Durnukly manat
Ýaňy-ýakynda ýurdumyzda Türkmenistanyň milli puly - manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 22 ýyllygy güni dabaraly bellenildi. Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk alan ýylyndan başlap ykdysady özgertmeleriň hatarynda ýurduň milli puluny dolanyşyga girizmek wezipesi wajyp orna eýedi. Sebäbi milli ykdysadyýetiň sazlaşykly hereket etmegi, garaşsyz pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy, bank ulgamynyň netijeliligi milli puluň dolanyşygyna köp bagly bolup durýar.
Ýurdumyzda alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň netijesinde uzak döwrüň dowamynda milli puluň durnuklylygy üpjün edilip,nyrhlaryň ýyllyk ösüş depgini bellenilen çäklerde saklanylýar. Häzirki zaman bütindünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly ýagdaýlaryna garamazdan, ýurdumyzyň halkara bazarlardakyeksport ukyplylygy we ykdysady kuwwatysaklanylýar, daşary söwdasynyň düzümi kämilleşdirilýär.
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň alyp barýan ykdysady strategiýasyna halkara bilermenler we iri maliýe düzümleriniň wekilleri tarapyndan ýokary baha berilýär. Ýaňy-ýakynda Ýaponiýanyň Premýer-ministriniňTürkmenistana amala aşyran ilkinji iş saparynyň netijesinde, umumy bahasy 18 milliard ABŞ dollary bolan bilelikdäki maýa goýum taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmegi muňuň aýdyň subutnamasydyr.
Şugünki günde ýurdumyzyň bank ulgamy ykdysadyýetiň çalt ösýän pudaklarynyň biri bolup, karzlaşdyrma, goýum çekme wezipelerini, töleg we hasaplaşyk hyzmatlaryny müşderilere ýetirýär. Bu wezipeleriň we hyzmatlaryň ýerine ýetirilmeginde ýurduň milli puly – manadyň örän uly ähmiýeti bar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň bank ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak bilen bagly bolan toplumlaýynçäreler netijeli durmuşa geçirilýär. Köp ýurtlarda giňden ulanylýan “VISA” we “MasterCard” halkara töleg kartlarynyň ýurdumyzda ýaýradylmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu bank kartlary ýurdumyzyň raýatlary tarapyndan harytlar we hyzmatlar boýunça hasaplaşyklar, syýahatçylyk, okuw we beýleki maksatlar üçin işjeň ulanylýar.
Şeýle-de Türkmenistanda hereket edýän milli kart ulgamy hem ýokary ösüş depginler bilen adamlaryň gündelik durmuşyna girýär we olaryň dürli maksatly hasaplaşyklary ýerine ýetirmekde ýardam edýär. Geçen ýylyň 1-nji noýabry bilen deňeşdirilende ýurdumyzda şu ýylyň 1-nji noýabry ýagdaýyna hasaba alnan bank kartlaryň sanynda 3 essä golaý artyş emele geldi. Häzirki günde bank kartlarynyň üsti bilen bank karzyny yzyna gaýtarmak, ipoteka töleglerini geçirmek, aragatnaşyk we internet hyzmatlary üçin tölegleri geçirmekşeýle hem söwda we hyzmat ediş nokatlarynda hasaplaşyklary nagt däl görnüşinde amal etmek ýaly dürli hyzmatlardan peýdalanmak mümkin. Geljekde bank kartlarynyň üsti bilen tölegleriň görnüşleriniň ulgamy giňeldiler. Mundan başga-da ýurdumyzda oba hojalygy, eksporty ösdürmäge we importyň ornuny çalyşmaga gönükdirilen önümçiligi karzlaşdyrmak, telekeçilige goldaw bermek maksatly ýeňillikli karzlaryň ulgamy hereket edýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 22 ýyllygyna bagyşlap iberen gutlagynda bellenilişi ýaly, milli manadymyzyň hümmetini mundan beýläkde durnukly saklamak, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek wehil taýdan halkara derejelerine çykarmak, dünýä tejiribesiniň öňdebaryjy usullarynywe innowasion tehnologiýalaryny bank işine ornaşdyrmakbank ulgamynyň esasy wezipeleri bolup durýar.
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty we alnyp barylýan oýlanyşykly ykdysady syýasaty ýokarda agzalan bu wezipeleri amala aşyrmaga doly mümkinçilik berýär.
TMB-niň Ylmy-önümçilik geňeşi