Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň ykdysady jähtleri
1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 agza döwletleriň makullamagynda „Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy“ hakynda Rezolýusiýasy kabul edildi. Onda dünýä jemgyýetçiligi ýaş Türkmenistan döwletiniň bitaraplygyny ykrar edýändigini we gollaýandygyny beýan etdi. 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda „Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy“ hakynda konstitusion kanuny kabul edildi. Bitaraplyk hukuk derejesi milli kanunçylygymyza girizildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 6-njy maddasynda şeýle belenilýär: „Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmazlyk we harby bileleşiklere hem birleşmelere goşulmazlyk, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň öşmegine ýardam bermek ýörelgelerine eýerýär“.
2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy sessiýasyndakabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplagy“ Kararnamasynda Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde ýurdumyzyň tutýan işjeň we oňyn orny ykrar edildi. BMG bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Bitaraplyk – bu parahatçylyk, asudalyk, ählumumy howpsuzlyk, dostlukly gatnaşyklar, ykdysady hyzmatdaşlyk.
Ýurduň Bitaraplygy Turkmenistana beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitaraplyk derejesine laýyk daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni dünýä ýüzune ykrar etdirdi.
Türkmenistan „açyk gapylar“ syýasatyna eýerip, netijeli daşary syýasat ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirýär, özüniň parahatçylyk ýörelgelerini bütin adamzadyň bähbidine goýmaga çalyşýar. Munuň özi ýurdumuzyň barha artýan halkara abraýyna eýe bolýar.Ýurdumyzyň içerki hem-de daşarky syýasatynyň netijesinde bu gün Türkmenistan dünýäniň syýasy giňişliginde güýçli depginler bilen ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly we asuda, sebit we halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşyjy, ynamdar hyzmatdaş ýurtlaryň hatarynda giňden tanalýar.
„Daşary ykdysady iş hakynda“ Türkmenistanyň kanunynyň rejelenen görnüşi 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda kabul edildi. Daşaryykdysadysyýasat - beýleki ýurtlarbilen ykdysadygatnaşyklarykadalaşdyrmakdanwe ösdürmekden ybaratdyr.
Daşary ykdysady işiň esasy ugurlary:
1) halkara ykdysady we maliýe hyzmatdaşlygy;
2) daşary söwda işi;
3) daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi;
4) Türkmenistanyň çäginden daşardaky maýa goýum işi bolup durýar.
Daşaryykdysadysyýasatynyň netijeliliginiartdyrmak üçinTürkmenistandahyzmatdaşlyketmekboýunça ýöriteleşdirilenhökümetaratoparlardöredilýär, olaryň işisöwda-ykdysady, maýagoýumlarwe beýleki ugurlary öziçinealýar.
Häzirki döwürde Turkmenistan dünýäniň 104 döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar. Olaryň esasylary: Hytaý Halk Respublikasy, Turkiýe Respublikasy,Russiýa Federasiýasy, Eýran Yslam Respublikasy, Birleşen Arap Emirligi, Italiýa we beýlekiler.
Daşary ykdysady syýasat Türkmenistana halkara derejesindäki iri taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilikler berýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň, uly senagat toplumlarynyň gurulmagyna işjeň gatnaşmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şu ýerde Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen netijeli hyzmatdaşlygyny görkezmek bolar. Häzir Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň çäginde tebigy gazdan benzin öndürmäge niýetlenen täze zawodyň gurulýandygyny bellemek bolar. Bu senagat toplumynyň gurluşygyny „Türkmengaz“ döwlet konserni, Ýaponiýanyň „Kawasaki“ we Türkiýänyň „Rönesans Holding“ kompaniýalary bilelikde alyp barýarlar. Iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bu zawod her ýylda 1 milliard 782 million kubmetr tebigy gazy gaýtadan işlär hem-de „Euro-5“ standarty boýunça iň ýokary ekologiýa talaplaryna gelýän A-92 görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny öndürer. Bu zawodyň önümi geljekde ýurduň eksport mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrar.
Hormatly Prezidentimiz 2015-nji ýylyň 6-njy noýabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde „Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak hakyndaky“ taryhy ähmiýetli karara gol çekdi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarar we ýewraziýa yklymyna uly täsir eder. Turba geçirijiniň uzynlygy 1814 km bolup, ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre barabar. Bu taslama ägirt uly maýa goýumlary talap edýär. Turba geçirijiniň gurluşygyn ýolbaşçylyk edýän „Türkmengaz“ döwlet konserni, „Türkmennebitgaz“ döwlet konserni we „TAPI Pipeline Company Limited“ paýdarlar kompaniýasy ýerine ýetirerler.
Bu taslamanyň ähmiýeti örän uludyr:
1. Türkmenistanyň parahatçylyk, bitewülik, ynsanperwer we Bitaraplyk derejesi artar,
2. halkara hyzmatdaşlygy öser,
3. ulag-aragatnaşyk düzümi kämilleşer,
4. müňlerçe täze iş orunlary dörediler.
Ýurdumyzyň halkara ykdysady gatnaşyklary ýylsaýyn giňelýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan işler tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilip, sebitde we dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga uly ýardam berýär.
Türkmen halkyny eşretli durmuşa ýetiren Gahryman Prezidentimiziň jany sag bolsun, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli ähli tutumly işleri barha rowaç alsyn!
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň
mugallymy Karliýewa T.K.