Bankara walýuta biržasy
Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini berkitmek,
milli puluň daşary ýurt pullary baradaky ýeke-täk
hümmetini saklamak, manadyň içerki
ýörgünliligini üpjün
etmek, bank hyzmatlaryny kämilleşdirmek we Kabul edilen
maliýe borçnamalarynyň wagtynda ýerine
ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Daşary ýurt puluny
kadalaşdyrmak we milli puluň ýeke-täk
hümmetini saklamak boýunça esasy
çäreler hakynda» 30.05.2008 ý.
seneli 9847 belgili Karary esasynda Türkmenistanyň Bankara
walýuta biržasy öz işini başlady. Birža
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň düzüm
birligi bolup durýar we öz işini
Türkmenistanyň Bankara walýuta biržasy hakynda
düzgünnama hem-de Birža söwdasynyň kadalary
esasynda amala aşyrýar.