Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
2015-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan wezipelere garaldy, ony mundan beýläk-de okgunly ösdürmek we döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatynyň beýleki möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän ulgamlarda işleriň ýagdaýy barada hasabap berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen birlikde, gümrük ýygymlaryna gaýtadan garamak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada aýtdy. Şeýle hem hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge degişli mesele barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde oba hojalygy boýunça salgyt syýasaty ýöredilende, oba hojalyk önümlerini öndürýän edara- kärhanalar bilen birlikde, hususy taraplar üçin hem ep-esli derejedäki ýeňillikleriň berilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Milli Liderimiz içerki bazarlary ýokary hilli azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmek üçin, telekeçileri olaryň önümçiligine işjeň çekmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýerler A.Goçyýewe, P.Taganowa we A.Ýazmyradowa bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegi barada durup geçip, degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamagy tabşyrdy.
Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyza türkmen paýtagtynyň Ruhabat etrabynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly senesine taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyny amala aşyrmagyň barşy barada hasabat berdi. Häzirki wagta çenli Aşgabat şäheriniň häkimligi, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde, meýilleşdirilen işleri berjaý etmegiň möhletleri hem-de jogapkär adamlar bellenildi. Ruhabat etrabynda düzüme degişli desgalary gurmak boýunça işlere girişildi, ýerleri bagy-bossanlyga öwürmek, birnäçe edaralaryň we kärhanalaryň edara binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, bazarlaryň we söwda merkezleriniň durkuny täzelemek bilen bagly işler amala aşyrylýar. Hasabat bermegiň barşynda işleriň ýagdaýyny we barşyny synlamaga mümkinçilik berýän fotosuratlar görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynda binalaryň we desgalaryň durkuny täzelemek, şeýle hem täze binalary gurmagyň we ýerleri bagy-bossanlyga öwürmegiň barşy baradaky hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň binagärlik keşbini düýpgöter özgertmek boýunça göz öňünde tutulan ähli işleriň ýokary hilli hem-de bellenilen möhletde ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi