Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Ykdysadyýetiň bäsleşige ukyplylyk ýolunda

Milli ykdysadyýetleriň globallaşýan we integrirlenýän işleriniň ösüşi, howpsuzlygy ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň netijeliligini we bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýän häzirki zaman ykdysadyýet şertleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boup durýar. Munuň üçin esasy şertleriň biri hem maliýe ulgamynyň durnukly we yzygiderli işlemegi boulup durýar. Ony hasaplaşygyň häzirki zaman we geljegi uly bolan görnüşlerini ulanmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl.

Nagt däl hasaplaşygy giňetmegiň strategiki meýilnamasynda milli ykdysadyýetde makroykdysady effekt ähmiýete eýe bolar. Bu ilkinji nobatda, çykdajylary hasaba almgyň uly paýynyň hasabyna töleg dolanşygyna hyzmat etmekde milli ykdysadyýetiň çykdajylarynyň azalmagyny üpjün eder. Bu nagt däl hasaplaşygyň giňden ulanmagyň çäklerinde göwrümli netijäni gazanmaga şert döreder.

Şeýle hem maliýe akymlarynyň aýanlygyny ýokarlandyrlmagyny, ýagny geçirilen tölegeriň faktlary boýunça pul akymlaryny yzarlamaga bolan mümkinçiligiň hasabyna has täsirli fiksal gözegçiigini üpjün eder. Bu babatda hökümetiň alyp barýan maliýe syýasaty has ygtybarly we doly maliýe maglumatlaryna daýanýar. Diýmek, ol garaşylýan netijelere ýetmäge mümkinçilik berýär, ahyrky netijede bolsa, döwlete has maksada gönükdirilen we netijeli ykdysady gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Nagt däl hasaplaşyk bank ulgamyna bank hasabtlarynyň sanynyň artmagynyň hasabyna pul serişdeleriniň çekilmegini üpjün edýär. Munuň netijesinde karz pul bermegiň möçberi, ilatyň satyn alyjylyk ukyby artar. Kiçi ttäjirçiligiň ösmegi üçin mümkinçilikleriň artmagyna getirer. Ahyryn-da bu durmuş bähbitleri bolup, ol halka edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.

Häzirki wagtda ösen ýurtlaryň ählisinde pul dolanşygynda nagt däl hasaplaşyk uly orun eýeleýär. Munuň sebäbi bolsa dolanşygyň çykdajylarynyň azalmagy bolup durýar. Nagt däl hasaplaşyk nagt hasaplaşyga garanyňda ol könelmeýär we ýitmeýär, saklamaga we daşamaga çykdajylary talap etmeýär. Pullar hasabatdan hasabata geçirmk wagty talap etmeýýär, kompýuter ulanylan halatynda bolsa ol ýyldyrym çaltlygynda bolup geçýär.

Nagt däl pullary elmydama öz ýanyňda göterip ýörmeli däl. Tölemek üçin öz bankyňa degişli tabşyrygy bermek ýeterlik. Hazirki wagtda Türkmenistanyň banklarynda «Millikart», «Altyn-Asyr», «Türkmenkart» ýaly milli plastiki kartlaryň birnäçe görnüşleri ulanylýar. Bu babatda Türkmenistan halkara maliýe guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň çäklerinde 1994-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ornaşdyran «VISA» nagt däl hasaplaşyk ulgamy hereket edýär. 1998-nji ýyldan bäri «Visa Business», «Visa Classic», «Visa Elektron» и «Visa Gold» ýaly kartlaryň dört görnüşi emissiýa edýär. Eýýäm golaý wagtda beýleki banklarda hem, hususan-da “Halkbank” DTB, “Senagatbank” PTB, “Rysgal” PTB, “Garagum” HPB «VISA» halkara töleg ulgamyny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýar. Şonuň netijesinde hem bütewi kart ulgamyny döretmek, işleriň görnüşlerini artdyrmak, söwda merkezlerinde elektron hasabt ulgamlaryny açmak arkaly plastiki kartlary ulanmagy giňeltmek zerurlygy ýüze çykýar. Plastiki kartlaryň ulanylmagy umumydünýä akymlaryny – töleg dolanşygyndan nagt pullary gyzyp çykarmagy nazara alamak bilen, çekilen serişdeleriň möçberini artdyrmaga, banklaryň bäsleşige ukyplylygyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyzyň bank edaralary MasterGard halkara töleg ulgamyny ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýar. Halkara töleg ulgamynyň girizilmegi kartlaryň eýelerine «Visa» we «MasterCard» kabul edilýän ýerleriniň ählisinde öz hasabatynda duran pul serişdelerini gije-gündüziň dowamynda almaga mümkinçilikleri bardyr.

Plastiki kartlaryň dolanşyga girizilmegi we nagt däl hasaplaşygyň giňeldilmegi milli ykdysadyýetiň subýektlerine maliýe serişdeleriniň gelip gowuşmagyna, bank ulgamynyň töleg mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga getirer, şeýle hem pes göterimli karz pul berilmegi üçin şertleri döreder. Mundan hem başga, ýurduň raýatlaryna we myhmanlaryna dürli hyzmatlary edýän söwda nokatlarynda we guramalarynda tölegleri päsgelçiiksiz amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Esasan hem bu Aşgabatda 2017-nji ýyda ýapyk binalarada we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň öňisyrasynda has hem möhüm ähmiýete eýedir.

Strategiki meýilnamada nagt däl töleg ugamy ýurduň global ykdysadyýete integrirlenmeginiň çaltlaşdyrylmagyna ýardam eder. Şeýle hem bütewi kart ulgamyny ornaşdyrmak bilen nagt däl hasaplaşyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi we bütewi bank ulgamynyň döredilmegi sarp edijileriň durmuş ýörelgesini we banklaryň işiniň häsiýetini üýtgeder. Bu bolsa köp babatda bu günki günde Türkmenistanyň ykdysadyýetinde boup geçýän uly özgertmeleriň netijeliligine özüniň oňaýly täsirini ýetirer.

Irina SUH,
Türkmenistanyň Strategiki meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş instituty