Türkmenistan ykdysadyýeti ösdürmegiň bazar usullaryny işjeňleşdirýär
Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumynda bazar ykdysadyýeti ýörelgelerine birsydyrgyn geçmek babatda nobatdaky ädim ädildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini yzygiderli ösdürmek, nebit önümleriniň rejeli peýdalanylmagyny gazanmak we içerki bazarda ýerlenmegini tertipleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2014-nji ýylyň 28-nji aprelinde degişli karara gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, şu ýylyň 1-nji iýulyndan hususy ýeňil awtoulag serişdeleriniň we motosiklleriň eýesi bolan Türkmenistanyň raýatlaryna ähli görnüşdäki awtomobil benzininiň we dizel ýangyjynyň muzdsuz berilmegi bes edilýär.
Ýeri gelende ýatlasak, bu wagtlaýyn ýeňillik bäş ýyldan gowrak mundan öň, 2008-nji ýylyň fewralynda «Hususy ýeňil awtoulag serişdeleriniň eýelerine awtomobil benzininiň we dizel ýangyjynyň goýberilmegini tertipleşdirmek hakynda» Karara laýyklykda girizildi. Şonda ýurdumyzyň raýatlaryna mugt goýberilýän ähli görnüşdäki awtomobil benzininiň we dizel ýangyjynyň bir aýlyk möçberleri tassyklanyldy, şeýle hem bir aýlyk möçberden artyk ýangyjyň Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan tassyklanan nyrhlar boýunça goýberiljekdigi bellenildi.
Mundan başga-da, 2008-nji ýylda, bu çäre kabul edilende ýurdumyzyň täze nusgadaky milli puluň dolanyşygyna geçmäge taýýarlanýan ýyly bolup, oňa birsydyrgyn geçilmegini ilatyň hem, ykdysadyýetiň hem zyýan çekmezligi bilen amala aşyrmak möhümdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň degişli düzümleriniň öňünde goýan bu wezipesiniň üstünlikli amala aşyrylmagy şol ýyllaryň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüş depginlerini we ilatyň durmuş derejesini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.
Munuň şeýledigini aşakda getiren sanlarymyz hem tassyklaýar.
Pul-karz, walýuta, maliýe we salgyt-býujet ulgamlaryny kämilleşdirmek maksady bilen, milli Liderimiziň başlangyjy bilen kabul edilýän çäreler ýurdumyzda ýokary ykdysady görkezijileri gazanmak üçin mäkäm esas döretdi. Şeýlelikde, soňky bäş ýylda ösüş depgini ortaça 11 göterime deň bolan milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegi ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önümiň ýokarlanmagyna ýardam etdi. Jemi içerki önümiň ösüşi döwletiň maýa goýum syýasaty we daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberleri bilen üpjün edilýär.
Milli manadymyzyň üstünlikli geçirilen denominasiýasynyň ähmiýetini hem bellemek gerek. Bu çäre esasy halkara maliýe düzümleriniň bilermenleriniň pikirine görä, wagtynda kabul edilen we özüni doly ödän çäreleriň biri boldy. Soňky ýyllarda milli manadymyz hümmetini ep-esli berkitdi. Galyberse-de, denominasiýa pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, nyrhyň emele getirilmegini hem-de hasaplaryň, buhgalterçilik we statistiki hasabatlylygyň ýöredilmegini ýönekeýleşdirmäge ýardam etdi, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ulgamlaryna maýa goýumlarynyň akymyny artdyrdy.
Milli pulumyza ynamy berkitmäge we banklaryň eýeleýän ornuny giňeltmäge ýardam edýän esasy ýagdaýlaryň hatarynda manadyň daşary ýurt puluna bolan ýeke-täk resmi hümmetiniň kesgitlenmegini hem görkezmek bolar. Munuň özi manadyň hümmetini berkitmäge, satyn alyjylyk ukybyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Kesgitlenen hümmetiň häzirki wagta çenli durnukly saklanmagy munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň saýlap alan ýoly dünýäniň maliýe-ykdysady çökgünliginiň ýurdumyzyň ykdysadyýetine täsirini peseltmek bilen çäklenmän, eýsem, jemi içerki önümiň ösüş depginlerini, senagat önümleriniň öndürilýän möçberlerini, daşary söwda dolanyşygynyň ösüş depginini, harytlaryň we hyzmatlaryň içerki bazarynda bahalaryň durnuklylygyny saklamaga, durmuş ulgamyna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmaga ýardam etdi.
Şunuň bilen baglylykda, bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmegiň strategiýasynyň ýurdumyza ilatyň bähbidini goramaga gönükdirilen wezipeleri çözmäge mümkinçilik berýändigini aýtmak gerek. Mysal üçin, soňky ýyllarda býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň aýlyk haklary, şeýle hem döwlet kömek pullary, pensiýalar, talyp haklary bäş gezek ýokarlandy. Dogry saýlanyp alnan bu özgertmeler ýoly ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösmegini üpjün edip, onuň uzakmöhletleýin geljek üçin abadançylygyny berkidýär we ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Döwletimiziň ilatyň kepillendirilen durmuş goraglylygyny üpjün etmek syýasatyny yzygiderli we maksadalaýyk amala aşyrýandygyny hem bellemek gerek. Mysal üçin, ýurdumyzyň ilatyna elektrik energiýasyndan, tebigy gazdan, suwdan, duzdan peýdalanmak üçin ýeňillikleriň berilmegi, şeýle hem jemagat hyzmatlary üçin ujypsyz tölegler saklanyp galýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ilatynyň hususy ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak hem-de «Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagynyň göni (salgyly) görnüşinde — muzdsuz berilmeginiň Tertibini tassyklamak hakynda milli Liderimiziň gol çeken kararyny «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda öz beýanyny tapýan syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň nobatdaky mysaly hökmünde görkezmek bolar.
Şeýlelikde, ilatyň gazanylan durmuş derejesi ýurdumyza bazar ykdysadyýetine üstünlikli we sarsgynsyz geçmäge mümkinçilik berdi. 2014-nji ýylyň 1-nji iýulyndan hususy ýeňil awtoulag serişdeleriniň we motosiklleriň eýesi bolan Türkmenistanyň raýatlaryna ähli görnüşdäki awtomobil benzininiň we dizel ýangyjynyň muzdsuz berilmegini bes etmek hakynda kabul edilen karar hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.
Mundan başga-da, bu ädimiň Türkmenistanyň sebitde we halkara derejesinde hojalyk gatnaşyklary ulgamyna tiz wagtda goşulyşmagyna täze itergi boljakdygy şübhesizdir.
Türkmen Döwlet habarlar gullugy