Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Möhüm ykdysady meseleler barada geçirilen gepleşik

2015-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň “Altyn Asyr” teleýaýlymyna goýberilen nobatdaky syýasy gepleşige Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Tükmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenstanyň milli haryt dolanyşygyny öwreniş institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

Geçirilen gepleşigiň esasy bölegi 2015-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasynyň arasynda baglaşylan degişli Ylalaşyga laýyklykda, ýanwar aýynda ýurdumyzda iş saparynda bolan HPG-niň wekiliýetiniň özgertmeler maksatnamalaryny, ykdysady we maliýe özgertmelerini durmuşa geçirmekde Türkmenistanda gazanylan makroykdysady görkezijilere we üstünliklere beren ýokary bahalary barada belläp geçenlerine bagyşlandy.

Gepleşigiň barşynda, beýleki ähmiýetli ugurlar bilen birlikde şu ýylyň başynda türkmen manadynyň daşary ýurt puluna bolan aşyl-çalyş hümmetiniň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere hem aýratyn üns berildi. Bu barada gepleşige gatnaşanlar milli pulumyzyň hümmeti barada çözgüt kabul edilende, ykdysadyýetimiziň umumy bähbitlerinden ugur alnyp, döwletimiziň ykdysadyýetiniň mundan beýläk ösmegi üçin netijeli hümmetiň kesgitlenilendigini bellediler.

Şeýle-de, bu çäräniň esasy maksadynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dünýäde bäsleşige ukyplylygyny saklamakdan we ýokarlandyrmakdan, ýokary derejedäki ösüşini üpjün etmekden, dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykýan çylşyrymly maliýe-ykdysady ýagdaýlaryň oňaýsyz täsirlerine garşy has güýçli bolmagyny gazanmakdan ybaratdygyny gepleşige gatnaşanlar belläp geçdiler. Amala aşyrylan çäräniň ýurdumyzda milli önümçiligi goldamaga gönükdirilendigini çykyşlaryň dowamynda bellenildi. Milli puluň daşary ýurt puluna bolan alyş-çalyş hümmetiniň biraz peseldilmeginiň netijesinde milli önümleriň import harytlara garanyňda has amatly bolmagyna oňyn täsir edýändigini, bu bolsa öz nobadynda milli önümlere bolan islegi artdyryp, ýurdumyzda içerki önümçiligi has-da çalt depginler bilen ösdürmäge we milli önüm öndürijileri goldamaga amatly mümkinçilikleriň döreýändigini gepleşige gatnaşanlar bellediler.

Gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary M.Berdiýewe söz berildi. Ol ýurdumyzyň ykdysadyýetinde amala aşyrylýan özgertmeleriň bank ulgamynda hem giň gerim bilen dowam edýändigi, banklaryň karz beriş işjeňliginiň ýokary derejede saklanýandygy barada belläp geçdi. Öz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň wekili Hormatly Prezidentimiziň degişli kararlary esasynda ýurdumyzyň banklary tarapyndan telekeçilere önümçilik, şol sanda senagat, oba hojalyk önümçiligi üçin berilýän ýeňillikli karzlaryň ulgamy hereket edýändigini, Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň telekeçilerine giň goldaw bermek maksady bilen, degişli karara gol çekip, telekeçilere ýene-de 300 million manat möçberde maksatlaýyn karz serişdelerini bölüp berendigini aýtdy.

Çykyşynyň soňunda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary M.Berdiýew milli puluň daşary ýurt puluna bolan alyş-çalyş hümmetine gaýtadan seredilmeginiň onuň gelejekde hem üýtgäp durjakdygyny aňlatmaýandygyny aýratyn nygtap geçdi. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň wekili ildeşlerimize we telekeçilerimize ekran başyndan ýüzlenip 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda milli manadyň daşary ýurt puluna kesgitlenilen alyş-çalyş hümmetiniň ylmy taýdan esaslandyrylandygyny hem-de şol netijeli hümmetiň uzak möhletiň dowamynda durnukly saklanjakdygyny aýtdy.