Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi

2015-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda özbek paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimowyň arasynda geçirilen gepleşikler uly üstünlige eýe boldy.

Ýokary derejedäki nobatdaky duşuşyk Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze möhüm sahypany ýazar. Ol gatnaşyklar dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, taraplar bu gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmegi göz öňünde tutýarlar.

Günüň birinji ýarymynda “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynda belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy. Bu ýerde   Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy   Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimow mähirli garşylady.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däbe görä surata düşmek dabarasyndan soň, Prezident Islam Karimow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy kabulhananyň öňündäki meýdança çagyrýar. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Bu ýerde nyzama düzülen hormat garawulynyň başlygy dabaraly ýagdaýda  hasabat berýär. Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary esgerleriň hatarynyň öňünden geçýärler.

Belent mertebeli türkmen myhmany  Özbegistan Respublikasynyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrylýar.

Prezident Islam Karimow öz nobatynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşýar.

Türkmen döwletiniň Baştutany Özbegistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen hem tanyşýar.

Resmi taýdan garşylamak dabarasy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri kabulhananyň Ojak zalyna barýarlar, bu ýerde olaryň ikiçäk gepleşikleri geçirildi.

Prezident Islam Karimow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy özbek topragynda mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Baştutanynyň Özbegistana bu saparyna däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryny berkitmegiň we ösdürmegiň ýolunda täze möhüm ädim hökmünde baha berilýändigini belledi. Şol gatnaşyklar iki goňşy doganlyk ýurtlaryň we halklaryň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine doly gabat gelýär. Özbegistan Respublikasynyň Baştutany türkmen Liderini Daşkentde nobatdaky gezek kabul etmäge tüýs ýürekden şatdygyny aýdyp, şu gün geçiriljek gepleşikleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça has-da giňeltmek üçin ygtybarly esas boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşine mähirli garşylanandygy hem-de myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Özbegistan bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we özara bähbitli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady. Türkmen döwletiniň Baştutany özara gatnaşyklaryň ykdysady kuwwatyna, şeýle hem taryhdan gözbaş alýan türkmen we özbek halklarynyň köpasyrlyk ruhy-medeni gatnaşyklaryna esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, netijeli döwletara gatnaşyklarynyň geljekde hem ösdürilip, täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm halkara hem-de sebit meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygyny we bähbitleriniň umumydygyny belläp, Prezident Islam Karimowa BMG-niň howandarlygynda Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebit we dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan nukdaýnazarlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Islam Karimowy şu ýylyň dekabrynda Aşgabada gelmäge hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary amala aşyrmak, iki ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we geljek üçin meýilnamalary,  türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna hem-de geljegine degişli meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler netijeli döwletara syýasy gatnaşyklaryny has-da giňeltmek, netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny we däbe öwrülen medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmek babatda pikirlerini aýtdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara  syýasatynyň birnäçe möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňra gepleşikler Kongresler zalynda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Prezident Islam Karimow belent mertebeli türkmen myhmanyny we Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalaryny özbek topragynda mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana bu resmi  saparyna türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhyndaky möhüm, şanly waka hökmünde garaýandygyny belledi.

Özbek Lideri döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini kanagatlanmak bilen belläp, şu günki gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de sebit we halkara häsiýetli möhüm meseleler barada pikir alyşmaga oňat mümkinçilik döredýändigini nygtady.

Prezident Islam Karimow edil ýaňy tamamlanan ikiçäk gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berip özara düşünişmek ruhundaky ýokary derejedäki duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri boýunça düýpli pikir alşylandygyna,  hem-de geljek üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň kesgitlenendigini belledi. Şunda özbek Lideri şu günki gepleşikleriň goňşy döwletleriň dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini  nygtady.

Prezident Islam Karimow Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasy ugruny hem-de netijeli halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny belläp, özbek tarapynyň abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň çäklerinde  ýurdumyz bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlyga ygrarly bolup galýandygyny tassyklady. Şunda ähli garalýan meseleler boýunça iki ýurduň çemeleşmeleriniň meňzeşdigi bellenildi.

Özbegistanyň Baştutany söwda-ykdysady ulgamda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy barada durup geçmek bilen, degişli ugurda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň depginlerini artdyrmagyň zerurdygyny, munuň özara bähbitlere we uly mümkinçiliklere gabat gelýändigini aýtdy. Prezident Islam Karimow Türkmenistanyň we Özbegistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegini hem-de olaryň üstaşyr mümkinçiliklerini nazara almak bilen, ulag-aragatnaşyk ulgamyny hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezdi.

Özbek Lideri döwletara gatnaşyklarynyň esasyny düzýän medeni-ynsanperwer  hyzmatdaşlyk meselesi barada aýdyp,  degişli ugurda netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetini belledi. Munuň özi iki ýurduň hem-de  halklaryň arasyndaky gadymdan gözbaş alýan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge hyzmat eder.

Prezident Islam Karimow pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän şanly seneler – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy hem-de hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy bilen mähirli gutlady. Özbek Lideriniň aýtmagyna görä, türkmen döwleti häzirki döwürde dünýäniň okgunly ösýän ýurtlarynyň biri hasaplanýar.

Prezident Islam Karimow şu saparyň we onuň netjeleriniň Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly, netijeli gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirip bilen, tutuş  türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär.    

Döwlet Baştutanymyz özbek kärdeşine mähirli kabul edilendigi, myhmansöýerlik hem-de bilelikde netijeli işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin türkmen wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Özbegistany hoşniýetli goňşusy, mähirli dosty we pikirdeşi   hasaplaýandygyny  belledi. Iki doganlyk ýurduň arasyndaky ynanyşmagyň hem-de özara düşünişmegiň eýe bolan derejesi bize öz gatnaşyklarymyzy geljek üçin gurmaga, halkara we sebit syýasatynyň esasy ugurlary boýunça çemeleşmeleri ylalaşmaga, ykdysadyýetde, söwda, maýa goýum işlerinde, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin meýilnamalaryny döretmäge mümkinçilik berýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany häzir daşary syýasatda sebit howpsuzlygyny berkitmek meseleleriniň ilkinji hatara çykýandygyny bellemek bilen, özara düşünişmek hem-de sebitde bolup geçýän wakalara    garaýyşlaryň meňzeşligine esaslanan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň bu wezipäni amala aşyrmakda düzüm bölegi hökmünde çykyş edýändigine ynam bildirdi.

Türkmenistan we Özbegistan Orta Aziýada asuda hem-de durnukly ösüşi üpjün etjek mäkäm we netijeli usullary döretmek, dawaly ýagdaýlara ýol bermezlik, bar bolan meseleleri syýasy-diplomatik usul arkaly çözmek, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmek, özara bähbitleri berjaý etmek hem-de nazara almak ugrunda çykyş edýärler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, diňe şeýle esasda Orta Aziýa döwletleriniň ykdysady taýdan ösmegi we döwrebaplaşmagy, bu sebitiň yklymda strategik durnuklylygyň mäkäm halkasyna öwrülip, dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagy mümkin bolar.

Biz geljekde hem halkara terrorçylygyna, ekstremistik ideologiýasynyň ýaýradylmagyna, neşe söwdasy we beýleki bikanun işler bilen meşgullanýan jenaýat toparlaryna garşy durmak maksady bilen ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde ysnyşykly hyzmatdaşlyk saklarys diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, gepleşikler mahaly taraplar däp bolşy ýaly, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga uly üns berýärler. Şol ýagdaýy diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly, ähli jogapkär we netijeli owgan güýçleriniň gatnaşmagynda giň umumymilli gepleşikleriň esasynda düzetmek mümkindir.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanda halkara bileleşiginiň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda ylalaşdyryjy kuwwaty has işjeň we giňden ulanmagyň zerurdygy barada aýyp, bu meselede BMG-ä zerur bolan kömegi bermäge taýýardygyny tassyklady.   Biziň ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini nazara almak bilen, biz  öz syýasy giňişligimizi owganara syýasy gepleşiklerini geçirmek üçin teklip edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň Owganystanyň Hökümetine hemmetaraplaýyn halkara goldawyny bermek, bu ýurduň sebit we halkara ykdysady işlerine, hususan-da, energetika hem-de ulaglar ýaly ykbal ähmiýetli möhüm ulgamlara netijeli goşulyşmagyna ýardam etmek ugrunda çykyş edýändigini  belledi. Ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli ugurlary üçin hünärli milli işgärleri taýýarlamakda kömek etmek owgan halkyny goldamagyň möhüm ugry bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň  Özbegistan bilen hyzmatdaşlygyny dünýäniň syýasy giňişliginde, iri halkara guramalarynyň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde berkitäekdigini nygtady.Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinden başga-da, gün tertibiniň durnukly ösüş ýaly möhüm ugry boýunça tagallalary birleşdirmek zerurdyr. Energetika howpsuzlygy, halkara ulag- üstaşyr gatnawyny ösdürmek, howanyň üýtgemegi onuň aýrylmaz düzümleri bolup durýar.

Milli Liderimiz energetika ulgamyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugry hökmünde görkezip,  şunda gürrüňiň, ozaly bilen, kuwwaty bir ýylda 25 milliard kub metr gaza deň boljak Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý ugry boýunça gaz geçirijisini gurmak  hakynda barýandygyna ünsi çekdi.

Türkmenistandan Özbegistanyň we Gazagystanyň çäkleri bilen  HHR-e uzalyp gidýän gaz geçiriji  bu taslama  gatnaşýanlara   uly ykdysady peýdany üpjün eder. Mundan başga-da, ol gündogar ugurda energiýa serişdelerini ibermegiň goşmaça durnuklylygyna we ygtybarlylygyna, Orta Aziýanyň kontinental ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has işjeň goşulyşmagy üçin zerur bolan şertleri döretmäge ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Islam Karimowa taslamany goldandygy hem-de ony amala aşyrmaga netijeli ýardam edýändigi üçin  minnetdarlygyny beýan etdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany ulag ulgamynyň Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugrudygyny belläp, kuwwatly we döwrebap düzümiň döredilmegini  strategik maksat hökmünde görkezdi. Ol Orta Aziýanyň, Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirer. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gruziýanyň, Türkiýäniň, Rumyniýanyň we beýleki ýurtlaryň Gara deňizdäki portlaryna çykmak bilen Özbegistan-Türkmenistan- Hazar deňzi-Günorta Kawkaz ugry boýunça geçelgäni döretmek babatda bilelikdäki işlere taýýardygyny tassyklady. 

Türkmenistan we Özbegistan 2011-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda gol çekilen Orta Aziýa-Ýakyn Gündogar ugry boýunça halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Ylalaşyga gatnaşyjylar bolup durýarlar. Geçen döwürde degişli ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde duşuşyklar, şu ýylyň fewralynda bolsa Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ulag - üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň  1-nji mejlisi geçirildi. Indi geljegi uly bolan bu taslamany amala aşyrmagyň meselelerini çözmäge wagt boldy diýip, döwlet Baştutanymyz degişli ugurda bilelikdäki işleriň gerimini giňeltmegi teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kontnental ulag gatnawlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda hem Türkmenistanyň Orta Aziýa-Hytaý demir ýoluny gurmak mümkinçiligine seretmäge taýýardygyny aýtdy.

Suw-energetika meseleleri boýunça özara gatnaşyklar ikitaraplaýyn  hem-de sebit hyzmatdaşlygynda aýratyn möhüm orun eýeleýär. Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, şu meselelere garamagyň we çözmegiň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, birek-birege hormat goýmagyň hem-de sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almagyň we ýöriteleşdirilen halkara guramalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylmalydygyny belledi .

Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işini pugtalandyrmak we kämilleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Türkmen döwletiniň Baştutany bu gaznanyň Aral ýakasynda ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak babatda hyzmatdaşlygy üpjün etmäge gönükdirilen möhüm sebitleýin düzüm bolup durýandygyny   aýtdy.

Iki ýurt üçin hem umumy bolan ýene-de bir mesele— BMG-niň çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyny durmuşa geçirmek meselesi bpo.  Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň awgustynda Aşgabatda “Topragyň ýaramazlaşmagyna ykdysady baha” atly sebitara maslahaty geçirildi. Oňa Özbegistan işjeň gatnaşdy. Biz şu meselede mundan beýläk-de ikitaraplaýyn özara hereket etmäge umyt bildirýäris diýip, türkmen Lideri nygtady.

Umuman, ekologiýa meselesi boýunça özara gatnaşyklary ikitaraplaýyn  we halkara derejesinde işjeňleşdirmegi zerur hasaplaýarys diýip,  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şu babatda Türkmenistan Orta Aziýa sebitinde tebigaty goramak ulgamynda halkara özara gatnaşyk etmek meseleleri bilen meşgullanjak hemişelik esasda işleýän ýöriteleşdirilen düzümi döretmek boýunça işleri anyklaşdyrmagy teklip edýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany uly kuwwata eýe bolan türkmen-özbek söwda-ykdysady aragatnaşyklaryna ünsi çekip, ony has-da ösdürmek babatda pikirini aýtdy. Bellenilişi ýaly, 2013-2017-nji ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama hem-de Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda  harytlary özara ibermek hakynda Ylalaşyk söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, täze ugurlara çykmak üçin hemme şertleri döredýär.

Milli Liderimiz söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn toparyň bu meseleler bilen  meşgullanjakdygyna umyt edýäris diýdi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewüriň,  telekeçileriň arasynda, şol sanda söwdada, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmakda, bilelikdäki  iri kärhanalary döretmekde, oba hojalygynda, gaýtadan işleýän we hyzmatlar ulgamynda ýygjam işleşmekde işewür gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly umyt baglanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýratyn isleg bildirilýän ugurlarynyň hatarynda syýahatçylygy agzap, özbek hyzmatdaşlaryny Hazaryň türkmen kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çagyrdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň çäklerinde bütindünýä ähmiýetli Gadymy Merw, Nusaý we Köneürgenç, Hywa, Buhara hem-de Samarkant, köpsanly beýleki medeni-arheologik ýadygärlikler  bolan syýahatçylyk desgalary bar. Şu babatda türkmen döwletiniň Baştutany syýahatçylyk pudagynda ulgamlaýyn özara hereketleri ýola goýmagyň, halkara syýahatçylygy babatda hyzmatdaşlygyň bilelikdäki maksatnamalary hakda oýlanmagyň hem-de geljekde syýahatçylyk ugurlarynyň we logistika mümkinçilikleriniň esasynda umumy syýahatçylyk giňişligini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy baradaky pikiri aýtdy.

Türkmen Lideri taraplaryň däp boýunça medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky gürrüňiň aýratyn üns merkezinde durýandygyny nygtap, soňky ýyllarda iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertlerini geçirmegiň, Türkmenistanda we Özbegistanda guralýan halkara döredijilik festiwallaryna  gatnaşmagyň asylly däbe öwrülendigini belledi. Medenit-ynsanperwer ulgamda 2014-2016-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň hökümetara Maksatnamasyna laýyklykda, biz şeýle duşuşyklary geçirmegi dowam ederis we giňelderis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem iki ýurduň kanunçykaryjy edaralarynyň arasynda netijeli aragatnaşyklary pugtalandyrmak, parlament wekiliýetlerini yzygiderli alyşmagy ýola goýmak babatda  aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  aýdylanlary jemläp, barha ösýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň yzygiderli häsiýetini ýene-de bir gezek kanagatlanmak bilen nygtady. Deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak iki doganlyk halklaryň hem-de döwletleriň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň wajypdygyna  düşünmek şol gatnaşyklaryň tapawutly aýratynlygy bolup durýar. Olar  hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däplerine, taryhyň, diliň, medeniýetiň, däpleriň, ruhy hem-de durmuş gymmatlyklarynyň umumylygyna, täze wehimlere  öz wagtynda berk gaýtawul bermek üçin pugta hereket etmegi hem-de tagallalary utgaşdyrmagy talap edýän häzirki zaman ýagdaýlaryna akyl ýetirmäge esaslanýar.

Hyzmatdaşlygyň ähli meseleleri boýunça biz Özbegistan tarapyndan umumy garaýşy, özara hereket etmäge düşünişmegi we taýýarlygy  görýäris diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy. Türkmenistan muňa ýokary baha berýär hem-de şeýle ýörelgäni birek-biregi goldamaga  esaslanan, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň doganlyk häsiýetiniň üýtgewsizdiginiň, türkmen we özbek halklarynyň bähbidine olary has-da ösdürmegiň we berkitmegiň girewi hasaplaýar.   

Şu günki duşuşyk iki döwletiň hyzmatdaşlygy giňeltmek, syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer aragatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de zerur çäreleri görmäge taýýardygyny tassyklady. Bu ýerde, Daşkentde biz  adamlaryň myhmansöýerligini we göwnaçyklygyny, özbek halkynyň  ýurdumyza tüýs ýürekden  hormatyny we mähribanlygyny ýene-de bir gezek duýdyk diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz özbegistanyň halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw edip, Prezident Yslam Karymowa   iki ýurduň arasyndaky dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işine berýän ýadawsyz ünsi we uly şahsy goşandy üçin  ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Giňişleýin düzümdäki  gepleşiekler tamamlanandan soň, Metbugat maslahaty zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen “Uzbekiston temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen “Uzprommashimpeks” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Şertnama; Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen “Samarkandskiý awtomobilnýy zawod” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda Şertnama; Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen “General motors Uzbekistan” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Şertnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2016-2018-nji ýyllarda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama;  Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2016-2018-nji ýyllarda saglygy goraýyş we sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2016-2018-nji ýyllarda ylmy-tehniki babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama; 2007-nji ýylyň 18-nji oktýabryndaky Döwlet serhedinden geçiriş ýerleri hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda  Ylalaşyga üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek barada Teswirnama;  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;  Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag babatda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ýörelgeleri hakynda Ähtnama gol çekilýär.

Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimow Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine  ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Özbegistan Respublikasynyň Baştutany geçirilen gepleşikleriň netijelerini beýan edip, belent mertebeli türkmen myhmanyny hem-de ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalaryny myhmansöýer özbek topragynda ýene-de bir gezek  mähirli mübärekledi. Prezident Islam Karimowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu saparyna Özbegistanda  döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda şanly waka,  hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we iki halkyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly ösmeginiň aýdyň subutnamasy hökmünde garalýar. Özbek Lideri her bir ýokary derejedäki türkmen-özbek duşuşygynyň aýratyn ähmiýete eýe bolup, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp meselelerini çözmäge, onuň täze wezipelerini, täze sepgitlerini kesgitlemäge ýardam edýändigini belledi.

Özbegistan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň bu saparynyň türkmen halkynyň iň esasý baýramçylyklarynyň – Garaşsyzlyk gününiň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçýändiginiň çuňňur manysy bardygyny aýtdy.  Pursatdan peýdalanyp, Prezident Islam Karimow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmenistanlylary bu şanly taryhy seneler bilen tüýs ýürekden gutlady. 20 ýyl mundan ozal Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesiniň yglan edilmegi, onuň BMG hem-de  halkara bileleşigi tarapyndan goldanylmagy oýlanyşykly we öz wagtyndaky çözgüt boldy. Prezident Islam Karimowyň nygtaýşy ýaly, bu dereje  Garaşsyz hem özygtyýarly türkmen döwletiniň tutuş ösüş ýoluny kesgitledi, ýurduň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirmek baradaky berk erk-isleginiň we meýliniň       aýdyň subutnamasyna öwrüldi, şeýle hem giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijeli durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam etdi.

Däp bolşy ýaly, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýagdaýynda geçen ikitaraplaýyn duşuşyk hem-de gepleşikler ýene-de bir gezek türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi, sebit we halkara syýasatynyň wajyp meseleleri babatda taraplaryň garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini ýene-de bir gezek görkezdi diýip, Özbegistanyň Baştutany sözüni dowam etdi. Taraplar bu gün ýene-de bir gezek  iki ýurduň we halklaryň uzakmöhletleýin bähbitleriniň we strategiki wezipeleriniň umumylygyny hem-de bitewüdigini tassykladylar.

Prezident Islam Karimowyň belleýşi ýaly, Özbegistan özygtyýarly Türkmenistanyň oňyn daşary syýasat ugruny yzygiderli goldaýar, turkmen tarapynyň sebit we halkara howpsuzlygyny, parahatçylygy hem-de ylalaşyklylygy pugtalandyrmak, goşulyşmak ýagdaýyny giňeltmek, ygtybarly, diwersifikasion we ykdysady taýdan esaslandyrylan ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny hem-de energiýa geçelgelerini ösdürmek, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak boýunça başlangyçlaryny hem-de çemeleşmelerini mübärekleýär. Özbek Lideri Garaşsyz türkmen döwletiniň baý tebigy serişdeleri rejeli ulanmagyň hasabyna ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň uzakmöhletleýin hem-de      oýlanyşykly maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň ýolunda, halkara giňişliginde eýeleýän ornuny berkitmekde gazanýan uly üstünlikleriniň Türkmenistanyň iň duldegşir goňşusy hökmünde   Özbegistanda hakyky hormat we buýsanç duýgusyny döredýändigini  aýtdy.

Soňra Prezident Islam Karimowyň belleýşi ýaly, gepleşiklerde sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy durmak,   sebitiň içindäki köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine üns berildi. Şunuň bilen baglylykda,  taraplaryň umumy pikirine görä, häzirki wagtda oňyn ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek, öz netijeliligini görkezen syýasy geňeşmeleri dowam etmek we umumy bähbitleriň esasynda birek-biregi goldamak hem-de BMG-niň, GDA-nyň, YHG-niň, AHHG –niň we beýleki guramalaryň hem-de edaralaryň çäklerinde hereketleri utgaşdyrmak möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Özbek Lideri şeýle hem Özbegistanyň we Türkmenistanyň Orta Aziýa sebitiniň suw-energetika serişdelerini oýlanyşykly hem-de rejeli ulanmak meselesi boýunça bitewi garaýşy tassyklandyklaryny nygtady. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary hem-de BMG-niň kabul edilen degişli konwensiýalary bu meselede kadalaşdyrmagyň esasy hökmünde hyzmat etmelidir. 

Prezident Islam Karimow owgan meselesine degip geçip,  ýurtlarymyzyň demir ýollary gurmak, möhüm düzümleri döretmek, elektrik energiýasyny we owgan halky üçin zerur bolan beýleki harytlary ibermek babatda anyk taslamalary durmuşa geçirmek arkaly Owganystanda parahatçylygy berkarar etmäge saldamly goşant goşýandyklaryny, bu işi mundan beýläk hem dowam etdirjekdigini belledi.

Özbek Lideri taraplaryň Türkmenistanyň we Özbegistanyň uly ulag-aragatnaşyk kuwwatyndan   netijeli peýdalanmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, gürrüňiň, ilkinji nobatda, “Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman” ulag ugruny döretmek hakyndaky Aşgabat ylalaşygyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek barada barýandygyny aýtdy. Ol halkara üstaşyr ýük gatnawlarynyň möçberini ep-esli artdyrmaga hem-de dünýä bazarlaryna täze ulag  geçelgesini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Gepleşikleriň barşynda   özara haryt dolanyşygynyň depginini mundan beýläk-de artdyrmak meselesine aýratyn üns berildi. Soňky 6 ýylyň dowamynda özara haryt dolanyşygynyň möçberi 3 essä golaý artdy we olary mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin uly kuwwat bar. Pursatdan peýdalanyp, Özbegistanyň Baştutany türkmen kärdeşine hemmetaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygyny ilerletmek işinde yzygiderliligi we tutanýerliligi, ikitaraplaýyn derejede hem-de tutuş sebitde özara ynanyşmak ýagdaýyny döretmek üçin möhüm şert hökmünde syýasy gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga açyk we gyzyklanma bilen garaýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Özbegistanyň Prezidenti sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Baştutanynyň şu saparynyň döwrüň synagyndan geçen türkmen-özbek dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna has-da kuwwatly itergi berjekdigine, iki doganlyk halkyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýän  körugurly hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejede geçirilen duşuşygyň netijelerini teswirläp, Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan bildirilen myhmansöýerlik, mähirli kabul edişlik hem-de bileliekde işlemek üçin ajaýyp şertleriň döredilendigine Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine,  özbek hyzmatdaşlarynyň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen Lideri gepleşikleriň barşynda taraplaryň türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşandygyny, özara gyzyklanma döredýän birnäçe halkara meseleleri boýunça pikir alşandygyny belledi. Onuň netijeleri boýunça iki döwletiň Prezidentleri tarapyndan Bilelikdäki Beýannama,  dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy kesgitleýän ylalaşyklaryň toplumyna gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  bular barada aýtmak bilen, ýokary derejedäki  duşuşygyň Türkmenistanyň we Özbegistanyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge özara gyzyklanmasyny we taýýarlygyny hem-de munuň üçin iki tarapyň hem hakyky mümkinçilikleriniň bardygyny tassyklandygyny nygtady.

Türkmen döwletiniň Baştutany gepleşikleriň barşynda parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerine möhüm orun berlendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalarynyň çäklerinde hem halkara terrorçylygyna, wagyz ediş we dini ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy hereket etmek ýaly wajyp meseleleri çözmekde  özara gatnaşyk etmegi ylalaşdylar.

Orta Aziýanyň we goňşy sebitleriň howpsuzlygynyň berkidilmegi meselelerine aýratyn üns berildi diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdi. Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk we  özara hereketler bu gün şu işleriň esasy alamatlary hökmünde aýdyň   çykyş edýär.  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, bu ýerde  ýurtlarymyzyň eýerýän ýörelgesi üýtgewsizdir: biz Orta Aziýanyň parahat we durnukly ösüşini, jedelli ýagdaýlara ýol berilmezligini, bar bolan hemme meseleleriň syýasy-diplomatik usulda çözülmegini, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmagy, özara bähbitleri göz öňünde tutmagy we berjaý etmegi üpjün etjek mäkäm hem-de netijeli gurallary döretmek ugrunda çykyş edýäris.

Diňe şu esasda Orta Aziýa sebitiniň döwletleriniň depginli ykdysady ösüşiniň hem-de döwrebaplaşdyrylmagynyň,  yklymda strategik durnuklylygyň mäkäm halkasyna öwrülmeginiň, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagynyň geljegi anyk bolup biler diýip, türkmen döwletiniň Bapştutany nygtady. Sebit syýasatynyň möhüm meseleleriniň çözülmeginde çemeleşmeleriň gabat gelýändigini tassyklap, taraplar iri halkara guramalarynda, ilkinji nobatda, BMG-da özara hereket etmegi işjeňleşdirmegi dowam etmegi ylalaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gepleşikler mahaly, owgan meselesine garalandygyny belläp, ýurtlaryň ikisiniň hem Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly, goňşy döwletiň ähli jogapkär we netijeli güýçleriniň gatnaşmagynda giň umumymilli gepleşikler esasynda sazlamak boýunça ýörelgä üýtgewsiz ygrarlydygy barada aýtdy.     

Halkara jemgyýetçiliginiň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda parahatçylyk döredijilik mümkinçiligi Owganystanda has işjeň we giňden herekete getirilmeli hasaplaýarys diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Biz şeýle hem Owganystanyň Hökümetine halkara derejesinde işjeň goldaw bermek, bu ýurduň sebit we halkara ykdysady işlerine, hususan-da, energetika, ulag pudagy ýaly durmuşyň wajyp pudaklarynda işlere netijeli goşulyşmagyna ýardam bermek ugrunda çykyş edýäris diýip, türkmen döwletiniň Baştutany sözüni dowam etdi. Şunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle-de ynsanperwer ugrunyň ykdysady we durmuş ulgamynyň dürli ugurlary üçin hünärli milli işgärleri taýýarlamaga kömek bermegiň häzir owgan halkyny goldamagyň zerur tarapydygyny nygtady.    

Hormatly Prezidentimiziň  belleýşi ýaly, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinden başga-da, taraplar ählumumy gün tertibiniň durnukly ösüş hem-de onuň düzüm bölekleri bolan energetika howpsuzlygy, halkara ulag-üstaşyr gatnaşyklaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi ýaly wajyp ugurlar boýunça tagallalary utgaşdyrmagy dowam eder.

Durnukly energetika babatda aýdylanda, gürrüň, ilkinji nobatda, kuwwaty ýylda 25 milliard kub metr gaza barabar bolan Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý ugry boýunça gaz geçirijisiniň taslamasy barada barýar diýip, türkmen Lideri aýtdy. Ol oňa gatnaşyjylara düýpli ykdysady we täjirçilik bähbitleri üpjün etmäge, gündogar ugurda energiýa iberijilere goşmaça durnuklylyk bermäge, Orta Aziýanyň yklym derejesinde ykdysady aragatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.

Ulag pudagy barada aýdylanda, onda Türkmenistan  we Özbegistan Orta Aziýanyň, Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlarynyň birleşmegini üpjün edip biljek kuwwatly hem-de häzirki zaman düzümini döretmek maksady bilen hyzmatdaşlygy dowam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine  ýüzlenip,  häzirki gepleşikleriň gün tertibine çykarylan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň üstünde durup geçdi hem-de bu ulgamda iki tarapyň hem bar bolan kuwwatly mümkinçiligine laýyklykda, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze, geljegi uly ugurlaryna çykmagyň zerurdygy barada bir pikire gelendiklerini habar berdi. 

 

Ýokary derejede geçirilen duşuşygyň barşynda türkmen-özbek medeni –ynsanperwer gatnaşyklarynyň işjeňleşendigi, bu ugurda özara gatnaşyklary dowam etmek, iki ýurduň raýatlarynyň gatnaşyklary üçin şertleri döretmek hakynda ylalaşyklaryň gazanylandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, Özbegistan Türkmenistan üçin möhüm hyzmatdaş bolup, onuň bilen biz strategik geljek üçin gatnaşyklary gurýarys. Iki ýurduň hyzmatdaşlygy bu gün okgunly ösýär. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deňhukuklylygyň, birek-birege hormat goýmagyň, açyklygyň hem-de ynanyşmagyň, iki doganlyk halklaryň we döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň möhümdigine  düşünmegiň döwletara gatnaşyklarynyň tapawutly aýratynlygydygyny  belledi.

Türkmenistan we Özbegistan öz gatnaşyklarynda baý taryhy tejribä,  halklarymyzyň arasynda kemala gelen doganlyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak däplerine, şu  günüň wakalaryna akyl ýetirmäge, hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyna daýanýar. Biz ony doly derejede peýdalanmagy maksat edinip, köp ugurly türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň bähbitlerine gabat gelýändigine, sebit we halkara wakalarynyň barşyna oňyn täsir edýändigine düşünýäris diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany pursatdan peýdalanyp, özbek kärdeşini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyna bagyşlanyp dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşmaga ýene-de bir gezek çagyrdy. Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň  halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.    

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimow Daşkendiň Mustakillik merkezi meýdançasyna geldiler.  Bu ýerde Garaşsyzlyk we ynsanperwerlik binasyna gül goýmak çäresi geçirildi. Bu toplum Watanyň keşbini alamatlandyrýan  Garaşsyzlyk we Bagty ene binagärlik kompozisiýalaryny özünde jemleýär.

Hormat garawulynyň esgerleri  Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan binanyň etegine ajaýp gül dessesini goýýarlar. Bu bina Özbegistan Respublikasynyň garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygynyň, özbek  halkynyň parahatçylyk we döredijilik ýolundaky asylly arzuwlarynyň nyşany bolup durýar.

Gül goýmak dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti  Mustakillik (Garaşsyzlyk) meýdançasyny synladylar. Özbegistanyň Baştutany türkmen Liderine binanyň döredilişiniň taryhy, özünde jemleýän nyşanlary barada gürrüň berdi.

Iki ýurduň Liderleri Mustakillik meýdançasynda ýerleşen,  faşizme garşy göreşde wepat bolanlaryň ýagty ýadygärliginň bagyşlanan ýene-de bir ýadygärlige tarap ugraýarlar. Bu ýadygärlik ogullary uruşdan gaýdyp gelmedik gam çekýän enäniň Baky alawa baş egip duran şekili görnüşdedir. Özbegistanly gahrymanlaryň atlary ýadygärlik kompozisiýasyna girýän “Hatyra kitabyna”  müdimilik ýazyldy.

Soňra Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň bilelikdäki ulag kerweni “Bunýodkor” futbol stadionyna tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Özbegistan Respublikasynyň medeniýet we sport işleri ministri B.Ahmedow hem-de Özbegistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň hem-de Futbol federasiýasynyň prezidenti M.Usmanow garşyladylar.

Milli Olimpiýa komitetiniň başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlara guraýan saparlarynyň maksatnamasynda ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň gün tertibine sport ulgamyna degişli meseleleri girizýär hem-de  iş tertibinde dürli ýurtlaryň döwrebap sport düzümini döretmek, bu babatda öňdebaryjy işläp taýýarlamalary we innowasion çözgütleri boýunça gazanylan tejribeler bilen tanyşmaga wagt tapýar.

Dostlukly halklaryň hoşniýetli erkine laýyklykda, häzirki döwürde sport özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri we onuň geljekki ugurlaryny açýar. Dürli medeniýetleriň we sebitleriň ýakynlaşmagynda möhüm orun eýeleýän  sport ählumumy bagtyýar geljegiň bähbidine parahatçylykly we işjeň gatnaşyklaryň berkidilmegine hyzmat  edýär.

Häzirki döwürde Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň we onuň sport ulgamyndaky gazananlarynyň ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Türkmenistanyň Orta Aziýa döwletleriniň hatarynda ilkinji bolup bu sport çäresini geçirmek hukugyna eýe bolandygyny aýratyn bellemeli.

Mälim bolşy ýaly, Aziýa we Okeaniýa ýurtlaryndan müňlerçe türgenleriň gatnaşjak bäsleşikleri üçin türkmen paýtagtynda sebitde iri köpugurly sport toplumy gurulýar. Ol diňe bir Aziada-2017-niň merkezi bolman, eýsem, abraýly halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanýan türkmen türgenlerini taýýarlamak üçin ygtybarly tälim binýady bolup hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  tanyşlygyň barşynda özbek futbolçylarynyň sport ulgamynda ýeten derejeleri barada giňişleýin maglumat berýän muzeýe baryp gördi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde iri ýaryşlar, şol sanda halkara bäsleşikleri yzygiderli geçirilýän “Bunýodkor” stadionynyň enjamlaşdyrylyşy we bezeg işleri bilen  tanyşdy.

Bu döwrebap sport toplumynyň umumy eýeleýän meýdany 56 gektara barabar bolup, onda meýdançalaryň 7-si, çagalar-ýetginjekler sport mekdebi, suwda ýüzülýän howuz we beýleki desgalar bar.

Şeýle hem toplumyň düzümine türgenler, eminler, tälimçiler, futbol guramaçylary üçin otaglar, metbugat maslahat zaly, “Bunýodkor” futbol toparynyň  we Özbegitsanyň futbolynyň muzeýi, 3 restoran, çaýhana we fitnes-klub girýär.

Döwlet Baştutanymyz  35 müň tomaşasçy orunlyk Merkezi stadionyň  döwrebap ses ulgamyny, yşyklandyryş enjamlaryny uly üns bilen synlady. Bu ýerde mahabat şekillerini görkezmäge niýetlenen monitorlar oturdylypdyr.

Stadionyň ähli bölümleri ýörite aýnadan edilen ýagyndan goraýan örtükler bilen üpjün edilipdir. Örtügiň beýikligi 47 metre barabardyr. Merkezi stadionda emeli otuň iki görnüşi bar. Olaryň biri gyşky, beýlekisi bolsa tomusky görnüşli emeli otlardyr. Bu ýerde güýçli drenaž ulgamy çekilipdir we gyş aslynda 12 derejä çenli ýylylygy üpjün edýän ulgam oturdylypdyr. Munuň özi dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýär.

Soňra Türkmenistanyň we Özbegistanyň  Prezidentleriniň ulag kerweni Anhor kanalynyň kenarynda ýerleşýän “Minor” metjidine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanlaryny metjidiň müftisi we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ýerde ýerine ýetirilen çeperçilk-bezeg işleri bilen tanyşdyrylýar.

Metjidiň binasy gadymy gündogar özbek äheňinde gurlupdyr. Onuň iki minarasy bolup,  gümmezi asman reňkindedir. Metjidiň içki bezeginde nagyşlar örän göwnejaý ulanylypdyr. Onuň mährabynda diňe bir Gurhanyň süreleri däl, eýsem, hadyslardan parçalar ýerleşdirilipdir. Bu metjitde birbada  2400 adama namaz okamaga mümkinçilik bar. “Minor” metjidiniň açylmagy bilen,  Daşkendiň we tutuş Özbegistanyň musulmanlarynyň iri ruhy merkezleriniň birine öwrüldi.

Metjit bilen tanyşlyk tamamlanandan soň, bu ýerde aýat okaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tanyşlyk üçin minnetdarlyk bildirip, metjidiň özbek halkynyň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny we onuň yslam dinini,  ynsanperwerlik, doganlyk we dostluk ýörelgelerini wagyz etmekde ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Şu gün  belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan resmi agşamlyk nahary berildi. Onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşkendiň halkara howa menziline geldi we bu  ýerden Watanymyza tarap ugur aldy.

TDH