Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen «Türkmen zenany – gözelligiň nyşany» atly baýramçylyk dabarasy
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda özünde mähremligi, gözelligi, näzikligi jemleýän mähriban ene-mamalarymyza we gelin-gyzlarymyza uly sarpa goýulýar. Parasatly ýurt Baştutanymyzyň her bir il-ýurt bähbitli alyp barýan uly tutumlarynda bolsa, eneleriň rahatlygy, eneleriň bagty, nesilleriň röwşen geljegi görünýär. Türkmen zenanynda adamkärçiligiň asylly sypatlary jemlenýär. Maşgalanyň abraýy, rysgaly, döwletliligi, esasan aýal maşgalalara degişlidir. Şonuň üçin hem maşgala binýadynyň berkemeginde, nesilleriň döwrebap terbiýelenmeginde halkymyzda zenanlaryň ornuna aýratyn ähmiýet berilýär.

Maşgalanyň jemgyýet bilen gatnaşygy näçe berk bolsa, ýurdumyzyň her bir raýatynyň ýüreginde öz ykbalynyň şu Watan, şu toprak bilen baglylygyna bolan buýsanç duýgulary hem berkeýär.
Ata-babalarymyz aýaly mertebe tugy hasap edipdirler, olaryň hemişe gözellikler bilen gurşalmagy hakynda alada edipdirler.
Häzirki döwürde zenanlar ýurdumyzyň döwlet dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, ykdysadyýetde, ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda, jemgyýetçilik işlerinde, telekeçilikde we beýleki ähli ugurlarda bitirilýän beýik işlere goşantlaryny goşýarlar.
Bank toplumynda hem gelin-gyzlaryň birnäçesi zähmet çekýär we hormatly Prezidentimiziň bank ulgamyny ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde öz saldamly goşandyny goşýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda her ýyl baharyň ilkinji günlerinde Halkara zenanlar güni uly şatlyk, şowhun bilen bellenilip geçilýär.

Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli 2014-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Toý mekany» dynç alyş merkezinde «Türkmen zenany – gözelligiň nyşany» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabara kümüş saçly enelermiz, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynda belli we ýaş estrada aýdymçylary watanymyzy, bagtyýarlyk döwrümizi we gelin-gyzlarymyzy wasp edýän aýdymlary aýtdylar. Şeýle-de dabaranyň dowamynda «Näzli» tans toparynyň tanslaryna hem-de Alp Arslan teatrynyň artistleriniň gysga sahna oýnunlaryna tomaşa edildi.
Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize döreden mümkinçilikleri we özleri barada edýän aladalary üçin köp sagbolsun aýtdylar.
Jeren Akmämmedowa,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy