Karz edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler
2014-nji  ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet  durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere, şol sanda bank edaralarynyň işini  mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän toplumlaýyn  çärelere bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.
Mejlisde ýurdumyzda nagt däl  hasaplaşyklar ulgamyny ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat  diňlenildi. Şu ýylyň 1-nji apreline çenli bank kartlaryny peýdalanýan müşderileriň sany 2013-nji ýylyň degişli döwri bileni  deňeşdirilende 66 göterim ýokarlandy, mundan başga-da söwda pudaklarynda  harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyga niýetlenen terminallaryň sany 23  göterim, bankomatlar bolsa 77 göterim artdy. 

Hasabatda “Altyn asyr” kartlaryny ulanmak arkaly nagt däl hasaplaşygyň möçberlerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň MasterCard kompaniýasynyň arasynda baglaşylan Ygtyýarnama Ylalaşygyna laýyklykda, MasterCard halkara töleg ulgamyny işjeň ornaşdyrmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, söwda we hyzmatlar ulgamynda nagt däl hasaplaşygy ýola goýmak, harytlar, hyzmatlar, Internet ulgamy arkaly petekleri satyn almak boýunça hasaplaşyklary geçirmek babatda uly işler alnyp barylýar.
Häzirki döwürde biziň ýurdumyzyň çäklerinde ulanyljak MasterCard halkara töleg ulgamynyň kartlarynyň nusgalary işlenip taýýarlanyldy. Kartlary ulanyjylaryň maksatlaryna laýyklykda olaryň her biri üçin MasterCardyň “MasterCard Maestro”, “MasterCard Standart”, “MasterCard Gold”, “MasterCard Business” ýaly görnüşleri işlenip taýýarlanyldy.
Türkmen döwlet habarlar (TDH) agentliginiň maglumatlaryndan taýýarlanyldy
 
    