ALTYN |
KÜMÜŞ |
PLATINA |
PALLADIÝ |
Döwletimiziň azyk we azyk däl sarp ediş harytlarynyň importyna bolan zerurlygy ýyl-ýyldan azalýar. Et, guş eti, ýumurtga, alkogolsyz içgiler, miwe şireleri, gök önümler, ýarmalar, durmuş himiýasy önümleriniň öz ýurdumyzda öndürilýän göwrümi ynamly artdyrylýar.
2016-njy ýylyň 23-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, Türkmenistanda bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek ýurdumyzyň tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak, ýerli serişdelerden taýýarlanylýan önümleriň dürli görnüşleriniň öndürilişiniň möçberlerini ýokarlandyrmak daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýokary hilli harytlar bilen içerki bazary üpjün etmek boýunça wezipeleriň oňyn çözülmegi bilen utgaşykly alnyp barylýar.
2016-njy ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Halkara pul gaznasynyň wekiliýeti Türkmenistana nobatdaky saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijeleri bilen tanyşdy. Iri maliýe düzümiň bilermenleri makroykdysady ýagdaýa baha berdiler hem-de döwlet edaralarynyň jogapkär işgärleri we diplomatik bileleşiginiň wekilleri bilen milli syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
2016-njy ýylyň 24-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşyna degişli derwaýys meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Mejlise ýurdumyzyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary çagyryldy.
2016-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly möhüm meselelere, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
2016-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi hem-de ozal kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi we ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
2016-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Merkezi bankynda milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 23 ýyllygyna bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak ugrunda, şol sanda halk köpçüligi üçin ýokary ähmiýetli amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň şanyna ýurdumyzyň Merkezi banky her biriniň 100 manat hümmeti bolan altyn we kümüş teňňeleri, şeýle hem şol teňňeleriň toplumyny çykardy.
2016-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň häkimleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çagyryldy.
2016-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak ugrunda, şol sanda jemgyýet üçin ähmiýeti ýokary bolan amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.
2016-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalar kabul edildi.
2016-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine hem-de öňümizdäki möhüm çärelere taýýarlyk görlüşine garaldy, birnäçe resminamalar kabul edildi.
2016-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
2016-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
2016-njy ýylyň 21-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Takehiko Nakaony kabul etdi.
2016-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna ulgamlaýyn we tapgyrlaýyn geçmek işi daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, içerki bazary ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli, daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen bäsleşmäge ukyply harytlar bilen doldurmak babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek bilen utgaşdyrylýar.
Döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygy giňden we dabaraly baýram edilýän şu ýylda milli Liderimiziň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen çagyryşy nurana geljege tarap ynamly gadam urýan biziň halkymyzy täze beýik ýeňişlere ruhlandyrýar, şol sanda ýurdumyzyň bank ulgamy hem ykdysadyýetimiziň öňe tarap ilermegine öz goşandyny goşýar.
Soňky ýyllarda türkmen halkynyň durmuş-ykdysady derejesiniň has-da ýokarlanmagy, daşary ýurtlaryň abraýly okuw ojaklarynda köp sanly Türkmenistandan ýaşlaryň okamagy, raýatlarymyzyň halkara syýahatçylyk ulgamyna işjeň goşulyşmagy, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan oňyn özgertmeleriniň miweleri bolup durýar.
2016-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.
2016-njy ýylyň 10-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda käbir resminamalaryň taslamalaryna hem-de ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.
2016-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, şeýle hem döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine we käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy jenap Suma Çakrabartini kabul etdi.
2016-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
2016-niy ýylyň 6-njy maýynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň netijeleri jemlenildi, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
2016-njy ýyluyň 15-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
2016-njy ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de pudaklaýyn düzümleriň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
2016-njy ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.
2016-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Manadyň durnuklylygyny üpjün etmek «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maksatlarynyň biridir. Şu ugurda döwletimizde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan toplumlaýyn çäreler geçirilýär.
2016-njy ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, Türkmenistanyň medeniýet ministriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
2016-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkmenistana gelen Gagauziýa awtonom çäkli düzümiň (Moldowa Respublikasy) baştutany hanym Irina Wlahy kabul etdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm döwlet işleriniň ummasyz köpdügine garamazdan, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ýa-da edebi we ylmy işi ýazmak bilen meşgullanmak üçin yzygiderli wagt tapmaga çalyşýar.
2016-njy ýylyň 16-njy martynda irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Pakistan Yslam Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
2016-njy ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysynyň, Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
2016-njy ýylyň 25-nji fewralynda türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.
2016-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ýurdumyzda milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneler mynasybetli täze binalaryň we desgalaryň açylyş dabarasyny guramak asylly däbe öwrüldi.
2016-njy ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
2016-njy ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ak mermerli paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm wezipelerini, şeýle hem 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.
2016-njy ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.
2016-njy ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
2016-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.
2016-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Ministrler Kabinetiniň göçme mesjlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
2016-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.
Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bu ugurda öňdebaryjy halkara tejribesini ornaşdyrmak, «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda», «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, 2016-njy ýylyň 12-nji ýanwaryndan başlap ýurdumyzyň çäginde daşary ýurt pullaryny satyn almagy-satmagy amala aşyrýan ygtyýarly karz edaralarynda ýa-da olaryň alyş-çalyş nokatlarynda fiziki şahslara daşary ýurt puluny satmak düzgünlerine birnäçe üýtgetmeler girizilýär.
2016-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzda 2015-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerini jemlemek hem-de ýakyn geljek üçin milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
2016-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
Copyright © 2008-2021
Türkmenistanyň Merkezi banky
Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 36
Telefon: +99312 381027 Faks: +99312 920812