Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanda ýokary derejede halkara maslahaty geçirildi

2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dürli ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, dünýäniň ýokary syýasy derejeli wekilleri, abraýly halkara we sebit guramalarynyň, diplomatik toparlarynyň wekilleri Aşgabada ýygnandylar. Foruma, şeýle hem ýurdumyzyň ýolbaşçylar topary, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda resmi taýdan bellenilen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

...Maslahatyň geçiriljek ýeri bolan Maslahat köşgüne gelen belent mertebeli myhmanlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow garşylaýar. Milli Liderimiziň Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna bagyşlanan halkara forumyny çagyrmak baradaky başlangyjy giň halkara seslenmesini döretdi, dünýäde uly gyzyklanma we goldaw tapdy.

Türkmen döwletiniň Baştutany ýurtlaryň Liderlerini—Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganini, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkony, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Kolinda Grabar-Kitarowiçi, Gruziýanyň Prezidenti Giorgiý Margwelaşwilini, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewi, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolae Timoftini, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmony, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimowy mübärekleýär.

Milli Liderimiz şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkony, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Oktaý Asadowy, Çehiýa Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Milan Ştehi, Ermenistan Respublikasynyň Parlamentiniň spikeri Galust Saakýany, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň orunbasary Li Ýuançaony, Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansarini, Eýran Yslam Respublikasynyň Wise-prezidenti Eshak Jahangiri, Gazagystan Respublikasynyň Mažilisiniň Başlygy Kabibulla Žakupowy, Sloweniýa Respublikasynyň Döwlet Ýygnagynyň Başlygy Milan Brglesi, Umm-Al-Kuweýn /BAE/ emirliginiň emiri şeýh Said bin Raşid Al Muallany hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mohamad Nawaz Şarifi mähirli garşylaýar.

Bu ýerde, Maslahat köşgüniň eýwanynda mähirli görşenlerinden we salamlaşanlaryndan soňra türkmen Lideri hem-de uly wekiliýetleriň baştutanlary ýadygärlik üçin surata düşýärler. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylary forumyň açylyş dabarasyna çagyrýar.

Zala ýygnananlar ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen milli Liderimizi hem-de meşhur syýasy işgärleri garşylaýarlar. Giriş sözi ýaňlanýar, türkmen döwletiniň Baştutany prezidiuma çagyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt wekiliýetlerine Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana «Hoş geldiňiz!» diýip ýüzlenmek bilen, Halkara maslahatynyň işine gatnaşmak baradaky çakylygymyzy kabul edendikleri üçin olara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Biz şu ýerde dünýäniň onlarça ýurtlaryndan gelen döwlet we hökümet baştutanlaryny, halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryny, görnükli syýasy we jemgyýetçilik işgärlerini, diplomatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini görýändigimize örän şatdyrys diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Halkara maslahatyna şeýle köpsanly wekiliýetiň gatnaşmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana dünýäde örän uly hormat goýulýandygyna şaýatlyk edýär. Halkara bileleşigi tarapyndan türkmen Bitaraplygyna giňden gyzyklanma bildirilýändigini we hoşniýetli garalýandygyny aýdyň görkezýär.

Bu maslahat ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy berkitmekde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny netijeli gural hökmünde ulanmak üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygyny subut edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistanyň Bitaraplygy sebitde we ählumumy derejede ýagdaýlary durnuklaşdyrmaga oňyn täsir edýän şert hökmünde özüni barha aýdyň görkezýär. Köp sanly syýasy, ykdysady, ynsanperwer we ekologiýa meseleleri çözülende döwletleriň we halkara guramalarynyň hyzmatdaşlygynyň mazmunyna hem-de ugurlaryna öz oňyn täsirini ýetirýär. Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Şu nukdaýnazardan, Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä ýurtlary bilen Garaşsyz Türkmenistanyň alyp barýan aç-açan, yzygiderli we netijeli gatnaşyklarynyň möhüm şerti bolup durýandygyny aýratyn bellemek isleýärin diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Biz hemişe Berkarar döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny Merkezi Aziýada parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbitlerine gönükdirmäge taýýardygymyzy açyk beýan edip gelýäris diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Biz Bitaraplyk syýasatynyň sebitiň häzirki dünýä ösüşine ähli ugurlar boýunça çalt goşulmagyna ýardam edýändigini tassyklaýarys. Merkezi Aziýanyň syýasy taýdan durnukly ösýän, ykdysady taýdan netijeli gatnaşyklaryň pugtalanýan sebite öwrülmegine hemaýat berýändigini belleýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki Halkara maslahatynyň bu ugurda gazanylan netijeler, ýetilen sepgitler barada hemmetaraplaýyn giňden pikir alyşmak we tejribe alyşmak üçin gowy mümkinçilik berýändigini aýdyp, halkara durmuşynyň möhüm meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň täze, has netijeli usullaryny işläp düzmäge şert döredýändigini aýtdy. Şeýle gatnaşyklar biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegi we ynanyşmagy has-da berkitmäge ýardam berer. Şoňa görä-de, bu maslahat öňümizde duran ählumumumy maksatlar we wezipeler esasynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik döreder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri halkara maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlap, hem-de oňa gatnaşyjylara üstünlikli we netijeli işlemegi arzuw edip, şu gün geçirilýän çäräniň geriminiň uludygyny göz öňünde tutmak bilen, öz çykyşyny Birleşen Milletler Guramasynyň kadalary boýunça iş alyp barmak üçin kabul edilen dilleriň biri bolan rus dilinde dowam etse, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti münbere geçýär we dabaraly söz sözleýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, bu ýere ýygnananlary ýene bir gezek mähirli müdärekledi we olara şu maslahatyň işine gatnaşmak we türkmen halky bilen bilelikde taryhy senäni – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny bellemek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. “Bu halkara maslahatyna şeýle köp sanly wekiliýetleriň gatnaşmagyna doly esas bilen Türkmenistana goýulýan hormatyň nyşany hökmünde garaýarys. Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen garaýyşlarymyzyň we maksatlarymyzyň umumydygynyň aýdyň mysaly hökmünde baha berýäris—diýip döwlet Baştutanymyz belledi.--Biz siziň ähliňizi Aşgabatda görýändigimize örän şat! Size ýurdumyzyň halkynyň adyndan Türkmenistana «Hoş geldiňiz!» diýip ýüzlenýärin”

Şu gün, 20 ýyl mundan ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýasyny biragyzdan kabul etdi. Bu taryhy resminamany taýýarlamagyň we kabul etmegiň dürli döwürlerinde onlarça döwletler bize örän ýokary syýasy we ruhy goldaw berdiler diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz 1995-nji ýylyň mart we oktýabr aýlarynda geçirilen duşuşyklaryň dowamynda ýurdumyza goldaw beren Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletlere, şeýle hem, Goşulmazlyk Hereketine gatnaşýan ýurtlara tüýs ýürekden minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. Bu döwletleriň beren goldawy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň möhüm şerti boldy. Şeýle hem, türkmen döwletiniň Baştutany Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň ählisine, bu Guramanyň Sekretariatyna biziň teklibimizi goldandyklary we düşünmek bilen kabul edendikleri üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şol döwürde Türkmenistanyň öňünde kyn wezipe durýardy. Hakyky garaşsyzlyk ýoluna düşen islendik ýurt gysga möhletde örän köp sanly meseleleri çözmeli bolýar. Täze şertlerde öz ornuny tapmaly bolýar, taryhyň öz öňünde goýýan anyk wezipelerini çözmeli bolýar. Garaşsyzlygyna eýe bolan döwlete halkara gatnaşyklary ulgamyna goşulmagyň ýoluny kesgitlemek zerur bolup durýar. Şoňa görä-de, daşary syýasat ugruny saýlap almak meselesi Türkmenistan üçin iň esasy we kyn meseleleriň biri boldy. Ýurdumyzyň daşary syýasat ugry nähili bolmaly, dünýä bileleşigi bilen gatnaşyklary nähili ýola goýmaly, hyzmatdaşlygy haýsy kadalara laýyklykda ösdürmeli.

Türkmen döwletiniň, garaşsyzlygymyzyň we özygtyýarly ösüşiň ykbaly biziň dogry ýoly saýlap almagymyza köp derejede baglydy. Daşary syýasat ugrunyň saýlanyp alynmagynda goýberilen ýalňyşlyklar käbir döwletleriň özbaşdaklygyny ýitirmegine, öz milli ösüşiniň hakyky maksatlaryna gabat gelmeýän ugurlara çekilmegine getirdi. Taryhda muňa köp sanly mysallaryň bardygyny häzir aç-açan aýdyp bileris diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Biz daşary syýasatda oňyn Bitaraplyk diýip atlandyran ugrumyzy saýlap aldyk. Parahatçylyk söýüjiligi, beýleki döwletleriň işlerine gatyşmazlygy, olaryň özygtyýarly ösüş ýoluna we çäk bitewüligine hormat goýmagy, halkara harby guramalaryna we şertnamalaryna gatnaşmazlygy daşary syýasat ugrumyzyň esasy düzgünleri hökmünde kesgitledik diýip, Türkmenistanyň Baştutany bu ýoluň ilkinji nobatda, ýurdumyzyň milli bähbitlerinden ugur alnyp saýlanandygyny belledi. Ýaş türkmen döwleti öz goňşy ýurtlary bilen parahatçylyga we agzybirlige eýerip, hyzmatdaşlyk etmek isleýärdi. Dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly, deňhukukly gatnaşyklary saklamagy, özara bähbitli ykdysady, söwda gatnaşyklaryny ösdürmegi maksat edinýärdi. Diňe şeýle şertlerde mähriban halkymyzyň asudalygyny we abadançylygyny üpjün edip, ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşiň maksatnamalaryny ýerine ýetirip boljakdygyna biz berk ynanýardyk diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanyň çäk ýa-da beýleki meseleler babatda hem hiç bir döwlet bilen dawasy bolmandy we häzir hem ýok. Biz halkara syýasatynda özbaşdak ösüş ýolumyzy bütinleý täzeden başlamak barada karara geldik. Şoňa görä-de, goňşy ýurtlara we bütin dünýä dostluk gollaryny uzadyp, hyzmatdaşlyk etmek üçin açykdygymyzy görkezdik. Bitaraplyk biziň öz öňümizde goýan şol meýilnamalarymyzy we maksatlarymyzy durmuşa geçirmek üçin iň amatly ýola öwrüldi. Türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň mazmunyna has doly laýyk gelýän özboluşly nusga boldy diýip milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow islendik döwletiň daşary syýasatynyň içeri syýasat bilen aýrylmaz baglydygyna ynanýandygyny aýtdy. Islendik ýurduň dünýä giňişliginde yglan eden maksatnamalarynyň we iş ýüzündäki ädimleriniň mazmunyna, daşary syýasat ugrunyň filosofiýasynyň düýp manysyna düşünmegiň açary şol özara baglanyşykda jemlenýär. Türkmen döwleti öz içerki durmuşynda parahatçylyk söýüjilik, jemgyýetde agzybirlik, sabyrly garaýyşlara eýermek we ynsanperwerlik kadalaryny yglan edýär we durmuşa geçirýär. Şol düşünjeleri beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarynda hem netijeli ulanýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Bitaraplygy içerki döwlet gurluşynyň berk ruhy binýadyna esaslanyp, türkmen halkynyň iň oňat däpleriniň özboluşly dowamyna we aýdyň ýüze çykmasyna öwrüldi.

Biziň gelen bu kararymyzyň oýlanyşykly we öňden görüjilige esaslanyp gelnen karardygyny wagt anyk görkezdi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Geçen 20 ýyl Türkmenistanyň bitarap, parahatçylyk söýüji daşary syýasat ugrunyň diňe bir milli bähbitlere däl-de, eýsem dünýä bileleşiginiň uzak möhlete niýetlenen maksatlaryna hem doly gabat gelýändigini aýdyň subut etdi. Halkara derejesinde durnukly ýagdaýy we howpsuzlygy üpjün etmekde netijeli işleri alyp barmagyň we oýlanyşykly çemeleşmegiň ölçeglerine, döwletara gatnaşyklarynyň esasy hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalaryna doly laýyk gelýändigini görkezdi. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýa biragyzdan gaýtadan kabul edildi. Bu bolsa, biziň özygtyýarly saýlap alan ýolumyzyň dogrudygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Bu resminamada Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna goldaw berilýändigi, Garaşsyz döwletimiziň halkara giňişliginde ylalaşdyryjy, parahatçylygy goldamaga esaslanýan netijeli ornunyň ykrar edilýändigi beýan edildi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň strategik maksatlary ählumumy ösüşiň wezipelerine we möhüm talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu bolsa, Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça bilelikdäki halkara tagallalarynyň häsiýetini we ugruny kesgitleýär. Siziň bilşiňiz ýaly, geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Täjigistanyň we Owganystanyň içerki dawalaryny syýasy ýollar bilen çözmek boýunça gepleşikler geçirildi. Biz häzirki döwürde hem bu ugurda alyp barýan işlerimizde ylalaşdyryjy merkez hökmünde şol döwürde toplan tejribämize daýanmaga haklydyrys.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň mümkinçiliklerini sebitde ýene-de bir gezek netijeli ulanmak zerurlygy ýüze çykýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň bu ugurda Owganystandaky ýagdaýy parahatçylyk ýoly bilen düzgünleşdirmek, ýaraglaryň möçberlerini azaltmak we ýaragsyzlanmak boýunça sebit derejesinde alnyp barylýan işlere ýardam bermek, suw-energetika meselelerini ähli taraplaryň bähbitlerini göz öňünde tutup çözmek, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly örän möhüm meselelerde Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hem-de netijeli hyzmatdaşy hökmünde çykyş etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu meseleleri çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine aýratyn ornuň degişlidigini belledi. Ştab - kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän bu Merkez sebitiň ähli döwletleriniň goldaw bermeginde dünýä bileleşigi tarapyndan 2007-nji ýylyň dekabr aýynda döredildi. Şol döwürden başlap, sebitde ylalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere täze uly itergi berildi. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda döwletleriň özara hyzmatdaşlyk etmeginiň netijeli usullaryny işläp taýýarlamak we amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikler açyldy. Bu ugurda alnyp barylýan işlerde Birleşen Milletler Guramasynyň ägirt uly abraýyna, dawaly ýagdaýlary düzgünleşdirmekde toplan baý tejribesine daýanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, bu Sebit merkeziniň işiniň çäklerinde diplomatlaryň we bilermenleriň gatnaşmagynda köptaraply gepleşikleri geçirmek we maslahat bermek boýunça netijeli usuly ýola goýmak maksadalaýyk bolar diýip pikir edýäris. Bu usul sebitiň durmuş - ykdysady ösüşi bilen bagly ýüze çykýan meseleleri ylalaşmaga ýardam bermäge gönükdirilmelidir. Öňüni alyş diplomatiýasynyň usullarynyň diňe Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda netijeli işläp, anyk netijelere getirip biljekdigini tejribe görkezýär diýip milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki döwrüň şertlerinden ugur alýar we ýurdumyzyň geljekki ösüşini kesgitleýär. Bitaraplyk Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi üçin täze, ajaýyp mümkinçilikleri açýar.

Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly we ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň ileri tutýan strategik ugry bolmagynda galýar. Biziň üçin Birleşen Milletler Guramasy diňe bir iň köp wekilçilikli halkara guramasy bolmak bilen çäklenmeýär. Biz bu Gurama bütin dünýäde özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň tutuş häzirki zaman ulgamynyň daýanjy hökmünde seredýäris. Dünýäde parahatçylygy we bähbitleriň deňligini saklamagyň hem-de goldamagyň, howpsuzlyk binýadynyň durnukly bolmagyny üpjün etmegiň kepili hökmünde garaýarys diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Dünýäde emele gelen häzirki täze şertlerde, Ýer ýüzüniň dürli sebitlerinde dartgynlylygyň ýokarlanýan döwründe biz Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň belent ynsanperwer maksatlarynyň hem-de kadalarynyň halkara gatnaşyklarynda hukuk we ruhy taýdan daýanç bolup galmalydygyna berk ynanýarys diýip döwlet Baştutanymyz beleldi. Häzirki döwürde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň birnäçesi Türkmenistanda hemişelik esasda işleýär. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasyny, Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissaryň müdirligini, Çagalar gaznasyny, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyny, Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligini, Ilat gaznasyny görkezmek bolar. Biz bu edaralar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýäris. Bu hyzmatdaşlyk yzygiderli esasda amala aşyrylýar. Biz şeýle hyzmatdaşlygy goldaýarys. Biz Birleşen Milletler Guramasyna dürli taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek arkaly ýurdumyza berýän goldawy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris! Türkmenistan bu abraýly Gurama bilen bilelikde parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy berkitmegiň hatyrasyna geljekde hem ähli zerur tagallalary eder diýip milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Türkmen döwletiniň halkara terrorçylygyna, ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barjakdygyny tassyklady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, goňşy ýurtlar bilen dost - doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň örän möhüm ugry bolmagynda galar. Bizi goňşy döwletler bilen gadymy döwürlerden gözbaş alýan taryhy we medeni gatnaşyklar, özara düşünişmegiň hem-de birek-birege hormat goýmagyň ajaýyp däpleri baglanyşdyrýar.

Häzirki döwürde biz goňşy ýurtlar bilen bilelikde giň gerimli energetika we ulag taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýäris. Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy sebitiň ýurtlarynyň gülläp ösmegine we öňe gitmegine uly itergi berer, bu döwletleriň dünýä ösüşine doly goşulmagynda möhüm ähmiýete eýe bolar diýip pikir edýäris. Şunuň bilen baglylykda, biz parahat durmuşy üpjün etmekde owgan doganlarymyza ýardam etmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ýurtda giň gerimli milli hyzmatdaşlyk esasynda ykdysadyýeti dikeltmäge, çylşyrymly ýagdaýlary parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly düzgünleşdirmäge uly üns berýäris. Biziň ýurdumyz Owganystana kömek bermegini mundan beýläk-de dowam eder. Owgan topragynda parahatçylygy we ylalaşygy gazanmak üçin halkara bileleşiginiň tagallalaryny hemişe goldar diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Hazar deňzi bilen bagly ähli meseleleri çözmek boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi doly goldaýarys diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda esasy wezipäniň ähli Hazarýaka döwletleriň deňhukukly we birek-birege hormat goýmagy esasynda Hazar deňzinde howpsuzlygy berkitmekden ybarat bolmalydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz Hazar deňziniň parahatçylyk, ylalaşyk, hoşniýetli goňşuçylyk we halkara derejesinde netijeli hyzmatdaşlyk deňzi bolandygyna, bolup durýandygyna we geljekde hem şeýle boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Garaşsyz Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen gatnaşyklary üstünlikli ösdürýändigini kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu döwletler bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň wagtyň synagyndan geçendigini we öz netijelidigini subut edendigini aýtdy hem-de biziň ýurdumyzyň dünýäniň dürli döwletleri bilen syýasy, söwda -ykdysady we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmekçidigini we ösdürmekçidigini tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz soňky döwürde Aziýa – Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has-da işjeň alnyp barylýandygyny belledi. Häzirki döwürde Türkmenistan Ýewropa Birleşigi bilen hem köpugurly we netijeli gatnaşyklary alyp barýar. Bu gatnaşyklar soňky döwürde yzygiderli we anyk maksada gönükdirilen häsiýete eýe boldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Günbatar döwletleri bilen has işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin gowy mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde Afrika kontinentiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň anyk mümkinçilikleri hem üns berip we gyzyklanma bilen öwrenilýär.

Bitarap Türkmenistan daşary syýasy gatnaşyklaryny köp ugurlar boýunça giň gerim bilen alyp barýar. Bu bolsa, ýurdumyzyň halkara ykdysady, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly,Türkmenistan ösüş strategiýasyny diwersifikasiýa ýoly bilen yzygiderli amala aşyrmak bilen, soňky ýyllarda öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde gündogar we günorta ugurlarda birnäçe iri turba geçirijileri gurmak boýunça taslamalary üstünlikli durmuşa geçirdi. Häzirki döwürde ýene-de bir iri energetiki taslamasy – «Türkmenistan -Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygy iş ýüzünde amala aşyrylyp başlanýar. Milli Liderimiziň habar berşi ýaly, ertir bu gaz geçirijiniň ýurdumyzdan geçýän böleginiň gurluşygyna badalga berler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugry boýunça ibermegiň taslamalaryny amala aşyrmak boýunça hem işjeň we netijeli gepleşikleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilen we amala aşyrmak göz öňünde tutulýan ähli taslamalaryň hiç hili geosyýasy garaýyşlary ýa-da sebäpleri maksat edinmeýändigini aýratyn belledi. Bu taslamalar öz çäklerinden gaz geçirijiler geçýän ähli ýurtlar üçin diňe ykdysady we täjirçilik bähbitler göz öňünde tutulyp amala aşyrylýar. Bu bolsa, biziň Bitarap döwletimiziň şol oňyn maksatlara esaslanýan düýpli garaýşydyr. Biz şeýle garaýşa geljekde hem berk eýereris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenistanyň sebit we kontinent derejelerinde halkara ulag geçelgelerini döretmek baradaky başlangyçlary hem häzirki döwürde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag üpjünçilik ulgamlaryny döwletleriň we halklaryň ösüşiniň hem-de öňe gitmegiň bähbitlerine, halkara hyzmatdaşlygyny durnukly ösdürmäge gönükdirmegi Türkmenistan döwrüň möhüm meselesi hasaplaýandygyny belledi. Bu ulgamlara bütin dünýäde durnukly ösüşiň maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmagyň zerur şerti hökmünde garaýar.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip bu ugurda uly üstünlikleri gazanmaga, bilelikdäki halkara taslamalaryny netijeli durmuşa geçirmäge Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň köp babatda mümkinçilik berendigini aýratyn belledi. Biz ykdysady hyzmatdaşlygy hiç wagt syýasylaşdyrmaýarys we şeýle maksady öz öňümizde goýmaýarys. Biziň bu garaýşymyza hyzmatdaşlarymyz düşünmek bilen garaýarlar we ýokary baha berýärler. Bu bolsa, dürli ýurtlar we kompaniýalar bilen deňhukukly esasda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilik açýar. Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde öz halkara hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan anyk we düýpli ýörelgelere eýerýär. Şundan ugur alyp, öz uzakmöhletli daşary ykdysady strategiýasyny emele getirmek boýunça zerur işleri alyp barýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmekde oňyn tejribe toplandygyny aýdyp, Bitaraplyk ýörelgesini mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna gowy düşünýäris diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk ýörelgesiniň ylmy-nazary esaslaryny we tejribesini netijeli ulanmagyň zerurdygy barada aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan, anyk maksada gönükdirilen we ulgamlaýyn işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmeli diýip belledi. Şundan ugur alyp, milli Liderimiz Türkmenistanyň halkara hukugynda we halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Halkara merkezini döretmek baradaky teklibini beýan etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara ähmiýetiniň ýokarydygyny bellemek bilen, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde, ählumumy ösüşi üpjün etmekde Bitaraplygyň düýpli esaslaryň biri bolup durýandygyny aýtdy. Şoňa görä-de, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Halkara Bitaraplyk gününi yglan etmek baradaky başlangyç bilen resmi taýdan çykyş edýär. Şu meselede Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisiniň türkmen tarapyny goldajakdygyna berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, biziň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny dünýä bileleşigindäki dostlary we hyzmatdaşlary bilen bilelikde parahatçylyk we döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek - birege hormat goýmak we düşünişmek esasynda giňden belleýändigini nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biz öz geljegimizi we öňümizde durýan wezipeleri aýdyň görýäris.

Döwletimiziň saýlap alan we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen köpugurly syýasaty geljege uly ynam bilen garamaga bize doly mümkinçilik berýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap, parahatçylyk söýüji Türkmenistan Ýer ýüzünde asudalygy we howpsuzlygy berkitmek üçin geljekde hem ähli zerur işleri amala aşyrar! Adamzadyň ösüşine we öňe gitmegine öz mynasyp goşandyny goşar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda bu ýere ýygnananlary Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu baýram biziň umumy baýramymyzdyr. Şoňa görä-de, bu şanly baýramy siziň bilen – dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen, garaýyşlarymyz we gymmatlyklarymyz umumy bolan hyzmatdaşlarymyz hem-de pikirdeşlerimiz bilen, dostlarymyz we doganlarymyz bilen bilelikde belleýändigimize buýsanýarys diýip, milli Liderimiz Halkara maslahatyna gatnaşyjylara iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti çykyş etmek üçin BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary jenap Jeffri Feltmana söz berdi.

Jeffri Feltman maslahata gatnaşyjylary mübärekläp hem-de şu gün Aşgabatda bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny we aýratyn derejedigini belläp, BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munyň adyndan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy, Türkmenistanyň hökümetini we bütin halkyny ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy bilen gutlady.

Türkmenistanyň BMG-nyň Kararnamasy bilen berkidilen Bitaraplyk syýasatyny kabul etmek çözgüdi ýurdy Merkezi Aziýa sebitinde we onuň çäklerinden daşarda parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmagyň bähbidine hyzmatdaşlyk etmek ýoluna atardy diýip, myhman aýtdy. Bu gün Türkmenistan dawalaryň çözülmegine hem-de sebitara we halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine netijeli goşant goşýar.

Şu geçen ýyllaryň dowamynda BMG bilen netijeli we işjeň özara gatnaşyklary üçin BMG-niň Baş sekretarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine hem-de halkyna çuňňur hoşallyk bildirip, Jeffri Feltman BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini özünde ýerleşdirmek bilen, bu hyzmatdaşlygyň üstünlikleriniň bilelikde işlemäge hem-de döwrüň ekstremizm, terrorçylyk, neşe serişdeleriň bikanun dolanyşygy, ekologiýanyň ýaramazlaşmagy ýaly meseleleri we çagyryşlary bilelikde çözmäge ymtylmasyny şöhlelendirýändigini belledi.

BMG-nyň wekili Bitaraplyk derejesi halkara parahatçylyk döredijilik tagallalarynyň, ösüşiň öňe ilerlemeginiň, durnukly ösüşiň berkarar bolmagynyň hem-de bütin sebitde we onuň çäklerinden daşarda rowaçlygyň uly şertine öwrülen Türkmenistan bilen ýygjam hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak barada pikirini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow manyly çykyşy üçin BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasaryna minnetdarlyk bildirip, türkmen Bitaraplygynyň bu gün sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň şerti bolup durýandygyny, döwletleriň we halkara gatnaşyklaryň netijesi we jogapkärli özara hereketlerini ýola goýmak üçin oňat mümkinçiligi açýandygyny aýtdy. Biz Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynamyň ýokary derejesine uly baha berýäris. Munuň özi soňky ýyllarda aýratyn aýdyň ýüze çykýar, şoňa görä-de, uzakmöhletleýin umumy bähbitlere laýyk gelýän bu hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardyrys diýip, türkmen Lideri nygtady.

Soňra çykyş etmek üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimowa söz berilýär.

Wekilçilikli forumyň çagyrylandygy üçin, şeýle hem mähirli myhmansöýerlik we häzirki çäräniň ajaýyp guralandygy üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirip, özbek Lideri Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň halkara ykrarnamasynyň ýurduň iň täze taryhynyň öwrülişikli tapgyrlarynyň biri bolandygyny belledi. Ol köp babatda döwlet gurluşynyň esasy tapgyrlaryny hem-de onuň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny öňünden kesgitledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň häzir BMG-niň çözgüdini ýurduň Baş Kanunyna resmi taýdan girizip, öz Bitaraplyk derejesini konstitusion taýdan berkiden ýeke-täk döwletdigi nygtaldy. Bu halkara-hukuk derejesiniň esasyna Türkmenistanyň taryhy, geografiki, etniki-medeni ýagdaýlary, ilkinji nobatda bolsa, türkmen halkynyň milli häsiýeti goýuldy. Türkmen halkyna bolsa gadymdan bäri öz Watanyňa wepalylyk, zähmetsöýerlik, çydamlylyk, özgeleri sylamak, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly ruhy gymmatlyklar we däpler mahsusdyr. Ýakyn goňşy hökmünde Özbegistan ikitaraplaýyn gatnaşyklarda beýanyny tapan şol häsiýetlere ýokary baha berýär. Şol gatnaşyklar bolsa köp-köp asyrlaryň dowamynda wagtyň synagyndan geçdi.

Biz bu gün Türkmenistanyň şu ýyllarda geçen ýollaryna akyl ýetirýäris we onuň netijelerini jemleýäris. Indi kimdir birine Türkmenistanyň diňe bir uzakmöhletleýin bähbitleri üçin däl, eýsem, bütin sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işinde hem Bitaraplygyň deňsiz-taýsyz ähmiýetini subut etmegiň zerurlygy ýok. Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň sebitde işleriň ýagdaýyna hem-de howpsuzlyga, parahatçylykly ösüşe hem-de onuň halklarynyň özara ylalaşygyna edýän asylly täsirlerine aýratyn ünsi çekdi.

Munuň özi soňky ýyllarda parahatçylygy we howpsuzlygy saklamagyň, wajyp meseleler boýunça netijeli başlangyçlaryň hem-de teklipleriň birnäçesi bilen çykyş eden Türkmenistanyň täze daşary syýasat strategiýasynda başlangyç nokada öwrüldi.

Özbegistanyň Baştutany Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oýlanyşykly daşary syýasat ugruny yzygiderli goldaýandygyny tassyklap, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara we sebit howpsuzlygynyň, örän giň sebitiň ýurtlarynyň ykdysady taýdan ýakynlaşmagynyň pugtalandyrylmagynyň bähbidine mundan beýläk-de hyzmat etmjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşy diňläp, goňşy döwletler bilen dostlugyň, hyzmatdaşlygyň, netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ileri tutulýan üýtgewsiz ugurlary bolmagynda galýandygyny tassyklady. Biz Merkezi Aziýa ýurtlary bilen öz gatnaşyklarymyzda taryhyň, medeniýetiň, däpleriň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna daýanýarys. Häzir bu düşünjeler ýurtlarymyza sebit durnuklylygyny we howpsuzlygyny saklamak we berkitmek boýunça iş ýüzünde özara hereket etmäge, durnukly ösüşiň maksatlarynyň amala aşyrylmagyna kömek edýär.

Şunda sazlaşykly syýasaty sebitde we onuň çäklerinden uzaklarda mynasyp hormat getiren doganlyk Özbegistan uly orun tutýar diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy hem-de Özbegistanyň ýurdumyza dünýä derejesinde yzygiderli goldaw berýändigini belläp, munuň üçin Yslam Karimowa çuňňur minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan söz berildi.

Türkiýäniň Baştutany döwlet baýramçylygy—Bitaraplygyň 20 ýyllygy bilen Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny we bütin halkyny gutlap, gozgalýan meselesi sebit we halkara möçberinde Türkmenistanyň ornuny takyk we tutumly kesgitleýän şunuň ýaly abraýly foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň ajaýyp paýtagty Aşgabatda bolmak meniň üçin uly kanagatlanmadyr diýip, ol aýtdy. Bitaraplyk derejesi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi boldy hem-de wagtyň geçmegi bilen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ol işjeň bitaraplyga öwrüldi. Häzirki wagtda Türkmenistan depginli ösýän ýurtlaryň biri bolup, sebitiň döwletleriniň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýär. “Açyk gapylar” syýasaty Türkmenistana güýçli itergi berdi, ol sebit durnuklylygynyň ýola goýulmagyna ýardam berýän, özüni üpjün edip bilýän ýurda öwrüldi.

Türkmen Lideri çykyşy hem-de Garaşsyzlyga eýe bolan ilkinji günlerimizden Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyza beren uly ýardamy hem-de ýurdumyzyň Bitaraplygynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegini goldaýandygy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi.

Häzir iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Bu gatnaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, türkmen we türk halklarynyň dostlugynyň we doganlygynyň ajaýyp mysalydyr diýip. döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etmek üçin Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko söz berdi.

Belarusyň Baştutany öz çykyşyny Aşgabatda häzirki foruma gatnaşmaga çakylyk üçin çuňňur hoşallyk bildirmekden başlady. Bu hakykatdan-da şanly waka diýip, Belarus Lideri aýtdy. Birinjiden, biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasynda dostluk, doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulandygy üçindir. Biziň dostlarymyza wajyp bolan zat biz üçin hem wajypdyr. Ikinjiden, Bitaraplyk ýolunda Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň hem-de halkynyň gazanan üstünligine biz tüýs ýürekden şatdyrys.

20 ýyl mundan ozal Türkmenistan özi üçin ykbal çözüji çözgüdi—Bitaraplyk ýoluna gadam basmagy saýlap aldy. Bitaraplyk derejesi türkmen döwletiniň durnukly yzygiderli ösüşini, halkara derejesinde onuň doly ykrar edilmegini üpjün etdi.

Türkmenistan diňe bir özygtyýarly hem-de gülläp ösýän döwleti gurmakda ajaýyp üstünlikleri gazanman, ýurtda we tutuş sebitde parahatçylygyň we rowaçlygyň dabaralanmagyna ymtylyp, bedew bady bilen ösýär.

Bu günki maslahatyň adynda goýlan—“parahatçylyk, howpsuzlyk, ösüş” diýen sözler geljek üçin biziň bilelikdäki hereketlerimiziň esasy ýol görkezijileri bolup durýar diýip, A.Lukaşenko öz çykyşynyň ahyrynda aýtdy hem-de “Türkmenistanda şu ýyl yglan edilen Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly, goý, mundan soňky ençeme ýüz ýyllyklar üçin diňe bir şu myhmansöýer toprakda däl, eýsem, tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygyň hem-de gülläp ösüşiň başlangyç nokadyna öwrülsin!” diýip arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mazmunly çykyşy, Türkmenistan baradaky mähirli we tüýs ýürekden aýdan sözleri üçin myhmana minnetdarlyk bildirdi hem-de Belarus Respublikasynyň Türkmenistanyň dünýä derejesinde, iri halkara guramalarynyň çäklerinde öz aragatnaşyklaryny aýratyn netijeli ýola goýýan ýurtlarynyň biridigini aýtdy.

Energetika we ulag pudaklarynda biziň halkara başlangyçlarymyza belarus tarapyndan berilýän goldawlara biz ýokary baha berýäris. Bizi ählumumy gün tertibiniň beýleki esasy ugurlary boýunça hem umumy çemeleşmeler birleşdirýär. Biz Türkmenistanyň hem-de Belarusyň halklarynyň uzakmöhletleýin bähbitlerine özüniň laýyk gelýändigini ençeme gezek subut eden şeýle hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berildi.

Dostlukly döwletiň Baştutany hakykatda umumydünýä ähmiýetli waka bagyşlanan häzirki maslahatyň wajypdygyny belläp, soňky ýyllarda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň dürli pudaklarynda uly rowaçlyklary gazanandygyny nygtady.

Taryhy döwürde saýlanyp alnan oňyn bitaraplygyň ýoly ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, ägirt uly özgertmeleri amala aşyrmagyň esasyny tutup, şu ýyllaryň içinde Türkmenistanyň ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrülmegi, olaryň geriminiň uludygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, Emomali Rahmon belledi.

Bitaraplygyň halkara ähmiýeti barada aýtmak bilen, Täjigistanyň Prezidenti onuň möhüm düzümleriniň – giň hyzmatdaşlyga açyklyk, sebit we global meselelerini çözmekde oňyn dünýä tejribesini kabul edijiligi dünýä bileleşiginiň hem-de sebit boýunça hyzmatdaşlarynyň giň goldawyna eýe boldy. Aşgabat şäheriniň BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýerleşýän ýeri hökmünde saýlanyp alynmagy hem-de şu ýylyň iýunynda BMG-niň “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” täze Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Biz Täjigistanyň doganlyk halkyna uly hormat bilen garaýarys, onuň üstünliklerine begenýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de şu gün ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde ýygjam syýasy özara hereketlerden başga-da, bütin sebitiň ösmegine kuwwatly itergi berjek, onuň häzirki zaman dünýä hojalyk aragatnaşyklaryna doly ýakynlaşmagyna ýardam etjek iri demir ýol taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň bardygyny belledi. Biz bilelikde bu ýolda uly üstünlikleri gazanjakdygymyza ynanýaryn diýip, Türkmenistanyň Baştutany nygtady.

Soňra halkara forumynyň mejlisinde Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani çykyş etdi.

Owganystanyň Prezidenti türkmen Liderini Aşgabatda wekilçilikli maslahatyň geçirilmegi bilen gutlap, sebitde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda, bu ýerde ýaşaýan halklaryň gadymy medeni, ykdysady, söwda gatnaşyklaryny dikeltmekde ýurdumyzyň möhüm orun eýeleýändigini belledi. Wekilçilikli maslahat Türkmenistanyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär, onuň oňyn daşary syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň ykrarnamasyna öwrülýär.

Taryhda biziň goňşy ýurtlarymyz we halklarymyz ençeme gezek şatlygy we synaglary paýlaşdylar. Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri bolsa hormata we haýran galmaga mynasypdyr. Siziň ýurduňyz Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisi üçin goşulyşmak ýoluny dowam edip, oňat goňşy bolmagyň aýdyň nugasyny görkezdi diýip, Owganystanyň Prezidenti aýtdy.

Mohammad Aşraf Gani owgan ykdysadyýetini dikeltmekde Türkmenistanyň uly goşandyny belläp, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň ähmiýetini nygtady. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi oňa gatnaşýan ýurtlaryň ählisine uly peýda getirer hem-de üstaşyr geçirýän ýurt hökmünde Owganystana okgunly ösmäge mümkinçilik berer.

Biz Türkmenistanyň kömegine ýokary baha berip, goňşy ýurtlaryň ählisini onuň göreldesine eýermäge çagyrýarys, çünki häzirki wagtda biziň sebitimizde goşulyşmak geljek üçin örän wajypdr.

Diňe hyzmatdaşlyk etmek, özara jogapkärçilik, bilelikdäki hereketler arkaly üstünlik gazanyp, biziň sebitimizi durnuklylygyň we rowaçlygyň merkezine öwrüp bolar diýip, owgan lideri nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň doganlyk Owganystan bilen iň ýakyn hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady. Geljekde hem gadymy owgan topragynda pugta parahatçylygyň, ylalaşygyň kemala gelmegi üçin özümize bagly ähli zatlary durmuşa geçireris, Owganystanyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine ýardam bereris. Bu biziň üýtgewsiz ýörelgämiz bolup durýar diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew maslahatda çykyş etmek bilen, ony ylalaşdyryjylyk meýdançasy diýip atlandyrdy. Bu ýerde halkara gatnaşyklarynda dartgynlylygyň güýjemegini nädip saklamak, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk we dostlukly gatnaşyklaryň ýörelgelerini berkarar etmek barada möhüm teklipler we pikirler beýan edildi. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty şol dünýä garaýyşly ýörelgeler, pikirler we ynamy bilen sazlaşykly baglydyr. Ol türkmen halkynyň köpasyrlyk däplerine esaslanyp, olara parahatçylyk söýüjilik, sabyrlylyk hem-de birek-birege hormat goýmak ýaly häsiýetler mahsusdyr diýip, myhman belledi.

Biz ähli esasy ugurlar boýunça Gyrgyzystan bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýäris, sebitde netijeli özara hereket etmegiň nusgasyny bilelikde ýola goýýarys hem-de bu doganlyk ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan düşünişme we goldaw tapýarys diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy hem-de myhmana manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Maslahat Gruziýanyň Prezidenti Giorgiý Margwelaşwiliniň çykyşy bilen dowam etdirildi. Men Gruziýanyň dünýä derejesinde möhüm çözgüdiň kabul edilmegine ýardam berendigine buýsanýaryn. Şol çözgüt bolsa, Türkmenistanyň strategiki syýasy geljegini kesgitledi diýip, ol aýtdy. Türkmen döwletiniň 20 ýyl mundan ozal kabul eden parasatly çözgüdi bu beýik ýurdy gülläp ösüşe hem-de üstünliklere ýetirip, onuň halkara gatnaşyklarynda mynasyp orun eýelemegine getirdi.

Gruzin Lideri Aşgabat maslahatynyň parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, biziň ýurtlarymyzyň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gruziýanyň biziň Zakawkaziýedäki möhüm hyzmatdaşlarymyzyň biri bolup durýandygyny belläp, häzirki wagtda ulag we energetika ýaly strategiki ulgamlarda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy üçin giň mümkinçilikler açylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz halkara giňişliginde hyzmatdaşlygymyz ösdürilýär, şunda bizi parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, sebitara hyzmatdaşlygyna ýardam bermek ýaly örän möhüm meselelere umumygaraýyşlar birleşdirýär diýip nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Kolinda Grabar – Kitarowiçe söz berdi.

Çykyşynyň başynda dostlukly döwletiň Baştutany pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Horwatiýanyň Prezidenti şeýle hem ýurdumyzy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gazanan ajaýyp üstünlikleri, şol sanda ykdysady ulgamda ýeten belent sepgitleri bilen gutlady we Türkmenistana hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Hanym Kolinda Grabar-Kitarowiç şu foruma gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny baýram etmek üçin Aşgabada ýygnanandygyny belledi. Şu geçen ýyllaryň dowamynda türkmen döwleti dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşup, BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalarynyň işini goldady diýip, belent mertebeli myhman nygtady. Şunda ýurdumyzyň Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde ykdysady hem-de syýasy ösüşe saldamly goşant goşandygy aýratyn bellenildi.

Türkmenistanyň kabul eden oňyn Bitaraplyk derejesi geosyýasy taýdan amatly ýerleşýän hem-de energiýa serişdelerini köp möçberde öndürýän ýurda halkara giňişliginde oňyn syýasy gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy üçin özboluşly binýady döretmäge mümkinçilik berdi diýip, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti aýtdy. Kolinda Grabar-Kitarowiç Türkmenistanyň özüniň oňyn Bitaraplyk derejesiniň ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmegi, şol sanda energiýa howpsuzlygy ulgamyndaky möhüm başlangyçlaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy üçin zerur şertleri döredýändigini subut edendigini nygtady.

Belent mertebeli myhman Horwatiýanyň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara buýsanýandygyny aýtdy. Şunda Prezident Kolinda Grabar-Kitarowiç ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmekde we abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ornuny aýratyn belledi. Şu günki ýokary derejeli forum hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Horwatiýa Ýewropadaky möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny belledi. Biz gämi gurluşygynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýäris, ulag we energetika ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikler bar. Uzakmöhletleýin hyzmatldaşlygyň beýleki ugurlary boýunça hem ylalaşyklar gazanyldy. Olary üstünlikli durmuşa geçirmegi ugur edinýäris diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Halkara maslahatynyň barşynda türkmen Lideri çykyş etmek üçin Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolae Timoftä söz berdi.

Dostlukly döwletiň Baştutany bu möhüm çärä gatnaşamaga çakylyk üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu forumyň umumy parahatçylygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygynyň Türkmenistanyň taryhynda aýratyn ähmiýete eýedigini nygtap, milli Liderimizi hem-de ähli türkmen halkyny bu şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Halkara bileleşigi 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde ýörite kararnamany kabul edip, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini ykrar etdi.

Moldowa Respublikasy biziň ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Biziň gatnaşyklarymyz uly taryhy tejribä, hyzmatdaşlykda toplanylan tejribä daýanýar, biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdüreris. Biziň gatnaşyklarymyzyň geljekde uly üstünliklere beslenmegi üçin ähli çäreleri geçireris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz çykyş etmek üçin Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammad Nawaz Şarifa söz berdi.

Belent mertebeli myhman türkmen Liderine, şeýle hem foruma gatnaşyjylaryň ählisine ýüzlenip, 20 ýyl mundan ozal halkara bileleşiginiň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini goldamak hem-de ykrar etmek üçin BMG-ä jemlenendigini belledi. Pakistanyň Premýer-ministri şanly sene mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýandygyny örän şatdygyny nygtap, öz ýurdunyň halkynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine we halkyna mähirli salamyny hem-de şanly baýramçylyk mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny beýan etdi.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap almak bilen, milli bähbitlerden, goňşy ýurtlar bilen parahatçylykda ýaşamak, olaryň özygtyýarlylygyna, çäk bitewiligine hormat goýmak, ähli döwletler bilen dostluk gatnaşyklaryny hem-de özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meýlinden ugur aldy. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman ýurdumyzyň durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasatyny goldaýandygyny aýtdy. Bu syýasat bolsa türkmen halkynyň parahatçylykly durmuşyny we gülläp ösmegini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär.

Belent mertebeli myhman çykyşyny tamamlap, Pakistanyň halkynyň hem-de hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, umumy işiň bähbidine döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynam bildirdi.

Premýer-ministr çykyşyny tamamlandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ertir biz bilelikde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) ugry boýunça iri gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga bereris, bu taslama parahatçylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň bähbidine özara peýdaly we deňhukukly hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýar diýip aýtdy.

Milli Liderimiz TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlyk görülýän tapgyrlarynyň ählisinde Pakistanyň ägirt uly oňyn ornuny belledi hem-de bu ýurduň ýolbaşçylaryna hyzmatdaşlyga taýýarlygy üçin minnetdarlyk bildirip, Hindistan Respublikasynyň wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansarä söz berdi.

Bitaraplyk derejesine eýe bolandan soň geçen 20 ýylyň dowamynda Türkmenistan serhetdeş ýurtlar bilen sazlaşykly gatnaşyklary guramaga ygrarlydygyny, şeýle hem dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy putalandyrmaga meýillidigini görkezip, Hindistan bilen goňşulykda ýerleşýän öz sebitinde parahatçylygy we durnuklulygy pugtalandyrmaga uly goşant goşdy.

Belent mertebeli myhmanyň çykyşynda şeýle hem Hindistan bilen Türkmenistanyň taryhy aragatnaşyklary barada hem aýdyldy, muňa beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň şahyrana setirleriniň ýaňlanmagy hem şaýatlyk edýär. Bu gatnaşyklar häzirki wagtda has-da berkidildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistanyň ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga we berkitmäge garaýyşlaryna ýokary baha berýäris, onuň halkara işlerindäki oňyn ornuna uly sarpa goýýarys diýip aýtdy. Türkmen Lideri şeýle hem Hindistanyň Türkmenistanyň Bitaraplygyny hemişe goldýandygy, halkara başlangyçlarymyzy we TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra maslahatda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň orunbasary Li Ýuançao çykyş etdi.

Myhman milli Liderimize we foruma gatnaşyjylaryň ählisine ýüzlenip, jenap Li Ýuançao HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň hem-de Hytaýyň halkynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna mähirli salamyny we şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýetirdi.

Şu geçen ýyllaryň dowamynda türkmen döwleti özüniň Bitaraplyk derejesine gyşarnyksyz eýerýär we dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostluk gatnaşyklaryny hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýar diýip, myhman nygtady. Häzirki wagtda Türkmenistan netijeli gatnaşyklar we halkara hyzmatdaşlygy üçin açyk meýdança öwrülip, sebitde hem-de bütin dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge saldamly goşant goşýar.

Bitaraplyk türkmen döwletiniň özboluşly nyşanyna öwrüldi diýip, jenap Li Ýuançao belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen halky Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne gadam basdy. Türkmenistanda bilim, ylym we tehnika, medeniýet, saglygy goraýyş, sport işjeň ösdürilýär, ilatyň abadançylygy barha ýokarlanýar. Türkmen Lideri ýurduň geografiki taýdan amatly ýerleşişi hem-de ägirt uly energetika kuwwatynyň bardygy bilen bagly artykmaçlyklary ulanmaga uly üns berip, BMG-niň çäklerinde energiýa serişdeleriniň ygtybarly hem-de durnukly üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek baradaky möhüm başlangyjy öňe sürdi. Munuň özi parahatçylygy we ählumumy ösüşi pugtalandyrmaga saldamly goşant boldy.

Hytaý mundan beýläk hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini goldar we türkmen tarapy bilen bilelikde dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarar diýip, HHR-iň Başlygynyň orunbasary aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň strategik häsiýetini belläp: Hytaý biziň ygtybarly dostumyz, iri söwda-ykdysady hyzmatdaşymyz diýip aýtdy. Türkmen tebigy gazyny HHR-e ibermek boýunça iri turbageçirijisiniň taslamasy biziň hyzmatdaşlygymyzyň üstünlikli tejribesidir. Biziň gatnaşyklarymyz halkara giňişliginde hem netijeli we yzygiderli ösdürilýär, biz hytaý tarapynyň berýän goldawyny hemişe duýýarys diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de Hytaý bilen strategiki hyzmatdaşlygynyň ugry üýtgewsizliginde galýar diýip aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Wise-prezidenti Eshag Jahangiri Aşgabat forumynyň belent münberinden çykyş etmek bilen, her bir ýurduň howpsuzlygynyň onuň sebitiniň, goňşularynyň howpsuzlyk derejesi bilen kesgitlenýändigine berk ynam bildirdi.

Biz sebitiň ähli ýurtlary, hususan-da doganlyk Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşylga, şol sanda parahatçylygy we howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmek, ykdysadyýet we söwda ulgamynda ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardyrys.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasy diňe bir biziň hoşniýetli goňşymyz bolmak bilen çäklenmän, syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda köp ýyllyk hem-de ygtybarly hyzmatdaşymyzdyr diýip nygtady. Biz Eýrana halkara başlangyçlarymyzy üýtgewsiz goldaýandygy, energetika howpsuzlygy, ulag hyzmatdaşlygy meseleleri boýunça jogapkärli hem-de oňyn garaýyşlary, bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga meýillidigi üçin minnetdarlyk bildirýäris, soňky ýyllarda biz birnäçe bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirdik diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Maslahatyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy hanym Walentina Matwiýenko söz berildi.

Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna Russiýa Federasiýasynyň adyndan hem-de ýurduň Prezidenti Wladimir Putiniň adyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny beýan edip, Russiýanyň bu derejäni ilkibaşdan goldandygyny hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji we 2015-nji ýyllardaky degişli Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş edendigini belledi.

Hanym Walentina Matwiýenkonyň nygtaýşy ýaly, türkmen döwletiniň döredijilikli syýasaty sebit durnuklylygyny, howpsuzlygyny we geosyýasy deňagramlylygy üpjün etmek işine saldamly goşant goşýar. Biziň ýurtlarymyz BMG-niň çäklerinde özara gatnaşyklaryň kuwwatyny artdyrmaga çalyşýarlar diýip, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy aýtdy.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy çykyşynda Russiýa Federasiýasynyň we Bitarap Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn häsiýetiniň döwletara strategiki hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady bolup durýandygyny nygtady.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Merkezi Aziýada okgunly ösýän, geljegine ynamly garaýan döwletdigini bellemek ýakymlydyr diýip, myhman aýtdy. Türkmenistan ägirt uly tebigy serişdelere eýe bolmak bilen, tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýar. Onuň “mawy ýangyç” känleriniň biri bolsa öz gorlary boýunça dünýäde ikinji orny eýeleýär. Russiýada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ykdysady we durmuş özgertmelerini amala aşyrmakda gazanylan üstünliklere tüýs ýürekden guwanýarlar diýip, hanym Walentina Matwiýenko nygtady. Foruma gatnaşyjylar türkmen topragynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň giň gerimini öz gözleri bilen görüp bilerler. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bular barada aýtmak bilen, öz halkyny durmuş taýdan goldamak babatda Türkmenistana taý boljak ýurdy tapmagyň kyndygyny belledi.

Soňra myhmanyň nygtaýşy ýaly, Russiýa Federasiýasynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan doganlyk taryhy gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini, Türkmenistan bilen söwda-ykdysady, ynsanperwer, bilim we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berilýändigini nygtady.

Hanym Walentina Matwiýenko däp bolan dostlukly türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy pugtalandyrmak hem-de gülläp ösüşi üpjün etmek işine saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, ähli türkmen kärdeşlerine hem-de dostlaryna şu maslahatyň ýokary derejede guralandygy we myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gyzykly we manyly çykyşy üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistany strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny aýratyn nygtady. Biz dünýä giňişliginde bilelikde işjeň hereket edýäris, halkara guramalarynyň çäklerinde birek-birege goldaw berýäris. Russiýa biziň energetika we ulag ulgamlarynda başlangyçlarymyzyň işjeň tarapdary bolup çykyş edýär. Elbetde, biz Türkmenistanyň bitaraplygyny goldaýandygy üçin Russiýa Federasiýasyna hemişe minnetdardyrys diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda, Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen göni hyzmatdaşlyk etmekde ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Soňra Çehiýa Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Milan Şteh çykyş edip, Çehiýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň, şol sanda halkara derejesinde ösdürmegiň ähmiýetini belledi.

Çehiýa sebitde Bitarap Türkmenistanyň eýeleýän oruna ýokary baha berýär,Milan Ştehiň Türkmen döwletiniň Baştutany bolan duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşylan hyzmatdaşlygyň ykdysady ugry bolsa özara gatnaşyklaryň kuwwatyny artdyrmaga ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hem Çehiýa bilen ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem Ýewropa Bileleşigi bilen hem özara gatnaşyklaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygyny belledi. Munuň üçin häzir ähli mümkinçilikleriň bardygyna ynanýaryn diýip milli Liderimiz Türkmenistanyň dünýä giňişliginde Çehiýa Respublikasynyň netijeli syýasatyna uly hormat bilen garýandygyny, biziň halkara başlangyçlarymyzy goldaýandygy üçin ýokary baha berýändigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz çykyş etmek üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy jenap Oktaý Asadowa söz berdi.

Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Prezidentine we maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny, şeýle hem Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Halkara maslahatyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Oktaý Asadow forumda pikir alyşmalaryň we ara alyp maslahatlaşmalaryň geçen 20 ýylyň içinde türkmen halkynyň ösüş ýoluny şöhlelendirmäge hem-de Bitaraplyk syýasatyny amala aşyrýan Türkmenistanyň toplan tejribesi bilen tanyşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygynyň belleýşi ýaly. Bitaraplyk derejesi oňa eýe bolan döwletleriň üstünlikli garaşsyz ösmegini üpjün edip, özüni netijeli daşary syýasat nusgasy hökmünde görkezdi. Bu derejäniň esasy ýörelgeleri ony halkara howpsuzlyk ulgamynyň möhüm bölegine öwürýär.

Türkmenistan—dünýäde bitaraplyk derejesi BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul eden Rezolýusiýasy bilen makullanan we tassyklanan ýeke-täk döwletdir diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi we bu taryhy seçip almanyň onuň daşary syýasatynyň esasy strategik mazmunyny we ugruny kesgitlemäge mümkinçilik berdi diýip belledi. Türkmen döwletiniň Bitaraplygynyň mümkinçilikleri parahatçylygy we durnuklylygy goramagyň möhüm şertleriniň biri bolmak bilen, sebitde netijeli gepleşikleri geçirmek we hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri üpjün edýär.

Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň ýöredýän döwlet syýasaty ýurduň ykdysady taýdan çalt we sazlaşykly ösmegi üçin amatly şertleri döredýär diýip, Oktaý Asadow belledi. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjan Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçysy Bitaraplyk derejesiniň halkara maliýe guramalarynyň biziň döwletimize bolan ynamyny artdyrdy, şeýle hem onuň ykdysadyýetini daşary ýurtly maýadarlar üçin özüne çekiji ykdysadyýete öwürdi diýip belledi.

Gadymdan gözbaş alýan doganlyk gatnaşyklary, medeni we taryhy umumylygy bilen bagly bolan azerbaýjan-türkmen gatnaşyklary barada durup geçmek bilen, Oktaý Asadow biziň ýurdumyzyň Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda ýerleşip, iki ýurduň bu gün dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandyklaryny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oktaý Asadowa mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip hem-de bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistany Azerbaýjan Respublikasy bilen köpasyrlyk doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Biziň ýurtlarymyzyň Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygy örän möhüm ugur bolup durýar, olar Hazar deňziniň parahatçylyk, hyzmatdaşlyk we abadançylyk zolagyna öwrülmegine uly goşant goşýarlar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Bu ugurda az bolmadyk üstünlikler gazanyldy, olar köp babatda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesi bilen şertlendirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra milli Liderimiz Gazagystan Respublikasynyň Mažilisiniň başlygy Kabibulla Žakubowa söz berdi, ol doganlyk Gazagystanyň adyndan ýygnananlary mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny Türkmenistan üçin taryhy waka—Bitaraplygyň 20 ýyllygy bilen gutlady.

Ýokary wezipeli myhman döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, taryhy taýdan emele gelen iki doganlyk halkyň medeni we ruhy umumylygynyň ygtybarly binýat hökmünde çykyş edýändigini nygtady, Gazagystan doganlyk Türkmenistan bilen özara düşünişmegiň belent derejesine ýokary baha berdi. Goňşy dostlukly ýurdyň parlementiniň ýolbaşçysy Türkmenistan tarapyndan saýlanyp alnan oňyn Bitaraplyk nusgasynyň we onuň binýadyny düzýän parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşuluşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyna, çäk bitewiligine hormat goýmak, halkara harby bileleşiklere, guramalara we ylalaşyklara gatnaşmazlyk ýörelgeleriniň netijeliligini görkezendigini nygtady.

Häzirki wagtda Türkmenistan jemgyýetde durnuklulugy berkitmekde, ýurdyň okgunly ykdysady ösüşi üçin amatly şerleri döretmekde uly netijeleri gazandy diýip, Kabibulla Žakubow belledi.

Kabibulla Žakubow Birataplygyň 20 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Prezident Nursultan Nazarbaýewiň iberen gutlag hatyny okady, onda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň sebitde durnuklulugyň we howsuzlygyň möhüm şerti bolmak bilen, oňa halkara bileleşigi tarapyndan ýokary baha berilýändigi nygtalýar.

Gutlag hatynda Gazagystanda doganlyk Türkmenistan bilen köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenilýär. Geçen ýyllarda ýokary derejede ýetilen özara düşünişmek ýagdaýynyň täze sepgitlere ruhlandyrýandygyny belläp, Preziden Nursultan Nazarbaýew gutlag hatynda Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk we özara ynama esaslanýan gatnaşyklaryň biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbidine geljekde hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Çykyşynyň ahyrynda Kabibulla Žakubow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, ähli başlangyçlarynda egsilmez güýç-gaýrat, üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we ösüş arzuw etdi.

Türkmen Lideri Gazagystanyň ýokary wezipeli wekiline manyly çykyşy, biziň ýurdumyzyň adyna ýadan mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, netijeli syýasy, ykdysady, ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň, iri energetika we ulag taslamalaryna bilelikde gatnaşmagyň, halkara giňişliginde özara goldaw bermegiň—Türkmenistan bilen Gazagystanyň häzirki döwürdäki gatnaşyklaryň özenini düzýändigini belledi. İki doganlyk döwlet we halk bilelikde toplanylan ägirt uly kuwwata daýanyp, uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygy ynamly ösdürýärler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra Sloweniýa Respublikasynyň Döwlet Ýygnagynyň başlygy Milan Brgles çykyş etdi.

Sloweniýaly myhman bu ýere ýygnananlary mübärekläp, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistany hemişelik Bitarap ýurt hökmünde ykrar edendigini belledi. BMG-niň Bas Assambleýasynyň çözgüdiniň biragyzdan goldanylmagy diňe bir Türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň strategik ähmiýetini däl, eýsem, türkmen halkynyň sebitde we onuň çäklerinden daşynda dostluk gatnaşyklaryny saklamak üçin ähli tagallalaryny etjekdigi baradaky çagyryş boldy. Türkmenistanyň alyp barýan we Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty ählumumy möçberde durnuklylygyň baş şerti bolup hyzmat edýär.

Sloweniýa Respublikasynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de türkmenistanlylary bu halkara hukuk derejesiniň ykrar edilmeginiň 20 ýyllyk baýramçylygy bilen gutlap, jenap Milan Brgles Türkmenistanyň mundan beýläk-de özüniň ýokary syýasy wezipesini üstünlikli ýerine ýetirjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem myhman Türkmen döwletiniň sazlaşykly ösýändigini belledi. Sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi, şeýle hem hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary geljekki ösüşiň kepili bolup durýar diýip, Sloweniýanyň Döwlet Ýygnagynyň başlygy belledi.

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşmaga çakylygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Sloweniýa Respubikasynyň Döwlet Ýygnagynyň başlygy türkmen halkyna iň gowy arzularyny aýtdy. Jenap Milan Brglese Türkmenistanyň hem-de halkymyzyň adyna aýdan mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz Sloweniýa Respublikasy bilen gatnaşyklarymyzyň ýakynda başlanandygyny belledi. Şeýle-de bolsa eýýäm anyk netijeler görünýär. Birek-birege düşünişmegiň wajyplygy we iki tarapa hem bähbitlilik ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmegiň anyk kepilidigini milli Liderimiz nygtady. Sloweniýanyň öňde durýan wezipeleriň çözgüdine işjeň we jogapkärli çemeleşmelerine, bu ýurduň ýolbaşçy düzüminiň Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin esasda hyzmatdaşlygy alyp barmaga bolan gyzyklanmalaryna ýokary baha berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, olara baýramçylyk maslahatynyň işine işjeň gatnaşandyklary we manyly çykyşlary edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Şol çykyşlar Türkmenistanyň Bitaraplygynyň, biziň döwletimiziň daşary syýasatynyň häzirki wagtda giň halkara jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasyna mynasyp bolýandygynyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, aýdylan teklipler, peýdalanylyp bilinjek pikirler nazara alynar, zerur bolsa biziň işimizde ulanylar. Biz daşary ýurt tejribesini döredijilikli peýdalanmak babatynda giňden pikir alyşmak üçin açykdyrys, dürli garaýyşlary kabul etmäge taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz şu Maslahatyň uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny nygtady. Bitaraplyk – bu üýtgewsiz görnüş däldir, durmuşa ukyply, döredijilikli hereket bolup, syýasy, ykdysady, taryhy we medeni ugurlary öz içine alýar. Şunuň ýaly pikir alyşmalaryň barşynda bitaraplygyň täze sepgitleri açylýar, dürli ýurtlaryň wekilleriniň arasynda özara gepleşikleri geçirmegiň tejribesi baýlaşdyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Aşgabatda geçirilýän maslahatyň bilim babatynda hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz şu günki aýdylan teklipleriň we pikirleriň, çykyşlaryň okuw kitaplaryna giriziljekdigini, halkara ugry boýunça bilim alýan talyplaryň – geljekki diplomatlaryň, ykdysatçylaryň, ýuristleriň we žurnalistleriň olary üns bilen öwrenjekdigini aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu günki maslahatyň syýasatşynaslygy, halkara gatnaşyklarynyň nazaryýetini we tejribesini ösdürmekde uly goşant boljakdygyna ynam bildirip, häzirki döwrüň sebit we ählumumy ösüşiniň nukdaýnazaryndan Bitaraplygyň ähmiýetini giňden we ýokary derejede ara alyp maslahatlaşmagyň döwletleriň özara düşünişmegine, garaýyşlaryň ýakynlaşmagyna, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täzeçe nusgalaryny işläp taýýarlamaga ýardam berjekdigini aýtdy.

Türkmenistan şu Maslahaty çagyrmak bilen, hut şol ýörelgelerden ugur aldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bularyň ählisi ýakyndan özara düşünişmäge, parahatçylygy pugtalandyrmak, döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi berkitmek işlerine ýardam berer. Parahatçylyk söýüjilik, hyzmatdaşlyk, özara hormat – bu ýörelgeler Türkmenistanyň halkara syýasatynyň esasyny düzýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyz islendik oňyn pikirler we teklipler üçin açykdyr, beýleki döwletler, halkara guramalary bilen içgin pikir alyşmaga hemişe taýýardygyny belledi. Milli Liderimiz sözüniň ahyrynda bu ýere ýygnananlara Halkara maslahatyna gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

“Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahaty öz işini bölümlerde dowam etdi.

Döwlet işgärleriniň, görnükli syýasatçynaslaryň we analitikleriň çykyşlarynda türkmen bitaraplygynyň dünýäniň goşulyşmak işlerine ýetirýän oňyn täsirine umumy we hemmetaraplaýyn baha berildi, Türkmenistanyň daşary syýasy, ylalyşdyryjylyk başlangyçlary babatda umumy wezipeleri çözmäge bolan täze çemeleşmelere garaýyş beýan edildi.

Türkmen bitaraplygyna taryhy, şeýle hem özara gatnaşyklarda açylýan mümkinçilikler nukdaýnazaryndan seretmek bilen, çykyş edenler onuň Türkmenistanyň içerki ösüşinde we dünýä giňişliginde gazanan üstünliginiň möhüm şertleriniň bir bolup durýandygyny aýratyn bellediler. Maslahatyň ýapylyş dabarasynda onuň netijelerini jemlemegiň barşynda bellenilişi ýaly, Halkara gatnaşyklarynda çylşyrymly meseleleri çözmegiň köp ugurly guralynyň peýda bolmagy dünýä gurluşynyň täze konsepsual esaslaryny, üçünji müňýyllygyň başynda adamzadyň öňünde ör boýuna galan möhüm meseleleri çözmäge has kämil çemeleşmeleri döretmäge ýardam etdi.

“Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatynyň barşynda, şeýle hem Türkmenistanyň birnäçe ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmegi hakynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Hususan-da, türkmen-palestin resminamalaryň toplumyna iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler hakynda Teswirnama, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar instituty bilen Palestinanyň DIM-niň Diplomatiýa institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda hem-de sport we ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda, şeýle hem pudak ministrlikleriniň arasynda oba hojalyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyklar girdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Slowakiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen “Ulýanik d.d.” gämigurluşyk kompaniýasynyň /Horwatiýa Respublikasy/ arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Finlýandiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Latwiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtoulag gatnawlary hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan etmek hakyndaky Şertnama boýunça Guramasynyň taýýarlaýjy komissiýasynyň arasynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda özara maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyk baglaşyldy.

Türkmenistanyň we Burundi Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama, diplomatik pasportlarynyň eýelerini wiza talaplaryndan boşatmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Estoniýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

TDH