetirmek we düşünmek şu tapgyry girizmegi öňberayjy faktory hökmünde çykyş edýär.
Prudensial gözegçiligi reformalarynda bellenen sepgitlere ýetmeginiň ulgamlaýyn we umumy ykdysady netijesini häsiýetlendiremizde, şol sepgitleriň maksadaokgunly ösdürilmegi bank ulgamynda mikro we makro ölçeginde ýüze çykyp biljek töwekgelçilikleri öňünden duýdurjakdygyny we döwletiň hem-de ähli subýektleriň durmuş-ykdysady ösüşine oňaýly täsirini ýetirjekdiginibellemek zerur bolup durýar.

 

Ýusupowa Jemile

TMB-niň Bank gözegçiligi müdirliginiň

Ygtyýarnama beriş we iş usulyny öwrediş

bölüminiň baş hünärmeni