Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty
2015-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň “Awaza” Kongresler merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Ol türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda möhüm şanly waka boldy. Umumymilli forumyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan oňyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri gyşarnyksyz durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan meseleleri girizildi.
Ýakynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda Hazaryň kenarynda täze desgalaryň ulanylmagy berilmegi türkmen döwletiniň Baştutanynyň durmuşa geçirýän döredijilikli syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şol desgalaryň hatarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda açylan täze sport toplumy, Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabyndaky durmuş maksatly desgalar, şeýle hem “Hazar balyk” açyk paýdarlar jemgyýetiniň bekre balygyny, onuň işbilini ösdürip ýetişdirýän hem-de balygy gaýtadan işleýän kärhanasy bar. Maslahatyň öňüsyrasynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Kogresler merkezi we şypahana düzüminiň birnäçe täze döwrebap desgalary hem açyldy. Kongresler merkezi Ýaşulularynyň maslahatynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Ýaşulular maslahaty türkmen jemgyýetiniň gurluşunyň gadymy institutlarynyň biridir. Häzirki döwürde, täze taryhy eýýamda ol döwürleriň hem-de nesilleriň arabaglanyşygyny, türkmen halkynyň ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine hem-de gadymy demokratik däplerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Häzir şol däpler ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Ýaşulularyň her bir maslahaty hakyky umumymilli möçberdäki foruma öwrülýär. Olarda wajyp meselelere garalýar we biziň Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, türkmenistanlylaryň ählisiniň abadan we bagtyýar durmuşy üçin uly ähmiýete eýe bolan çözgütler kabul edilýär.
Irden hormatly Prezidentimiz “Awaza” Kongresler merkezine geldi. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar.
... Kogresler merkeziniň ajaýyp zalynda hakyky baýramçylyk, ählumumy bitewilik we ruhubelentlik ýagdaýy äşgär duýulýar. Bu ýere Türkmenistanyň ähli sebitlerinden wekiller ýygnandylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, dowamly we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Milli Liderimiziň oňyn syýasaty ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we demokratik taýdan okgunly ösmeginiň, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gyşarnyksyz ýokarlanmagynyň ygtybarly kepili bolup durýar. Bu öňdengörüjilikli döredijilikli strategiýa häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýan hemişelik bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artmagyny şertlendirdi.
Döwlet Baştutanymyz zalyň sahnasyna geçýär we foruma gatnaşyjylary hem-de myhmanlary mähirli mübärekleýär. Bu maslahat häzirki türkmen jemgyýetinde halkymyzyň gadymy demokratik däpleriniň, hakyky halk häkimiýetliliginiň ýörelgeleriniň berkidilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda Hökümetiň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, milli parlamentiň deputatlary, kärhanalaryň we edaralaryň köpsanly işgärleri, il sylagly ýaşulular hem-de ak gyňaçly eneler we ýaşlar bar. Foruma şeýle hem ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri we Türkmenistanda işleýän daşary ýurt diplomatiki wekilhanalarynyň baştutanlary, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Dabaraly pursat gelip ýetýär: hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny açyk diýip yglan edýär.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, umumymilli foruma gatnaşyjylar oňa öz seslerini goşýarlar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular maslahatynyň prezidiumynyň agzalaryny öz ýerlerine geçmäge çagyrýar.
Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, olaryň forumyň gün tertibi bilen tanyşmaga mümkinçilik alandyklaryny belledi. Ýygnananlaryň biragyzdan goldamagynda hem-de doly makullamagynda hormatly Prezidentimiz Ýaşulular maslahatynyň gün tertibiniň tassyklanandygyny yglan edýär. Maslahatyň gün tertibine döwlet we döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň gaýragoýulmasyz meseleleri girizildi.
Soňra milli Liderimiz ýygnananlaryň öňünde giňişleýin çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylary mübärekläp, ýygnananlary jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşynda örän uly ähmiýete eýe bolan umumymilli forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Şu maslahatyň gün tertibine ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň gazananlaryny berkitmek, ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyna degişli meseleler, şeýle hem döwletimizi ösdürmegiň maksatnamalaýyn ugurlaryny mundan beýläk-de durmuşa geçirmegiň wezipelerini kesgitlemek meseleleri girizildi diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar Watanymyzy kuwwatly, abadan, ýokary derejede ösen, bäsleşige ukyply döwlete öwürmek boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny belläp, häzirki döwürde demokratik kadalaryň binýadynda jemgyýetimizi we döwletimizi ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Bize ata-babalarymyzdan gelip ýeten gymmatlyklara laýyklykda mähriban halkymyzyň, geljekki nesillerimiziň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge degişli meseleleri yzygiderli ara alyp maslahatlaşmak indi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Häzirki döwürde Türkmenistan Garaşsyz we kuwwatly döwletleriň biridir. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde gazanan üstünliklerimiz Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulmagyna ýardam edýär.
Milli Liderimiz türkmen döwletiniň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada aýdyp, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň bu syýasatyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň işine yzygiderli gatnaşýar hem-de onuň mejlislerinde halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi netijesinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly teklipler bilen çykyş edýär. Biziň ýurdumyz şeýle hem daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek ýaly möhüm meseleler boýunça başlangyçlary öňe sürdi. Bu başlangyçlar dünýäde giň goldawa eýe boldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Ýurdumyzyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatyna gyşarnyksyz eýermegi netijesinde, bütin dünýäde Türkmenistanyň abraýy has-da artdy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şu ýylyň iýun aýynyň başynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýany gaýtadan kabul edendigini kanagatlanmak bilen belledi. Onda geçen döwürde Türkmenistanyň bütin dünýäde ählumumy bähbitleriň we parahatçylygyň üpjün edilmeginiň hatyrasyna alyp baran işleriniň jemi jemlendi.
Ýurdumyzda «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylda – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň bellenýän ýylynda şeýle Rezolýusiýanyň kabul edilmegi örän uly şatlykly waka boldy, ýurdumyzyň abraý-mertebesini täze belentliklere göterdi diýip, milli Liderimiz nygtady. “Biz Garaşsyz, Bitarap Watanymyza çäksiz buýsanýarys! Eziz Watanymyza bolan söýgi bize parahatçylygy berkitmek işinde ägirt uly gujur-gaýrat, çäksiz ylham berýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, geçen ýyl Türkmenabat şäherinde geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda ýurdumyzy ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizi häzirki zamanyň talaplaryna laýyk getirmäge gönükdirilen möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi. Dünýäde ykdysady we maliýe çökgünligi dowam edýändigine, käbir kynçylyklaryň döreýändigine garamazdan, Türkmenistanda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda göz öňünde tutulan reformalar we özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet Baştutanymyz durmuş ulgamyny ösdürmegiň we goldamagyň ýurdumyzyň içeri syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, öňküsi ýaly, ilatymyza dünýä tejribesinde deňi-taýy bolmadyk durmuş ýeňillikleriniň berilýändigini aýtdy. Bu işleriň ählisi mähriban halkymyzyň hal - ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. «Döwlet adam üçindir!» diýen strategiýamyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwletimizde indi birnäçe ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň möçberi ýokary depginler bilen ösýär. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberi yzygiderli köpelýär. Diňe bir şu ýylyň geçen döwründe jemi içerki önümiň artyşy 8,3 göterime barabar boldy. Goýulýan düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 8,2 göterim, ortaça zähmet haklarynyň möçberi bolsa, 10 göterime golaý artdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Türkmenistanda döwlet gurluşynda amala aşyrylýan oňyn jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýurdumyzda konstitusion reformalary geçirmegi talap edýändigini aýdyp, geçen ýylyň maý aýynda ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek baradaky karara gelnendigini belledi. Şu maksat bilen, konstitusion topar döredildi. Bu ugurda netijeli işleri alyp barmak üçin, ýurdumyzyň Mejlisinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça konstitusion toparyň ýanynda gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek we tertipleşdirmek boýunça topar, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň taslamasy işlenip taýýarlanýan döwürde gelip gowuşýan teklipleri seljermek baradaky iş topary döredildi.
Döwlet Baştutanymyz Konstitusiýany kämilleşdirmek bilen baglanyşykly esasy meseleler barada durup geçip, taslamada Esasy Kanunymyzyň diňe bir mazmun bölegi täzelenmän, eýsem onuň gurluşynyň hem düýpli özgerdilendigine Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Esasy Kanunyň döwletimiziň konstitusion gurluşynyň esaslaryny düzgünleşdirýän birinji bölümine Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygyny goramak hakyndaky kadalaryň girizilmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny aýtdy. Mähriban halkymyzyň parahatçylyk, agzybirlik we syýasy durnuklylyk şertlerinde, bagtyýar ýaşamak baradaky erk-islegine laýyklykda Esasy Kanunymyza bu kadalaryň girizilendigine biziň ählimiz oňat düşünýäris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Bu bölümde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul eden «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýalarynyň düzgünleri öz beýanyny tapdy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Türkmenistanyň halkara giňişliginde barha artýan abraýy göz öňünde tutulyp, taslamada döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy düzgünleri baradaky kadalar beýan edildi. Taslamanyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak baradaky ýörite bölüminde Türkmenistanyň esas goýujy halkara konwensiýalaryny tassyklandygy hem anyk görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusiýanyň rejelenen görnüşdäki taslamasynda ýurdumyzda kanunyň hökmürowanlygy, Konstitusiýanyň düzgünleriniň gös-göni hereket etmegi, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýurdumyzyň Esasy Kanunyna laýyk gelmelidigi baradaky kadalaryň bellenmeginiň örän möhüm ähmiýete eýedigini belledi.
Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy diýip yglan eden döwletimizde halkara hukugynda göz öňünde tutulan we milli kanunçylykda kepillendirilen esasy hukuklary we azatlyklary üpjün etmek üçin ähli şertler döredilmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we Esasy Kanuna girizilen iki sany bütinleý täze konstitusion kada umumymilli foruma gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Olaryň birinjisi – «adamy goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidigi» baradaky kadadyr, ikinjisi bolsa – «Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir» diýen kadadyr.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Konstitusion topar tarapyndan Türkmenistanda syýasy köpdürlüligi we köp partiýalylygyň ykrar edilýändigi baradaky täze maddanyň girizmeginiň teklip edilýändigi belledi. Onda şeýle hem döwlet raýat jemgyýetiniň ösmegine zerur şertleri üpjün edýär diýlip bellenilýär.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, döwletiň ösüşinde ýaş nesliň öz mümkinçiliklerini doly açyp bilmegi üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilen ýörite strategiýany durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşdäki taslamasyna “döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagyna we goldanylmagyna gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýär” diýlip bellenen täze kadanyň girizilmegini ýygnananlaryň goldajakdygygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, bu taslama «Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär hem-de şu Konstitusiýa we kanunlar bilen kepillendirilýär» diýlip bellenen täze maddany girizmegiň maksadalaýyk hasaplanylandygyny belledi. Taslamada Adam hukuklary baradaky ählumumy jarnamanyň kadalary hem göz öňünde tutuldy.
Türkmenistan ekologiýa babatda kabul edilen esasy halkara konwensiýalaryna gatnaşyjy bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşdäki taslamasyna raýatlaryň ekologiýa hukuklaryny ykrar edýän hem-de kadalaryň girizmeginiň möhümdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň gurluşynyň hem üýtgedilendigine ýygnananlaryň ünsüni çekip, şonuň bilen birlikde, ähli demokratik, hukuk döwletlerinde bolşy ýaly, döwlet häkimiýetiniň üç özbaşdak şaha bölünýändigi baradaky kadanyň göz öňünde tutulandygyny belledi.
Konstitusiýanyň täze taslamasynyň degişli bölüminde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti hakyndaky kadalar beýan edilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, siz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşdäki taslamasyna bütinleý täze bölüm – ykdysady we maliýe-karz ulgamyna bagyşlanan bölüm girizildi.
Şu ýerde Türkmenistanda şäherleri ösdürmegiň öz aýratynlyklarynyň bardygyny bellemek isleýärin. Ýurdumyzyň ähli sebitlerini deň derejede ösdürmek maksady bilen, biz welaýatlary ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatnamalaryny kabul etdik. Bu maksatnamalarda mynasyp durmuş üpjünçilik ulgamlaryny, dolandyryş toplumlaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Oba hojalygyny ykdysadyýetiň hususy pudagynyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly senagat taýdan ösdürmek meýilleşdirilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklaryna esaslanýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, taslamada döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi we goldaýandygy, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine ýardam berýändigi göz öňünde tutulandyr.
Döwlet Baştutanymyz Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, eger Esasy Kanunymyzyň taslamasy boýunça teklipler ýa-da bellikler bar bolsa, onda olary Konstitusion toparyň garamagyna hödürläp bilersiňiz diýip aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Konstitusion topar tarapyndan hödürlenen Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşdäki taslamasynyň halkymyzyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin hödürlenilse, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Taslama çap edilenden soňra, gelip gowşan teklipleri düýpli öwrenmek hem zerur diýip hasap edýärin. Esasy Kanunymyzyň gutarnykly üstünde işlenen taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň garamagyna hödürlemegi hem-de ony Ýaşulularyň geljek ýylda geçiriljek maslahatynyň dowamynda kabul etmegi teklip edýärin. Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşdäki taslamasyny
2016-njy ýylda kabul etmäge düýpli taýýarlyk görmeli. Bu bolsa, döwletimiziň we mähriban halkymyzyň taryhynda şanly waka bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny dowam edip, ýygnananlaryň ünsüni ýurdumyzyň dolandyryş- çäk gurluşy bilen bagly çözülmeli meselelere çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ilatynyň sany hem barha artýar.
Obalarymyzyň we şäherlerimiziň çäkleri has-da giňelýär. Şoňa görä-de, käbir geňeşlikleriň düzümine girýän obalaryň derejelerini üýtgetmek, täze geňeşlikleri döretmek zerurlygy ýüze çykýar diýip, milli Liderimiz nygtady.
Ýaşulularyň Lebap welaýatynda geçen maslahatynda Türkmenistanyň Mejlisine bu meseleler boýunça häkimlikler we degişli ministrlikler bilen bilelikde zerur işleri geçirmek we teklipleri taýýarlamak barada tabşyryk beripdim. Bu ugurda degişli işler geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşy bilen bagly ýüze çykýan meseleleri gutarnykly çözmek üçin Türkmenistanyň Mejlisine, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlaryna, Oba hojalyk ministrligine, häkimlere we beýleki ýolbaşçylara gutarnykly çözgüt kabul etmek üçin zerur bolan esaslandyrylan teklipleri bir aýyň dowamynda taýýarlamagy we bermegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumynda hem köp sanly özgertmeleri durmuşa geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyna ünsi çekip, kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, oba hojalyk önümçiligini etraplar boýunça ýerleşdirip, pudagy has bähbitli ugurlar boýunça ösdürmek işiniň dowam etdiriljekdigini nygtady.
Bu şertleri nazara alyp, bugdaý we pagta hasyly bilen bir hatarda miweleri, ir-iýmişleri, gök-bakja ekinlerini we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek göz öňünde tutulýar. Bazarlarda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny gazanmak maksady bilen, iri şäherleriň golaýynda ýyladyşhanalary gurmagy maksadalaýyk hasaplaýarys. Käbir hojalyklary we etraplary gök-bakja önümlerini, miweleri we ir-iýmişleri öndürmäge ýöriteleşdirmek hem öz oňat netijelerini berer.
Türkmenistanyň Baştutany ýurdumyzyň maldarçylyk pudagyny ösdürmegi we onuň ot-iým binýadyny berkitmegi, ot-iýmleriň hilini gowulandyrmagy möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk önümlerini senagat taýdan gaýtadan işlemegi höweslendirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýandygyny kanagatlanmak bilen belläp, oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylaryna, eger gerek bolsa, ýurdumyzyň kanunçylygyna şu wezipelerden gelip çykýan degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň suw serişdelerini rejeli ulanmak meselesi barada durup geçip, suw – ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesidir diýip belledi. Ata-babalarymyzyň «Suw damjasy – altyn dänesi» diýen pähiminden ugur alyp, suwy netijeli ulanmak maksady bilen, biz suw hojalygynda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy tejribäni netijeli ulanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz häzirki döwürde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň güýçli depginler bilen dowam edýändigini nygtady. Türkmen köli Garagum çölüniň ösümlik we haýwanat dünýäsini dikeltmäge we baýlaşdyrmaga ýardam edýär, daşky gurşawyň ekologiýasyna öz oňyn täsirini ýetirýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem ýurdumyzda tebigaty goramak, ýer we biologiki serişdeleri rejeli ulanmak boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygyny, çölleşmäge we tokaýlaryň azalmagyna garşy göreş çäreleri yzygiderli alnyp barylýandygyny belledi.
Häzirki döwrüň möhüm meselesi bolan howanyň üýtgemegi hem suw meseleleri bilen gönüden-göni baglydyr. Şoňa görä-de, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda we işjeň gatnaşmagynda ýöriteleşdirilen edaralary – howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Häzir dünýä ykdysadyýetinde we maliýe ulgamynda çökgünlik dowam edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetine we maliýe ulgamyna hem belli bir derejede öz täsirini ýetirýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu ýaramaz täsiriň öňüni almak boýunça öz wagtynda zerur çäreleriň görülýändigini nygtady.
Häzirki döwürde nebitgaz we himiýa senagatyna, energetika toplumyna, oba hojalyk toplumyna, ulag we aragatnaşyk pudagyna, söwda we hyzmatlar ulgamyna degişli iri senagat desgalarynyň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz kanagatlanmak bilen belledi.
Döwlet Baştutanymyz esasy gaz geçiriji bolan «Gündogar–Günbatar» gaz geçirijisiniň ýurdumyzy ösdürmekde ägirt uly ähmiýeti bardygyny belläp, bu desganyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny nygtady. Şeýle hem, Hazaryň kenarynda iri deňiz porty çalt depginler bilen gurulýar.
Milli Liderimiz ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň kabul edilendigini aýdyp, döwletimizde tebigy gazyň ägirt uly gorlarynyň bardygyna garamazdan, biz «Türkmenistan – Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasyny we türkmen tebigy gazyny ýewropa ýurtlaryna ibermek bilen bagly taslamalary durmuşa geçirenimizden soň, uglewodorod serişdelerini daşary ýurtlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça alyp barýan işlerimizi tamamlarys diýip belledi.
Biz ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnama laýyklykda tebigy baýlyklarymyzy netijeli peýdalanmak üçin ýurdumyzda gazy gaýtadan işleýän zawodlary we beýleki kärhanalary gurarys. Şu ýyl şeýle kärhanalaryň birnäçesiniň gurluşygyna eýýäm başladyk diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, berkarar döwletimiz nebitden we tebigy gazdan başga-da, dürli görnüşli beýleki ýerasty baýlyklaryň gorlaryna örän baýdyr. Ýurdumyzyň çäklerinde kükürdiň, kaliniň we daş duzunyň, reňkli magdanlaryň we seýrek duş gelýän metallaryň, bezeg we gurluşyk materiallarynyň uly gorlary bar.
Döwlet Baştutanymyz himiýa senagatyny hem mundan beýläk-de ösdürmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi. Hususan-da, bu ugurda ýerli çig malyň hasabyna işleýän önümçilikleri döretmek we pudagy tehnologiýa taýdan kämilleşdirmek zerurdyr. Lebap welaýatyndaky Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler bu aýdylanlara mysal bolup biler. Pudagyň kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berjek başga-da birnäçe kärhana bar. Mary şäherinde hem ammiak we karbamid öndürýän zawod gurlup, ulanmaga berildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Garabogazda hem himiýa senagatyny ösdürmekde uly mümkinçilikler bardygyny aýdyp, häzirki döwürde Gyýanlyda iri gaz himiýa toplumynyň gurluşygy çalt depginler bilen alnyp barylýandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Şeýle kärhanalaryň örän möhümleriniň biri hem Owadandepede gurulýan, tebigy gazy gaýtadan işläp, ýokary hilli benzin öndürmäge niýetlenen iri senagat toplumydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň gorlaryny gözlemek, bu serişdeleri çykarmak, gaýtadan işlemek we döwletimiziň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini belledi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu işleriň ählisi geljekki nesilleriň bähbidi üçin amala aşyrylýar. “Biz tebigy baýlyklarymyzy, arassa daşky gurşawymyzy, kuwwatly we berkarar döwletimizi nesillerimize miras galdyrarys” diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli elektron senagatyny döretmegiň hem maksat edinilýändigini belläp, bu işi amala aşyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ösdürmek we häzirki zaman döwletine öwürmek boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygyny belläp, geljek ýylda iri desgalaryň ýüzlerçesiniň gurluşygyny tamamlap, ulanmaga bermek boýunça alnyp barylýan işleriň hem muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem öňümizdäki ýylda giň möçberli maýa goýum maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Şol maksatnama laýyklykda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy başlanar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş - durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeler barada aýratyn durup geçdi. Meýilleşdirilen işleri amala aşyrmak üçin uly möçberdäki serişdeleri özleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmek işi dowam etdiriler. Onuň çäklerinde senagat we durmuş maksatly desgalary öňdebaryjy, has kämil tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna elektrik energiýasy bilen üpjün etmegi has-da gowulandyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görler.
Hormatly Prezidentimiz dünýäniň beýleki ösen döwletlerinde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem jemgyýetimiziň we döwletimiziň ykdysady we aň-bilim kuwwatyny berkitmekde ylym we bilim ulgamyna möhüm orun degişlidigini nygtap, ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň maddy - enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ylmy-usulyýet üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça uly işleriň amala aşyrylandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Kabul eden Milli maksatnamalarymyzyň çäklerinde orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň iň häzirki zaman binalary gurlup, ulanmaga berildi. Bu binalar häzirki zaman kompýuterleri, okuw - tehniki serişdeler, interaktiw multimedia tehnologiýalary bilen doly üpjün edildi. Ýurdumyzyň umumy bilim berýän mekdeplerinde okuwlaryň möhletleri uzaldyldy.
Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Birleşigi, dünýäniň ösen ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge örän uly ähmiýet berýändigini aýtdy.
Paýtagtymyzda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi nazara alnyp, Tehnologiýalar merkezi gurlup, ulanmaga berildi, şeýle hem ýurdumyzyň milli aragatnaşyk hemrasy älem giňişligine çykaryldy. Bu bolsa, ýurdumyzyň ylmy - tehnologiki binýadyny has-da berkitmäge mümkinçilik berdi.
Hormatly Prezidentimiz geljekde hem ýokary ylmy taýýarlygy bolan hünärmenleri, aspirantlary we doktorantlary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, döwletimiziň, öňküsi ýaly, bilim ulgamyny ösdürmäge uly goldaw berjekdigini aýtdy.
Syýahatçylygy ösdürmek we onuň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, jahankeşdelik we syýahatçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny häzirki döwrüň innowasiýanyň gazananlaryny nazara alyp ösdürmek möhüm wezipeleriň biridir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň gadymy topragynyň, mähriban halkymyzyň baý milli medeniýetini, özboluşly aýratynlyklaryny açyp görkezmäge aýratyn üns bermelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, dünýäde meşhurlyga eýe bolan, jana şypaly ýumşak howasy we amatly tebigy şertleri bilen tapawutlanýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, «Mollagara», «Arçman», «Ýylysuw», «Baýramaly», «Farap» şypahanalaryň ýurdumyzda dynç alyş ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň aýdyň mysalydygyny nygtady. Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde gurlup, ulanmaga berlen myhmanhana toplumlary, dynç alyş we sagaldyş merkezleri, ýaşaýyş-durmuş maksatly beýleki desgalar bu ugurda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan esasy maksadyň Türkmenistanda ýaşaýan her bir adamyň beden we ruhy-ahlak taýdan sagdyn, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly bolmagyny, sagdyn durmuş kadalaryna eýermegini we sport bilen meşgullanmagyny gazanmakdan ybaratdygyny nygtap, kabul edilen milli maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde sport maksatly desgalary gurmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Bedenterbiýe we sport ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürýär. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek barada ýörite karar kabul etdi. Bu bolsa, döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň we sporty ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigini aýdyň görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna düýpli taýýarlyk görmegiň wajypdygyny aýdyp, bu oýunlar bilen bagly göz öňünde tutulan toplumlaýyn çäreleri geçirmegi dowam etmegiň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli saglygy goraýyş ulgamyny öňdebaryjy dünýä tejribesiniň esasynda has-da kämilleşdirmegiň döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, kabul edilen täze «Saglyk» döwlet maksatnamasynda has giň gerimli wezipeleriň goýlandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz göz öňünde tutulan çäreleriň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini gazanmagyň, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek boýunça alyp barýan syýasatynyň bütin dünýäde doly goldaw tapýandygyny we ykrar edilýändigini kanagatlanma bilen belläp, geljekde hem saglygy goraýyş we derman senagatyny ösdürmekde, ulgamyň gurluşyny we düzümini kämilleşdirmekde uly üstünlikleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdi.
Ýaşlar hakyndaky alada döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm ähmiýetli ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde ýaşlarymyz orta we ýokary okuw mekdeplerinde oňat bilim alýarlar. Öz bilimlerini yzygiderli artdyrýarlar, ylym bilen meşgullanýarlar, dürli hünärleri özleşdirýärler. Ýaşlarymyz senagatda, oba hojalygynda we ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda tutanýerli zähmet çekýärler, Garaşsyz Watanymyzyň asuda durmuşynyň goragynda berk durýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Milli Liderimiz bu ulgamda duran wezipeler barada aýdyp, ýaşlar baradaky Döwlet maksatnamasyny we syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek üçin döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, şeýle hem eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalaryň özara bähbitli hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmeklerini ýola goýmagyň wajypdygyny nygtady.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz milli medeniýetimizi we sungatymyzy täze derejä çykarmaga gönükdirilen ägirt uly işleri amala aşyrýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we şu ýyl Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň, häzirki zaman täze Metbugat öýi toplumynyň gurlup, ulanmaga berilmeginiň, «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň medeniýeti ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysalydygyny belledi. Teleradioýaýlymlarda gepleşikleriň milli emeli hemra aragatnaşygy arkaly berlip başlanmagy medeniýet ulgamynyň çalt depginler bilen ösýändigini aýdyň görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda öňde goýlan wezipelere ünsi çekip, halkara derejesindäki medeni çäreleri taýýarlamaga we geçirmäge aýratyn üns bermegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda iki sany uly döwlet baýramyny – türkmen halkynyň mukaddes baýramy bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi we ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhümdigini belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl pudagyny – telekeçiligi ösdürmek, bu pudaga döwlet tarapyndan goldaw bermek boýunça örän uly işler alnyp barylýandygyny belläp, telekeçiler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, sport toplumlaryny we durmuş maksatly beýleki köp sanly desgalary yzygiderli gurup, ulanmaga berýändiklerini kanagatlanmak bilen aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň telekeçileriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda, Moldowa Respublikasynda, beýleki ýurtlarda desgalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýandyklaryny aýratyn belledi.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň netijeli we sazlaşykly işlemegini gazanmakda, şeýle hem ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmekde ulag we aragatnaşyk pudagyna uly orun degişlidir. Bu pudagyň işini täze awtoulaglary, suw we howa gämilerini satyn almak arkaly häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler geljekde hem dowam etdiriler. Şu maksat bilen, ýurdumyzda täze demir ýol beketleri we howa menzilleri gurlar. Bar bolan desgalaryň durky täzelener. Pudagyň kärhanalarynyň girdejili işlemegini üpjün etmek, şol sanda «Gazagystan–Türkmenistan–Eýran» halkara demir ýolundan gelýän girdejileri artdyrmak boýunça zerur işler alnyp barlar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Ähli welaýat merkezlerinde awtoulag we howa menzillerini gurmak boýunça alnyp barylýan işler dowam ediler. Ýurdumyzyň deňiz söwda flotuny ösdürmek boýunça hem taslamalar üstünlikli durmuşa geçiriler. Şu maksat bilen, Türkmenbaşy şäherinde gurulýan halkara deňiz portunda işleriň depginini has-da güýçlendirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtap, telewideniýäni, sanly täze telefon beketler ulgamyny, kompýuter we öýjükli aragatnaşyk ulgamyny, beýleki kommunikasion düzümleri, hususan-da, Internet ulgamyny ösdürmegiň möhümdigini belledi.
Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta–Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň deňiz menzillerine çykýan ulag gatnawy ulgamyny döretmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar. Halkara bileleşigi bu ugurda alnyp barylýan işlere örän uly gyzyklanma bildirýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet Baştutanymyz bu ulgamdaky gaýragoýlmasyz wezipeler barada aýdyp, Demirgazyk–Günorta we Gündogar–Günbatar ugurlar boýunça «Özbegistan–Türkmenistan–Eýran– Oman» halkara ulag-üstaşyr geçelgesini, şeýle hem hyzmatlar we üpjünçilik ulgamlaryny döretmek babatda alnyp barylýan işleriň göz öňünde tutulýandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda, ýagny şu ýylyň 28-nji aprelinde ýurdumyzyň ilkinji milli «TürkmenÄlem 520E» aragatnaşyk hemrasy älem giňişligine çykarylandygyny aýdyp, bu hemra aragatnaşygynyň kosmos ulgamyny ösdürmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmäge ýardam etjekdigini, şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokary göterilmegine uly itergi berjekdigini nygtady.
Biz ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmäge, öňküsi ýaly, köp üns bereris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we işewürligiň, medeni gatnaşyklaryň, halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezine öwrülen Aşgabat şäheriniň häzirki döwürde çalt depginler bilen ösdürilýändigini belledi. Paýtagtymyzda gurulýan önümçilik, durmuş-medeni, ylym-bilim maksatly desgalar, saglygy goraýyş we sport desgalary, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary we beýleki döwrebap binalar ak mermere beslenen şäherimiziň görküne görk goşýar. Şeýle hem, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, ilata edilýän durmuş hyzmatlarynyň elýeterli we ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär. “Biz merjen şäherimiz Aşgabady dünýäniň iň gözel we adamlaryň ýaşamagy üçin amatly şäherleriniň birine öwürmegi göz öňünde tutýarys” diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz çykyşyny dowam edip, geljek ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek bilen bagly meselelere aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýygnananlaryň geljek ýylyň Döwlet býujetiniň, öňküsi ýaly, durmuş maksatlaryna gönükdirilen bolmalydygy baradaky teklibi goldajakdygyna ynam bildirdi.
Şu wezipelerden ugur alyp, maliýe serişdeleriniň ýeterlik bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, Ministrler Kabinetine daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça anyk maksada gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini has-da artdyrmagyň wajypdygyny nygtap, ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl pudagy we ilat üçin niýetlenen maliýe serişdeleriniň möçberlerini köpeltmegi göz öňünde tutmagyň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, 2016-njy ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasy taýýarlananda Maliýe ministrligine we ykdysady toplumyň pudak edaralaryna bu meseleleri seljermek we gysga wagtda öz tekliplerini Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemek tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösýändigini kanagatlanmak bilen belläp, berkarar Watanymyza çäksiz söýginiň, mähriban halkymyza mahsus bolan ýokary watançylyk duýgusynyň we raýatlarymyzyň ak ýürekli, yhlasly zähmetiniň biziň gazanan ajaýyp üstünliklerimiziň ählisiniň berk binýady bolup durýandygyny nygtady. “Merdana halkymyzyň bu özboluşly aýratynlyklary Garaşsyz döwletimiziň kuwwatyny artdyrmakda, beýik işleri amala aşyrmakda uly üstünlikleri gazanyp, belent sepgitlere ýetjekdigimize ynam döredýär” diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şu mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow anyk maksatlara gönükdirilen pudaklaýyn we strategik maksatnamalarymyzy, döwletimizde durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleri, alyp barýan içeri we daşary syýasatymyzy giňden goldaýandyklary üçin, hormatly ýaşulularymyza, mähriban enelerimize, edermen daýhanlarymyza, alymlarymyza we diplomatik ulgamyň işgärlerine, Garaşsyz Watanymyzyň howpsuzlygyny berk goraýan harby gullukçylarymyza, jemgyýetçilik tertibini we asudalygy üpjün edýän hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine, ýaşlarymyza, umuman, ýurdumyzyň ähli halkyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz şeýle hem Balkan welaýatynyň zähmetsöýer ilatyna myhmansöýerligi, Ýaşulularyň maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek boýunça alyp baran işleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Parasatly ýaşulularymyza hormat we sarpa goýmak, ýaşuly nesliň at-abraýyny has-da belende götermek müňlerçe ýyllyk taryhy bolan mähriban halkymyzyň asylly däpleriniň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşuly nesliň wekilleriniň jemgyýetimiziň sazlaşykly ösmegini gazanmak, halkymyzyň jebisligini berkitmek, milli bitewüligi pugtalandyrmak, raýat agzybirligini üpjün etmek, ýaş nesli watançylyk ruhunda döwrebap terbiýelemek boýunça möhüm ähmiýetli işleri alyp barýandyklaryny belläp, halkymyzyň agzybirligini berkitmäge, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýan parasatly ýaşulularymyza, mähriban enelerimize hemişe buýsanylýandygy aýtdy we we olara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Çykyşyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz biz geljegimize uly ynam bilen garaýarys diýip nygtady. Garaşsyz Watanymyzyň we merdana halkymyzyň bagtyýar geljegini üpjün etmäge niýetlenen giň gerimli maksatnamalar we meýilnamalar kabul edildi. “Biz öňümizde durýan jogapkärli wezipeleri durmuşa geçirmekde mähriban halkymyzyň egsilmez gujur-gaýratyna we çäksiz mümkinçiliklerine daýanýarys! Bu bolsa, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ajaýyp mümkinçilikleri açýar” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiziň çykyşy uly üns we ruhubelentlik bilen diňlenildi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Soňra döwlet Baştutanymyz umumymilli forumyň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçmegi teklip etdi we oňa gatnaşyjylara söz berdi.
Ilkinji bolup çykyş eden Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň baş ymamy, hormatly il ýaşulusy Gurbangeldi Aýlyýew Türkmenistanyň ähli ýaşulularynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän şanly sene – eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy bilen gutlady.
Hormatly il ýaşulusy ata-babalarymyzyň “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýen pähimini getirip, milli Liderimiziň türkmen halkynyň gadymdan gelýän demokratik däplerine ygrarlydygyny görkezmek bilen, özüniň ähli başlangyçlarynda ýaşuly nesliň wekilleri bilen maslahatlaşýandygyny belledi. Ýaşulularyň şu maslahatynda ata Watanymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilen asylly işler ara alnyp maslahatlaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, G.Aýlyýew ýurdumyzyň ýaşulularynyň döwlet Baştutanymyzyň şu günki maslahatda öňe süren ähli teklitplerini hem-de başlangyçlaryny doly goldaýandyklaryny we makullanýandyklaryny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladasy netijesinde Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýandygy, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda haýran galdyryjy üstünlikleriň gazanylýandygy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygy bellenildi. Ýurdumyzda raýatlarymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi hem-de göwnejaý dynç almakly üçin ähli şertler döredilýär, her ýyl zähmet haklary, pensiýalar, talyp haklary hem-de döwlet kömek pullarynyň möçberi ýokarlanýar. Häzirki wagtda her bir maşgalanyň ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýyny gurmaga, mal-mülk edinmäge doly gurby ýetýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halky bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Halkymyzyň şeýle eşretli durmuşda ýaşamagynda döwlet Baştutanymyzyň hyzmatlary çäksizdir.
G.Aýlyýew ýurdumyzyň ýaşulularynyň milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, tebigy gazyň, suwuň, elektrik energiýasynyň rejeli peýdalanylmagy, tebigatyň beren baýlyklaryny bisarpa tutmaly däldigi barada halkymyzyň arasynda giňden düşündiriş işlerini yzygiderli geçirýändiklerini belledi. Çünki, halkymyzyň milli baýlygy bolan bu eşretleri geljekki nesillerimize ýetirmek hem biziň borjumyz bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly il ýaşulusy ulanylýan gazyň hem-de suwuň tölegli bolmagyny düzgünleşdirmegi teklip etdi hem-de Ýaşulularynyň maslahatynyň bu teklibi goldajakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň oňyn syýasaty netijesinde Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adamzadyň abadançylygyna gönükdirilen oňyn başlangyçlarynyň ählisi dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna mynasyp bolýar.
Döwlet Baştutanymyzyň öz çykyşynda Türkmenistanyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek babatda öňe süren teklipleriniň ýaşuly nesliň wekillerini aýratyn gyzyklandyrandygyny aýdyp, G.Aýlyýew ýurdumyzyň ýaşulularynyň bu döredijilikli başlangyçlary doly goldaýandyklaryny nygtady.
Hormatly il ýaşulusy özüniň çykyşyny joşgunly goşgy setirleri bilen tamamlap, milli Liderimize berk jan saglyk, uzyk ömür hem-de eziz Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 93-nji orta mekdebiniň mugallymy Gözel Saparmyradowa umumymilli forumyň münberinden çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyny, ýurdumyzyň her bir gününiň taryhy wakalara, şanly senelere, oňyn özgertmelere beslenýändigini nygtady.
Çykyş eden bu günki gün hormatly Prezidentimiziň mugallym diýen ady belent derejä ýetirendigini belledi. Şeýle ajaýyp zamanada, Arkadagly ýurtda mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhammet Annaýewiň kärini ýöredip, çagalara bilim-terbiýe berip, mugallym bolup işlemekden uly bagt ýokdur.
G.Saparmyradowanyň nygtaýşy ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek we halkara ülňüleriniň derejesine çykarmak, ýaşlary beden we ahlak taýdan terbiýelemek, sazlaşykly we hemmetaraplaýyn şahsyýeti kemala getirmek meselelerine uly üns berýär. Bilim ulgamynyň işgärleri öz işlerinde milli Liderimiziň goldawyny, gahryman Arkadagymyzyň bildirýän ýokary ynamyny hemişe duýýarlar.
Biziň Garaşsyz Watanymyzda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar barada aýratyn alada edilýär. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary öňdebaryjy tehnologiýalary başarjaňlyk bilen dolandyrýarlar, dünýäniň dürli döwletlerinde okap, bilim alýarlar. Türkmenistanyň bilim ulgamy hil taýdan täze derejä çykýar, dünýäniň iň gowy tejribesi işjeň öwrenilýär hem-de ornaşdyrylýar, ösen ýurtlaryň köpüsi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.
Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly enjamlar, şol sanda kompýuter we multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen täze döwrebap ýokary we orta okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, şeýle hem saglygy goarýyş we dynç alyş merkezleriniň sany günsaýyn artýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň orta mekdeplerinde 12 ýyllyk okuwa geçildi, okuw-terbiýeçilik edaralary Internet ulgamyna birikdirildi. Türkmenistanda ýaşlara bilim derejesini artdyrmaga mümkinçilik berýän elektron kitaphanalar hem bar.
Hormatly Prezidentimiziň “Älem içre at gezer” we “Döwlet guşy” atly kitaplary ruhy gymmatlyklaryň egsilmez çeşmesi bolup durýar. Olar mugallymlara çagalary hakyky watançylyk hem-de ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam edýär. Milli Liderimiz ähli babatda ýaşlara hem-de olaryň halypalaryna görelde bolýar diýip, G.Saparmyradowa nygtady.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleri döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Konstitutsiýasyny kämilleşdirmek baradaky teklipleriniň ählisini doly goldaýarlar diýip, mugallym aýtdy. Munuň özi ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş taýdan okgunly ösmegini üpjün etmäge, onuň hukuk binýadyny dünýä ülňülerine laýyk getirmäge ýardam eder.
Çykyş edeniň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasaty netijesinde halkymyz indi köp ýyllaryň dowamynda dünýäde deňi-taýy bolmadyk ýeňilliklerden, ýagny, suwdan we gazdan mugt peýdalanýar. Şu maksatlar üçin döwlet býujetinden ägirt uly maliýe serişdeleri goýberilýär. Şunuň bilen baglylykda, G.Saparmyradowa häzirki wagtda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has ýokarlanandygyny belläp, ilatymyzyň ýeňillikleri peýdalanýan durmuş eşretlerine töleg girizmegiň wagtynyň gelendigini aýtdy.
Mugallym türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşynyň, ýaşlaryň röwşen geljeginiň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleri, ösüp gelýän nesil hem-de mugallymlar barada edýän çäksiz aladasy üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bilim ulgamynyň işgärleriniň öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegi üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň Ýerüsti kosmos üpjünçilik ulgamlary bölüminiň baş hünärmeni Röwşen Amangeldiýew öz çykyşynda milli Liderimiziň Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasaty netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň dünýäniň ýokary depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşulandygyny belledi.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 20 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň ilkinji “Türkmen Älem 52o E” aragatnaşyk emeli hemrasynyň älem giňişligine üstünlikli çykaryldy. Bu şanly waka garaşsyz Watanymyzyň bütin dünýäde hyzmatdaşlyk, ynsanperwerlik, parahatçylyk, dostluk we agzybirlik köprülerini gurup, bütindünýä aragatnaşyk ulgşamyna işjeň goşulyşýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, çykyş edýän belledi. Şeýlelikde, Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda mähriban Diýarymyz dünýäniň kosmosly döwletleriniň hataryna goşuldy.
Milli emeli hemranyň işe başlamagynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmeginde uly ähmiýeti bolar diýip, R.Amangeldiýew sözüni dowam etdi. Bu emeli hemra aragatnaşyk pudagyny döwrebap ösdürmekde, ýokary hilli internet hyzmatlaryny, aralykdan lukmançylyk hyzmatlaryny, wideo maslahatlary, okuwlary, ýokary hilli teleradio gepleşikleri we beýleki hyzmatlary amala aşyrmaga mümkinçilik döredýär. Öz nobatynda, munuň özi hormatly Prezidentimiziň milli aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak barada öňde goýan wezipeleriniň ählisini çözmäge ýardam eder.
Emeli hemrany dolandyrmak işi Ahal we Daşoguz welaýatlaryndaky dolandyryş merkezlerinde türkmen hünärmenleri tarapyndan alnyp barylýar. Häzirki wagtda bolsa ilkinji “TürkmenÄlem 52oE” aragatnaşyk emeli hemranyň ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlary halkymyza ýetirilip başlandy. Bu zatlaryň düýp özeninde hormatly Prezidentimiziň türkmen halky barada edýän taýsyz tagallalary, bimöçber aladalary dur.
Berýän uly ünsi hem-de üstünlikli işlemek babatda döredilen zerur şertler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Milli kosmos agentliginiň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, R.Amangeldiýew döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça ähli tekliplerini doly goldaýandygyny aýtdy. Halkara hukugynyň kadalary, dürli ýurtlaryň tejribesi, milli aýratynlyklarymyz göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Esasy Kanunyna ýurdumyzda ylmy ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary kämilleşdirmäge gönükdirilen kadalaryň girizilmegi hukuk özgertmelerini geçirmek boýunça alnyp barylýan syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmäge, uzak möhlete gönükdirilen taryhy işleri amala aşyrmaga ýardam eder.
R.Amangeldiýew özüniň kärdeşleriniň adyndan milli Liderimiziň durmuşa geçirýän daşary we içeri syýasatyny, şu forumda kabul edilen çözgütleri, şeýle hem 2016-nji ýyl üçin kesgitlenen wezipeleri doly goldaýandyklaryny aýdyp, hormatly Prezidentimize iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, ösüş maksatnamasynyň hemişelik wekili Jasinta Barrins çykyş edýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hemişelik wekili hanym Jasinta Barrinse söz berilýär
Türkmenistanyň Prezidentine, Ýaşulular maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylaryň ählisine ýüzlenmek bilen BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMGÖM-niň Hemişelik wekili indiki ýyl üçin Türkmenistany ösdürmegiň maksatnamasy hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşylýan umumymilli maslahatyň belent münberinden çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Halk wekilleriniň giňden gatnaşmagynda möhüm döwlet ähmiýetli kararlaryň kabul edilmeginiň özi häzirkizaman türkmen döwletiniň esasy binýadyny tutýan “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň dabaralanmasydyr diýip, hanym Jasinta Barrins nygtady.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýyl 15-nji sentýabry Halkara demokratiýasynyň güni diýip yglan edýändigini ýatlatmak bilen, ol şunuň bilen baglylykda, şu aýda Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň geçirilýändiginiň özboluşly oňyn alamatdygyny belledi.
2015-nji ýylda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly senesiniň ähmiýeti barada aýtmak bilen, hanym Jasinta Barrins mundan 20 ýyl ozal Milletler Bileleşigi tarapyndan biziň ýurdumyza biragyzdan berlen we şu ýyl täzeden tassyklanan bitaraplyk derejesiniň türkmen döwleti we ýurduň halky üçin ähmiýetini nygtady. Bitaraplyk derejesiniň milli ösüşi meýilnamalaşdyrmakda hem, Türkmenistanyň sebitiň we dünýäniň ähli ýurtlary bilen giň hyzmatdaşlyga gönükdirilen oňyn daşary syýasat ugruny kesgitlemekde hem ähmiýeti nygtaldy.
Şu ýyl BMG-niň esaslandyrylmagyna 70 ýyl dolýar we Müňýyllygyň ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi tamamlanýar diýip, ol sözüni dowam etdi. 2015-nji ýylyň 25-27-nji sentýabry aralygynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçiriljek Durnukly ösüş boýunça sammitiniň barşynda bu Bütindünýä guramasynyň agza döwletleriniň wekilleri 2016-2030-njy ýyllar üçin 17 Maksatnamadan ybarat bolan jemleýji resminamany kabul ederler. Türkmenistan durnukly ösüş maksatnamalaryny düzmäge işjeň gatnaşmak bilen bu saldamly resminamany döretmäge öz goşandyny goşdy. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş sekretarynyň çagyrmagy boýunça türkmen döwletiniň Baştutany Sammite gatnaşar we onda çykyş eder, bu bolsa Türkmenistanyň bu ugurda toplan tejribesi we ýeten sepgitleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.
2015-nji ýylyň uly ähmiýetli wakalarynyň hatarynda hanym Jasinta Barrins biziň ýurdumyzyň BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň subutnamasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň Türkmenistana amala aşyran üstünlikli saparyny belledi, şeýle hem bu ugurda BMG-niň biziň ýurdumyzdaky düzümleri bilen bilelikde Türkmenistanyň hökümetiniň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Maksatnamasynyň işlenip düzülmegi mysal getirildi. Bu barada aýtmak bilen, hanym Jasinta Barrins üstünlikli işlemäge zerur bolan şertleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa BMG-niň biziň ýurdumyzdaky ähli wekilhanalarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Biz BMG-niň käbir esasy düzümleriniň wekilhanalarynyň Türkmenistanda ýurt Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap işleýändigine buýsanýarys diýip, ol belledi.
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň, BMGÖM-niň Hemişelik wekiliniň çykyşynda ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasyna ýokary baha berildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň BMG-niň adam hukuklary, durmuş we ykdysady ösüş, şeýle hem daşky gurşawy goramak boýunça konwensiýalaryny ýerine ýetirmek barada borçlary öz üstüne alandygy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, BMG-niň düzümine girýän edaralar biziň ýurdumyzyň hökümeti bilen bilelikde şol wezipeleri ýerine ýetirmek hem-de degişli hasabatlary taýýarlamak boýunça bilelikdäki işleri geçirdiler. Bu bolsa Türkmenistanyň BMG-niň jogapkär döwlet-agzasy bolup durýandygyny nobatdaky gezek tassyklaýar.
Biziň ýurdumyzyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde eýeleýän ornuny bellemek bilen, hanym Jasinta Barrins Türkmenistan howpsuzlyk we durnukly ösüş, şol sanda ýaragsyzlanmak, Howanyň üýtgemegi boýunça sebit tehnologiýalar merkezini döretmek, energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi, ulag we üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi barada halkara başlangyçlaryny yzygiderli öňe sürýär diýip nygtady.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ondan gowrak düzümleriniň agzasy, BMG-niň Ýewropa üçin Ykdysady Komissiýasynyň wise-başlygy, Halkara migrasiýa guramasyna agza bolup durýar.
Çykyşda bellenilişi ýaly, 2007-nji ýylda Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň döredilmegi Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň ysnyşykly hyzmatdaşlygynyň subutnamasyna öwrüldi. Türkmen tarapynyň bu başlangyjy biziň ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny nobatdaky gezek tassyklady.
Hanym Jasinta Barrins sözüni dowam edip, Türkmenistanda BMG-niň birnäçe seneleriniň: Halkara Saglyk gününiň, Halkara Zenanlar gününiň, Halkara Nowruz baýramynyň, Temmäkä garşy göreşmegiň Bütindünýä gününiň, Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni, Neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň Halkara güni, Dünýä statistika güni ýaly seneleriň ykrar edilendigi üçin köp sag bolsun aýtdy. Bellenilişi ýaly,
Türkmenistan dünýäniň köp ýurtlarynda geçirilýän möhüm duşuşyklara gatnaşýar, şonda onuň goşandy we başlangyçlary uly baha eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň ýokary derejeli halkara maslahatlaryna, şol sanda “Rio+20” Bütindünýä maslahatyna, BMG-niň Sendaý şäherinde geçirilen tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça maslahatyna we beýlekilere gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.
Şonuň bilen birlikde Türkmenistanyň Prezidentiyň başlyklyk etmeginde ýurtda köpsanly halkara maslahatlary geçirilýär diýip, hanym Jasinta Barrins sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi we onuň durnukly ösüşi üpjün etmekdäki orny” diýen maslahat, şeýle hem ýaragsyzlanmak, bosgunlaryň işleri, ulag we üstaşyr ösüşi boýunça, halkara maslahatlary mysal getirildi.
Türkmenistanyň BMG-nyň düzümleri bilen bilelikdäki netijeli işleriniň mysaly hökmünde Owganystan, Täjigistan, Bosniýa we Gersegowina, Nepal ýaly ýurtlara ynsanperwer kömegini bermek boýunça özara gatnaşyklar görkezildi.
Kanunçylygy, şol sanda durmuş ulgamyndaky kanunlary kämilleşdirmek babatda hyzmatdaşlyk hem Türkmenistanyň BMG bilen gatnaşyklarynda gazananlarynyň hatarynda görkezildi. Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistan tarapyndan soňky ýyllarda 20 müň bosgunlary we raýatlygy bolmadyk adamlary öz raýatlygyna kabul etmek baradaky başlangyjyny goldady. Biziň ýurdumyz BMG-niň Raýatsyzlygy ýok adamlar hakyndaky Konwensiýalaryň ikisine-de goşuldy we şeýlelikde, agzalan konwensiýalaryň bu sebitdäki ýeke-täk agza döwlet bolup durýar.
Saglygy goraýyş ulgamy BMG-nyň we Türkmenistanyň üstünlikli hyzmatdaşlygynyň ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edýän şeýle hem Türkmenistanyň temmäkä garşy göreşmekde gazanan üstünliklerini belledi. Nygtalyşy ýaly, bu meseläni çözmekde türkmen döwleti görelde almak üçin ajaýyp nusga bolup durýar.
Hanym Jasinta Barrins öz çykyşynda Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini belledi. Dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.
BMG-nyň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili sözüniň ahyrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň “Täze durmuş” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Oguljan Hudaýberenowa çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de maslahata gatnaşyjylaryň ählisini ýetip gelýän şanly baýramçylyk— Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýar.
Kärendeçi şu belent münberden oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl ýetişdirýän ýurdumyzyň ekerançylarynyň adyndan çykyş edýändiginiň özi üçin uly hormatdygyny hem-de bagtdygyny aýtdy. Ekerançylar we maldarlar döwlet Baştutanymyza hemmetaraplaýyn goldawy, zähmet çekmek üçin döredýän ajaýyp şertleri hem-de berýän ýeňillikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler. Bularyň ählisi ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak hem-de ýokary netijeleri gazanmak üçin giň mümkinçilikleri döretdi diýip, O.Hudaýberenowa belledi.
Türkmen topragy keramatly toprak, rysgally, döwletli toprak, ata-babalarymyzyň yhlasy, ruhy siňen toprak. Babadaýhanlarymyz ak bugdaýyň gadymy mekany hasaplanylýan türkmen topragyndan ak pagtanyň, guşgursak bugdaýyň, şalynyň, bakja hem gök önümleriň bol hasylyny ýetişdirýärler. Häzirki wagtda ammarlarymyz ak bugdaýdan doly. Türkmeniň bereketli saçagy naz-nygmata baý. Daýhan üçin özüniň zähmetiniň netijesini görmekden uly bagt ýokdur. Her ýyl oba hojalyk pudagynda gazanylýan ýokary netijeler, ýetilen belent sepgitler hormatly Prezidentimiziň – Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen gazanylýar diýip, kärendeçi aýratyn belledi.
Döwlet Baştutanymyz ekerançylaryň zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmak, olaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak, döwrebap ýokary öndürilikli tehnikalary we enjamlary satyn almak, daýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek, önümçilige ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berýär diýip, O.Hudaýberenowa nygtady. Bu aladalara jogap edip, türkmen daýhanlary mundan beýläk hem oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerini ekip, bol hasyl almak, ýurdumyzyň bazarlaryny dürli önümler bilen doldurmak hem-de ilatymyzyň isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin ähli tagallalary ederler.
Kärendeçi sözüni dowam edip, milli Liderimiziň daýhanlarymyzyň ýerden bol hasyl almaklary üçin ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça uly işleri durmuşa geçirýändigini belledi. Şor suwlaryň akabalar bilen “Altyn asyr” Türkmen kölüne akdyrylmagy, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ýurdumyzda giňden ornaşdyrylmagy ýeriň we suwuň rejeli peýdalanylmagyny üpjün edýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň taslamasynda ýeri, suwy we beýleki tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak barada kadalar bar. Şunuň bilen baglylykda, kärendeçi bu kadalaryň ýurdumyzyň täsin tebigatyny, ýerasty, ýerüsti baýlyklaryny geljekki nesillerimiz üçin aýawly saklap galmakda hukuk binýady bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Ýurdumyzyň ekerançylarynyň adyndan O.Hudaýberenowa hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşynda beýan edilen hem-de eziz Watanymyz we halkymyz baradaky alada ýugrulan teklipleri hem-de milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini doly goldaýandyklaryny beýan etdi. Kärendeçiniň nygtaýşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň bu taryhy çykyşy babadaýhanlary garaşsyz Watanymyzyň röwşen ertesi, merdana halkymyzyň eşretli geljegi üçin mundan beýläk hem janaýaman zähmet çekmäge, toprakdan bol hasyl almaga ruhlandyrýar.
Soňra maslahatyň gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň Mary döwlet elektrik stansiýasynyň maşinisti-gözegçisi Pälwan Hojadurdyýew çykyş etdi. Ol maslahata gatnaşyjylaryň ählisiniň hormatly Prezidentimiziň forumda sözlän çuň manyly, maksatnamalaýyn çykyşyny uly ruhubelentlik we buýsanç bilen diňländiklerini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň döredijilikli içeri we daşary syýasatynyň, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek baradaky teklipleriniň doly goldanylýandygy beýan edildi.
Çykyş edeniň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny ösdürmäge degişli başlangyçlary ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açýar. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny ösdürmek babatda döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän maksatnamalary, bagtyýar türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda kabul edýän kararlary möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde ezizi Watanymyzyň ykdysady kuwwaty artýar, onuň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Bularyň ählisi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan uly üstünliklere buýsanç duýgusyny döredýär.
Öz çykyşynda P.Hojadurdyýew, şeýle hem dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şerti hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň kuwwatly guraly hökmünde Türkmenistanda elektrik energetikasynyň ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, energetika syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzda elektrik energetikasyny öndürmegiň möçberlerini artdyrmaga hem-de onuň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam edýändigi nygtaldy. “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bilen elektrik energetikasy pudagyny kämilleşdirmek, täze elektrik siansiýalaryny gurmak we olary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmek işleri barha artýan depginler bilen alnyp barylýar. P.Hojadurdyýew döwlet Baştutanymyzyň Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde utgaşykly dolanyşykda işleýän täze elektrik stansiýasyny gurmak baradaky Karara gol çekmegini muňa aýdyň mysal hökmündei görkezdi. Bu elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi täze iş orunlaryny, döwrebap iş şertlerini döretmäge, elektrik energiýasyny öndürmek üçin sarp edilýän tebigy gazy tygşytlamaga, daşky gurşawa zyňylýan zyýanly galydylarynyň möçberini azaldyp, köp möçberde elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berer. Netijede, Mary DES-niň önümçilik kuwwatlyklary artar.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak we onuň düzümini kämilleşdirmek boýunça ädilýän ädimleriň goňşy Owganystana ýeňillikli şertlerde iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini 5 esse artdyrmaga mümkinçilik berjekdigi bellenildi. Öz nobatynda, munuň özi dostlukly ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine ýardam eder. Türkmenistan goňşy ýurda hemişe uly goldaw berýär.
P.Hojadurdyýew pudagyň zähmetkeşleriniň öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipelerini ýerine ýetirmek üçin mundan beýläk hem ähli tagallalary etjekdigine ynandyryp, milli Liderimize berk jan saglyk we uzak ömür, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikler arzuw etdi.
Çykyşyň ahyrynda eziz Watanymyzy we milli Liderimiziň – Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini wasp edýän goşgy setirleri ýaňlandy.
Soňra “Merdem” hojalyk jemgyýetiniň baş müdiri Hudaýnazar Atageldiýewe söz berildi. Ol çykyşynyň başynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ähli agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we maslahata gatnaşyjylaryň ählisini ýurdumyzyň ýetip gelýän baş baýramy – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy hem-de Ýaşulularyň maslahatynyň açylmagy bilen gutlady.
Telekeçiniň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen birlikde hususyýetçiligi ösdürmek üçin hem oňaýly şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu pudakda hem uly ösüşleriň gazanylýandygy, belent sepgitlere ýetilýändigi nygtaldy.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň kömek-goldawy netijesinde gysga wagtyň içinde türkmen telekeçileri oba hojalyk pudagynda, senagatda, gurluşykda, hyzmatlar ulgamynda ýokary derejelere ýetdiler. Ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek üçin kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi, döwlet tarapyndan ýeňillikli karz serişdeleriniň yzygiderli berilmegi, ekin ekip, bol hasyl almak üçin gerek bolan ýerleriň bölünip berilmegi ýurdumyzyň senagatçylary we telekeçileri üçin uly mümkinçilikleri döredýär.
Ýurdumyzda alnyp barylýan düýpli özgertmelerde Türkmenistanyň telekeçileriniň öňünde has uly wezipeler durýar. Şol wezipeler bolsa täze innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyndan, bäsleşige ukyply harytlary öndürmekden, dürli maksatly desgalary gurmakdan ybaratdyr diýip, H.Atageldiýew sözüni dowam etdirdi.
“Merdem” hojalyk jemgyýetiniň baş müdiriniň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek boýunça öňünde goýan wezipelerinden ugur alyp, hususyýetçileriň soňky ýyllarda obasenagat ulgamyny üstünlikli özleşdirýärler we ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny iş ýüzünde giňden ulanýarlar.
H.Atageldiýew öz çykyşynda suwdan rejeli peýdalanmak meselesi barada durup geçdi. Şu maksatlar bilen, telekeçiler öz işinde döwrebap tehnologiýalary, şol sanda ekinleri suwarmak boýunça tehnologiýalary işjeň ulanýarlar. Telekeçiniň belleýşi ýaly, gök önümleri ýetişdirmekde emeli ýagyş suwunyň, miweli baglarda damjalaýyn suwaryş usulynyň oňat netije berýändigini iş tejribesi görkezýär. Telekeçiler ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, ýokary hasyl berýän tohumlardan peýdalanmaga aýratyn üns berip, ýokary netijeleri gazanýarlar. H.Atageldiýew şu ýyl kartoşkanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini muňa aýdyň mysal hökmünde görkezip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Türkmenistanda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň bazarlaryny özümizde öndürilen ýokary hilli önümler bilen doldurmak üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
H.Atageldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygyny, döwlet tarapyndan ýaşaýyş jaý, gaz, elektrik energiýasy, jemagat hyzmatlary üçin ýeňillikli tölegleriň bellennendigini, zähmet haklarynyň yzygiderli ýokarlanýandygy hem-de ilaty iş bilen üpjün etmek meseleleriniň üstünlikli çözülýändigini aýdyp, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklaryna geçmeginiň milli baýlyklardan aýawly hem-de rejeli peýdalanmagy talap edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga saldamly goşant goşýandyklary nygtaldy. Olar ilatymyz üçin ýokary hilli ýaşaýyş jaýlaryny, köpsanly medeni-durmuş maksatly desgalary gurýarlar, şeýle hem täze döwrebap şäherleri we obalary döretmek baradaky taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, H.Atageldiýew 7-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkan welaýatynda Bekre balygyny we onuň işbilini ösdürip ýetişdirýän hem-de balygy gaýtadan işleýän kärhananyň ulanmaga berlendigini mysal getirdi.
Telekeçi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň hususyýetçilerine uly ynam bildirýändigini aýdyp, milli Liderimizi hem-de Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň jemi içerki önümiň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak boýunça öňde duran wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynam bildirdi.
H.Atageldiýew Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça öňe sürlen teklipleri goldaýandyklaryny aýdyp, Konstitusiýanyň aýry-aýry kadalarynyň ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge ýardam edýändigini nygtady. Telekeçiniň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň telekeçileri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatyny hem-de milli Liderimiziň öňe sürýän giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny doly goldaýarlar.
Çykyşyny tamamlamak bilen, H.Atageldiýew döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür we eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.
Soňra Serdar şäheriniň çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Bahargül Hallyýewa söz berildi. Ol "Awazä" milli syýahatçylyk zolagynda Kongresler köşginde geçirilýän, il agzybirliginiň, ýurt parahatçylygynyň nyşany bolan uly döwletli maslahatda çykyş etmegiň özi üçin uly mertebedigini we özüni in bagtly ynsanlaryň biri hasap edýändigini aýtdy.
Çykyş edýäniň belleýşi ýaly, şu sahnany bezäp duran bäş welaýatyň göllerine orun berilýän "Ak haly" ady bilen atlandyrylýan nepis halyny dokamaklyk Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylarynyň paýyna düşdi. Bu bolsa, biz, halyçylar üçin uly bagtdyr diýip, B.Hallyýewa belldi.
Ählimiziň bilşimiz ýaly, mähriban Arkadagymyz halkymyzyň milli buýsançlarynyň biri bolan haly sungatyny ösdürmäge hemişe aýratyn uly üns berýär. Bu babatda ägirt uly işleri amala aşyrýar diýip ol çykyşyny dowam etdi. Döwlet Baştutanymyzyň, taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halyçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, işiň netijeligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler biz - halyçylaryň göwünlerine ganat bekleýär diýip nygtady. Türkmen halylary bütindünýä medeni mirasynyň bölegi bolup durýar we biziň halkymyz halyçylyk sungatynda uly tejribe toplady diýip, B.Hallyýewa aýtdy. Häzirki döwürde pudakda gazanylýan üstünlikler hormatly Prezidentimiziň bu gadymy sungaty mundane beýläk-de kämilleşdirmäge we ösdürmäge gönükdirilen tagallalarynyň netijesidir.
Türkmen halylarynda türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsi şöhlelendirilýär we biz şol halylaryň iň gowy nusgalarynyň dünýä belli muzeýleriň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklaryna öwrülendigine buýsanýarys. Türkmenistanda biziň ata-babalarymyz tarapyndan köpasyrlaryň dowamynda döredilen milli gymmatlyklary gorap saklamaga we wagyz etmäge, olary indiki nesillere ýetirmäge döwlet derejesinde üns berilýär diýip, halyçy zenan belledi.
Çykyş edýäniň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda düýpli özgerişdir ösüşlere beslenýän ýurdumyzda halyçy gelin-gyzlarymyz hem ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlary bilen bir hatarda jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýarlar, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny alan ilkinji günlerinden başlap, zenanlaryň we erkekleriň deň hukuklylygyny üpjün edýän gender syýasaty alnyp barylýar. Maşgala ojagynyň esasy daýanjy bolan zenanlaryň erkekler bilen bir hatarda okamaga, dynç almaga hukugy bardyr, bular Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kanuny taýdan berkidilendir. Munuň üçin ýurdumyzda ähli şertler döredildi.
Döwlet Baştutanymyzyň hemmetaraplaýyn aladasy bilen ruhlanan türkmen halyçy zenanlary öz kärine we halyçylyk sungatyna buýsanyp zähmet çekýärler we milli Liderimiz tarapyndan öňe sürülýän ähli maksatnamalary doly goldaýarlar diýip, B.Hallyýewa belledi we Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaşulularyň şu günki maslahatynda eden taryhy çykyşynyň ähmiýetini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, halyçy zenan döwlet Baştutanymyza milli haly sungatyny ösdürmäge gönükdirilen iri möçberli tagallalary, şeýle hem halyçylar hakyndaky hemmetaraplaýyn aladasy üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimize – Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk we ähli ägirt uly başlangyçlarynda uly üstünlikler arzuw edip, B.Hallyýewa öz çykyşyny belent ruhly şahyrana setirler bilen tamamlady
Soňra Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň terbiýeçilik işleri boýunça bölüminiň serkerdesi Batyr Dädebaýewe söz berildi, ol Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň möhüm wakasy bolan, halk demokratiýamyzyň dabaralanmagyny aňladýan Türkmenistanyň Ýaşulylarynyň maslahatynyň şu günki mejlisiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysyna möhüm taryhy waka hökmünde girjekdigine, türkmen halkynyň mundan beýläk-de agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.
Çykyş edýäniň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň öňdengörüjilikli parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyz parahatçylygyň, döredijidigiň we abadançylygyň ýoly bilen öňe barýar, Watanymyz halkara derejesinde belent abraýa eýe boldy. Türkmen Watan goragçylary ähli babatda hormatly Prezidentimizden, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowdan görelde alyp, mähriban halkymyzyň parahat we asuda durmuşynyň goragynda durýarlar we geljekde hem Watanymyza gulluk edip, onuň okgunly ösmegine mynasyp goşant goşarlar diýip, ol nygtady.
Çykyşynyň dowamynda B.Dädebaýew döwlet Baştutanymyzyň Watan goragçylarynyň gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmak, olara we olaryň maşgalalaryna hemmetaraplaýyn goldaw bermek meselelerine hemişelik üns berýändigini aýratyn belledi. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Merdana” myhmanhanasynyň açylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr, onda harby gullukçylaryň amatly dynç almagy üçin ajaýyp şertler döredilipdir. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda häzirki zaman harby şäherjikleri gurulýar. Watan goragçylary we olaryň maşgala agzalary üçin ýokary amatlykly täze ýaşaýyş jaýlary bina edilýär. Harby gullukçylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, olara watançylyk terbiýesiniň berilmegine uly üns berilýär. Bularyň ählisi olary özleriniň Watan öňündäki mukaddes borjuny mynasyp hem-de birkemsiz berjaý etmäge borçlandyrýar we ruhlandyrýar.
Nygtalyşy ýaly, Belent Serkerdebaşynyň hemişelik üns bermegi, döwlet tarapyndan edilýän alada, bildirilýän belent ynam Watan goragçylary üçin ägirt uly mertebedir. Şunda B.Dädebaýew Türkmenistanyň Ýaşulylarynyň maslahatynyň belent münberinden ähli harby gullukçylaryň adyndan çykyş etmek bagtynyň özüne ynanylandygy üçin tüýs ýürekden buýsanýandygyny belledi.
Ol çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generally Gurbanguly Berdimuhamedowy Watan goragçylarynyň garaşsyz Watanymyza we halkymyza beren watançylyk kasamyna hemişe wepaly boljakdyklaryna, şöhratly ata-babalarymyzyň ýörelgelerini mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynandyrdy. Ol Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli şahsy düzüminiň adyndan iri göwrümli harby özgertmeleri geçirýändigi üçin milli Liderimize çuňňur hoşallygyny bildirdi we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze uly üstünlikler arzuw etdi.
Soňra Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Selbi Toýlyýewa we Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyby Döwran Muhadowa söz berilýär.
Türkmen talyplarynyň wekilleri Türkmenistanyň Ýaşulalarynyň maslahatynyň mejlisine gatnaşmaga döredilen mümkinçilik we umumymilli forumyň belent münberinden ähli türkmen ýaşlarynyň adyndan çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Häzirki maslahatyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň senenamasyna taryhy waka hökmünde girjekdigine ynam bildirip, ýaş nesil Watanymyzda geçirilýän, ýurdumyzyň ösüşinde täze sepgitlere ýetmegine, onuň halkara abraýynyň gün-günden has-da belende göterilmegine gönükdirilen Watanymyzda geçirilýän iri möçberli özgertmeler bilen ruhlanýarlar diýip, çykyş edenler bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, 2015-2020-nji ýyllar üçin ýaşlar syýasatynyň Döwlet maksatnamasynyň ähmiýeti nygtaldy, onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň türkmen döwletiniň işlerine doly derejede gatnaşmaklary üçin degerli şertleri döretmäge, ýaş türkmenistanlylary ýokary maksatlara ýetmäge höweslendirýär.
Döwletimiziň ýaş nesil, onuň bilim we hünär derejesini ýokarlandyrmak baradaky ägirt uly aladasynyň mysaly hökmünde çykyş edenler ýurdumyzda yzygiderli ýagdaýda häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleriniň açylýandygyny, täze hünärleriň girizilýändiginiň, şeýle hem ýaşlarymyzyň daşary ýurtlaryň iri okuw mekdeplerinde bilim almak üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýtdylar.
Türkmen talyplarynyň wekilleriniň çykyşynda şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilaty sagdyn durmuş ýörelgesine gönükdirmek, ruhy taýldan baý we berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek, ýurdumyzyň sportuny halkara derejesinde belent sepgitlere ýetirmek boýunça başlangyçlarynyň ägirt uly ähmiýeti nygtaldy. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň sporty ösdürmek boýunça yzygiderli we maksadaokgunly syýasatynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan sebitde ilkinji bolup 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyna eýe boldy. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary ägirt uly ruhubelentlik bilen bu abraýly yklym möçberindäki sport baýramçylygyna ykjam taýýarlyk görýärler.
Ýaş maşgalalary goldamak hem ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysallarynyň biridir, olaryň köpüsi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze açylan ýerlerde döredilen häzirki zaman obalarynda, şäherlerde we etraplarda ýaşaýarlar.
Bellenilişi ýaly, döwletimiz ýaşlar üçin iş orunlarynyň döredilmegi barada hem uly alada edýär, häzirki wagtda olar dürli ulgamlarda üstünlikli zähmet çekýärler, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy, halkara ähmiýetli demir ýollary we iri gaz geçirijileri ýaly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşyp, öz gujur-gaýratyny we watançylyk hyjuwyny mähriban ýurdumyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna gönükdirýärler.
Ýaş türkmenistanlylar, ýurdumyzyň her bir beýleki raýaty ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça öňe sürlen ähli teklipleri tüýs ýüreginden goldaýarlar, ol döwletimiziň ösmegi, onuň mundan beýläk-de okgunly öňe gitmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar. Türkmen talyplarynyň wekilleriniň nygtaýşy ýaly, milli Liderimiziň ýaşlaryň öňünde goýan jogapkärli wezipeleri olary täze belentliklere ýetmäge ruhlandyrýar.
Türkmenistanyň ähli ýaşlarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, şu günki Ýaşulularyň maslahatynda öňe sürlen teklipleri doly goldaýandyklaryny beýan edip, çykyş edenler döwlet Baştutanymyzy ýaş türkmenistanlylaryň öz hünärleriniň hakyky ussatlary hökmünde kemala gelip, Watanymyza we halkymyza wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.
Hormatly Prezidentimiz ara alyp maslahatlaşmalaryň jemini jemlemek bilen, umumymilli maslahatda çykyş edenleriň ählisine minnetdarlyk bildirip, bu ýerde aýdylan ähli teklipleriň hökman göz öňünde tutuljakdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam etdirmek bilen, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň garamagyna hödürlenilen resminamalaryň
birnäçesine gol çekdi. Olaryň hatarynda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakyndaky”, “Türkmenistanyň “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglamak hakynda” we “Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy adyny dakmak hakynda” Permanlar bar.
Soňra umumymilli maslahat Türkmenistanyň raýatlaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy bilen dowam etdirildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Türkmpenistanyň halk ýazyjysy, “Edebiýat we sungat” gazetiniň esasy ugurlar boýunça bölüm müdiri Amangözel Şagulyýewa iň ýokary tapawutlandyryş derejesini – “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen ady dakmak we oňa “Altyn Aý” altyn medalyny gowşurmak hakyndaky Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny okaýar. Ol bu ýokary sylaga türkmen döwletiniň we halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli medeniýetimizi, çeper edebiýaty hem-de şygryýet sungatyny ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy, şeýle hem köpýyllyk göreldeli we tutanýerli zähmeti üçin mynasyp boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda Amangözel Şagulyýewa ýokary döwlet sylagyny gowşuryp, ony Türkmennistanyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp bolmagy bilen mähirli gutlady we edebi döredijilikde mundan beýläk-de üstünlikler arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyza ägirt uly hormat üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, şahyr zenan munuň özi üçin örän uly jogapkärçilikdigini belledi. Özüniň geljekde hem ähli gujur-gaýratyny we döredijilik ylhamyny söýgüli Watanymyzyň bähbidine sarp etjekdigini ynandyrmak bilen, Amangözel Şagulyýewa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür we Watanymyzyň hem-de halkymyzyň bähbidine ähli asylly başlangyçlarynda uly üstünlikler arzuw etdi.
Milli Liderimiz dabaraly ýagdaýda “Hormatly il ýaşulusy” diýen ada mynasyp bolan ýaşuly nesliň wekillerine döşe dakylýan degişli nyşanlary, şeýle hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygynyň pugtalandyrylmagyna, onuň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, halk hojalyk toplumynyň, durmuş we medeniýet ulgamynyň dürli pudaklaryny ösdürmäge, milli däp-dessurlary gorap saklamaga we dowam etdirmäge mynasyp goşant goşan we döwletimiziň we halkyň öňünde uly abraýa eýe bolan, köpýyllyk ak ýürekli zähmeti üçin uly hormata mynasyp bolan türkmenistanlylara sylaglary gowşurýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň elinden döwlet sylagyny kabul edip, ildeşlerimiz milli Liderimize öz zähmetine berlen ýokary baha, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan iri möçberli ýadawsyz işi üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.
Sylaglary gowşurmak dabarasy tamamllanandan soň, Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisini dowam etdirmek bilen, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, indiki ýyl Watanymyzyň döwlet garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň 25 ýyl dolýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu şanly senäni giňden we dabaraly ýagdaýda baýram etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, Ýaşulularyň maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmegiň anyk senesiniň soňra yglan ediljekdigini aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ýaşulullar maslahatynyň Başlygynyň orunbasaryny saýlamak baradaky meselä geçdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty baradaky Düzgünnama laýyklykda Aşgabat şäheriniň ýaşululary bu wezipä paýtagtymyzyň ýaşaýjysy, hormatly ýaşulularyň biri Rahman Gelliýewi saýlamagy teklip etdiler.
Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, R.Gelliýewi bu hormatly wezipä saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we oňa işde üstünlikler arzuw etdi. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün siziň bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany 2016-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy wezipelerine seretdik, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan özgertmeleri mundan beýläk-de ýokary depginler bilen dowam etmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk diýip, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna gatnaşyjylaryň türkmen halkyna we ýurdumyzyň ähli ilatyna Ýüzlenmesiniň taslamasyny kabul etmek üçin ýygnananlaryň garamagyna hödürledi.
Bu resminama biragyzdan kabul edilýär.
Soňra milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara jemleýji çykyşy bilen ýüzlenmek bilen, häzirki döwürde berkarar döwletimiz ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar diýip aýtdy. Ýurdumyzda giň gerimli we tutumly işler ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Garaşsyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça öňümizde durýan wezipeleri ählihalk derejesinde ara alyp maslahatlaşmak däbi häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Halk häkimiýetiniň gadymy ýörelgeleri giňden ornaşdyrylýar diýip belledi.
Ine, şu gün hem biz Ýaşulularyň maslahatynda ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleri öndürýän we dünýä bazarynda mynasyp orny eýeleýän, kuwwatly senagat önümçiligi bolan ýurda öwürmek baradaky meseläni milli demokratik ýörelgeler esasynda ara alyp maslahatlaşdyk. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanan üstünliklerimiz, ýeten belent sepgitlerimiz, şeýle hem Prezident Maksatnamasyna laýyklykda öňde durýan wezipeler barada siziň bilen maslahat etdik. Bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň esasy şertleriniň biri hem dünýä tejribesini we täze tehnologiýalary ornaşdyrmakdan ybaratdyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Biz turuwbaşdan ýurdumyzy ýakyn we geljek döwürde hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ýoluny, öňde durýan wezipeleri aýdyň kesgitledik. Öz öňümizde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysadyýetini yzygiderli ösdürmek bilen, ata Watanymyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak boýunça belent maksatlary goýduk. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe üstünlikli amala aşyrýan ähli işlerimiziň maksady mähriban halkymyzyň ýaşaýyş - durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan, eziz halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki maslahatda biz döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyndaky ýene-de bir möhüm meseläni –Garaşsyz döwletimiziň sarsmaz binýady bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze taslamasyny işläp taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşdyk diýip aýtmak bilen,
Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň, şol sanda hormatly maslahata gatnaşyjylar, siziň hem işjeň gatnaşandygyňyz üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin diýdi.
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, mähriban halkymyzyň medeni-durmuş derejesini we maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işlere Türkmenistanyň her bir raýatynyň işjeň gatnaşyp, öňümizde durýan belent maksatlarymyzy üstünlikli amala aşyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Biziň kabul eden maksatnamalarymyzy ýerine ýetirmek, möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek üçin entek etmeli işlerimiz az däl. Öňümizde täze we jogapkärli wezipeler durýar. Bu wezipeler düýpli çemeleşmäni we oýlanyşykly çözgütleri talap edýär. Bu belent wezipeleri ähli halkymyz bilen bilelikde, agzybirlikde we jebislikde üstünlikli durmuşa geçirjekdigimize berk ynanýaryn diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiziň soňra belleýşi ýaly, Ýaşulularyň indiki maslahaty geljek ýylda Aşgabat şäherinde geçiriler. Häzirki wagtda paýtagtymyz Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhynyň, röwşen geljeginiň, gülläp ösüşiniň we rowaçlygynyň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Şähergurluşyk maksatnamasynyň toplumlaýyn amala aşyrylmagy netijesinde, paýtagtymyz sebitde we dünýäde iň owadan we gözel şäherleriň hataryna goşuldy. Aziýanyň merjen şäherine öwrülen türkmen paýtagty Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu bolsa, Aşgabat şäheriniň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da belende göterýär.
Aşgabat şäheri ykdysady, medeni we ylym merkezi bolmak bilen, halkara gatnaşyklaryny işjeň ösdürmek, dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin hemişe açykdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Gözel paýtagtymyz häzirki döwürde halkara ýaryşlarynyň geçirilýän sport merkezine hem öwrülýär. Biz 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge giňden taýýarlyk görýäris. Bu waka Bitarap döwletimiziň dünýädäki sport abraýyny has-da artdyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Halkymyzyň guwanjyna we buýsanjyna öwrülen paýtagtymyzda biz geljek ýyl, ýaňy hem belläp geçişim ýaly, Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyny geçireris. Bu maslahatda hormatly ýaşulular bilen berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň mundan beýläk-de asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamagy we zähmet çekmegi bilen bagly möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys, il-ýurt bähbitli maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmak boýunça öňümizde durýan wezipeleri kesgitläris diýip, döwlet Baştutanymyz ýene bir gezek belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulularyň maslahatyny Balkan welaýatynda guramaçylykly geçirmekde yhlas bilen zähmet çeken jogapkär adamlara, ýolbaşçylara, Balkan welaýatynyň agzybir we zähmetsöýer ilatyna görkezen myhmansöýerligi üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin diýip aýtmak bilen, indiki ýyl gözel paýtagtymyz Aşgabatda hem Ýaşulularyň nobatdaky maslahatynyň ýokary derejede we guramaçylykly geçiriljekdigine berk ynanýandygyny beýan etdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz eger Ýaşulularyň maslahatynyň
gün tertibine degişli meseleler boýunça teklipleriňiz bar bolsa, onda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasyna islendik wagt ýüz tutup bilersiňiz diýip belledi.
Türkmenistanyň Ýaşulularynyň şu maslahatyny şanly wakanyň – berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygynyň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygynyň giňden baýram ediljek günleriniň öň ýanynda geçirýäris. Halkymyzyň agzybirlikde yhlasly zähmet çekmegi netijesinde, Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň her bir güni ýurdumyzyň durmuşynda täze üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giň gerimli özgertmeler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň halkara derejesinde at -abraýyny, şan-şöhratyny belende göterýän möhüm ähmiýetli wakalar bolup geçýär diýip, milli Liderimiz nygtady.
Ýaňy çykyşymda hem belläp geçişim ýaly, şu ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýany gaýtadan kabul edip, döwletimiziň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny goldaýandygyny beýan etdi. Bu resminamanyň kabul edilmegi Garaşsyz Watanymyzyň sebitde we dünýäde parahatçylygy dörediji döwlet hökmünde tutýan ornunyň barha pugtalanýandygyna, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarymyzyň giň goldaw tapýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Bu bolsa, sebitiň ykdysady ösüşine hem öz oňyn täsirini ýetirýär. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli indi birnäçe wagtdan bäri ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda köp sanly çäreler geçirilýär. Bu çäreleriň örän möhüm ähmiýeti bar. Çünki, Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletimiziň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna giň ýol açýar diýip, milliLiderimiz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz men sizi we ähli halkymyzy bu çärelere uly buýsanç bilen işjeň gatnaşmaga çagyrýaryn, bu şanly baýramy uly dabaralara besläp, giňden belläp geçeris. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk baýramy mynasybetli uly üstünlikleri gazanyp, zähmetde tapawutlanan mynasyp raýatlarymyza döwlet sylaglaryny hem gowşurarys diýip aýtdy.
Şunuň bilen Ýaşulularyň maslahatynyň gün tertibine girizilen meseleleriň ählisine seredip gutardyk. Şol möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga işjeň gatnaşandygyňyz üçin, siziň ähliňize minnetdarlyk bildirýärin, size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň ählisine ýüzlenip aýtdy.
Şunuň bilen döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň öz işini tamamlandygyny yglan etdi.
Kongresler merkeziniň ajaýyp zalynda ýene-de Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden ýaňlanýar.
Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisi tamamlanandan soň, elleri gül desseli maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy maslahatyň işiniň netijeli bolandygy, Watanymyzyň ýetip gelýän Garaşsyzlyk güni, şeýle hem şu ýyl bellenilýän Türkmennistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutladylar. Ýygnananlar Döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan iri möçberli asylly işlerinde täze uly üstünlikler arzuw etdiler.
Mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz hemmeler bilen mähirli hoşlaşdy we Kongresler merkezinden ugrady.
TDH