Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
2015-nji ýylyň 8-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek baradaky gündelik wezipelere hem-de döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri bilen duşuşyk geçirdi. Milli Liderimiz ýygnananlary we olaryň üsti bilen ähli türkmen halkyny uly baýramçylyk — 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy bilen gutlap, taryhy nukdaýnazardan bu şanly wakanyň ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek üçin ähmiýetiniň uludygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz uruş weteranlarynyň we tylda zähmet çekenleriň deňsiz-taýsyz edermenliginiň, olaryň durmuşynyň halkymyza, ata Watanymyza wepaly gulluk etmegiň beýik nusgasydygyny belläp, geçen uruş baradaky hakydanyň aýawly saklanýandygyny we nesilden-nesle geçirilýändigini nygtady.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiz ýurdumyzyň ähli ilatynyň abadançylygy barada hemmetaraplaýyn alada edip, uruş weteranlaryny hem-de uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryny aýratyn alada bilen gurşap aldy. Biz urşa giden gaýduwsyz ata-babalarymyzyň gahrymançylygyny, tylda galanlaryň zähmet edermenligini hem-de maşgala ojagyny goran zenanlarymyzy ýatdan çykarmaýarys. Olaryň durmuş ýoly häzirki nesiller üçin edermenligiň mekdebine öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şol ýyllaryň wakalary baradaky hakydany aýawly saklamagyň biziň borjumyz bolup durýandygyny nygtady.
Milli Liderimiz Ýeňiş baýramynyň aýratyn sene bolup durýandygyny aýdyp, parahatçylyga, ynsanperwerlik we döredijilik ýörelgelerine eýerýän türkmen halkynyň bu senäni ýaşlarda gaýduwsyzlyk, edermenlik, ynsanperwerlik ýaly duýgulary terbiýelemek üçin uly ähmiýete eýe bolan baýramçylyk hökmünde belleýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary we ähli türkmen halkyny Ýeňiş baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ildeşlerimiziň ählisine berk jan saglyk we uzak ömür, bagt, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Soňra Maslahat köşgünde Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş instituty, Türkmenistanyň Milli önümleriniň haryt dolanyşygyny öwreniş instituty, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, şeýle hem degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga hem-de Türkmenistana daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Maksatnamalarda esasy maksatlar we wezipeler, meýilleşdirilýän taslamalaryň sanawy, göz öňünde tutulýan girdejileriň möçberleri, şeýle hem himiýa senagatynda, senagat ulgamynda, ýeňil senagat, maşyngurluşyk, oba hojalyk ulgamlarynda we azyk senagatynda, derman serişdelerini öndürmekde täze önümçilikleri guramagyň maksadalaýyklygy baradaky ykdysady esaslandyrmalar kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hödürlenen maksatnamalaryň ähmiýetini belledi. Göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegi milli önümçiligiň hil we baha babatda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, içerki bazaryň bolçulygyny üpjün etmäge we ýurdumyzyň eksport kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, wise-premýere garamagyndaky düzümleriň işine berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.
Türkmen Döwlet habarlar agentligi