Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
2015-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri girizildi, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi, ol DIM-niň alyp barýan işleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasyna bolan resmi saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, nobatdaky ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň jemleri boýunça mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk esaslaryna daýanýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, dürli pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen möhüm ylalaşyklar gazanyldy we ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen geljekde hem bu döredijilikli syýasaty alyp barmagy maksat edinýär diýdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna bolan resmi saparyň jemlerine kanagatlanma bildirýändigini beýan edip, soňky ýyllarda täze ösüşe we many-mazmuna eýe bolan döwletara gepleşiklerine ýokary baha berdi. Daşkentde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň örän netijeli häsiýete eýe bolandygyny belläp, milli Liderimiz gazanylan ähli ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi, ol ylalaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň giň ugurlaryny öz içine alýan gol çekilen resminamalar bilen berkidildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň ykdysady ulgamynyň edaralarynyň alyp barýan işleri barada hasabat berip, zähmet gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan aýry-aýry hukuk namalaryny, hususan-da, zähmet borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly işgäriň saglygyna zeper ýetirilmegi ýa-da onuň aradan çykmagy sebäpli, zyýanyň (zeleliň) iş beriji tarapyndan öwezini dolmagyň tertibini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 219-njy maddasyna laýyklykda, bu mesele boýunça degişli Tertip ýurdumyzyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär. Wise-premýer häzir hereket edýän resminamanyň üstünde işlemegiň möhümdigini belledi. Häzirki wagtda bu ugurda belli bir işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, zähmet gatnaşyklary bilen baglanyşykly meseleleri kadalaşdyrýan hukuk resminamalaryny kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz bu işler geçirilende häzir hereket edýän kanunçylyk namalarynyň, ilkinji nobatda, durmuş üpjünçiligi, raýat administratiw kodeksiniň, maliýe kanunçylygynyň düzgünleriniň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, umumy ykrar edilen halkara kadalaryndan hem ugur alynmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berip, degişli kararyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa öz gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat bermek bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky” kararyň taslamasyny hödürledi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bu bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň hem-de zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygymyzyň merjen däneleri” bäsleşiginiň geçiriljekdigini we olaryň jemlerini 2016-njy ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda jemlemegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Ýeňijileri seçip almak boýunça eminler toparynyň düzümine uly abraýdan peýdalanýan, öz işiniň ussatlary girizildi.
Milli Liderimiz ýurdumyzda her ýyl geçirilýän döredijilik bäsleşiginiň ähmiýetini belläp, bäsleşige hödürlenýän işleri seçip almaga jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigine wise-premýeriň ünsüni çekdi. Bu işler wajyplygy hem-de çeperçilik gymmatlygy bilen tapawutlanmalydyr, türkmen döwletiniň hem-de jemgyýetiniň ösüşiniň häzirki ýagdaýyny şöhlelendirmelidir, ýaşlaryň watançylyk terbiýesine ýardam etmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeler ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, täze zehinleri ýüze çykarmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň möhümdigini belläp, degişli Karara gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda pagta ýygymy barada hasabat berdi. Wise-premýer pagta ýygymynyň barşynda 700 müň tonna golaý “ak altynyň” taýýarlanandygyny habar berdi. Şunuň bilen birlikde, güýzlük bugdaýyň ekişi tamamlanyp barýar, gögeriş alnan ýerde ösüş suwy berilýär.
Wise-premýer şeýle hem ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky maksatnamany durmuşa geçirmek maksady bilen geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şu maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzda täze suw arassalaýjy zawodlaryň we desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. 9-njy oktýabrda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda deňiz suwuny süýjediji desga ulanmaga berildi. Kuwwatlylygy gije-gündiziň dowamynda 50 müň kub metre barabar bolan bu desga "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň hem-de Türkmenbaşy şäheriniň arassa suwa bolan artýan isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer.
Hasabatyň çäklerinde oba hojalyk toplumynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň buýurmasy boýunça gurlan täze desgalaryň oktýabr aýynda açylyşyna taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, pudaga innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, döwrebap obasenagat düzümini döretmek ulgamynda iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymyny öz wagtynda geçirmegiň we güýzlük bugdaýa agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça umumy döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzda döwrebap suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, bu babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmegiň hem-de iş ýüzünde ulanmagyň wajypdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz täze desgalary ulanmaga bermek mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Öz gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew hasabat berdi. Wise-premýer, hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan “Hemaýatkärleri we olardan V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň gaznasyna gelip gowuşýan hemaýatkärlik gatançlaryny we ynsanperwerlik muzdsuz kömegini hasaba almak we ulanmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň kararynyň taslamasy barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda türkmen paýtagtynda Aziada—2017-ä düýpli taýýarlyk işleriniň ýaýbaňlandyrylandygy, Aziýa Olimpiýa Geňeşi bilen işjeň hyzmatdaşlykda halkara derejeli dürli çäreleriň geçirilýändigi habar berildi. Şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisi geçirildi, onuň dabaraly açylyşyna we umumy mejlisine hormatly Prezidentimiz gatnaşdy.
Şunuň bilen baglylykda, mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Olimpiýa we Aziýa oýunlaryny, beýleki iri sport ýaryşlaryny geçirmekde dünýä tejribesinde hemaýatkärlik işleri giňden peýdalanylýar. Oýunlary guramak işlerine hemaýatkärleri çekmek olary has ýokary derejede geçirmäge, şeýle hem oýunlary dünýäde giňden wagyz etmäge ýardam berýär.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Aziada—2017-ä taýýarlyk görmäge çuňňur oýlanyşykly we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady, bu degişli ähli düzümleriň tagallalaryny utgaşdyrmagy talap edýär. Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Bitarap Türkmenistanyň halkara olimpiýa hereketini ösdürmäge täsirli goşandy bolmalydyr, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň dünýä sport giňişligindäki abraýyny belende götermäge ýardam bermelidir.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Aziada—2017-niň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyz gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar, şol sanda iri möçberli sport ýaryşlaryny geçirmekde baý tejribe toplan belli daşary ýurt kompaniýalary, ugurdaş halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Biziň ýurdumyz Aziýa Olimpiýa Geňeşi bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär, dürli döwletleriň milli olimpiýa komitetleri, sport federasiýalary bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.
Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam etdirmek bilen, häzirki wagtda dünýäde iri möçberli halkara sport çärelerini geçirmäge taýýarlyk görmek işlerinde we olaryň maglumat üpjünçiligini amala aşyrmakda hemaýatkärlik işi giňden ýaýrandyr we özüniň netijeliligini görkezdi diýip aýtmak bilen, Aziada—2017-niň hemaýatkärlerini seçip almaga jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi we bu babatda alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilik saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.
Şeýle hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 9-njy oktýabrda ulanmaga berlen täze desgalar baradaky habar aýdyldy. “LGInternationalСorp” we “HyundaiEngineeringСo., Ltd” (Koreýa Respublikasy) kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen bilelikde amala aşyrylan taslamalaryň çäklerinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýokary hilli awtomobil benzininiň önümçiligi üçin niýetlenen häzirkizaman desgalar bina edildi, olar halkara hil ülňülerine laýyk gelýär. Munuň üçin zerur goşundylar mazut wakuumda gaýtadan işlemekde we suwuklandyrylan gaz gaýtadan işlenilende alnar.
Umuman, önümçilik toplumy ýylda 2 million tonna mazut almaga, 250 müň tonna suwuklandyrylan gazy gaýtadan işlemege we 230 müň tonna pes oktanly nebit almaga niýetlenendir. Şeýle hem mazuty wakuumda gaýtadan işlemegiň esasynda ýylda 1 milliona tonna çig benzin we suwuklandyrylan gaz, 900 müň tonna gudron öndüriler. Olar bitum önümçiliginde peýdalanylar hem-de önümiň hili ep-esli ýokarlanar. Täze desgalaryň işe girizilmegi bilen her ýyl goşmaça 480 müň tonna çenli ýokary oktanly – A-92, A-95 görnüşli, şeýle hem A-98 benzinini öndürmäge mümkinçilik dörär.
Wise-premýer 28-nji sentýabr—1-nji oktýabr aralygynda “Türkmenistanyň nebitgaz senagaty—maýa goýmak mümkinçilikleri” atly foruma gatnaşmak üçin Londona (Beýik Britaniýa) bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Foruma 78 kompaniýanyň wekilleri, şeýle hem diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine daşary ýurt maýalaryny Türkmenistany ýangyç-energetika toplumyna çekmegiň, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginiň özleşdirilmegine ygtyýar berlen toplumlary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara we sebit derejesinde energetika howpsuzlygy üpjün etmek boýunça başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maslahatyň gün tertibine girizilen esasy meseleleriň biri boldy.
Forumyň çäklerinde TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşy uly gyzyklanma döretdi, şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt kompaniýalary “TAPI Ltd” konsorsiumynyň agzasy bolmagyň şertleri bilen tanyşdyryldy we taslamany maliýeleşdirmäge gatnaşmaga, potratçylar hökmünde çykyş etmäge we beýleki hyzmatdaşlyk meseleleri bilen tanyşdyryldy. Türkmen tarapy bu ugurda teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny aýratyn nygtady. Geljekki hyzmatdaşlar ýokarda görkezilen özleşdirilmegine ygtyýar berlen ýataklaryň geologiýa-geofiziki häsiýetnamalary bilen tanyşdyryldy, şeýle hem olary özleşdirmegiň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ykdysady we hukuk şertleri aýan edildi.
Dragon Oýl, Petronas, СNPС ýaly ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolan kompaniýalaryň ýolbaşçylary foruma gatnaşyjylary türkmen hünärmenleri bilen bilelikde geçirilen işler bilen tanyşdyrdylar. Gaffneý, Gline & Assoсiates (Beýik Britaniýa) kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň çykyşynda Türkmenistanyň nebitgaz serişdelerini mundan beýläk-de özleşdirmegiň giň mümkinçilikleri baradaky habar beýan edildi.
Duşuşygyň çäklerinde geçirilen maslahatda Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasynyň hukuk we salgyt meseleleri, bu ugruň eksport mümkinçilikleri barada habar berildi. Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň daşary ýurt işewürlik toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklary boldy. Hususan-da, ýapon kompaniýalarynyň birnäçesi halkara gaz geçirijileriniň taslamalaryny durmuşa geçirmäge, şol sanda TOPH-nyň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler. Mundan başga-da, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary Hazaryň türkmen ýalpaklygynyň ýataklaryny özleşdirmegiň taslamalaryna, şeýle hem Türkmenistanyň gazhimiýa pudagyny ösdürmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.
Wise-premýer şeýle hem Aziýa Ösüş bankynyň ýolbaşçylary bilen Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek meseleleri boýunça gepleşikleri geçirmek üçin 29-njy sentýabr—3-nji oktýabr aralygynda Filippinler Respublikasyna bolan iş saparynyň jemleri barada habar berdi.
Duşuşygyň çäklerinde AÖB-niň ýolbaşçylary Türkmenistanyň ykdysady ösüşine ýokary baha berdiler we olaryň ýolbaşçylyk edýän iri maliýe edarasynyň mundan beýläk-de TOPH-nyň taslamasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşjakdygyny we bu meseleleriň üns merkezinde saklanjakdygyny ynandyrdylar. Bellenilişi ýaly, bu bank diňe bir taslamany maliýeleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, karz beriji taraplary çekmäge hemmetaraplaýyn ýardam berer, şeýle hem gyzyklanma bildirýän beýleki maliýeleşdiriş taraplaryny we maýa goýujylary çekmek işini utgaşdyrmaga gatnaşar. Bank şeýle hem maliýeleşdirýän taraplaryň öňünde kepil hökmünde çykyş etmäge taýýardyr. Nygtalyşy ýaly, AÖB Tranzaksion geňeşçi hökmünde öz işini üstünlikli tamamlady we geljekde hem taslamany doly durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary eder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň ozaly bilen ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmäge we ýangyç-energetika toplumynda milli we umumy bähbitlere laýyk gelýän özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendigini nygtady.
Häzirki wagtda Türkmenistan däp bolan strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ugur edinmek bilen bir hatarda energetika ulgamynda Ýewropa, Aziýa, Uzak gündogar we Günorta—Gündogar ugurlary boýunça göni gepleşikleriň gerimini giňeldýär, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýdy. Daşary ýurt maýadarlary bilen baglaşylan birnäçe döwletara ylalaşyklary we şertnamalary bularyň netijeleridir, ol resminamalarda uglewodorod çig malyny agtarmak, çykarmak we gaýtadan işlemek ulgamyndaky taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem ulag düzümini ösdürmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistandan Hytaýa gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Türkmenistandan Hytaýa eýýäm bar bolan gaz geçirijisi bilen bir hatarda bu taslama oňa gatnaşyjylaryň düýpli ykdysady bähbidini üpjün etmäge ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Mundan başga-da, bu taslama gündogar ugry boýunça energiýa serişdeleriniň goşmaça durnuklylygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmäge, Orta Aziýanyň yklym ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has işjeň goşulyşmagy üçin zerur şertleri döretmäge ýardam berer.
Türkmen energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň geljegi uly bolan ugry hökmünde Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny görkezmek bolar. Ol ýylda daşary ýurtlara 33 milliard kub metr tebigy gazy ugratmaga mümkinçilik berer. Bu taslama gatnaşyjylar onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine ýakynlaşdylar. Hususan-da, türkmen tebigy gazyny satmak-satyn almak boýunça şertnamalar baglaşyldy, “TAPI Ltd.” konsorsiumy döredildi we onuň lideri hökmünde “Türkmengaz” döwlet konserni kesgitlenildi.
Şeýle hem türkmen energiýa serişdelerini Ýewropa ugry boýunça ibermegiň mümkinçilikleri içgin hem-de gyzyklanma bildirip ara alnyp maslahatlaşylýar. Şunda Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy geljegi uly taslama bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Umuman, halkara energiýa geçirijilerine halkara energetika hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň hakyky gurallary, durnuklaşdyryjy, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy pugtalandyrmak işine oňyn täsir edýän şert hökmünde, esasy zat bolsa ählumumy derejede durnuklylygy we tutuş syýasy we ykdysady gatnaşyklar ulgamyny pugtalandyrmaga ýardam berýän gural hökmünde garamak bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
“Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygy tamamlanyp barýar, ol ýurdumyzyň esasy gaz ýataklaryny bitewi gaz ulag ulgamyna birleşdirer we Türkmenistanyň eksport kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Zerur halatynda geljekde energiýa serişdeleriniň uly möçberlerini zerur ugra gönükdirmäge ukyply bolan bu gaz geçirijisiniň gurluşygy türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa etmäge mümkinçilik berer, şeýle hem türkmen energiýa serişdelerini halkara bazaryna ibermegiň ygtybarlylygynyň we durnuklylygynyň goşmaça kepilliklerini döreder. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzy 2030-njy ýyla çenli döwür üçin senagat taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, iň häzirkizaman gaz we nebiti gaýtadan işleýän önümçilikleriň gurluşygy dowam etdiriler.
Biziň döwletimiziň özüniň daşary syýasat işinde gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi bilen deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerýär. Türkmenistanyň hyzmatdaşlar babatdaky bitaraplyk ugry köpugurly turba geçiriji düzümi döretmäge esaslanýar. Bu düzüm geljekde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, diýmek, giň Ýewraziýa yklymynda ýaşaýan millionlarça adamyň durmuşyny has-da gowulandyrmaga ýardam eder.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň okgunly ösüşiniň wezipelerine ünsi çekdi, olaryň oňyn çözülmegi ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmaga, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişini artdyrmaga, netijede Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam bermelidir. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz senagatynyň önümçilik düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ugry bilen ösdürmek, taýýar nebithimiýa önümlerini dünýä bazarlaryna ibermegiň möçberlerini artdyrmak ugrunda maksada gönükdirilen çäreleri görmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow özüniň gözegçilik edýän senagat pudaklarynda durmuşa geçirilýän işler, olaryň önümçilik düzümini giňeltmek boýunça alnyp barylýan çäreler hakynda hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem Aşgabatda geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň ýedinji mejlisine görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Öňde boljak mejlisiň gün tertibinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda senagatda, gurluşykda, dokma pudagynda, oba hojalygynda, tehnologiýalar ulgamynda, şeýle hem durmuş -gumanitar ulgamynda – ylymda, bilimde, saglygy goraýyşda, sportda, syýahatçylykda, medeniýetde mundan beýläk-de gatnaşyklary ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Mejlisi geçirmegiň çäklerinde Belarusyň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň Lebap welaýatynyň Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag-magdan toplumynyň gurluşygy alnyp barylýan künjegine baryp görmegi meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasyndaky däp bolan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklar netijeli hem-de özara bähbitli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça ägirt uly senagat desgasynyň gurluşygynyň çalt depginlerde amala aşyrylmagynyň möhümdigini belläp, bu işleriň ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny doly durmuşa geçirmäge, eksporta iberilýän senagat önümleriniň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilendigini we ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň milli toplumlaýyn maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz hökümetara toparynyň mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow öz gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan işler hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, häzirki wagtda birnäçe desgalaryň, hususan-da, 350 orunlyk bäş ýyldyzly myhmanhananyň, akwaparkyň, häzirki zaman sport toplumynyň, kottežleriň, ýaht-klubyň we beýlekileriň gurluşygy alnyp barylýar.
Hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Arkadag şaýolunyň ugrundaky aýlawly çatrykda monument gurmak barada ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi, milli Liderimiziň garamagyna monumentiň şekil taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlar üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi, bu ýerde dynç almak we saglygyňy bejermek üçin ajaýyp toplumlar bina edildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gurluşyk işleriniň hilini ýokarlandyrmak we olaryň öz wagtynda tamamlanylmagyny üpjün etmek meselelerini hemişe berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu ugurda iň gowy dünýä tejribesini içgin öwrenmek hem-de iş ýüzünde peýdalanmak babatynda, ähli desgalardaky gurluşyk işlerine döwlet tehniki gözegçiligini amala aşyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şunda milli Liderimiz türkmen topragynyň gaýtalanmajak, ajaýyp künjeginde ýerleşýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz guramaçylyk meselesine garamak bilen, A.Isaýewi Türkmenbaşy şäheriniň häkimi wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň Garabogaz şäheriniň häkimi wezipesinden boşatdy, şeýle hem A.Kauçitowy Garabogaz şäheriniň häkimi wezipesine belläp, ony bu şäheriň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmagyň meýilnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer häzirki wagtda 2015-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda, şäheriň çäginde gurluşygy dowam etdirilýän hem-de durky täzelenýän desgalaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagy babatda degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň durmuş düzümini, ulag-aragatnaşyk, inženerçilik we energiýa üpjünçilik ulgamlaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, degişli işler dowam etdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, türkmen paýtagtyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek we abadanlaşdyrmak, onuň döwrebap keşbini kemala getirmek boýunça wezipelere jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň gurluşygynyň hilini, olary ulanmaga bermegiň möhletlerini, şeýle hem häzirki wagtda ulanylýan desgalaryň talaba laýyk saklanylmagyny hemişe berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz türkmen paýtagtynda täze desgalary ulanmaga bermek meselesi barada durup geçip, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyna gabatlanylyp geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow 14-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde türkmen-belarus işewür maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, maslahata belarus tarapyndan ministrlikleriň, häkimiýet edaralarynyň, şeýle hem dürli ulgamlarda işleýän kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýandygy habar berildi. Türkmen tarapyndan bolsa maslahata degişli ugurlar boýunça ministrlikleriň we pudak edaralaryň, eksport ugurly önümçilik pudaklarynyň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşar.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şeýle hem “Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 2016-njy ýylda ýarmarkalary we maslahatlary geçirmek hakyndaky” kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda Türkmenistanyň Belarus Respublikasy bilen gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini, ýurdumyzda bilelikdäki möhüm taslamalaryň ençemesiniň amala aşyrylýandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Milli Liderimiz hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde türkmen-belarus işewürler maslahatyna möhüm orun degişlidigini aýdyp, onuň maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegini tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz “Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 2016-njy ýylda ýarmarkalary we maslahatlary geçirmek hakyndaky” Karara gol çekip, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin şeýle çäreleriň ähmiýetini belledi hem-de işiň bu ugruna döwrebap çemeleşmeleri işjeň ornaşdyrmak babatda anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşanlaryň ählisine berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.
TDH