Erkin aýlanýan puluň çägi bellenildi
Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2015-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda 831 san bilen bellige alnan “Erkin aýlanýan puluň çägini bellemek barada” Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň başlygynyň 2015-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda çykaran 25-iş belgili buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzda erkin aýlanýan puluň çägi ABŞ-nyň 10 000 (on müň) dollary (ýa-da oňa barabar derejede milli ýa-da beýleki daşary ýurt pulunda resmi hümmeti boýunça) derejesinde bellenildi.
Erkin aýlanýan puluň çägi «Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, «Pul we alyş-çalyş amallarynyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 3-nji oktýabryndaky 13240-njy kararyny ýerine ýetirmek, hem-de puluň kadalaşdyrylmagynyň we pula gözegçilik etmegiň täsirini ýokarlandyrmak maksady bilen bellenildi.
Ýokarda bellenen çäk, alyş-çalyş nokatlary tarapyndan fiziki şahslara daşary ýurt pulunyň milli pula satylmagy boýunça amallara degişli däldir.
“Erkin aýlanýan puluň çägini bellemek barada” Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň başlygynyň 2015-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda çykaran
25-iş belgili buýrugy. (nusgasy goşulýar)