Türkmen ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmegiň meýilnamalaryny amala aşyrmak boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçen hepdäniň jemleýji iki gününde Türkmenistanyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda maslahatlar geçirildi. Olarda Ministrler Kabinetiniň 9-njy ýanwarda geçirilen giňişleýin mejlisinde milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini yzygiderli we netijeli çözmek boýunça çärelere garaldy.
Maslahatlar nebitgaz toplumynyň, maliýe-ykdysady ulgamynyň, senagat, ulag we aragatnaşyk, söwda, medeniýet, ylym we bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, oba hojalygy, gurluşyk we energetika ulgamlarynyň edaralarynda, Aşgabat şäher häkimliginde we beýlekilerde geçirildi. Gün tertibine milli Liderimiziň görkezmelerini durmuşa geçirmäge, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň esasy ugurlaryny 2015-nji ýylda ösdürmegiň maksatnamalaryny berjaý etmäge degişli meseleler girizildi.
Maslahatlara gatnaşyjylar welaýatlary we milli ykdysadyýetiň dürli ugurlaryny işjeň ösdürmegiň, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýöredilýän syýasatyň özeni bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar. Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça işler şu ýylda hem işjeňleşdiriler, şol işler geçen ýylyň dowamynda üstünlikli alnyp baryldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde türkmen döwleti eýýäm täze türkmen obasynyň, oba hojalyk-senagat etrabynyň köpugurly nusgasynyň anyk keşbine eýe boldy. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz tarapyndan ýakyn geljekde ýurdumyzyň her bir welaýatynyň öňünde Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça möhüm wezipeler kesgitlendi. Olaryň hatarynda obasenagat önümçiligini giňeltmek, önümçilik düzümlerini artdyrmak, ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli azyk önümlerini artdyrmagyň we görnüşlerini giňeltmegiň hasabyna azyk bolçulygyny döretmek hem-de beýleki ençeme wezipeler bar.
Şunuň bilen birlikde, ministrlikleriň we edaralaryň öňünde täze iş orunlaryny döretmäge, şeýle hem bu işleri maliýeleşdirmegiň çeşmelerini kesgitlemäge gönükdirilen anyk çäreleri kabul etmek barada wezipe goýuldy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, degişli maksatnamanyň kabul edilmegi ulgamldaýyn esasda zähmet serişdelerini artdyrmaga hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça işleri alyp barmaga mümkinçilik berer.
Maslahatlara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan jogapkärli wezipelerini berjaý etmek boýunça ilkinji nobatdaky çäreleri bellediler. Ilkinji nobatda, welaýatlary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça oýlanyşykly çäreleriň meýilnamalaryny düzmek üçin seljeriş işlerini geçirmegiň möhümdigi nygtaldy. Olarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdylan anyk maslahatlar, uzakmöhletli pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalarda kesgitlenen wezipeler öz beýanyny tapmalydyr.
Maliýe we bank ulgamyny, ýangyç-energetika toplumyny, himiýa pudagyny, metallurgiýa senagatyny, balyk hojalygyny, ulag we aragatnaşyk ulgamyny,medeniýet, ylym we bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, oba hojalygy, gurluşyk we energetika pudaklaryny, telekeçiligi we beýlekileri döwrebaplaşdyrmak we çalt ösdürmek meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.
Tutuşlygyna alnanda, maslahatlarda ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny netijeli durmuşa geçirmek, täze ykdysady gatnaşyklarynyň şertlerinde öňdebaryjy dolandyryş usullaryny ornaşdyrmak boýunça hereket etmegiň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen halkynyň demokratik gymmatlyklaryny nazara almak bilen, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmegiň, türkmen döwletiniň hukuk we ykdysady esaslaryny pugtalandyrmaga ýardam etjek täze kanunlary işläp taýýarlamagyň hem-de kabul edilen resminamalaryň ýerlerde ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmegiň möhümdigi hem bellenip geçildi.
2015-nji ýylda öňde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça edilmeli işleri takyk guramagyň möhümdigine maslahatlara ýygnananlaryň ünsi çekildi, şol wezipeler ýurdumyzyň okgunly ösüşini, milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň göz öňünde tutulan depginlerini üpjün etmäge ýardam eder.
Maslahatlaryň çäklerinde ýolbaşçylaryň we işgärleriň hünär derejesini hem-de başarjaňlygyny ýokarlandyrmagyň, ýokary derejedäki hünärmenleri taýýarlamagyň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatlara gatnaşyjylar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça öz öňlerinde goýlan ähli wezipeleri üstünlikli çözmegiň bähbidine geljekde hem yhlasly zähmet çekjekdiklerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdylar.
TDH