Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
2015-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň makroykdysady görkezijileri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli depginli ösüşi bellenildi.
2014-nji ýyl üçin Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň gutarnykly ösüşi barada habar berip, wise-premýer milli ykdysadyýetiň esasy görkezijisi bolan jemi içerki önüm öndürilişiniň ösüşiniň geçen ýylda 110,3 göterim derejesinde üpjün edilendigini belledi. Geçen ýyl daşary söwda dolanyşygy boýunça görkeziji 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende 104,2 göterim boldy. Bu bolsa “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” göz öňünde tutulandakydan 28,1 göterim ýokarydyr. Maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça ösüş 6,1 göterim boldy. Munuň özi Prezident maksatnamasynda göz öňünde tutulanyndan 34,5 göterim ýokarydyr.
2015-nji ýylyň ýanwar aýyndaky makroykdysady görkezijiler barada hasabat berip, wise-premýer jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 110,1 göterim bolandygyny aýtdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 12,5 göterim artdy. 2020-nji ýyla çenli döwre niýetlenen Milli özgertmeler maksatnamasyna laýyklykda, durmuş ähmiýetli desgalaryň 195-siniň, 951,3 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem inžener-aragatnaşyk düzüminiň desgalarynyň gurluşyklary amala aşyrylýar.
Wise-premýer Türkmenistanyň döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, onuň girdeji böleginiň 102,7 göterim, çykdajy böleginiň 90,3 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Zähmet haklary, döwlet kömek pullary, pensiýalar we talyp haklary doly möçberli tölenilýär. 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ortaça aýlyk iş haky 10 göterim ýokarlandy.
Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde, Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasynyň arasynda baglaşylan degişli Ylalaşyga laýyklykda, şu aýda ýurdumyzda HPG-niň wekiliýetiniň iş saparynda bolýandygyny aýtdy. HPG-niň bilermenleri özgertmeler maksatnamalaryny, ykdysady we maliýe özgertmelerini durmuşa geçirmekde Türkmenistanda gazanylan makroykdysady görkezijilere we üstünliklere ýokary baha berip, ýurdumyzda geljekki ýyllarda jemi içerki önümiň öndürilişiniň ösüş depginlerine degişli oňyn çaklama berdiler. Şeýle hem sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň görkezijileriniň 2015-2016-njy ýyllarda pes derejede saklanyljakdygy nygtaldy. Döwlet goldawynyň we döredilen amatly şertleriň netijesinde hususy ulgam ösdüriler, bu hem oňyn netijeleri berer.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna HPG-niň wekiliýeti tarapyndan jemgyýetçilik üçin taýýarlanan hem-de milli ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginlerine, Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýän maglumat habary hödürlendi. Bu habary halkara walýuta gaznasynyň Internet sahypasynda ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak we halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny nygtady. Şu babatda hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň yzygiderli depginli ösüşini üpjün etmek maksady bilen toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere şu babatda birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Halkara pul gaznasynyň jemgyýetçilik üçin taýýarlan maglumatynda ykdysadyýetimiziň ösüşi boýunça gowy netijelere garaşylýandygyny belledi. Emma, muňa garamazdan, biz ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek we ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi mundan beýläk hem netijeli dowam etmeli. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, pudaklarda özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmaga, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işlerimiziň depginini birjik-de gowşatmaly däl.
Ýurdumyzyň ykdysadyýeti dünýä ykdysadyýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Şoňa görä-de, dünýäde bolup geçýän ähli oňyn we ýaramaz ýagdaýlar biziň ýurdumyza hem gönüden-göni täsir edýär diýip aýtmak bilen, milli Liderimiz bu baradaky meselä ýene-de bir gezek ünsi çekdi.
Dünýäde nebitiň we gazyň bahalarynyň birden pese düşmegi bilen bagly dörän ykdysady çökgünlik sebäpli, biz hem adaty bolmadyk çäreleri görmeli bolduk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Harytlaryň we hyzmatlaryň aýry-aýry görnüşleriniň nyrhlaryny az-kem ýokarlandyrdyk. Manadyň erkin ýörgünli daşary ýurt puluna görä hümmetini biraz peseltdik. Emma, muňa garamazdan, şu ýylyň başyndan ähli işgärleriň zähmet haklary, pensiýalar we döwlet kömek pullary artdyryldy. Bu bolsa, nyrhlaryň ýokarlanmagy bilen bagly ilatymyzyň çykdajylarynyň belli bir derejede öwezini dolmaga mümkinçilik berdi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe ýüzlenip, dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlary düýpli seljermegi, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ýaramaz ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýän çäreleri görmegi tabşyrdy. Wise-premýere bu ugurda geçirilmeli işleri seljerip, öz wagtynda degişli teklipleri bermek tabşyryldy.
Bu babatda milli Liderimiz ýakyn ýyllarda halkymyz hiç hili kynçylyk çekmän, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşar ýaly, Türkmenistanyň ýeterlik möçberde halkara we içerki ätiýaçlyk serişdeleriniň bardygyny belledi. Emma, muňa garamazdan, biz arkaýynlaşmaly däldiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de dünýäde ykdysady çökgünligiň dowam edýän häzirki şertlerinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini üstünlikli dolandyrmak maksady bilen, Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmelidigini nygtady. Göz öňünde tutulmadyk çykdajylaryň, şonuň ýaly-da, dolandyryş edaralary üçin edilýän artykmaç çykdajylaryň möçberlerini azaltmak boýunça zerur çäreleri görmeli. Şu ýyl gurluşygyna başlamak göz öňünde tutulýan binalaryň we desgalaryň sanawyna hem gaýtadan seretmeli diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen maksatnamany hem işläp taýýarlamaly we kabul etmeli diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Öň hem bellenip geçilişi ýaly, döwlet dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän özgertmeleriň depginini güýçlendirmeli. Ýurdumyzyň pul-karz we maliýe ulgamlarynda bazar usullaryny has giňden ornaşdyrmaly. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin zerur işleri amala aşyrmaly, şeýle hem ykdysadyýetde hususy pudagyň paýyny artdyrmak boýunça hem netijeli işleri durmuşa geçirmeli.
Şu babatda döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýeti ösdürmäge hususyýetçileriň işjeň gatnaşmagyny gazanmak maksady bilen ähli çäreleri görmelidigini nygtady. Geçiriljek bu çäreler ýakyn ýyllarda dünýä ykdysadyýetinde üýtgäp durýan ýagdaýlara garşy ygtybarly usuly döretmäge, ýurdumyzda ykdysady durnuklylygy gazanmaga mümkinçilik berer. Bu çäreler alyp barýan makroykdysady syýasatymyza halkymyzyň ynamyny has-da berkider, milli pulumyz bolan manadyň hümmetini zerur bolan çäklerde saklamaga ýardam eder diýip belläp, milli Liderimiz ýokarda aýdanlaryny jemledi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi