Eksport amallarynda pul gözegçiliginiň milli we daşary ýurt tejribesi
Ykdysady gatnaşyklaryň köp ugurlarynda, ylaýta-da maliýe we pul ulgamlarynda özara baglanyşyklaryň artmagy, halkara söwdasynyň we oňa hyzmat edýän maýanyň ýokary depginler bilen ösüşi, häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň häsiýetli aýratynlyklarynyň hataryndadyr. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda birnäçe ýurtlaryň ykdysadyýetleri has açyk we dünýä hojalygy bilen özara baglanyşykly häsiýete eýe boldular.
Ösýän ykdysady baglanyşyklar bilen baglylykda, her bir döwlete milli ykdysadyýeti bütindünýä çökgünlikleriniň oňaýsyz täsirlerinden goramak üçin gurallaryň toplumy gerek bolup durýar. Şol gurallaryň hatarynda daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pul gözegçiligi boýunça çäreler möhüm orun eýeleýär.
Eksport amallary babatda pul gözegçiliginiň öňünde şu wezipeler durýar:
1) eksport girdejileriniň doly we öz wagtynda alynmagy we olaryň döwletiň elinde jemlenmegi, töleg balansynyň girdejileriniň artdyrylmagy;
2) pul gözegçiliginiň edaralary tarapyndan bellenen hasaplaşyklaryň görnüşleriniň berjaý edilmegi;
3) diwersifikasiýa ýoly bilen pul ätiýaçlyklarynyň amatly düzüminiň emele getirilmegi;
4) haryt görnüşinde maýanyň eksport edilmeginiň öňüniň alynmagy;
5) eksport edijileriň karz gatnaşyklarynyň (söwda karzlarynyň) düzgünleşdirilmegi.
Geçiş ykdysadyýetli ýurtlarda eksport hasaplaşyklary boýunça pul gözegçiliginiň has giň ýaýran görnüşleriniň biri eksport girdejisiniň hökmany satylmagydyr. Bu düzgün ähli eksport girdejisine ýa-da onuň bir bölegine degişli bolup biler (girdejiniň belli bir göterimi ýa-da belli bir möçberden ýokary geçýän mukdaryň satylmagy görnüşinde). Käbir ýagdaýlarda girdejiler yktyýarly banklarda eksport edijiniň hasabynda deponirlenýär we sanawy pul gözegçiliginiň edaralary tarapyndan bellenilýän, rugsat berlen tölegleri geçirmek üçin ulanylýar.
Pul gözegçiliginiň edaralary eksportdan gazanylan pul girdejisiniň doly möçberde we bellenilen möhletinde alynmagy üçin eksport edijilere harytlary daşary ýurda çykarmak üçin pasporty (ygtyýarnamany) almaklygy talap edip bilýärler. Şu ýagdaýda eksport ediji girdejileriň doly möçberini öz ýurduna getirmäge we satuwa hödürlemäge borçlanýar. Şu maksat bilen demosilirleme, ýagny eksport boýunça tölegleri milli banklaryň üstünden amala aşyrma usuly hem ulanylýar.
Birnäçe ýagdaýlarda, pul gözegçiligi eksport edijilere girdejiniň mümkin bolan gysga möhletiň dowamynda ýurda getirilmegini we ygtyýarly banklarda jemlenmegini kepillendirýän usullary talap etmek arkaly hasaplaşylaryň görnüşlerini saýlamak babatda hem çäklendirmeleri girizýär.
Eksport boýunça töleglere gözegçiligiň çäklerinde hasaplaşygyň pul birligi boýunça, ýagny harytlary pul gözegçiligi edaralary tarapyndan kesgitlenen pul birliginde geçirmek babatda hem talaplar girizilip bilinýär. Şunda, pul ätiýaçlyklarynyň amatly paýlarda emele getirilmegi üçin girdejileri has durnukly pullarda almak talap edilýär. Bu talap eksport edijileriň özlerine hem alyş-çalyş ýa-da pul töwekgelçiliginden goranmaga ýardam berýär.
Eksport boýunça pul çäklendirmesiniň esasy görnüşi eksport girdejilerini eksport edijiniň öz ýurduna getirmeginiň we eksport girdejilerini tabşyrmagyň möhletiniň bellenilmegidir. Harytlaryň ýüklenip ugradylmagyndan we işleriň ýerine ýetirilmeginden soňra pul serişdeleriniň mümkin bolan gysga wagtda gelmegini üpjün etmek maksady bilen, girdejileriň gelmeginiň we satylmagynyň möhleti gysga çäklerde bellenilýär.
Harytlar satylanda pul gözegçiliginiň edaralary satyn alyjylara tölegi yza süýşürmek arkaly söwda karzyny bermegiň mümkinçiligini hem kesgitlenen möhletiň çäginde çäklendirip bilýärler. Atadça bu möhlet eksport girdejisini ýurda getirmegiň we eksport girdejilerini tabşyrmagyň möhleti bilen deň gelýär.
Ösen bazar ykdysadyýetli döwletleriň tejribesiniň görkezişi ýaly, eksportdan gazanylan pul girdejisini hökmany satmagyň dogry gurnalmagy ykdysady syýasaty öz wagtynda çözmäge ýardam berýär. Şol sebäpli geçiş ykdysadyýetli ýurtlarda özgertmeleriň ilkinji tapgyrlarynda eksport girdejisini satmak boýunça talaplaryň girizilmegi doly esaslydyr. Berkidilen pul hümmeti düzgüninde işleýän döwletlerde pul gözegçiligi şol bir wagtda ykdysadyýetiň dollarlaşmak derejesiniň peselmegine-de täsirini ýetirýär.
Döwletiň daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak syýasatynyň esasyny pul kanunçylygy emele getirýär. Türkmenistanyň pul kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, şeýle hem ol „Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda“ Türkmenistanyň kanunyndan, Türkmenistanyň puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek meselelerini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
Türkmenistanyň „Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda“ kanuny 2011-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda kabul edildi. Kanunyň esasy maksady daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmagyň we pula gözegçilik etmegiň hukuk esaslaryny we ýörelgelerini bellemekden ybaratdyr. Şeýle hem bu kanunda eksport amallary boýunça pul gözegçiliginiň meseleleri barada hem bellenilýär.
Türkmenistanyň „Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda“ kanunyna laýyklykda, Dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasynda pul şertnamasy baglaşylan mahalynda Türkmenistanyň pul kanunçylygy bilen töleg puly hökmünde ätiýaçlyk pulunyň ulanylmagy baradaky talap bellenilip bilner.
Ýurdumyzyň pul kanunçylygy bilen puly kadalaşdyrmagyň şu aşakdaky esasy tärleri kesgitlenildi:
1) dahyllylaryň milli we daşary ýurt puluny öz ýurduna gaýtarmagy (repatriasiýasy);
2) dahyllylaryň pul düşewündiniň bir bölegini hökmany satmagy;
3) dahyllylaryň Türkmenistanyň pul ätiýaçlyk goruna geçirimleri.
Görnüşi ýaly, bu talaplaryň ählisi eksport amallary bilen baglanyşyklydyr.
Şeýle hem, kanunçylykda pul amallary boýunça hasaba alşy we hasabatlylygy üpjün etmek maksady bilen, geleşigiň pasportyny resmileşdirmek kesgitlenilýär, onda daşary ykdysady geleşik hakynda maglumatlar beýan edilýär. Geleşigiň pasportynyň görnüşi, ony resmileşdirmegiň düzgünleri we şertleri, şeýle hem amala aşyrylan mahalynda geleşigiň pasportynyň resmileşdirilmegi talap edilýän pul amallarynyň görnüşleri Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýär.
Eksport girdejileriniň doly möçberde we öz wagtynda ýurda getirilmegini üpjün etmek maksady bilen kanunçylykda dahyllylaryň milli we daşary ýurt pullaryny öz ýurduna gaýtarmagy babatda hem talaplar kesgitlenildi. „Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda“ Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, dahylsyzlar bilen daşary söwda geleşikleri boýunça dahyllylara geçirilmeli milli we daşary ýurt pullary dahyllylaryň ygtyýarly karz edaralaryndaky hasaplaryna geçirilmäge - öz ýurduna gaýtarylmaga degişlidir. Dahylsyzlar bilen baglaşylýan daşary söwda geleşikleriniň şertlerinde göz öňünde tutulan möhletlerde dahyllylar şu aşakdakylary üpjün etmäge borçludyrlar:
1) eksport geleşiginiň şertlerine laýyklykda dahylla geçirilmeli milli ýa-da daşary ýurt pulunyň dahylsyzdan alynmagyny;
2) dahylsyz öz borçlaryny ýerine ýetirmedik we (ýa-da) doly ýerine ýetirmedik halatynda, dahylly tarapyndan import geleşigi boýunça hasaplaşyklary amala aşyrmak üçin dahylsyzyň haýryna geçirilen milli we daşary ýurt pulunyň öz ýurduna gaýtarylmagyny.
Dahyllylar-eýeçiligi döwlete degişli görnüşdäki ýuridik şahslar Türkmenistanyň pul ätiýaçlyk goruna geçirimlerden soň öz ygtyýarynda galýan pul düşewündiniň bir bölegini pul interwensiýasyny amala aşyrmagyň maksatlary üçin Türkmenistanyň Merkezi bankyna satýarlar.
Türkmenistanyň „Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda“ kanuny dahyllylaryň we dahylsyzlaryň arasyndaky pul amallaryny hem düzgünleşdirýär. Oňa laýyklykda eksport we import geleşikleri boýunça dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasyndaky pul şertnamasy söwda adalgalaryny düşündirmegiň halkara kadalaryna laýyklykda kesgitlenilýän, harydy ibermegiň (eltip düşürmegiň) esaslaýyn şertlerini göz öňünde tutup biler.
Jeýhun Hojanyýazow,
TMB-niň Daşary ýurt puluny kadalaşdyryş
we daşary ykdysady gatnaşyklar