Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2015-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýewe söz berdi. Wise-premýer 23-nji dekabrda «Gündogar–Günbatar» gaz geçirijisiniň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Täze gaz geçirijisi Mary welaýatynyň çägindäki “Şatlyk” hem-de Balkan welaýatynda ýerleşýän “Belek” gaz gysyjy beketlerini birleşdirýär. “Türkmengaz” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça bu iri taslamany “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň edaralary amala aşyrdy. 

Wise-premýer şeýle hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän ELDAD–HT-7 desgasyny işe girizmäge hem-de umumy zawod hojalyk desgalaryny ulanmaga bermäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň iri gaz ýataklaryny birleşdirjek “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu turbageçirijiniň häzirki zaman gazulag düzüminiň möhüm bölegine öwrüljekdigini belledi. Türkmenistan bu düzümi milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň artýan isleglerini hem-de dünýäniň energiýa serişdelerine bolan islegini nazara almak bilen, döwrebaplaşdyrýar we ösdürýär.

Giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzda täze senagat kärhanalary, gazturbina elektrik beketleri, durmuş maksatly desgalar yzygiderli ulanmaga berilýär. Olaryň durnukly işlemegini üpjün etmek üçin tebigy gazyň goşmaça möçberleri zerur bolup durýar.

Milli Liderimiz “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, Türkmenistanda bitewi gaz geçiriji ulgamyň dörediljekdigini aýtdy. Munuň özi tebigy gazyň islendik ugur boýunça iberilmegine mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny nygtap, degişli wise-premýerlere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň  orunbasary, daşary işler ministri  R.Meredow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny durmuşa geçirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Milli Liderimiz Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarlydygyny nygtap, Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň öňünde möhüm wezipeleriň goýlandygyny, olaryň çözgüdiniň bolsa jogapkärli we oýlanyşykly çemeleşmeleri talap edýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek üçin  bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ählumumy abadançylygy hem-de rowaçlygy üpjün etmek maksady bilen, dürli ulgamlarda özara bähbitli sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny ilerletmek hem-de iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli çäreleri görmegiň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiz döwletimiziň diplomatlaryň, ýurdumyzyň ilçihanalarynyň hem-de konsullyklarynyň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döredýändigini belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine ministrligiň işini kämilleşdirmäge degişli anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň   Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow ýurdumyzda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek, maliýe gurallaryny netijeli ulanmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň döwlet gazna obligasiýalaryny göýbermegiň, ýerlemegiň we üzlüşmegiň meseleleri hakynda” kararyň taslamasyny hödürledi.

Türkmenistanyň Býujet kodeksine we “Gymmatly kagyzlar hakynda” Kanunyna laýyklykda, 2016-njy ýylyň Döwlet býujetiniň girdejileriniň goşmaça çeşmesi hökmünde Türkmenistanyň Maliýe ministrligi tarapyndan  bäş ýyl möhlet bilen  döwletiň gazna obligasiýalaryny çykarmak göz öňünde tutulýar.

Döwlet gazna obligasiýalarynyň ilkinji göýberilişi ýurdumyzda gymmatly kagyzlar bazaryny döretmäge, netijeli maliýe gurallarynyň ulanylmagyny ösdürmäge mümkinçilik berer.

Şeýle hem wise-premýer “Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna”, “Ýangyn howpsyzlygy hakynda”  Türkmenistanyň Kanunyna ýangyna garşy hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyny girizmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň döwlet gazna obligasiýalaryny goýbermegiň, ýerlemegiň we üzlüşmegiň meseleleri hakynda” karara gol çekip, bu çözgüdiň ýurdumyzda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda wise-premýere gazna biržasyny döretmek, onuň gurallaryny ösdürmek, muňa maýadarlaryň giň toparyny çekmek hem-de bank işini,  zerur bolan hukuk esaslaryny kämilleşdirmek boýunça anyk görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz ýangyna garşy hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasynyň girizilmeginiň  ýangyn howsuzlygynyň  talaplarynyň berjaý edilmeginde jogapkärçiligi  ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigini aýdyp, bu barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.  

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa hasabatyny hoş habar bilen başlady. Wise-premýer Namibiýa Respublikasynda geçirilen ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň 10-njy mejlisinde   Türkmenistanyň teklibi boýunça hem-de toparyň agzalarynyň biragyzdan goldamagynda adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna “Görogly dessançylyk sungatynyň” girizilendigini aýdyp, döwlet Baştutanymyza degişli resminamany gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň ýüz ýurdundan wekilleriň 500-siniň gatnaşmagynda Namibiýa Respublikasynda geçirilen ajaýyp wakanyň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ozal UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen “Gadymy Merw”, “Köneürgenç”, “Nusaý” taryhy-medeni goraghanalarynyň ýadygärlikleri bilen bir hatarda mundan beýläk mähriban halkymyzyň Göroglynyň we onuň kyrk ýigidiniň görkezen edermenliklerini beýan edýän gahrymançylykly “Görogly” şadessany hem adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, bu gadymy şadessanyň türkmen halkynyň asuda we abadan durmuş baradaky garaýyşlaryny görkezýändigini, Watany goramak ugrunda görkezen gahrymançylygyny beýan edýändigini aýtdy. Şadessanda  merdana halkymyza mahsus bolan edermenlik, gaýduwsyzlyk, watançylyk, akýürekli bolmak, dostluk we wepalylyk ýaly özboluşly aýratynlyklar wasp edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz merdana halkymyzyň maddy däl medeni mirasyny aýawly saklamak üçin ähli çäreleriň görülmelidigini belledi. Milli Liderimiz ýaş nesillerimizi «Görogly” şadessanynyň gaýduwsyzlyk we watançylyk ruhunda terbiýelemeli. Halkymyzyň medeni mirasyny geljekki nesillere ýetirmek üçin zerur bolan ähli işleri geçirmeli diýip aýtdy hem-de ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky Hökümetara komitetine «Görogly dessançylyk sungatynyň” görnükli nusgalaryň Sanawyna girizilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Ministrler Kabinetiniň agzalaryny hem-de olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli halkyny gahrymançylykly «Görogly» eposynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra wise-premýer Täze, 2016-njy ýyly garşylamaga taýýarlanan baýramçylyk maksatnamasy barada hasabat berdi. Şu günler paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezi meýdançalarynda we medeni merkezlerinde geçiriljek konsertlere hem-de beýleki döredijilik çärelerine taýýarlyk görülýändigini habar berildi. Baýramçylyk maksatnamasynda Russiýa Federasiýasyndan sirk artistleriniň çykyşlary bar. Olaryň çykyşlary 22-nji dekabrdan başlap, bir aýyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet sirkinde geçiriler. 23-nji dekabrda paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde hem-de welaýatlaryň meýdançalarynda oturdylan Baş arçalarda yşyklaryň ýakylmagyndan çagalar döredijilik toparlarynyň, teatrlaryň artistleriniň, ýaş ýerine ýetirijileriň gatnaşmagynda Täze ýyla bagyşlanan köpsanly çäreler badalga alar. 

Däp boýunça 24-nji dekabrda Aşgabatda Maslahat köşgüniň sahnasynda ýaş zehinli aýdymçylaryň arasyndaky “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň netijeleri jemlener hem-de oňa gatnaşyjylaryň jemleýji konserti bolar. 30-njy dekabrda Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada, “Ylham” seýilgähinde, “Türkmenistan” we “Watan” kinokonsert merkezlerinde uly konsertler geçiriler, 31-nji dekabrda bolsa welaýatlaryň meýdançalarynda hem-de paýtagtymyzyň “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada konsertler Aşgabat bilen welaýat merkezleriniň arasynda teleköpri guralar.   “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada Täze ýyl dabaralary owadan feýerwerk bilen tamamlanar.

Milli tele we radioýaýlymlary ýörite Täze ýyl gepleşiklerini taýýarlaýar.   Mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş döwründe Gökderedäki hem-de welaýatlardaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde hem baýramçylyk çäreleri guralar.

Hormatly Prezidentimiz öňde boljak Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görmek baradaky meselä degip geçip, ähli dabaralaryň hem-de Täze ýyl çäreleriniň ýokary derejede, uly türkmen toýuna mahsus bolan şatlyk, bereket we myhmansöýerlik ýagdaýynda geçirilmelidigini nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew  obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi. Şu günler ak ekinlere zerur bolan ideg işleri ýerine ýetirilýär—ösüş suwyny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar.

Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugunduryny ýygnamak dowam edýär. Şeýle-de ýazky gowaça ekişi üçin tehnikalary we oba hojalyk ýerlerini taýýarlamak işleri amala aşyrylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hasabyna azyk bolçulygyny döretmek, oba hojalyk pudagynda işleýän döwlet we hususy kärhanalaryň eksport kuwwatyny berkitmek ýaly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny aýratyn görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-peremýere geljek ýylyň bereketli hasylynyň düýbüni tutmak boýunça  möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary hilli we öz wagtynda  geçirmek, oba hojalyk toplumynda özgertmeleri güýçlendirmek, welaýatlarda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjin edilen   gaýtadan işleýän kärhanalary, maldarçylyk we guşçylyk toplumlaryny  döretmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şol sanda «TürkmenÄlem 520E» aragatnaşyk emeli hemrasyny ulanmak bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemranyň netijeli ulanylmagy sanly teleýaýlymlaryň ýokary hilli alnyp berlişine ýardam eder diýip belledi. Hemra takyk  aragatnaşygynyň  iň alysdaky ilatly ýerleri hem gurşap alyp, aragatnaşygyň we dolandyryşyň innowasion ulgamyny döretmek üçin uly ähmiýete eýe boljakdygyny nygtady. Milli Liderimiz hemra aragatnaşygynyň Türkmenistanda älem bilen baglanyşykly barlag işlerini ösdürmäge we kämilleşdirmäge ýardam etmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ähli taslamalar durmuşa geçirilende, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikirlerden hem-de innowasion tehnologiýalardan ugur alynmalydygyny nygtap, wise-premýere bu babatda  anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, okuwçylaryň gyşky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Wise-premýer häzirki wagtda Täze ýyl baýramçylygy günlerinde çagalaryň boş wagtynyň gyzykly hem-de peýdaly geçirilmegini üpjün etmek üçin zerur çäreleriň görülýändigini, munuň üçin ýurdumyzda ähli şertleriň döredilendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, ösüp gelýän nesliň abadançylygy we bagtyýarlygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Milli Liderimiz mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerinde çagalaryň oňat dynç almagy, boş wagtlaryny şadyýan, gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi üçin ähli tagallalary etmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow senagat pudagynda gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti tarapyndan pudagy ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Pudaklaýyn maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde tutulýan balyklary emeli ösdürmek boýunça çäreleriň toplumynyň göz öňünde tutulandygy bellenildi. Şu maksat bilen şu ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Altyn asyr etraplaryndaky umumy meýdany 1100 gektar bolan howdanlaryna zagara, tüňňümaňlaý we beýleki ýaş balyklaryň millionlarçasy goýberildi. 

Wise-premýer Mary welaýatynyň Mary şäherinde, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda sowadyjy ammarlarynyň gurluşygynyň tamamlanandygy barada hasabat berdi. Bu desgalary ýakyn wagtda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanda gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmäge hem-de ýokary hilli azyk önümlerini, şol sanda balyk önümlerini öndürmäge uly üns berilýändigini belledi. Milli Liderimiz maýa goýumlaryň goýulmagy, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, döwrebaplaşdyrylan desgalaryň gurulmagy netijesinde bu pudagyň depginli ösýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň balyk hojalygyny ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri öz wagtynda çözmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda ýerine ýetirilen işler hem-de paýtagtymyzda Täze ýyl baýramçylygyny geçirmäge görülýän taýýarlyk, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp   barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer baýramçylyk mynasybetli Täze ýyl Baş arçasynyň “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylandygyny habar berdi. Täze ýyl arçalary Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada, “Ylham” we “Arkadag” seýilgählerinde  hem gurnaldy.

Hasabatyň çäklerinde Täze ýyl dabaralaryny geçirmekde paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin zerur şertleri üpjün etmek boýunça degişli gulluklaryň   taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Täze ýyl dabaralaryny geçirmäge degişli guramaçylyk meselelerine, şol sanda tertip-düzgüni berjaý etmek hem-de adamlaryň Täze ýyl baýramçylygyny oňat bellemegi üçin ähli şertleri döretmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi. 

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz Täze ýyl dabaralary mynasybetli paýtagtymyzda bezeg işleriniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhunda türkmen halkynyň iň gowy milli däpleriniň özboluşly beýanyna öwrülmelidigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan welaýatlarda hem-de  Aşgabat şäherinde gurlan täze desgalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şol desgalaryň sanawyna Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda gurlan ýylda 100 tonna et we 20 müň tonna süýt önümlerini öndürýän maldarçylyk toplumy, ýylda 100 tonna et öndürjek mal semrediş hojalygy,   Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýylda 50 tonna önüm öndürmäge niýetlenen gök we miwe önümleri ýetişdirilýän ýyladyşhanalaryň ikisi, ýurdumyzyň hususy öndürijileri hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň saklanýan merkezi ýylda 3 müň tonna şokolad önümlerini öndürýän durky täzelenen we göwrümi giňeldilen kärhana girýär.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýylda 70 müň kub metr kuwwatlylygy bolan çagyl we ýuwlan çagyl öndürýän zawod, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde sygymlylygy 500 tonna bolan miwe, gök we bakja önümlerini saklamaga niýetlenen sowadyjy ammar, Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynda kuwwaty ýylda 1 million gaba barabar bolan gök we miwe önümlerini gaplaýjy kärhana, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde umumy meýdany 1500 inedördül metr bolan döwrebap söwda-senagat merkezi, Aşgabatda bolsa kuwwatlylygy ýylda 200 million gap öndürýän zawod bina edildi.

1200-den gowrak iş orunlary döredilen bu desgalardan başga-da, Täze ýyla gabatlanyp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda desgalaryň ikisi, Balkan welaýatynda çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezi hem-de ýaşaýyş jaýy, paýtagtymyzda çagalar bagy we ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşykda hut telekeçilik işiniň ýurdumyzda gurluşyk önümçiligini ösdürmegiň has netijeli ugurlarynyň birine öwrülendigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz  barha giň gerime eýe bolýan işewürliginiň milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga goşant goşup, ýurdumyzyň senagat we eksport kuwwatyny artdyrmaga, durmuş wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirip, täze desgalaryň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegini baýramçylyga mahsus ýokary derejede  guramak barada wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.           

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk—hukuk  binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak, türkmen döwletini durmuş—ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge, onuň demokratik esaslaryny berkitmäge, şeýle hem ileri tutulýan ugurlary ösdürmek üçin amatly hukuk şertlerini döretmäge gönükdirilen kanunlary we kadalaşdyrjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak babatda alyp barýan işleri hakynda habar berdi.

Mejlisiň iş toparlarynda birnäçe kanun taslamalarynyň üstünde işlemek dowam edýär, deputatlar kabul edilen kanunçylyk namalary,   döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty boýunça   ýerlerde  maglumat-düşündiriş   işlerini giňden  geçirýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň durmuş-ykdysady maksatnamalaryny we meýilnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen milli parlamentiň kanunçykarjylyk işini mundan beýläk-de işjeňleşdirmegi möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz umumy ykrar edilen halkara hukuk resminamalaryny    döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda, milli kanunçykaryjylyk işinde nazara almagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz  öňümizdäki, 2016-njy ýylda berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyga eýe bolmagynyň 25 ýyllygynyň giňden we dabaraly belleniljekdigini aýdyp, Mejlisiň  Başlygy A.Nurberdiýewa bu şanly sene mynasybetli ýubileý medalyny döretmek hem-de ýubileý nyşanyny çykarmak baradaky meselä garamagy, şeýle hem Ministrler Kabineti bilen bilelikde baýramçylyk çärelerini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek bilen bagly teklipleri bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki möhüm meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

 

TDH