Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şeýle hem birnäçe möhüm resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, ýurdumyzda maldarçylyk önümleriniň, hususan-da, deriniň we ýüňüň işlenip taýýarlanylmagyny we olaryň eksport ugry boýunça ýerlenmegini seljermek boýunça geçirilen işler hakynda habar berdi.
Deriniň, ony gaýtadan işlemek arkaly alynýan gönüň, şeýle hem ýüňüň daşarky bazarlarda ýerlenmegini düzgünleşdirmek maksady bilen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ilatdan çig malyň şol görnüşlerini kabul etmäge hem-de satmaga ygtyýar bermek teklip edilýär. Munuň özi ýurdumyza gelip gowuşýan maliýe serişdeleriniň artmagyna, maldarçylyk pudagyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň hem-de bazarlary ýurdumyzda öndürilen maldarçylyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek üçin şertleriň döredilmegine ýardam berer.
Şeýle hem hasabat bermegiň barşynda dokma pudagynyň düzümini kämilleşdirmek boýunça teklip edilýän çäreler barada aýdyldy. Wise-premýeriň aýtmagyna görä, önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, önümçiligi utgaşykly dolandyrmak, serişdeleriň tygşytlanmagyny üpjün etmek üçin Aşgabat şäherindäki Abadan nah- egirme fabrigini Aşgabat dokma toplumynyň düzümine goşmak maksada laýyk bolar. Deslapky hasaplamalara laýyklykda, bu çäre Aşgabadyň dokma toplumyny nah ýüplüginiň dürli görnüşleri bilen zerur möçberde bellenilen möhletlerde we bökdençsiz üpjün etmäge, işlenip çykarylýan ýüplügiň hiline we onuň bildirilýän talaplara laýyk gelmegine berk gözegçilik etmäge mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk, şol sanda maldarçylyk önümlerini öndürmekde we gaýtadan işlemekde telekeçileriň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň eksportuny artdyrmak boýunça anyk çäreleri görmegiň zerurdygyny belläp, şu ugurda öňde durýan möhüm meseleleriň birnäçesine ünsi çekdi. Milli Liderimiz derileri, olary gaýtadan işlemek arkaly alynýan gönüň şeýle hem ýüňüň daşary ýurtlarda ýerlenmegini düzgünleşdirmek boýunça geçirilen işleriň netijeleri babatda kanagatlanma bildirip, kararyň taslamasyna gol çekdi hem-de wise-premýere we degişli ýolbaşçylarar bu karardaky kadalaryň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz dokma pudagyna degişli kärhanalary birleşdirmek baradaky teklip boýunça durup geçip, dokma senagatynyň kuwwatyny pugtalandyrmagyň milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäherindäki Abadan nah-egirme fabrigini Aşgabat dokma toplumynyň düzümine goşmak baradaky teklibi, umuman, oňlap, bu ädimiň, ilkinji nobatda, şu pudaga degişli kärhanalaryň maliýe-ykdysady we önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz pudagy döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýan işleri dowam etmegiň hem-de ýurdumyzyň dokma önümleriniň dünýä bazarlarynda ýerlenýän möçberlerini artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu barada birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi