Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy — 2013-nji ýyl. Maliýe-ykdysady ulgam
Çarşenbe, 29 ýanwar 2014
2013-nji ýylda — Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygynyň ýigrimi ikinji ýylynda türkmen halkynyň bähbitleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda ýöredilýän uly möçberli döwlet syýasaty netijesinde dünýäniň depginli ösýän ýurtlarynyň hatarynda mynasyp orny eýeläp, durmuş-ykdysady ösüşde ýokary üstünlikleri görkezdi. Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10-njy ýanwarynda bolan giňeldilen mejlisiniň barşynda aýdylan makroykdysady görkezijiler munuň tassyklanmasy boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň öz çykyşynda nygtaýşy ýaly, «geçen döwürde durmuş taýdan üpjünçilik, ylym we bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, oba hojalyk pudagynyň, ýangyç-energetika toplumynyň, ulag we aragatnaşyk pudagynyň, gurluşyk pudagynyň, medeniýet ulgamynyň, kanun çykaryjylyk we maliýe ulgamlarynyň her biriniň öňünde möhüm wezipeler goýuldy. Bu wezipeler täze özgertmeleri amala aşyrmakdan, döwlet maksatnamalary we taslamalary esasynda öz alyp barýan işleriňi üýtgedip gurmakdan, işiň netijesini ýokarlandyrmakdan, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze sepgitlere ýetmekden ybaratdyr». Milli Liderimiz geçen ýylyň jemlerine baha berip 2013-nji ýylda göz öňünde tutulan meýilnamalaryň ählisiniň diýen ýaly ýerine ýetirilendigini, ýurdumyzyň iri möçberli özgertmeleri geçirmekde, durmuş-ykdysady ösüşinde belli bir üstünlikleriň gazanylandygyny belledi.
Makroykdysady görkezijileri we geçen ýylda ykdysady ulgamy we wakalary seljermek bilen özboluşly ösüş ýoluny seçip alan hem-de ösüşiniň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan türkmen döwletiniň gazanan üstünlikleriniň ýurdumyzyň iň täze taryhynda mynasyp orny eýelejekdigini nygtap geçmek mümkindir. Muňa ileri tutulýan ugurlary dogry kesgitlemek, milli Liderimiz tarapyndan sazlaşykly hem-de çuňňur oýlanyşykly döredijilikli içeri we daşary syýasatyň ýöredilmegi, şeýle hem öňde goýlan maksatlara ýetmekde yzygiderlilik ýardam etdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen we üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmagyň strategiýasynyň görnüşi milli we giň möçberli institutlaryň, maýa goýum we önüm bazarynyň, döwlet we hususy ulgamyň ornunyň deňeçer gatnaşygyndan ybaratdyr. Tutuşlygyna alnanda türkmen döwletiniň ykdysady strategiýasy milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, ähli pudaklara iň täze tehnologiýalary we öňde baryjy dolandyryş usullaryny ornaşdyrmaga, bazar gatnaşyklaryna tapgyrma-tapgyr geçmäge, hususy telekeçiligi giňden goldamaga esaslanýar.
Ýurdumyzyň depginli durmuş-ykdysady ösüşini maksat edinýän ileri tutulýan wezipeleri çözmek boýunça geçirilen uly möçberli işler netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda durnukly maliýe-ykdysady, býujet, bank-karz syýasatyny durmuşa geçirmek, şeýle hem ykdysadyýetiň anyk ulgamynyň ýokary netijeli diwersifikasiýalaşdyrylan düzümlerini döretmek üçin kuwwatly serişdeler binýady kemala getirildi. Ýurdumyzyň ýokary ykdysady mümkinçilikleri 2013-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda maliýe-bank ulgamynda belli bir maksada gönükdirilen düýpli özgertmeleri dowam etdirmäge mümkinçilik berdi, bazar ykdysadyýetiniň göwnejaý modelini kemala getirmek hem-de türkmen döwletiniň dünýäniň hojalyk aragatnaşyklarynyň ulgamyna işjeň goşulyşmagy şolaryň esasy maksady bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, jemi içerki önüm ol ýa-da beýleki döwürde ýurduň ykdysady işiniň netijeleriniň, ykdysadyýeti ösdürmegiň depginleriniň we derejesiniň has umumy häsiýetnamalary üçin bütin dünýäde ulanylýan ykdysady ösüşiň möhüm mukdar görkezijileriniň biri bolup durýar. Halkara pul gaznasynyň bilermenleriniň çaklamalary boýunça 2013-nji ýylda anyk jemi içerki önümiň ösüşiniň Türkmenistanda 10,1 göterim bolmagyna garaşylýardy. Geçen ýylyň jemleri boýunça bu görkeziji milli ykdysadyýetimizde täze pudaklary döretmegi we bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmagy maksat edinip ýöredilen oňyn özgertmeler, ýurdumyzyň welaýatlarynyň senagat pudaklarynyň toplumlaýyn ösüşi netijesinde 10,2 göterime ýetdi.
Häzirki şertlerde döwletimiziň ykdysady taýdan düzgünleşdirmegini dogry we sowatly amala aşyrmak örän möhümdir, ýurdumyzyň býujet ulgamy we oňa goşulan döwlet býujeti onuň usullarynyň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem býujet işinde ýurdumyzyň möhüm maliýe resminamasy bolan döwlet býujetini kemala getirmäge esasy orun berilýär, ol ähli pudak edaralarynyň, döwlet gulluklarynyň, hökümet maksatnamalarynyň maliýe sanawlarynyň jeminden ybaratdyr. Sebäbi, mälim bolşy ýaly, pul akymlaryny düzgünleşdirmegiň güýçli, durnukly ulgamy döwletimiziň ygtybarly işlemegine, ykdysady we durmuş gatnaşyklaryny sazlaşykly ösdürmäge, ýurdumyzyň rowaçlanmagyna we onuň raýatlarynyň maddy hal-ýagdaýynyň ösüşine ýardam edýär.
Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada statistiki maglumatlar örän möhüm wezipäni berjaý edýär. Olaryň kömegi bilen hojalygy ýöredijilerden maliýe serişdeleriniň döwletiň ygtyýaryna nähili gelip gowuşýandygyny we şol serişdeleriň möçberini ilkinji nobatçylyk tertibinde bellenilen jemgyýetçilik talaplarynyň we olaryň düzüm bölekleriniň möçberine laýyk gelýändigini kesgitlemek mümkindir. Şunuň bilen baglylykda, bir ähmiýetli aýratynlygy belläp geçmek gerek. Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda köp ugurly ykdysadyýeti kemala getirmegiň, senagatyň önümleri gaýtadan işleýän pudaklarynyň ösdürilmeginiň we kiçi hem-de orta telekeçiligiň höweslendirilmeginiň hasabyna Türkmenistanyň Döwlet býujeti ösüş bilen ýerine ýetirilýär. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, 2013-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň esasy maliýe resminamasy üstünlikli ýerine ýetirildi. Onuň girdeji bölegi 130,9 göterim derejesinde, çykdajy bölegi bolsa 98,7 göterim derejesinde ýerine ýetirildi.
Halkara bilermenleriniň we seljerijileriniň berýän bahalary boýunça milli ykdysadyýetimiziň ýokary mümkinçilikleri, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi türkmen döwletine bilimde, ylymda, saglygy goraýyşda, medeniýet ulgamynda, ýaşaýyş jaý gurluşygynda, jemagat ulgamynda maýa goýumlaryny belli bir maksada gönükdirip artdyrmaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, 2013-nji ýylda durmuş ulgamyny ösdürmäge býujet serişdeleriniň 77,3 göterimi gönükdirildi.
Soňky ýyllaryň dowamynda üstünlikli durmuşa geçirilýän,
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan «Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasy» ykdysady howpsuzlygy pugtalandyrmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, olary ösen ýurtlaryň derejesine çenli ýetirmek bilen girdejileri toplamagyň hem-de sarp etmegiň gatnaşygynda göwnejaý sazlaşygy gazanmak boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmegi göz öňünde tutýar.
Bu babatda ilatyň anyk girdejileriniň ösüşi barada Türkmenistanda geçirilýän çäreler hakynda durup geçmek gerek. Soňky ýyllaryň dowamynda bu ugurda ýokary makroykdysady görkeziji iş hakyny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny yzygiderli ýokarlandyrmagyň, döwletimiziň nyrh syýasatynyň, hususy başlangyçlary goldamagyň, şeýle hem goşmaça durmuş ýeňillikleriniň toplumynyň hasabyna üpjün edilýär. Ministrler Kabinetiniň 2013-nji ýylyň 12-nji iýulyndaky giňeldilen mejlisiniň barşynda 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap iş hakynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji halklarynyň möçberlerini, şeýle hem 2013-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap umumybilim berýän mekdepleriň mugallymlarynyň iş hakynyň möçberlerini artdyrmak baradaky Permanlara gol çekilmegi bu ugurda nobatdaky ähmiýetli çäre bolly. 2012-nji ýylyň görkezijilerine laýyklykda 2013-nji ýylda Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş haky 11 göterim artdy.
Gazdan, suwdan we duzdan mugt peýdalanmak, elektrik energiýasynyň hem-de benziniň ýeňillikli şertlerde berilmegi, jemagat we ulag hyzmatlary üçin aňryçäk pes tölegler ýaly ilaty durmuş taýdan goldamagyň çäreleriniň dünýä iş tejribesinde deňi-taýy ýokdur.
Ýurdumyzyň welaýatlaryny ösdürmek maksady bilen "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýylan çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini hem belläp geçmek gerek. 2013-nji ýylda bu maksatnamanyň çäklerinde düýpli maýa goýumlarynyň ep-esli möçberleri özleşdirildi. Mysal üçin, 2012-nji ýyla garanyňda bu görkeziji 18,9 göterim artdy. Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanylan giňeldilen mejlisinde
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna umumy bahasy ABŞ-nyň 13 milliard dollaryndan gowraga barabar bolan önümçilik hem-de medeni-durmuşa maksatly desgalar ulanylmaga berildi.
Özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda giňeltmek hem türkmen döwletini ösdürmegiň strategiýasynyň möhüm taraplarynyň hatarynda çykyş edýär. Häzirki wagtda dünýäniň 100-den gowrak ýurdy Türkmenistanyň söwda hyzmatdaşlary bolup durýar. 2013-nji ýylyň jemleri boýunça daşary söwda dolanyşygynyň möçberi ABŞ-nyň 34,9 milliard dollaryndan geçdi.
Ýokary maýa goýum işjeňligi ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi üçin zerur şert bolup durýar, ol durmuşa geçirilýän maýa goýum serişdeleriniň möçberleriniň artmagy hem-de maddy önümçiligiň ileri tutulýan ugurlarynda we durmuş ulgamynda olaryň has netijeli peýdalanylmagy bilen gazanylýar. Şeýlelikde, maýa goýumlaryň ösüşi geçen ýyl 2012-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 7,1 göterime deň boldy. Bu serişdeleriň agramly bölegi maddy önümçiligi we durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirildi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady ösüş strategiýasy bilen maýa goýumlaryny netijeli çekmek, maýa goýum işini höweslendirmek täsirli usullary döretmek ilkinji nobatdaky wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Türkmenistan maýa goýumlaryna diňe bir daşary ýurtlardan goşmaça serişdeleriň gelip gowuşmagy hökmünde däl, ykdysadyýete öňde baryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we şol tehnologiýalara kämil erk edýän milli işgärleri taýýarlamagyň usullary hökmünde hem garaýar. Bu ýagdaý ýokary ösen milli ykdysadyýeti döretmegiň möhüm çeşmesi bolup çykyş edýär. Ýene-de bir ýagdaýy belläp geçmeli: Türkmenistan has köp derejede göni maýa goýumlaryna ugur alýar, olar durnukly maliýe we ykdysady ýagdaýa ýardam edip, milli bazarda goşmaça önümçilik isleginiň döredilmegine hyzmat edýär.
Soňky ýyllaryň dowamynda bolşy ýaly, 2013-nji ýylda öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin daşary ýurt maýadarlarynyň işlemegi üçin göwnejaý durmuş, maliýe-ykdysady, hukuk düzgünini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler görüldi. Hususan-da, milli ykdysadyýete goýlan maýa goýumlarynyň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin degişli düzümleri ösdürmek, şeýle hem maýadarlaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara kadalaryny nazara almak bilen ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirildi.
Daşarky şertler, şol sanda dünýä maýa goýumynyň bazarynyň umumy ýagdaýy daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin möhüm şert bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, 2013-nji ýylyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda döredilen ykdysadyýeti töwekgelçilikden goramak baradaky agentligiň ähmiýetini nygtap geçmeli. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň bu strategiki taýdan möhüm çözgüdi syýasy, ykdysady, maliýe, hukuk, pudaklaýyn, sebitleýin we tebigy töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmegiň zerurlygy bilen ýüze çykdy, olar aýry-aýry ýagdaýlar bilen baglanyşykly ýüze çykyp biler. Şonuň üçin hem öz serişdelerini türkmen ykdysadyýetine maýa goýmaga isleg bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň işi bilen baglanyşykly ýüze çykyp biljek töwekgelçilikleri öwrenmek Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanynda işleýän bu düzümiň öňünde duran esasy wezipe hökmünde kesgitlenildi.
Bu ugurda öz wagtynda görülýän çäreler daşary ýurt maýadarlarynyň işlemegi üçin göwnejaý şertleri döretmäge ýardam etmek bilen bir hatarda ýurdumyzy bu ugurda öňdäki orunlara çykarmaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, hususan-da, 2013-nji ýylyň başy hakyky taryhy ähmiýetli waka beslendi. BMG-niň söwda we ösüş boýunça Maslahatynyň (UNCTAD) 2013-nji ýylyň başynda çap edilen «2012-nji ýyl üçin dünýä maýa goýumlary hakyndaky çykyşa» laýyklykda Türkmenistan göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň sanawynda ýurtlaryň ilkinji onlugyna çykdy. Maglumatlarda bellenip geçilişi ýaly, olaryň möçberi ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň 15,6 göterimine barabar boldy.
Geljegi uly türkmen bazaryna daşary ýurt maýasyny çekmekde biziň ýurdumyzyň açyklygy, onuň amatly maýa goýum şertleri, ygtybarly kanunçylyk-hukuk binýady hem-de pugta döwlet kepilligi bilen bir hatarda doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýarlygy anyk ýagdaýlar bolup hyzmat edýär. Baý tebigy serişdeleriniň agdyklyk etmegi, ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilik we döredijilik syýasaty Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň bähbidine uly şaýatnama bolup hyzmat edýär.
Maýa goýum syýasaty barada aýtmak bilen, biziň ýurdumyzda bolşy ýaly, onuň çäklerinden daşarda guralýan halkara maýa goýum we ykdysady forumlarynyň ähmiýetini hem belläp geçmek zerurdyr. Şeýle derejedäki çäreler döwlet häkimiýetiniň we işewürligiň wekilleri bilen senagat önümçiligini we ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny, hyzmat ediş ulgamyny we sarp edijilik bazaryny, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin goşmaça maýalary çekmek bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, şeýle forumlar döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin hakyky gural bolup durýar hem-de göni işewür gatnaşyklary ýola goýmaga we özara söwda dolanyşygyny artdyrmaga ýardam edýär.
Bu ugurda geçen ýylda bolan ähmiýetli wakalaryň hatarynda mart aýynda Türkiýe Respublikasynda geçirilen Türkmenistanyň Halkara maýa goýum forumyny bellemek gerek. Stambul şäherinde geçirilen bu çärä gatnaşmaga 40-a golaý ýurtdan wekilleriň 700 töweregi ýygnandy. Oňa gatnaşyjylaryň hatarynda Türkiýäniň we dünýäniň beýleki döwletleriniň 400 töweregi kompaniýalarynyň hem-de halkara guramalarynyň 20-siniň wekilleri boldular.
Iki günlük forumyň işi ýurdumyzyň ygtybarly aktiwlere we taslamalara goýulýan serişdeleri, maliýe amallaryny, maýa goýumlaryny dolandyrmakdaky tejribesiniň daşary ýurtlaryň işewür toparlarynda uly gyzyklanma döredýändigini aýdyň görkezdi. Mundan başga-da, forum Türkmenistanyň dünýäniň işewür toparlary bilen özara hereketleri işjeňleşdirmek üçin ägirt uly kuwwata eýe bolýan maýa goýum işjeňligi nukdaýnazaryndan ösüşiň täze derejesine çykandygynyň aýdyň şaýatnamasyna öwrüldi.
Şunuň bilen bir hatarda şeýle hem 18-nji oktýabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň V Halkara maýa goýum forumyny ýatlamak gerek. Işewür duşuşyga 200 töweregi wekiller gatnaşdy. Olar dünýäniň 20-den gowrak ýurtlarynyň döwlet we hususy düzümlerine, şeýle hem abraýly halkara maliýe düzümlerine hem-de öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalaryna wekilçilik etdiler.
Forumyň barşynda daşary ýurt hyzmatdaşlary tarapyndan milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda Türkmenistan bilen netijeli özara gatnaşyklary giňeltmäge ýokary gyzyklanma nobatdaky gezek beýan edildi. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ulag-aragatnaşyk, nebitgaz, himiýa we elektroenergetika, gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty, maliýe-bank ulgamy, oba senagat toplumy, dokma senagaty, syýahatçylyk we beýleki pudaklar görkezildi.
Gürrüňimizi dowam edip, Belgorodda (Russiýa Federasiýasy) 7-8-nji awgustda geçirilen IV türkmen-rus ykdysady forumynyň ähmiýetini bellemek gerek. 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň GDA gatnaşyjy döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň Ýolbaşçylarynyň geňeşinde başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilen bu duşuşyk, hökümetara derejesinde gazanylan ylalaşyklara laýyklykda guraldy. Onuň geçirilmegi Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, täze bazarlary özleşdirmäge, özara hereketiň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemäge, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirildi.
Iki günüň dowamynda obasenagat toplumynda, söwda, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy, energetika pudaklarynda, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty, bilim we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri duşuşyga gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Russiýa Federasiýasynyň depginli ösýän sebitleriniň birinde geçirilen forum iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň wekilleriniň arasynda özara pikir alyşmalar üçin netijeli meýdança öwrülip, sebitara gatnaşyklaryň gerimini we hilini giňeltdi.
Şu nukdaýnazardan 4-5-nji noýabrda Kiýewde geçirilen türkmen-ukrain işewür maslahatynyň ähmiýetini hem nygtamak gerek. Dostlukly Ukrainanyň paýtagtynda geçirilen forum iki ýurduň telekeçilik düzümleri tarapyndan täze bazarlary özleşdirmek, özara hereketiň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek babatda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir.
Türkmen paýtagtynda ikitaraplaýyn işewür maslahatlarynyň geçirilmegi hem däbe öwrüldi. Olaryň barşynda döwletara söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar hem-de hyzmatdaşlygyň has wajyp taraplary kesgitlenýär. Bu duşuşyklaryň ähmiýeti, ilkinji nobatda, olaryň döwlet derejesinde bolşy ýaly, hususy düzümleriň arasynda hem ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam etmekde jemlenýär.
Şu babatda 2013-nji ýylyň şeýle mazmundaky wakalara örän baý bolandygyny bellemek gerek. Olaryň diňe käbirleriniň üstünde durup geçeliň.
30-njy aprelde türkmen-amerikan işewür forumy geçirildi. Oňa işewürligi ösdürmek boýunça Amerikanyň degişli döwlet düzümleriniň wekilleri, şeýle hem «Ekson Mobil», «Şewron», «Jon Dir», «Keýs Nýu Holland», «AgTeh» ýaly meşhur kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga ýokary gyzyklanmasy nygtaldy. Hususan-da, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan iri möçberli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge has işjeň gatnaşyp, özleriniň geljegi uly türkmen bazarynda bolmaklaryny giňeltmäge ymtylýandyklaryny tassykladylar.
14-nji maýda Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinşiň Türkmenistana resmi saparyna bagyşlanan türkmen-latwiýa işewür maslahaty geçirildi. Duşuşyga esasy döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem bank ulgamynda we maýa goýumynda, oba hojalygy, azyk senagaty, ulag, gämi gurluşygy, maşyn gurluşygy, metaly gaýtadan işlemek, taslama düzmek we gurluşyk, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, saglygy goraýyş we derman senagaty, söwda ulgamlarynda hyzmatlaryň dürli görnüşlerinde ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň 30-dan gowragynyň wekilleri gatnaşdylar.
Oňa Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinşiň gatnaşmagy çäräniň aýratyn ähmiýetliligini artdyrdy. Ol öz çykyşynda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň hem-de bu maslahatyň döwletara özara hereketiň giňelmegine, iki ýurduň halklarynyň arasynda dostlugyň we özara düşünişmegiň mundan beýläk-de pugtalanmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Litwa Respublikasynyň Premýer-ministri Algirdas Butkýawiçýusyň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde geçen ýylyň 18-nji iýunynda türkmen-litwa işewür maslahaty geçirildi. Ol iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylaryny we esasy hünärmenlerini jemledi.
Foruma gatnaşan Litwanyň hökümetiniň baştutany bu duşuşygyň netijeleriniň iki ýurduň mümkinçiliklerine gabat gelýän hem-de hyzmatdaşlyga işewürlik, häzirki zaman çemeleşmeleri bermäge taýýarlygy görkezýän türkmen-litwa özara gatnaşyklaryny ösdürmäge goşmaça itergi berjekdigini nygtady.
29-njy awgustynda türkmen paýtagtynda türkmen-ýapon işewür maslahaty geçirildi. Onda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ýangyç-energetika toplumynda, senagat, söwda, telearagatnaşyk, ýokary tehnologiýalar we beýleki ulgamlarda özara hereket etmegiň täze görnüşleri we ýollary bellenildi.
12-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa resmi saparynyň çäklerinde geçirilen «Ygtybarly hyzmatdaşlygyň ýagty geljegi» atly türkmen-ýapon forumyna gatnaşmagy 2013-nji ýylyň hakykat-da taryhy ähmiýetli wakasyna öwrüldi. Oňa wekilleriň we myhmanlaryň 300-den gowragy gatnaşdy.
Ýapon hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine Türkmenistanyň ägirt uly ähmiýet berýändigini, olaryň biziň ýurdumyzyň senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmaga goşýan uly goşandyny bellär, türkmen Lideri biziň ýurtlarymyzyň arasynda döwrüň ruhuna hem-de deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyga laýyk gelýän gatnaşyklaryň netijeli nusgasynyň kemala gelendigini kanagatlanma bilen nygtady.
Bir söz bilen aýdylanda, günüň dogýan ýurdunyň paýtagtynda geçirilen forum Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň ägirt uly serişdeler we ykdysady kuwwata eýe bolup, ygtybarly we gurply hyzmatdaşyň abraýyny gazanan Türkmenistan bilen işewür aragatnaşyklaryny giňeltmäge ýokary gyzyklanmalaryny nobatdaky gezek görkezdi. Muňa duşuşyklaryň çäklerinde gol çekilen ylalaşyklaryň we şertnamalaryň uly toplumy hem şaýatlyk etdi. Türkiýäniň we Koreýa Respublikasynyň hem firmalarynyň we kompaniýalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilmegi bellenen bilelikdäki taslamalaryň umumy bahasy 10 milliard amerikan dollaryndan geçýär.
Maýa goýumlaryny çekmekde şeýle hem eýeçilikleriň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy ugrunda biziň ýurdumyzda alnyp barylýan yzygiderli işler möhüm orna eýedir. Şu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2013-nji ýylda tassyklanan «Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň» we şol döwür üçin degişli desgalary hususylaşdyrmak boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasynyň, şeýle hem döwlet emlägini döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak barada Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň ähmiýetini hem bellemek gerek.
Häzirki zaman tapgyrynda ýurduň ykdysady ösüşiniň ýokary depgini esasy maksady türkmenistanlylaryň durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmak bolup durýan birnäçe iri möçberli durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda ýaşaýyş jaý ulgamynda bellenen özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge we ilatyň ýokary amatlykly hususy ýaşaýyş jaýlaryny edinmeklerine hemme taraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilen milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi hem durýar. Türkmenistanyň «Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak hakynda» Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetinde bolup geçýän oňyn özgertmeleriniň kanunalaýyk dowamyna öwrüldi. Ýurtda höküm sürýän jemgyýetçilik durnuklylygy we döwlet tarapyndan pugta durmuş kepillikleri berilýän ilatynyň sanynyň depginli artmagy munuň aýdyň şaýatnamasy bolup durýar.
Umuman, hususylaşdyrmak işiniň geçirilmegi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny has-da artdyrmaga, senagat önümçiliginiň netijeliligini we düşewüntliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem öz gezeginde türkmenistanlylaryň durmuş-hal ýagdaýynyň ösmegine örän amatly täsir etjek ýurdumyzyň hususy telekeçiliginiň depginli ösdürilmegine ýardam eder.
Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýet ulgamynda uly orun eýeleýän we giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmäge ýardam edýän ýurdumyzyň bank ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegi bazar ykdysadyýetiniň işlemeginiň hem-de tutuş karz-pul ulgamynyň durnuklylygynyň zerur şerti bolup durýar.
«Bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzyň banklary tarapyndan 2013-nji ýylyň dowamynda toplumlaýyn işler geçirildi. Bu işler türkmen banklarynyň maýasyny artdyrmaga, bank kartlary arkaly nagt däl tölegleriň möçberini giňeltmäge, orta we kiçi telekeçiligi karzlaşdyrmagy, ipoteka karzlaşdyrmany ösdürmäge gönükdirildi. Şonuň bilen birlikde täze bank önümlerini ornaşdyrmak, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, iri maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça anyk ädimler ädildi.
Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň döwlet täjirçilik banklarynyň esaslyk maýasynyň möçberini kesgitlemek hakynda gol çeken Kararynyň ähmiýetini hem bellemek gerek. Bu resminama laýyklykda, ýurdumyzyň döwlet täjirçilik banklary esasy ätiýaçlyk gaznasynyň we sap peýdadan döredilen beýleki gaznalaryň serişdeleriniň erkin bölegini, şeýle hem gazanýan sap peýdasynyň 50 göterimden az bolmadyk möçberini esaslyk maýasyny artdyrmaga gönükdirmäge borçly edildi.
Bank edaralaryny has-da ösdürmek boýunça görülýän çäreler bilen bir hatarda, ady agzalan kararyň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi banklaryň maýa goýum kuwwatyny artdyrmaga, maliýe esasyny berkitmäge, bank gözegçiligini kämilleşdirmäge, bank amallarynyň möçberini giňeltmäge, täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga oňyn täsirini ýetirmelidir. Mundan başga-da, esaslyk maýasy uly bolan bank edarasy beýlekiler bilen deňeşdireniňde abraýly maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine eýe bolup durýar. Olar öz gezeginde diňe köp maýaly banklar bilen hyzmatdaş bolmaga gyzyklanma bildirýärler.
Abraýly maliýe düzümleriniň bilermenleriniň belleýşi ýaly, banklaryň maýasynyň artdyrylmagy bank ulgamyny berkitmekde uly ädim bolup durýar we ýurduň ykdysady taýdan ösmegine ýardam edýär. Banklarda korporatiw dolandyrmagyň standartlarynyň ornaşdyrylmagy, bank gözegçiliginiň kämilleşdirilmegi hem uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Bank ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler hemmetaraplaýyn goldawa eýe bolýar we halkara bilermenleri we seljerijileri tarapyndan uly baha berilýär. Türkmenistanda bu ulgamyň ösüşi hakynda syn beriş makalasy munuň aýdyň mysaly boldy. Ol «The Banker» žurnalynyň ýanwar aýyndaky ýörite sanynda neşir edildi. Bu makalada türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan, bazar ykdysadyýetini kemala getirmäge, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmakda we ýurduň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde bank ulgamynyň ornuny berkitmäge gönükdirilen oňyn özgertmelere häsiýetnama berildi.
Şunuň bilen baglylykda, 2013-nji ýylda «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň B.I.D. Halkara Konwensiýada hil boýunça sylaga mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Işewürleriň halkara assosiasiýasynyň howandarlygy astynda Ženewada geçirilen forumda bu banka ýokary hil, öňdebaryjylyk, tehnologiýalar we innowasiýalar üçin altyn toparda «Century International Quality ERA» baýragy, şeýle hem degişli sertifikat gowşuryldy.
Türkmenistanyň esasy paýdarlar-täjirçilik banklarynyň biriniň üstünlikleriniň halkara derejesinde ykrar edilmegi türkmen Lideriniň başyny başlan, ýurdumyzy ösüşiň öňdebaryjy sepgitlerine çykarmaga gönükdirilen we öz uly miwelerini berýän oňyn ykdysady özgertmeler strategiýasynyň üstünliginiň ýene bir subutnamasy boldy.
Ýurdumyzyň pul ulgamynyň berkidilmegi bazar gatnaşyklary şertlerinde ykdysadyýetiň durnukly ösüşini gazanmagyň möhüm şerti bolup durýar. Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan nyşanlaryň birine öwrülmek bilen, milli manadymyz ynha eýýäm 20 ýylyň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň durnuklylygyny saklamagyň, täze taryhy döwürde türkmenistanlylaryň abadançylygynyň gyşarnyksyz ýokarlanmagynyň möhüm çeşmesi bolup durýar. 2013-nji ýylda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe maliýe-karz özgertmeleri» diýen at bilen maslahat geçirildi.
2013-nji ýylda ýurdumyzyň standartlaşdyrmak ulgamynyň okgunly ösmegi dowam etdi. Mälim bolşy ýaly, esasy pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň we durmuşyň ähli ulgamlaryna innowasiýalary ornaşdyrmagyň täsirli şerti bolmak bilen, standartlaşdyrmak ulgamy ynsaply bäsdeşligi ösdürmäge, çykarylýan önümleriň we edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, söwdada tehniki bökdençlikleri azaltmaga, sarp edijileriň bähbidiniň goralmagyny ýokarlandyrmaga, daşky gurşawyň goralmagyna, serişdeleriň ähli görnüşlerini tygşytlamaga ýardam edýär.
Şunda standartlaryň milli bazaryny çaklamak we olara bolan islegi öwrenmek, kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň laýyklygyna baha berlende gullugyň hünärmenleriniň ulanýan ölçeg we synag usullaryny kämilleşdirmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýar. Standartlaşdyrmak we metrologiýa meseleleriniň ähmiýeti olaryň ýurtda we onuň sebitlerinde durmuş-ykdysady ösüşiň hadysalaryna doly we giň gerimli gözegçiligi kemala getirmekde kesgitlenýär. Ol ýerlerde guramaçylyk we dolandyryş işleriniň netijelerine baha bermäge mümkinçilik berýär.
Bu ulgamda ähmiýetli ädimler barada aýdylanda, türkmen döwletiniň Baştutanynyň 2013-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanda peýdalanmaga ýol berlen ululyklaryň birlikleriniň sanawyny tassyklamak hakynda Karara gol çekendigini bellemek gerek. Bu Karar «Ölçegleriň bitewüligini üpjün etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň esasy düzgünlerini ýerine ýetirmek, şeýle hem ölçegler we agramlar boýunça halkara baş konferensiýanyň kabul eden ululyk birliklerini ýurdumyzda peýdalanmak maksadynda kabul edildi. Soňra 2013-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanda ulanmaga ýol berlen, Ululyk birlikleriniň halkara ulgamyna girmeýän ululyk birlikleriniň sanawy tassyklandy.
1-nji oktýabrda Döwlet etalon merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Ony gurmak «Türkmenistanyň standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda» möhüm çäreleriň biri hökmünde göz öňünde tutuldy. Desgany ulanmaga bermegiň dabaraly çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hut özüniň gatnaşmagy bu waka aýratyn ähmiýet çaýdy.
Etalonlary we etalon nusgalyk enjamlary ýerleşdirmek üçin niýetlenen we ýörite güwänama bilen tassyklanan, halkara talaplaryna doly gabat gelýän toplum bilen tanşyp, milli Liderimiz pudagy has-da ösdürmek, ony metrologiýanyň we standartlaşdyrmagyň dünýä ulgamyna goşmakda täze edaranyň ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Döwlet etalon merkezi halk hojalygynyň ähli pudaklaryna innowasiýalary ornaşdyrmaga, önümleriň, harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň halkara kadalaryna laýyk gelmegi üçin hilini we howpsuzlygyny artdyrmaga, daşky gurşawy goramaga, halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.
2013-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan «Sertifikatlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini bellemek gerek. Onda ýurdumyzda önümleri, hil we önümçilik ulgamlaryny, işleri we hyzmatlary sertifikatlaşdyrmagyň hukuk esaslary kesgitlendi. Adamlaryň ömri we saglygy üçin önümleriň, işleriň we hyzmatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, raýatlaryň emlägini we daşky gurşawy goramak, önümleriň, işleriň we hyzmatlaryň hiliniň sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklyk meselelerinde şahsy we edara görnüşli taraplaryň bähbitlerini goramak bu resminamanyň esasy maksatlary bolup durýar.
Syýasy durnuklylyk, milli ykdysadyýeti türkmen Lideriniň alyp barýan ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge tarap ugry bilen bilelikde ösdürmek — bular döwlet ösüşiniň täsin we öz netijeliligini subut eden nusgasyny durmuşa geçirýän türkmen döwletiniň oňyn tejribesine günsaýyn artýan gyzyklanmany kesgitleýär. 2013-nji ýylda Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň wise-başlyklygyna saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu çözgüt BMG EYT-niň Ženewada geçen 65-nji sessiýasynyň 5-nji maslahatynda biragyzdan kabul edildi.
2013-nji ýylyň degişli wakalaryna syn bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmegi bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça ähli pudaklaýyn ministrliklerde we edaralarda geçirilen giň gerimli işleriň ähmiýetini bellemek gerek. Şu maksat bilen Hökümet topary döredilip, onuň üstüne biziň ýurdumyzyň BSG-a girmeginiň ykdysady netijelerine baha bermek, gurama goşulmagyň has bähbitli şertlerini işläp taýýarlamak boýunça wezipeler ýüklendi.
Öz ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrýan we döwrebaplaşdyrýan, iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary we taslamalary amala aşyrýan Türkmenistan BSG-a giren ýagdaýynda häzirki zaman tehnologiýalaryna has giň elýeterliligi alyp biler. Sebäbi olaryň standartlaryny hem BSG ulgamy kesgitläp, şonuň bilen diňe söwdany däl-de, eýsem, ylmy-tehniki ösüşi höweslendirýär. Mundan başga-da, munuň özi halkara giňişliginde türkmen döwletiniň ykdysady derejesini artdyrmaga hyzmat eder. Karzlaryň we maýa goýumlarynyň akymyna ýardam eder.
Şeýlelikde, 2013-nji ýylda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi öňki ýyllarda bolşy ýaly, esasy halkara maliýe guramalarynyň bilermenleri tarapyndan oňyn baha mynasyp boldy. Hususan-da, soňky birnäçe ýylyň dowamynda ykdysady ösüşiň uly netijelerini gazanmakda türkmen döwletiniň tagallalaryna ýokary baha bermek hem-de ýakyn we uzak geljekde bu ugurda has öňe hereket etmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, Halkara pul gaznasynyň wekilleri durnuklaşdyryjy çäreleriň we ätiýaçlyklaryň oýlanyşykly ulgamynyň bolmagy netijesinde daşarky töwekgelçilikleriň türkmen ykdysadyýetine mümkin bolan täsiriniň geljekde hem çäklendirilen häsiýete eýe boljakdygyny bellediler.
2013-nji ýylda ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynyň ösüşine synymyzy jemlemek bilen, häzirki zaman Türkmenistanyň gündogar senenamasy boýunça bedew ýyly hasaplanýan täze ýylda ahalteke bedewiniň okgunlylygy bilen öz abadançylygynyň we rowaçlygynyň täze belentliklerine tarap maksada okgunly hereket edýändigini doly ynam bilen aýtmak bolar. Mahlasy, öňde aýdylanlaryň hemmesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly we öňdengörüji syýasaty netijesinde Türkmenistanyň batyrgaý oý-pikirleri we taslamalary durmuşa geçirip, durmuş-ykdysady taýdan ösmegini ynamly dowam etmeginiň nobatdaky subutnamasy bolup hyzmat edýär.
TDH