Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Ygtyýarly karz edaralary tarapyndan fiziki şahslar üçin nagt we nagt däl görnüşinde daşary ýurt puly bilen alyş-çalyş amallaryny geçirmegiň Düzgünlerine üýtgetmeler we goşmaçalar

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2015-nji ýylyň 5-nji awgustynda 896 san bilen bellige alnan “Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2012-nji ýylyň 12-nji martynda 635 san bilen bellige alnan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň 2012-nji ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 19-ö belgili buýrugy bilen tassyklanan, ygtyýarly karz edaralary tarapyndan fiziki şahslar üçin nagt we nagt däl görnüşinde daşary ýurt puly bilen alyş-çalyş amallaryny geçirmegiň Düzgünlerine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda“ Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň 2015-nji ýylyň 31-nji iýulynda çykaran 293-iş belgili buýrugyna laýyklykda, nagt milli pula fiziki şahsa satylýan daşary ýurt pulunyň möçberi bir aýyň dowamynda ABŞ-nyň 1000 (bir müň) dollary bilen çäklendirilýär. Nobatdaky aýda peýdalanylmadyk hukuk indiki aýlara geçmeýär. Bir ýylyň dowamynda bolsa – bu ululygyň şol ýylda hukukdan peýdalanylyp geçirilen aýlaryň sanyna barabar essesi bilen çäklendirilýär.