Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary – dünýä derejesinde maliýe hasabatlylygynyň bir bitewi ulgamydyr
Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmek kärhanalara we guramalara döwlet edaralary tarapyndan, şol sanda salgyt edaralary tarapyndan goldaw bermegiň şertleriniň biridir.
Ýokary töwekgelçilikli şertlerde maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlarynyň ykrar edilmegi daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin möhüm ädim bolar. Hasaba alnyşyň halkara tejribesine geçilmegi daşary ýurt maýa goýumçylary bilen özara gatnaşyklary düýpli ýeňilleşdirer, bilelikdäki taslamalaryň köpelmegine ýardam eder.
Maliýe hasabatlylygynyň dünýä standartlarynyň bir bitewi toplumynyň zerurlygy dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagy bilen baglydyr. Soňky üç on ýyllykda dünýä bazarlarynyň goşulyşma we globallaşma derejesi düýpli ýokarlandy.
Şunuň bilen baglanyşykly, barha köp ýurtlar MHHS-ny kompaniýalaryň maliýe hasabatlylygyny düzmegiň esasy hökmünde ulanyp başlaýarlar, sebäbi bu hasabatlylygyň aýdyňlygyny ýokarlandyrmaga, onuň hilini gowulandyrmaga, maýanyň gymmatyny peseltmäge, maýa goýum akymlaryna ýol açmaga kömek edýär.
Şunuň bilen birlikde maýanyň dünýä bazarlarynyň globallaşmagy hasabatlylygy düzmegiň we bermegiň milli stanlartlaryny bir ölçege getirmegiň zerurlygyny ýüze çykarýar.
Meselem, kärhanalaryň, kompaniýalaryň, banklaryň arasynda dürli maliýe, täjirçilik, önümçilik we beýleki işewürlik gatnaşyklary olaryň işi barada şu aragatnaşyklaryň täsirini hasaba alýan maglumatlaryň berilmegini talap edýär. Ähli ýurtlarda ol ýa-da beýleki wagtda jebislendirilen hasabatlylyk diýlip atlandyrylýan hasabatlylygyň özboluşly görnüşleriniň emele getirilmegi şunuň saly talaplara jogap boldy.
Häzirki zaman kommunikasiýa tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagyny nazara alanyňda, banklaryň maliýe hasabatlylygyna birmeňzeş düşündiriş berilmegine bildirilýän talaplar ýokarlandy. Maýa goýmak barha ýokary derejede bütindünýä elektron torunyň üstünden hakyky wagt düzgüninde amala aşyrylýar, bu bolsa hasabatlylygyň standartlaryny bir ölçege getirmegiň peýdasyna ýene bir delil bolup durýar. Ýakyn geljekde halkara derejesinde telekeçilik işini bir wagtda dürli ýurtlarda ulanylýan bir bitewi maliýe-ykdysady ölçegleri peýdalanmazdan alyp barmak mümkin bolmaz.
Türkmenistanda düýbini bazar gatnaşyklary düzýän ykdysady ulgam emele getirildi, bu bolsa öz gezeginde, buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we ykdysady seljerişiň wezipeleriniň hil taýdan üýtgemegine getirdi. Bu üýtgemeler Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşyny özgertmegiň zerurlygyna sebäp boldy. Buhgalterçilik hasaba alnyşyny özgertmek, birinji nobatda, bank edaralaryna degişlidir, çünki işiň aýratynlygy ýurduň ykdysadyýetiniň subýektleriniň maliýe gatnaşyklarynda olary esasy bölege öwürýär.
Ýokarda beýan edilenlerden ugur almak bilen, Türkmenistanyň bank ulgamynda buhgalterçilik hasaba alnyşy kämilleşdirildi, şonuň netijesinde maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmek amala aşyryldy. Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary (MHHS) ulgamy maliýe hasabatlylygy düzülende buhgalterçilik hasaba alnyşynyň dürli ýurtlar tarapyndan peýdalanylýan ýörelgelerini we usullaryny bir ölçege getirmek üçin döredildi.
Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary – bu buhgalterçilik maglumatlarynyň mazmunyna we ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň milli standartlaryny utgaşdyrmagyň esasynda möhüm hasaba alyş häsiýetnamalaryny almagyň usulýetine bildirilýän talaplary açyp görkezýän resminamalardyr. Häzirki wagtda maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlarynyň 41-si neşir edildi.
MHHS – bu maliýe hasabatlylygy üçin maslahat berilýän halkara standartlarynyň jemidir.
Halkara standartlary belli bir derejede çylşyrymly däldigi bilen häsiýetlendirilýär, diýmek, harajatlary az talap edýär.
MHHS-ny işläp taýýarlamak bilen Maliýe Hasabatlylygynyň Halkara Standartlary boýunça komitet – MHHSK meşgullanýar, 1971-nji ýylda esaslandyrylan bu komitete häzirki wagtda 100-den gowrak ýurt girýär.
Buhgalterçilik hasaba alnyşyny däp boýunça telekeçiligiň gatnaşyk saklaýan dili diýip atlandyrýarlar. Telekeçilik işiniň halkara derejesine çykmagy onuň gatnaşyk edýän diliniň hem göni we göçme manylarda halkara bolmalydygyny şertlendirýändigi aýdyňdyr. Belli bir telekeçilik bileleşiginde kabul edilişi ýaly, gatnaşyjylaryň gürleşmeli milli dilini, şeýle hem telekeçilik ulgamlarynyň goşulyşmagynyň barşynda gatnaşyjylaryň ählisine düşnükli, şolaryň esasynda işewür gatnaşyk üçin zerur bolan resminamalaryň taýýarlanmaly kadalaryny kesgitlemek zerurlygy ýüze çykaryldy. Şu günki günde MHHS bütin dünýäde global standartlar diýlip ykrar edildi.
Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary (MHHS) – bu dünýäniň köp ýurtlarynyň hojalyk subýektleri tarapyndan maliýe hasabatlylygyny düzmek üçin hojalyk amallarynyň we maliýe görkezijileriniň derejesiniň, olary ykrar etmegiň, baha bermegiň we açyp görkezmegiň umumy kabul edilen kadalarynyň jemidir.
MHHS maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary düzgünnamalara sözbaşylardan, maliýe hasabatlylygyny taýýarlamagyň we bermegiň ýörelgeleriniň düşündirmelerinden, standartlardan we olara degişli düşündirişlerden (teswirlerden) durýan resminamalar ulgamy bolup durýar. Görkezilen resminamalaryň her biriniň öz ähmiýeti bardyr, ýöne ulgamyň bölegi bolup durmak bilen, ol ulgamyň beýleki düzüm böleklerinden aýratynlykda ulanylyp bilinmez.
Hasabatlylygy taýýarlamagyň we bermegiň ýörelgeleri maliýe hasabatlylygyny düzmegiň we bermegiň esaslaryny kesgitleýär, hususan-da, hasabatlylygyň maksatlaryna, onuň hil häsiýetnamalaryna, hasabatlylygyň bölekleriniň derejesini kesgitlemegiň, ykrar etmegiň we ölçemegiň tertibine seredýär. Ýörelgeler MHHS-na laýyklykda milli standartlar işlenip taýýarlananda milli standartlar edaralaryna, hasabatlylygy düzýänlere degişli standartlary ulanmakda we olar babatynda standartlaryň kabul edilmedik meseleleri boýunça, şeýle hem auditorlara hasabatlylygyň MHHS-na laýyk gelýändigi barada garaýyş emele getirmekde kömek etmäge niýetlenendir.
Kabul edilen standartlaryň her biri onuň derejesini kesgitlemek we ykrar etmek üçin obýekte baha bermegiň we maliýe hasabatlylygynda maglumatlary açmagyň tertibine bildirilýän talaplary öz içine alýar.
MHHS-nyň çözmeli esasy wezipesi – aktiwlere we borçnamalara baha bermegiň tertibini bir ölçege getirmek we degişli maglumatlary bolmalysy açyp görkezmek bolup durýar. Şunda MHHS jikme-jikleşdirilen berk kadalaryň ýygyndysy bolup durmaýar-da, umumy ýörelgeleri we talaplary öz içine alýar, şeýlelikde hasabatlylygy düzýän tarapa anyk çözgütleri özüniň hünärli garaýşyna esaslanyp özbaşdak kabul etmek mümkinçilik berilýär.
MHHS ornaşdyrylanda şular zerurdyr:
- Tehniki ýagdaý – MHHS-nyň türkmen diline aktual terjimesiniň bolmazlygy. Standartlaryň ählisi iňlis dilinde ýazylýar, bu dil esasy dil hasap edilýär. Standartlaryň hünärli terjime etmek bilen bolsa diňe MHHS Komitetiniň hünärmenleri meşgullanýarlar we terjime edilen ekzemplýarlar standartlaryň asyl nusgasyna laýyk gelýändigi babatynda ara alnyp maslahatlaşylýar, şunuň bilen baglanyşykly türkmen dilinde resmi standartlaryň çap edilmegi gijikdirilýär.
- Aktiwlere we borçnamalara baha bermekdäki tapawutlar. Bu ýerde dürli hasabatlylyk ulgamlarynda emlägi we borçnamalary topara bölmekde tapawutlar bellenýär. Mundan başga-da, birnäçe ýagdaýlarda aktiwlere adalatly we ýa-da bazar bahasyny bermek talap edilýär.
- Açylýan maglumatlaryň möçberlerindäki tapawut. MHHS maglumatlaryň has jikme-jik açylmagyny, şeýle hem maglumatlaryň köpüsi we bagly taraplaryň giň topary barada maglumatlary açmagy talap edýär, bu bolsa hasabatlylygy düzmegiň zähmet talap edijiligini ep-esli ýokarlandyrýar.
- Kanunçylyk binýadyndaky tapawut. Islendik döwletiň buhgalterçilik hasaba alnyşy, milli standartlaryň jemi hökmünde, hemişe döwletiň kanunçylygynyň düzüm bölegi bolup durýar. Hasaba alyş hiç wagt kanunçylyga çapraz gelmeli däldir. Mundan başga-da, ol milli raýat we salgyt kanunçylygynyň adalgalaryny peýdalanýar, bu esaslary üýtgetmek bolsa häzirki wagtda mümkin däldir.
Makalany jemlemek bilen, umumy dünýä derejesinde maliýe hasabatlylygynyň bir bitewi ulgamyny ulanmagyň zerurlygyna düşünmegiň maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryny (MHHS) we auditiň halkara standartlaryny döretmek ugrunda möhüm ädim bolup durýandygyny ýene bir gezek nygtap geçesim gelýär. Şonuň üçin hem hasaba alnyşy guramak üçin iň möhüm wakalaryň biri MHHSK (Maliýe Hasabatlylygynyň Halkara Standartlary boýunça komitet) döredilmegi bolup durýar.
Türkmenistanyň bazar gatnaşyklaryna geçmegi we ýurduň ykdysadyýetiniň dünýä hojalygyna goşuluşmagy ýurtda buhgalterçilik hasaba alnyşy ulgamynyň özgerdilmegine getirdi. MHHS-na geçmegiň esaslary Türkmenistanyň Prezidentiniň kararynda goýuldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda, Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşyny maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna laýyklykda özgertmegiň maksatnamasy işlenip taýýarlandy.
MHHS-nyň ornaşdyrylmagy daşary ýurt maýa goýumlaryny almagyň möhüm esaslary bolup durýar, ýöne bu onuň ýeke-täk şerti däldir.
Özgertmeleriň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:
- hasaba alnyşyň we hasabatlylygyň peýdalanyjylary , birinji nobatda hem maýa goýumçylary, karzdarlary peýdaly maglumatlar bilen üpjün edýän standartlar ulgamyny emele getirmek,
- Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşyny dünýä derejesinde standartlary sazlaşdyrmagyň esasy meýilleri bilen baglanyşdyrmak,
- buhgalterçilik hasaba alnyşynyň özgerdilen modeline düşünmekde we olary ornaşdyrmakda guramalara, banklara usuly kömek bermek.
Hormatly Prezidentimiz özüniň öňdengörüji kämil syýasatyndan ugur almak bilen, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň «Döwlet adam üçindir» diýen şygaryny baş ýörelge hökmünde yglan etmegi ýurdumyzda demokratiýany we adam hukularyny mundan beýläk-de dabaralandyrmakda halkymyzyň şöhratly hem buýsançly geljegine tarap aýgytly gadamdyr.
Goý, Türkmenistanyň bank ulgamynyň işinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mundan beýläk-de rowaçlansyn!
Goý, Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhratly dowamat dowam bolsun!
Suraý Nurtaýewa,
TMB-niň Buhgalter hasaby we hasabatlar müdirliginiň
Iş usulyny öwrediş bölüminiň baş hünärmeni,
y.y.k.alymlyk derejesine dalaşgär