Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2015-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe hasabat bermek üçin söz berdi.

Ol şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri barada hasabat berdi. Şu döwürde gazanylan makroykdysady görkezijileriň milli ykdysadyýetimiziň durnukly we yzygiderli ösdürilýändigine hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýändigi bellenildi.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 110,1 göterime, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini bolsa 110,2 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, ýanwar-fewral aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 15,4 göterim artdy.

Şeýle hem hasabat döwründe iri önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlandygy hem-de geçen ýyldaky görkeziji bilen deňeşdireniňde, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna düýpli maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça ösüş depgininiň 105,1 göterime barabar bolandygy barada aýdyldy. Düýpli maýa goýumlarynyň möçberiniň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 36,2 göterim möçberde emele geldi.

Şeýle hem wise-premýer rejelenen görnüşdäki Milli özgertmeler maksatnamasyna laýyklykda, iki aýyň jemleri boýunça ýurdumyzda durmuş maksatly desgalaryň 194-siniň, 959,7 müň inedördül metrlik ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de inženerçilik-tehniki ulgamlaryň we desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda maýa goýumlarynyň 15,9 göterim köp özleşdirilendigi bellenildi.

Ýanwar-fewral aýlarynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Döwlet býujeti üstünlikli berjaý edildi. Onuň girdeji bölegi 103,6 göterim, çykdajy bölegi 90,7 göterim möçberinde ýerine ýetirildi. Býujet serişdeleriniň 79 göterimi durmuş ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirildi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary bellenilen möhletlerde tölenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda durnukly ösüş depginlerini saklamak, halkymyzyň ýokary derejli durmuşyny üpjün etmek üçin bar bolan kuwwatdan we mümkinçiliklerden has netijeli peýdalanmak maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz işleriň ýagdaýyny we ähli pudaklar boýunça gazanylan netijeleri yzygiderli seljermegiň zerurdygyny belläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna degişli tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna şol maksatnamany amala aşyrmagyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde hususylaşdyrmak üçin hödürlenýän döwlet kärhanalarynyň we desgalarynyň sanawy berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň meselelerine ünsi çekip, bazar gatnaşyklaryna mahsus şertlerde bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti döretmek, hususy ulgamyň maýa goýumlaryny işjeň çekmek bilen baglylykda şu ugurda alnyp barylýan işleriň uly ähmiýete eýedigini aýtdy. Milli Liderimiz umuman, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak boýunça hödürlenen sanawy oňlap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi