Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

2015-nji ýylyň 25-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öňýanyndaky bilelikdäki mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen  işleriň jemlerini jemledi.  

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde çylşyrymly ýagdaýlar bolup geçýär. Dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgini pes derejede saklanyp galýar. Maliýe bazarlarynda durnuksyzlyk barha artýar. Çig malyň nyrhlary pese düşýär.  Ykdysadyýete çekilýän maýa goýumlarynyň möçberi azalýar. Ösüp barýan ýurtlaryň milli pullarynyň hümmeti peselýär. Bu bolsa, ykdysadyýetiň, aýratyn-da, ösüp barýan ýurtlaryň ykdysadyýetiniň  ösüşinde kynçylyklary döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, bolup geçýän özgermeleri göz öňünde tutup, biz kabul eden maksatnamalarymyzy öz wagtynda ýerine ýetirmek we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň pese düşmegine ýol bermezlik üçin,  zerur bolan çäreleri gördük diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz nygtaýşy ýaly, şu ýyl Ministrler Kabinetiniň 49 mejlisi, Döwlet howpsuzlyk  geňeşiniň 13 mejlisi, şeýle hem döwlet derejesindäki dürli maslahatlaryň  38-si geçirildi.  Şu ýyl ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara 17 sapary amala aşyryldy. Şeýle hem daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň ýurdumyza  22 sapary amala aşyryldy.

2015-nji ýylda Türkmenistanyň   Prezidenti bilen daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň resmi wekilleriniň, ministrler derejesindäki resmi adamlaryň, halkara we sebit guramalarynyň   ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlarynyň, şeýle hem dürli halkara korporasiýalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň köp sanly duşuşyklary geçirildi.

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde, şeýle hem halkara derejesindäki duşuşyklarda çylşyrymly syýasy, ykdysady we durmuş meselelerine seredildi. Şol meseleler  boýunça degişli çözgütler kabul edildi we resminamalara gol çekildi. Şol çözgütler oňyn netijelerini hem berdi. Bu bolsa Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň öz  wagtynda hem-de dogry kararlary we çözgütleri kabul edendigini, biziň sazlaşykly, netijeli we maksada okgunly işleri alyp barandygymyzy görkezdi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ýylyň dowamynda bize örän köp  işleri amala aşyrmak we köp sanly    meseleleri çözmek başartdy diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 2015-nji ýylda göz öňünde tutan işleriň ählisi diýen ýaly, üstünlikli durmuşa geçirildi. Indiki ýyl üçin oýlanyşykly düzülen Döwlet býujeti kabul edildi.

Ilatymyz üçin ähli durmuş ýeňilliklerini saklap galdyk. Halkymyz tebigy gazdan, elektrik energiýasyndan mugt peýdalanýar. Jemagat hojalygy hyzmatlarynyň nyrhlary hem ujypsyz bolmagynda galýar. Harytlaryň nyrhlarynyň ýokarlanmagyna ýol bermezlik üçin zerur çäreleri gördük diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýasyny gaýtadan   biragyzdan kabul etdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.  Baş Assambleýa Ulag-üstaşyr  geçelgelerini döretmek hakyndaky Rezolýusiýany hem kabul etdi. Bu bolsa, Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň  halkara derejesinde gazanan uly üstünligidir diýip, milli Liderimiz bilelikdäki mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy bu uly üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiz ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek hakyndaky Rezolýusiýanyň 2014-nji  ýylyň sentýabr aýynda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň esasy düzgünlerini öz içine alandygyny ýatlatdy.

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň teklibi boýunça geljek ýylyň ahyrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji bütindünýä maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary  R.Meredowa we S.Satlykowa beýleki wise-premýerler hem-de ministrlikleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde gysga wagtyň içinde bu Rezolýusiýany ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamagy hem-de işlenip taýýarlanan meýilnamany  Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklamak üçin bermegi tabşyrdy.

Bitarap Türkmenistan sebitde  parahatçylygy we durnykly ösüşi berkitmäge, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga uly goşant goşdy we goşmagyny dowam edýär. 2015-nji ýylda syýasy we ykdysady häsiýetli köp sanly dürli ýaramaz we oňyn ýagdaýlaryň bolandygyna, şu  ýylyň ähli ýurtlar üçin örän kynçylykly gelendigine garamazdan, biz ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň  ýokary bolmagyna garaşýarys diýip, milli Liderimiz belledi. Şu ýylyň jemlerine baha berenimizde, umuman, 2015-nji ýyl Garaşsyz        Watanymyz we mähriban halkymyz üçin oňat ýyllaryň biri boldy diýip,  ynam bilen aýdyp bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, 2015-nji ýylyň 27-nji dekabryndaky dynç gününiň 2016-njy ýylyň 2-nji ýanwaryna – şenbe gününe geçirilýändigini yglan etdi we degişli resminama gol çekdi.

Şu ýyl ýurdumyzda Täze ýyl baýramy 3 gün dowam eder. Şoňa görä-de,      şäherleriň we obalaryň kadaly durmuşyny üpjün edýän ähli gulluklaryň baýramçylyk günlerinde nobatçylygyny göwnejaý  guramak hakynda alada etmek zerurdyr. Milli Liderimiz Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň Başlygynyň orunbasary  S.Satlykowa Täze ýyl baýramynyň bellenýän günlerinde  ýurdumyz boýunça nobatçylygy talaba laýyk guramagy, S.Toýlyýewe bolsa  bu ugurda geçirjek işlerde  ýardam bermegi tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlaryna öz gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirmegi, olarda Täze ýyl baýramynyň   bellenýän günlerinde nobatçylygy  guramak,  şol sanda ministrliklerde we pudak edaralarynda nobatçylyk etmegiň tertibini taýýarlamak, nobatçylyk etjek işgärleri we olaryň telefon belgilerini şol tertipde görkezmek bilen bagly meselä seretmegi hem-de ähli ministrlikler we pudak edaralary boýunça nobatçylyk etmegiň tertibini jemläp, S.Satlykowa bermegi tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz  S.Satlykowa baýramçylyk günlerinde nobatçylygyň göwnejaý guralmagyny we tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Baýramçylyk günlerinde her bir  häkimlik, ministrlik we pudak edarasy boýunça nobatçy bellemeli. Jemagat  hojalygy gullugynyň, elektrik energiýasy we suw üpjünçilik gulluklarynyň,  hassahanalaryň, ýolagçy awtoulaglarynyň, dükanlaryň bökdençsiz we talaba laýyk işlemegini guramaly diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk günleri raýatlarymyzyň oňat dynç alyp bilmegi we baýramçylygy ýokary derejede belläp geçmegi üçin ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, nesip bolsa, biz indiki ýyl ýaş, Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny uly dabaralara besläp, giňden belläp geçeris diýdi. Bu şanly sene halkymyzyň taryhynda müdimilik galar ýaly, biz Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygyny ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, medeniýetde we sportda uly üstünlikleri gazanmak bilen bellemelidiris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, 2016-njy ýyly «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýip atlandyrmak teklibi öňe sürüldi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýerler M.Ýazmuhammedowa we  S.Toýlyýewe ýüzlenip,  ýubileý ýylynyň iň oňat nyşanyny döretmek ugrunda bäsleşik yglan etmegi hem-de bäsleşikde iň gowy diýlip seçilip alnan nyşany metbugatda we telewideniýede ýerleşdirmegi tabşyrdy.

Gündogar senenamasy boýunça  2016-njy ýyl bijin ýylydyr. Nesip bolsa, indiki ýyl – bijin ýyly netijeli ýyl bolar diýip pikir edýärin. Şoňa görä-de, hiç kim gol gowşuryp oturmaly däl. Bellenen maksatlara ýetmek üçin, yhlas bilen  zähmet çekmeli, gowy netijeleri, üstünlikleri we ýeňişleri gazanmaly diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki mejlise gatnaşyjylara  Täze ýyla arassa we aýdyň pikirler bilen gadam basmagy, örän oýlanyşykly we döredijilikli çözgütleri kabul etmegi  arzuw edip, Täze ýyl Berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň ýene-de bir netijeli tapgyry bolsun diýip nygtady.

Şeýle hem mejlisde döwlet durmuşyna degişli käbir beýleki möhüm meselelere garaldy, olar boýunça degişli çögütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmegi arzuw etdi. 

TDH