Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iri gaz känlerini bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Täze gaz geçiriji  Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz gysyjy stansiýasyndan Hazarýaka sebitindäki “Belek”  gaz gysyjy stansiýasyna çenli çekildi. Bu ägirt uly maýa goýum taslamasynyň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak, eksport kuwwatyny artdyrmak, şol sanda dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini doly möçberde ulanmagyň hasabyna artdyrmak babatda öňde goýlan wezipeleri çözmäge ýardam eder. Umuman, bularyň hemmesi eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga  hyzmat eder.

Belek şäherçesiniň golaýynda baýramçylyk ýagdaýy äşgär duýlyp, bu ýere köpsanly dabara gatnaşyjylary ýygnandylar. Hemmeler  eziz Watanymyzyň gazanan üstünlikleriniň taryhyna girjek wakanyň başlanmagyna tolgunmak bilen garaşýarlar.

Şanly pursat gelip ýetýär. Hormatly Prezidentimiziň dikuçary  “Belek”  gaz gysyjy stansiýasynyň golaýyndaky meýdança gelip gonýar. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimizi uly joşgun bilen garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy,  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar. 

Milli Liderimiz ugrunda elleri baýdakly, şarly we gülli nebitgaz senagatynyň işgärleriniň, ýaşlaryň düzülen haly ýodasy bilen dabaranyň geçirilýän ýerine barýar.

Meýdançada  Balkan welaýatynyň döredijilik toparlarynyň taýýarlan dürli öwüşginli  aýdym-sazly, tansly çykyşlary ýaýbaňlanýar.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ýygnanan ýerine barýar. Olaryň hatarynda hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary,  ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň,  ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Olar ör turup, milli Liderimizi şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, hemmeleri taryhy waka -- Balkan welaýatynda örän iri energetika desgasynyň – «Gündogar–Günbatar» gaz geçirijisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz  şeýle iri taslamany öz güýçleri bilen amala aşyran Türkmenistanyň kärhanalarynyň gurluşykçylaryna, inženerlerine we tehniki işgärlerine, şeýle hem gaz geçirijiniň gurluşygyny zerur bolan enjamlar, turba önümleri bilen üpjün etmäge, inženerçilik hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge gatnaşan daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine minnetdarlyk bildirdi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz bu dabaraly çärä gatnaşmak üçin gelen daşary ýurtly myhmanlarymyzy görýändigine örän şatdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly,  munuň özi daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini we taýýardygyny subut edýär, bu taslamanyň amala aşyrylmagy bilen bagly açylýan uly mümkinçiliklere düşünýändigini görkezýär.

Milli Liderimiz bu wakanyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny nygtap, bu gaz geçirijiniň uzynlygynyň 800 kilometre golaýlaýandygyny, onuň  ýyllyk kuwwatynyň  30 milliard kub metr tebigy gazy ibermäge niýetlenendigini belledi. Şunda taslamanyň bahasy 2 milliard 500 million amerikan dollaryndan hem geçýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gaz geçirijiniň öz ýurdumyzyň kärhanalarynyň güýçleri bilen gurlandygyny ýene-de bir gezek aýratyn nygtady. Bu bolsa, berkarar döwletimiziň uly ykdysady we maliýe mümkinçiliginiň bardygyny aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň soňky ýyllarda tehniki we tehnologik üpjünçilik babatda ýokary derejä ýetendigini, örän çylşyrymly we giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge ukyplydygyny doly subut edýär.

Bu gaz geçirijini gurmak barada karar kabul edilende, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň içerki talaplary göz öňünde tutuldy. Biziň maksadymyz Türkmenistanyň merkezi we gündogar sebitlerindäki örän baý serişdeli gorlary ýurduň günbatar sebiti bilen birleşdirmekden ybaratdy. Netijede, biz döwletimiziň günbatar sebitini senagat taýdan çalt depginler bilen ösdürmegi, bu ýerde häzirki zaman senagat we ulag üpjünçilik ulgamlaryny gurmagy, täze iş orunlaryny döretmegi maksat edinýärdik. Bu maksat, öz nobatynda, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de çalt depginler bilen ösdürmäge, dürli ugurlara maýa goýumlaryny çekmäge kuwwatly itergi bermekden ybaratdy. Bu bolsa, Garaşsyz Watanymyzy senagat taýdan ösen, kuwwatly döwlete öwürmek boýunça strategik taýdan ileri tutýan ugurlarymyza doly laýyk gelýärdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz  «Gündogar–Günbatar» gaz geçirijisiniň ähmiýetiniň milli çäklerden daşary çykýandygyny aýratyn belledi. Ony gurmak barada karar kabul etmek bilen, biz taslamanyň energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny goldamaga niýetlenendiginden ugur aldyk. Biz türkmen uglewodorod serişdelerini ibermegiň çäklerine täze sebitleriň we ugurlaryň goşulmagyny göz öňünde tutduk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biziň bu ugurda alyp barýan işlerimiz Türkmenistanyň  serişde gorlaryna we şol gorlary geljekde ulanmagyň mümkinçiligine hakyky baha bermäge esaslanýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Bu bolsa, ýurdumyzyň içinde şeýle energetika üpjünçilik ulgamyny döretmek zerurlygyny ýüze çykardy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze ulgamyň daşarky bazarlara netijeli çykmagy üpjün etjekdigini, dünýä energetika giňişliginde hyzmatdaşlygy giňeltmek we amatly ýagdaýa getirmek üçin goşmaça mümkinçilikleri açjakdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, «Gündogar–Günbatar» gaz geçirijisiniň gurulmagy Garaşsyz döwletimiziň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde örän möhüm tapgyrdyr, sebäbi, energiýa serişdelerini ibermek ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek onuň binýatlyk we üýtgewsiz ýörelgesi bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady. Türkmenistan şu ýörelgeden ugur alýar we diwersifikasiýa strategiýasyna gyşarnyksyz eýerip, öz energiýa serişdelerini ibermegiň köp görnüşli ulgamyny döretmek boýunça anyk işleri amala aşyrýar.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzdan Hytaýa barýan transmilli gaz geçirijisi guruldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Eýrana barýan ikinji gaz geçirijisiniň taslamasy hem üstünlikli durmuşa geçirildi. Ýaňy-ýakynda, ýagny 13-nji dekabrda «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi. Bu taslamalaryň ählisi birek-birege hormat goýmagyň, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň aýdyň mysalydyr, taslama gatnaşýan ýurtlaryň uzakmöhletli bähbitleriniň we ösüş maksatlarynyň umumydygyna düşünip, işe jogapkärli we anyk ýagdaýdan ugur alyp çemeleşmeginiň oňat nusgasydyr.

Milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek bu örän möhüm pudakda diňe bir çig mal serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny artdyrmak bilen çäklenmeýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Häzirki döwürde biziň bu ugurdaky maksatlarymyzyň gerimi has giňdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bu ýerde gürrüň diňe bir ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň gerimini giňeltmek barada barmaýar. Mesele pudagyň düzümini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden, çig mal serişdelerini ibermegiň ornuny tutýan, taýýar önümleri daşary ýurtlara ibermäge niýetlenen önümçilikleri netijeli ulanmakdan ybaratdyr.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, häzirki döwürde ýurdumyzda tebigy gazy gaýtadan işleýän desgalary gurmak, häzirki zaman gazhimiýa senagatyny döretmek boýunça netijeli işleriň  alnyp barylýandygyny nygtady. Biz bu ugurlary diňe bir ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek üçin däl-de, eýsem Garaşsyz döwletimiziň halkara ykdysady hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek üçin hem geljegi uly bolan ugurlar hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly,  «Gündogar–Günbatar» gaz geçirijisi diňe bir uly möçberli we ykdysady taýdan esaslandyrylan milli taslama däldir. Bu gaz geçirijiniň ulanmaga berilmegi energetika pudagynda köptaraply, özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Strategik taýdan möhüm bolan Hazar sebitinde türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna azyndan dört ugur, ýagny demirgazyk, günbatar, günorta we gündogar ugurlar boýunça çykarmak üçin kuwwatly binýat döredýär.

Milli Liderimiz birinji ugur – demirgazyk ugry barada durup geçip,  gürrüňiň Hazarýaka gaz geçirijisini gurmakda hyzmatdaşlygy anyk ugurlar boýunça dowam etmek mümkinçilikleri barada barýandygyny aýtdy.  Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylyň maý aýynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri bu taslamany durmuşa geçirmegiň hukuk esasyny emele getiren üçtaraplaýyn resminama gol çekdiler. Şol ýylyň dekabr aýynda bolsa, degişli hökümetara Ylalaşygyna gol çekildi. Biz bu taslamanyň üç döwletiň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigine, şol ýurtlaryň ykdysadyýetini ösdürmäge, uzakmöhletli iri möçberli maýa goýumlaryny çekmäge ýardam etjekdigine berk ynanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Bulardan başga-da, gaz geçiriji Hazar deňzinde köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň bütin toplumyna öz oňyn täsirini ýetirer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Dünýäniň bu örän möhüm sebitinde howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy berkitmekde onuň möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn diýip, milli Liderimiz nygtady.

Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Hazarýaka gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmekde üç döwlet üçin hem täze mümkinçilikleriň açylandygyny belledi. Bu mümkinçilikler bar bolan serişde we üpjünçilik binýadyna esaslanandyr. Bu ugurda ähli işler üç döwletiň ýolbaşçylarynyň syýasy erk-islegine baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz  Gazagystan Respublikasy we Russiýa Federasiýasy bilen örän uly gyzyklanma bildirip, netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin taýýardyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz  Türkmenistanyň bu ugurda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça anyk we netijeli işleri durmuşa geçirmegi maksat edinýändigini aýratyn belledi.

Ikinji, günorta ugra – Eýran Yslam Respublikasyna türkmen uglewodorod serişdelerini ibermegiň möçberlerini artdyrmak boýunça meýilnamalara hemmetaraplaýyn seretmäge «Gündogar– Günbatar» gaz geçirijisiniň kuwwaty mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen,  Eýran bilen energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek, iki ýurduň geografiýa taýdan amatly ýerleşmegini we serişde mümkinçiliklerini döwletlerimiziň we bütin sebitiň bähbidine ulanmak üçin oňat şertleriň bardygyna berk  ynam bildirdi.

Biz eýýäm iki sany iri gaz geçirijiniň taslamasyny bilelikde durmuşa geçirdik. Bu taslamalary amala aşyrmak boýunça alnyp barlan işler özüniň netijelidigini we iki tarap üçin hem bähbitlidigini görkezdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Milli Liderimiz häzirki şertlerde ikitaraplaýyn derejede hem, gyzyklanma bildirýän beýleki döwletleriň we kompaniýalaryň gatnaşmagynda hem hyzmatdaşlyk etmek üçin ähli şertleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň  bu ugurda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, «Gündogar–Günbatar» gaz geçirijisiniň uly mümkinçiliklerini nazara alyp, biz mundan beýläk-de özara gatnaşyk etmek meselesine bilelikde seretmegi we baha bermegi teklip edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra milli Liderimiziň belleýşi ýaly, üçünji ugur, ýagny günbatar ugry boýunça energiýa serişdelerini ibermek energetika pudagynda özara hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bilen Ýewropa Birleşiginiň arasynda Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda 2008-nji ýylda Ähtnama gol çekildi. Şonuň netijesinde, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň bu täze, möhüm we geljegi uly bolan ugry iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlandy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Häzirki döwürde biz ýewropaly kärdeşlerimiz bilen özara gyzyklanma bildirip, netijeli gepleşikleri alyp barýarys. Bu gepleşikleriň maksady türkmen energiýa serişdelerini Ýewropa ibermek mümkinçiligini öwrenmek bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

«Gündogar–Günbatar» gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanmagy nazara alnanda, ýewropaly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde alyp barýan işlerimiz hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşýar diýip, milli Liderimiz belledi. Häzirki döwürde Türkmenistan  günbatar ugry boýunça energiýa serişdelerini ibermäge tehniki taýdan doly taýýardyr. Şoňa görä-de, biz bu mesele boýunça hemmetaraplaýyn gepleşikleri dowam etmäge taýýardygymyzy beýan edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňziniň türkmen böleginiň nebitiň we gazyň gorlaryna örän baýdygyny aýtdy. Türkmenistanyň günbatar sebiti, Hazaryň kenary ýurdumyzyň iň çalt depginler bilen ösýän sebitleriniň biridir. Bu sebitde kuwwatly senagat, energetika, ulag, kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlary döredilýär. Häzirki zaman gazhimiýa senagatynyň binýady emele getirilýär.

Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň durkuny düýpli täzelemek boýunça işler batly depginler bilen dowam edýär. Nesip bolsa, az wagtdan bu deňiz porty halkara ähmiýetli örän iri ulag merkezine öwrüler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli söwda flotumyzyň üsti hem uly möçberde ýükleri daşamaga mümkinçilik berjek iri häzirki zaman gämileri bilen ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz  energiýa serişdelerini geçirmekde aýratyn mümkinçilikler nazara alnanda «Gündogar–Günbatar» gaz geçirijisiniň möhüm ähmiýetiniň  bardygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dördünji ugra – gündogar ugruna ünsi çekip, onuň  hem energiýa serişdelerini ibermekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Bu gaz geçiriji gündogar ugurda örän iri «Galkynyş» gaz käninden Hazaryň kenaryna, şeýle hem zerur bolanda, Hazaryň nebitgaz ýataklaryndan «Galkynyş» känine türkmen energiýa serişdelerini ibermegiň köp görnüşli we diwersifikasiýa ulgamynyň kuwwatly bölegine öwrüler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ol Günorta–gündogarda ýerleşýän döwletlere tebigy gazyň iberilýän möçberlerini artdyrmakda möhüm orny eýelär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz täze gaz geçirijisiniň  Türkmenistany kontinent derejesinde iri senagat, söwda we kommunikasiýa merkezine öwürmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.

Netijede, biziň ýurdumyz Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda giň gerimli köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. «Gündogar–Günbatar» gaz geçirijisiniň taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu işe Türkmenistanyň goşan saldamly goşandy boldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu wakanyň energetika pudagynda uzak geljegi göz öňünde tutýan halkara hyzmatdaşlygynda örän möhüm tapgyr boljakdygyna berk ynam bildirip,  Türkmenistanyň energetika pudagynda giň gerimli we köptaraply hyzmatdaşlyk etmek üçin açykdygyny nygtady. Biz ýurdumyzyň örän baý serişde gorlaryny, nebitini we gazyny, üpjünçilik ulgamlaryny, geografiýa taýdan amatly ýerleşmegini halkara ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň bähbitlerine ulanmaga taýýardygymyzy hemişe ynam bilen beýan edip gelýäris diýip, milli Liderimiz belledi. Şoňa görä-de, hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri, kompaniýalary, maliýe edaralaryny we guramalaryny ýurdumyza uly höwes bilen çagyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylary  we Türkmenistanyň halkyny, ýurdumyzyň  dostlarynyň ählisini «Gündogar–Günbatar» gaz geçirijisiniň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, täze gaz geçirijiniň Garaşsyz döwletimiziň mundan beýläk-de çalt depginler bilen gülläp ösmeginiň kepiline, dostlugyň we deňhukukly, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň nyşanyna öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy dabara gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Zalda oturdylan monitorlarda “Gündogar-Günbatar”  gaz geçirijisiniň   tehniki  ölçegleri, düzümi hakynda gürrüň  berýän wideofilm görkezilýär. Bu gaz geçirijisiniň gurluşygy 2010-njy ýylyň maý aýynda başlandy. “Türkmengaz”  döwlet konserni bu desganyň buýurjysy, “Türkmennebitgazgurluşyk”  döwlet konserni bolsa potratçysy bolup çykyş etdi. Gaz geçirijisiniň ulgam böleginiň taslamasy “Türkmengaz”  döwlet konserniniň Nebit we gaz instituty tarapyndan taýýarlanyldy.

Bellenilişi ýaly, täze gaz geçirijisi öz gözbaşyny Mary welaýatyndan alýar. Şol ýerde Döwletabat, Malaý, Ýaşlar ýaly iri gaz ýataklary şeýle hem gorlary boýunça dünýä ähmiýetine eýe bolan “Galkynyş” käni ýerleşýär. Soňra ol Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäginden geçýär.

Işleriň depginlerini has-da güýçlendirmek maksady bilen, gurluşykçylar diametri 1420 millimetre barabar bolan turbalary çekmek hem-de olary kebşirlemek işlerini garşylyklaýyn ugurlarda birbada dokuz bölekde –  “Şatlyk-Tejen”, “Tejen-Kaka” we “Kaka-Aşgabat” ugurlarynda, “Aşgabat-Baharly”, “Baharly-Arçman-Bamy” hem-de “Bamy-Serdar” ugurlarynda, “Serdar-Bereket”, “Bereket-Gumdag” we “Gumdag-Belek” ugurlarynda alyp bardylar. Şonuň bilen birlikde, ulgamlaýyn armaturalar ornaşdyryldy, izolýasiýa işleri geçirildi, elektrohimiýa gorag ulgamlary gurnaldy we beýleki işler ýerine ýetirildi.

Bu ýerde ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň dünýäde meşhur önüm öndürijileriniň – “Komatsu”, “Caterpillar”, “Hundai” we beýleki kompaniýalarynyň ýöriteleşdirilen tehnikalarynyň – turba goýujylarynyň, eskawatorlarynyň, buldozerleriniň, ýük daşaýan awtoulaglarynyň ýüzlerçesi işledildi. Gaz geçirijisini gurmak üçin zerur bolan turbalar (umumy agramy 500 müň tonna) Ukrainadan, Eýrandan, dykyn we kadalaşdyryjy enjamlar (730-dan gowrak) Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň zawodlaryndan, turba geçirijini arassalaýan we barlaýan enjamlary goýberiş hem-de kabul ediş kamerasy Germaniýanyň “RMA Kehl GMBH&Co. KG”  kompaniýasyndan, “Şatlyk” gaz gysyjy desgasy üçin gaztrubina gazgysyjylar “Dresser Rand”  fransuz kompaniýasyndan getirildi.

Gurluşygyň barşynda çylşyrymly ýerlerden – çöllük, daglyk we batgalyk ýerlerden geçmek, şeýle hem turbalaryň ýerasty suwlaryndan goralmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly wezipeleri çözmeli boldy. Gaz geçirijisiniň ugry gür ilatly suwarylýan ekerançylyk zolagyndan, suw böwetlerinden, köpsanly senagat, ulag, inžener-tehniki desgalardan-Garagum derýasyndan, Tejen derýasyndan, Howuzhan zeýkeşinden, suwaryş we zeýkeş akabalardan, şol sanda Garagumuň merkezinde ýerleşen “Altyn Asyr”  Türkmen kölüniň akabalaryndan geçýär. Gaz geçirijisi jemi  suw akabalarynyň 204-sini, demir ýollaryň 8-sini we awtomobil ýollaryň 35-sini kesip geçýär. “Döwletabat-Derýalyk”, “Şatlyk-Abadan”, “Bamy-Serdar”, “Orta Aziýa-Merkez”  ýaly hereket edýän gaz geçirijileri bilen bentler guruldy.

Çylşyrymly geçelgeler amala aşyrylanda öňdebaryjy usullaryň hem-de tehnologiýalaryň, şol sanda ýapgyt usulda burawlamak bilen baglanyşykly tehnologiýalaryň ulanylandygy bellemelidiris. Bu babatda türkmen gurluşykçylary Türkmenistan –Hytaý, Malaý-Bagtyýarlyk, Döwletabat-Sarahs-Hangeran (Eýrana tarap ikinji gaz geçirijisi)  ýaly iri gaz geçirijileriniň gurluşygynda uly tejribe topladylar.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň güýji bilen “Gündogar-Günbatar”  gaz geçirijisiniň gurulmagy türkmen hünärmenleriniň ýokary hünär ussatlygynyň, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň maddy-enjamlaýyn we işgärler kuwwatynyň dünýä derejesine çykandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamalarynyň biri boldy. Bu taslamany mundan beýläk-de durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýakyn geljekde  bu gaz geçirijisiniň ugrunda gaz gysyjy desgalaryň ýene-de birnäçesi  we beýleki düzümleýin desgalar gurlar. Awtomatlaşdyrylan dispetçerçilik merkezi tutuş gaz geçiriji ulgamy bitewi köpugurly toplum hökmünde dolandyrmaga – gaz akymlaryny artdyrmaga hem-de azaltmaga, garşylyklaýyn akymlary amala aşyrmaga, ýagny, içerki we eksport isleglere laýyklykda olaryň ugruny üýtgetmäge mümkinçilik berer.

Taryhy pursat gelip ýetýär. Hormatly Prezidentimiz  “Gündogar-Günbatar”  gaz geçirijisiniň  nurbadyny towlaýar, gaz geçiriji boýunça tebigy gazyň ilkinji kub metrleri akyp ugraýar.  Turbanyň içinden “mawy ýangyjyň”  akym sesi dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen utgaşýar.

Döwlet Baştutanymyz şanly waka barada ýadygärlik hökmünde turba geçirijiniň  ýüzünde ýadygärlik ýazgy galdyrýar. Şol wagt gaz gysyjy stansiýanyň çäginde “Gündogar-Günbatar”  gaz geçirijisiniň  işe girizilmegini alamatlandyran alaw ýanýar. Bu gaz geçirijisi milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň hem-de durmuş ulgamynyň şeýle hem halkara energetika bazarynyň energiýa serişdelerine artýan isleglerini nazara almak bilen, Türkmenistanyň döwrebaplaşdyrýan we ösdürýän gaz-ulag düzüminiň möhüm bölegine öwrüldi. 

Dabaranyň dowamynda täze gaz geçirijiniň gurluşygynda aýratyn tapawutlanan nebitgaz pudagynyň işgärlerini Türkmenistanyň “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan”  ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okalýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge, eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge mynasyp goşant goşan türkmenistanlylara dabaraly ýagdaýda sylaglary gowşurýar.

Watandaşlarymyz hormatly Prezidentimiziň elinden hormatly sylaglary kabul edip, milli Liderimize öz çeken zähmetlerine beren ýokary bahasy, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, ähli türkmen halkynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine amala aşyrýan giň gerimli işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary  şanly waka hem-de ýetip gelýän Täze 2016-njy ýyl bilen gutlap, olara berk jan saglygyny we işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Soňra döwlet Baştutanymyz  Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyryp, özüne garaşyp duran dikuçara münýär. Dikuçar asmana galyp, Awaza tarap ugur alýar. Hormatly Prezidentimiz  ýolugruna deňizýakasynda gurulýan täze desgalary synlaýar.

Balkan welaýaty soňky ýyllarda öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe bolup, häzir ýurdumyzyň esasy senagat, ulag we şypahana merkezleriniň biri bolup durýar. Bu ýerde kenarýaka zolagyndaky hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebitgaz ýataklary çalt depginlerde özleşdirilýär. Olar dünýäniň iri nebit we gaz gorlarynyň sanawyna girizildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň we tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň çäklerinde giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Bu toplum ýurdumyzyň içinde hem-de daşary döwletlerde uly isleg bildirilýän nebithimiýa önümleriniň dürli görnüşlerini çykarýar. Dek düýnüň özünde TNGIZT-de ELDAD-HT-7 desgasy ulanmaga berlip, ol bir ýylda uglewodorod çig malynyň 3 million tonnasyny gaýtadan işlemäge ukyply bolup durýar. Şu ýylyň oktýabrynda bolsa bu ýerde halkara hil ülňülerine laýyk gelýän awtomobil benzininiň ýokary oktanly görnüşlerini öndürýän täze döwrebap desgalar ulanmaga berildi.

Gazy gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek maksadynda uly ädimler ädildi. Häzirki wagtda Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Türkiýäniň iri kompaniýalary bilen bilelikde Hazaryň kenarynda, Gyýanly şäherçesiniň golaýynda polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy, Garabogaz şäherinde bolsa karbamid öndürýän zawod gurulýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan amatly geoykdysady ýagdaýa eýe bolmak bilen, netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm şerti bolan üstaşyr-ulag kuwwatyny amala aşyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Biziň ýurdumyzyň döredýän “Gündogar-Günbatar”  we “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgeleriniň döwrebap ulgamy Ýewraziýa giňişliginde sebit we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Olar deňiz, howa, demirýol we awtomobil gatnawlaryny öz içine alýar.

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýoly munuň aýdyň mysaly bolup, onuň dowamly bölegi Balkan welaýatynyň çäginden geçýär. Täze polat ýoly Günorta Aziýa- Pars aýlygynyň portlaryna we degişlilikde yzyna – Russiýanyň üsti bilen Gündogar Ýewropa gysga ugur boýunça ýükleriň oňaýly we tygşytly ugradylmagyny üpjün edýär.

“Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasyna laýyklykda”  Hazaryň kenarynda täze döwrebap deňiz duralgasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Onuň taslamasynda gämi, ýolagçy, konteýner we beýleki terminallar göz öňünde tutuldy. Degişlilikde, üstaşyr ýükleri ugratmak we saklamak üçin ammarlary bolan hem-de eksport-import amallaryny ýerine ýetirmek üçin döwrebap logistik merkezi dörediler.

Milli deňiz söwda floty hem işjeň enjamlaşdyrylýar – onuň üstüni nebit we nebit önümlerini, şeýle hem himiýa önümlerini daşamak üçin niýetlenen kuwwatly tankerleriň 7-si ýetirdi. Şu ýylyň dekabrynda bolsa, ýurdumyzyň hem-de dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny giňden bellän şanly gününde Türkmenbaşy şäherine Horwatiýanyň gämigurluşyk zawodynda gurlan “Bagtyýar” awtomobil-ýolagçy gämisi gelip gowuşdy. Ol  “RO-PAX”  derejeli  gämileriň hasap boýunça ikinjisi bolup durýar.

Bulardan başga-da, sebitiň ykdysadyýetinde balyk we ýod-brom senagatyna, elektroenergetika ähmiýetli orun degişli bolup durýar. Ýerli çig maldan gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini çykarýan köp ugurly gurluşyk senagaty hem öz kuwwatlyklaryny artdyrýar. Balkan welaýatynyň oba hojalygynda hem düýpli özgerişlikler bolup, olar Türkmenistanda amala aşyrylýan oba hojalyk özgertmeleriniň gös-göni netijesi bolup durýar. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini  özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny"   amala aşyrmaga uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär, onuň çäklerinde dürli ýerlerde döwrebap mekdepler, çagalar baglary, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, saglygy goraýyş we medeni merkezler, sport toplumlary we beýleki desgalar bina edilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler Türkmenistanyň sazlaşykly ösüşiniň aýdyň nyşany bolup, olaryň çäklerinde türkmen topragynyň ähli künjeklerinde giň gerimli gurluşyklar alnyp barylýar. Hazaryň kenarynda döredilýän halkara derejeli döwrebap dynç alyş merkezi--"Awaza" milli syýahatçylyk zolagy munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu iri maýa goýum taslamasy ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň okgunly ösmeginiň başyny başlap, ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini, howa aýratynlyklaryny hem-de amatly geografik ýerleşişini netijeli ulanmak, şonuň esasynda milli ykdysadyýetimizi, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak ýaly möhüm şertleri özünde birleşdirdi.           

Häzir gojaman Hazaryň kenaryna  ajaýyp myhmanhanalar we çagalar sagaldyş merkezleri görk berýär. Olarda  göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler döredildi. Şypahana düzümini ösdürmegiň çäklerinde Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzili, awtomobil ýollary, kuwwatly gaz turbinaly elektrik stansiýasy, deňiz suwuny süýjediji zawod guruldy. Awazanyň çäginden 7 kilometrlik gämi gatnawly derýa geçip, onuň kenarlarynda seýilgähleri, amfiteatrlary, interaktiw suw çüwdürimleri, kafeleri we restoranlary, deňiz ýahtalary we gezelenç gaýyklary üçin duralgalary bolan dynç alyş zolagy döredilýär.

Ýurdumyzyň şypahana merjeni ýylsaýyn täze desgalar – myhmanhanalar, şeýle hem medeni-dynç alyş, sport desgalary bilen gözelleşýär. Şu ýylyň tomsunda bu ýerde seýilgäh-dynç alyş toplumlarynyň birbada üçüsi açylyp, olar dynç alyş merkeziniň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Toplumlarda çagalaryň we ulularyň wagtyny gyzykly geçirmegi üçin ähli şertler döredildi. Sentýabr aýynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatyna täze binagärlik açylyşlary gabatlanyp,  maslahatyň öňýanynda Awazada ajaýyp Kongresler merkezi, köpugurly sport toplumy, Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda durmuş, dolandyryş we beýleki maksatly täze desgalar, şeýle hem Türkmenbaşy etrabynda “Hazar balyk” açyk paýdarlar jemgyýetiniň bekre, balyk, işbil we balyk önümlerini öndürýän toplum dabaraly ýagdaýda açyldy.

Şunuň bilen baglylykda, giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalar amala aşyrylanda Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny, baý ösümlik we haýwanat dünýäsini, ekologik abadançylygyny  goramak meselelerine aýratyn üns berilýändigini bellemek gerek.  Munuň şeýledigine döwlet Baştutanymyzyň Hazar deňzinde howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysadyýet we ulag, daşky gurşawy hem-de bu täsin tebigy suw howdanyny goramak  ýaly möhüm ugurlarda öňe süren netijeli teklipleri aýdyň şaýatlyk edýär.

2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Rosneft” döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Seçini, “Petronas” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Datuk Wan Zulkifli Wan Ariffini kabul etdi. Olar bilen ýangyç-energetika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden Aşgabada ugrady. 

 

 

TDH