Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra gününe bagyşlanan ýatlama çäresine gatnaşdy

2015-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Türkmenistanda gussaly sene – ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde gurban bolanlary ýatlamak bilen baglanyşykly Hatyra güni bellenilip geçilýär. “Halk hakydasy” Ýadygärlikler toplumynyň ýadygärliklerine gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmen halkynyň taryhynda iň pajygaly wakalaryň birinden 67 ýyl geçdi. Bu waka baradaky ýatlamalar häzire çenli her bir türkmenistanlynyň ýüreginde agyr ýara bolmagynda galýar. 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijesinde, 1 sagat 12 minutda elhenç tebigy betbagtçylyk bir pursadyň özünde owadan hem gülläp ösýän şäheri hem-de onuň töwereklerini weýran etdi, ildeşlerimiziň müňlerçesiniň ömür tanapyny kesip,  her bir maşgala diýen ýaly öwezini ýetip bolmajak ýitgileri getirdi.

Onýyllyklar geçenden soň, bütin dünýä bu weýrançylyk baradaky hakykaty bildi, biziň halkymyz bolsa milli däp-dessurlara laýyklykda bu pajygaly senäni Hatyra güni hökmünde bellemäge, özüniň ýakynlaryny we hossarlaryny hatyralamaga mümkinçilik aldy.

Bu gün tutuş ýurdumyz boýunça Döwlet baýdaklary aşak düşürildi. Şol pajygaly gijäniň elhenç wakalaryny henize çenli ýadynda saklaýan türkmenistanlylaryň millionlarçasynyň kalplary hasratdan doly,  şol wakalaryň şaýatlarynyň berýän gürrüňlerinden we ýatlamalaryndan bu tebigy betbagtçylygyň getiren hasratlary barada bilýänleriň ýürekleri ynjalanok.

Ir säherden aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi Gökdepe söweşinde hem-de 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň söweşlerinde gurban bolan milli gahrymanlary, beýleki söweşlerde wepat bolanlary, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlary hatyralamak maksady bilen gurlan “Halk hakydasy”  ýadygärlikler toplumyna geldiler.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy  Ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdançada saklanýar. Bu ýerde hormat garawuly nyzama düzülipdir.

Ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, hormatly ýaşulular ýygnandylar. Hatyra çäresine gatnaşýanlaryň arasynda Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar bar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Ýygnananlar tutuş adamzadyň taryhyna iň güýçli weýran ediji ýer titremeleriň biri hökmünde giren Aşgabat ýer titremesiniň pidalaryny hatyraladylar.

Meýdançada nyzamda duran ýaş adamlar, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we türkmen esgerleri – serkerdeler, esgerler we talyplar halkymyza, ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny aýdýarlar. Bu gün Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň gerçek ýigitleri Watan goragçylarynyň adyny belentde tutup, gahryman ata-babalarymyzyň däplerini mynasyp dowam etdirýärler. Mukaddes kasamyň sözlerine bu ýere gatnaşýanlaryň ählisi goşulýar.

... Hormatly Prezidentimiz 1948-nji ýylyň ýer titremesinde wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin “Ruhy tagzym”  ýadygärligine tarap ugraýar. Şu pursat pajygaly gije 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply söweşlerinde gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym we tutuş ömrüni asylly işe – ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan atasy Berdimuhammet Annaýewi ýitiren döwlet Baştutanymyzyň hasratyny tüýs ýürekden paýlaşýanlaryň ählisini hakyky duýgudaşlyk duýgusy gurşap aldy.

Belent sütüniň üstünde köp şekilli heýkellerden ybarat görnüş – äpet öküziň şahlarynyň we egniniň üstünde çat açan Ýer şaryny saklap duran görnüşi oturdylypdyr. Bu heýkeliň manysyny öz şahynyň üstünde Ýer togalagyny saklaýan hyýaly öküz baradaky gadymy rowaýat düzýär. Ýeriň agyrlygy ummasyz bolandygy sebäpli öküz wagtal-wagtal bir aýagyndan beýleki aýagyna agramyny atyp, bütin göwresi bilen herekete girende Ýer ýüzünde heläkçilige alyp barýar. Hyýaly öküz hem-de çat açan Ýer togalagy, wepat bolanlaryň jesetleri we elleriniň iň soňky ysgynsyz hereketleri bilen şäheriň harabalarynyň üstünde öz ogluny galdyrýan

zenan .... Munuň özi heläkçilige uçranlara diňe bir gussaly ýas mukamy, ýitirilen ömürlere diňe bir ählumumy gynanç bolman, eýsem, geljekki nesiller üçin goralyp saklanan umytdyr.   

Halkymyzyň ahlak ýörelgesi, ruhubelentligi  we geljege bolan beýik ynamy ykbalyň ähli kynçylyklaryny ýeňip geçmäge medet berdi. Halkymyz öz taryhynyň agyr synaglaryndan üstünlikli geçip, mähriban Aşgabadymyzy gaýtadan dikeltdi we ony dünýäniň iň gözel şäherleriniň, parahatçylygyň, asudalygyň, bagtyýarlygyň we abadançylygyň paýtagtlarynyň birine öwürmegini dowam etdirýär. Paýtagtymyz häzir hem owadandyr, ýakyn geljekde bolsa has-da gözel keşbe eýe bolar. Bu işleriň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde amala aşyrylýar. Örän gysga taryhy döwrüň içinde şeýle uly üstünliklere neneň buýsanmajak, türkmen halkynyň döredijilik kuwwatyna neneň guwanmajak.

... Soňra milli Liderimiz türkmen topragynyň edermen ogullarynyň öçmejek halk hakydasynyň nyşanyna öwrülmelen “Milletiň ogullary”  ýadygärliginiň etegine ajaýyp gül desselerini goýdy. 

Şu gün, Hatyra güni, türkmen halky öz gahrymanlaryny hatyralap, olaryň gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egýär. Halkymyz Gökdepe galasynyň ýaşaýjylary bolan ýaşululary, zenanlary we ýaş ýaşaýjylary barada matam tutýarlar. Olar abanan howpdan birjik-de heder etmän, galany batyrlyk bilen goranlar bilen birlikde güýji agdyk gelýän duşmana berk gaýtawul berdiler. Eziz Watanymyza bolan çäksiz söýgüsiniň netijesinde olar janlaryny gurban etseler-de, ýeňilmediler. Türkmen halky özüniň gahrymançylykly taryhynyň öçmejek pursatlaryny ýatlap, gahryman ata-babalarymyzyň edermenligine sarpa goýýar we Gökdepe galasyny goraýjylarynyň gaýduwsyzlygy baradaky hakydany nesilden-nesle geçirýär.

Biziň ýaşlarymyza görelde almaga buýsanç köp—Watanyň azatlygyny we garaşsyzlygyny goran ata-babalarymyzyň edermenligi we gaýduwsyzlygy baradaky şöhrat halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.  1941-1945-nji ýyllaryň urşunda watandaşlarymyzyň müňlerçesi deňsiz-taýsyz edermenlik, harby borja wepalylyk, Watana ygrarlylyk görkezdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti gussaly dymyşlykda faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň we mähriban Watanymyzyň azatlygy ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hormatyna bina edilen “Baky şöhrat” ýadygärligine gül dessesini goýdy. Olaryň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň ömür ýoly häzirki wagtda türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň we borja wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.  

... Döwlet Baştutanymyzyň yzýany ýadygärlikleriň etegine Mejlisiň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly işewürler, hormatly ýaşulular we ýaşlar, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary gül desselerini goýýarlar.

Ýadygärliklere gül goýmak çäresi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we bu ýere ýygnananlaryň ählisi sadaka bermek üçin niýetlenen ýörite ýere barýarlar. Şol ýerde Aşgabat ýer titremesiniň şehitleriniň, şeýle hem ömür tanapy bimahal üzülen  türkmenistanlylaryň ählisiniň ruhlarynyň şat bolmagy üçin aýat-doga okaldy.

Milli Liderimiz ýygnananlar bilen salamlaşyp, halkymyzyň öten-geçenlerimizi hatyralamak we ýatlamak, Watan goragçylarynyň, gahrymanlarynyň ýagty ýadygärligini baky minnetdarlyk bilen saklamak  ýörelgelerinden ugur alyp, Gökdepe urşunda we Aşgabatda bolup geçen aýylganç ýertitremesinde wepat bolanlary ýatlap, hatyralanýan seneleri birikdirip bellemek maksady bilen, her ýylyň 6-njy oktýabryny Hatyra güni diýip bellemek baradaky çözgüdiň kabul edilendigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, şu gün biz ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda  şirin janlaryny gurban eden gahrymanlarymyz, şeýle hem 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary bolan ildeşlerimiz barada hakyda hökmünde gurlan Ýadygärlikler toplumynda hatyra çäresini geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we bu toplumyň halk hakydasyny, ata-babalarymyzyň arzuwlaryny, halkymyzyň şöhrata beslenen taryhyny özünde jemläp, minnetdar nesilleriň edermen ata-babalarymyzyň deňsiz-taýsyz gahrymançylygynyň we gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egmeginiň nyşany bolup durýandygyny nygtady.   

Döwlet Baştutanymyz ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryna eýerip, Hatyra güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde sadaka berilýändigini, ýagşy umyt bilen doga-dilegleriň edilýändigini belledi. Munuň özi şöhratly pederlerimiziň gahrymançylygyna, tebigy heläkçiliklerde gurban bolanlaryň ruhlaryna bildirilýän tagzym-hormatdyr.  Döwlet Baştutanymyz “Berlen sadakalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun” diýdi.

Milli Liderimiz halkymyzyň däp-dessurlaryny saklamaga we ösdürmäge uly üns berilýändigini, Hatyra güni mynasybetli milli däplerimize  laýyklykda, döwlet derejesinde ýörite çäreleriň guralýandygyny aýtdy.

Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň müftisine  ýüzlenip, ondan tebärek çykmagy haýyş etdi. Asylly däbe görä, Hatyra güni mynasybetli tebärek çykyldy.

Soňra  şu günki çärä gatnaşyjylara milli tagamlaryň birnäeçinden ybarat bolan nahar çekildi.

Nahardan soň, tebigy heläkçilikde gurban bolan ildeşlerimiziň ruhunyň şat bolmagy dileg edilip, aýat-töwir okaldy.

Şu hatyra çäresi nesilleriň dowamatlylygynyň, gadymy türkmen topragynda beýik ata-babalarymyzyň däpleriniň gaýtadan dikeldilmeginiň aýdyň nyşany bolup durýar. Gussada hem, şatlykda hem halkymyz üçin mukaddes ýerlere barmak şol asylly däpleriň biridir. Çünki bu Hatyra gününde halkymyzyň ruhubelentligini has-da artdyrmak üçin nesilleriň aýrylmaz hakydasynyň wajypdygyna, gülläp ösýän ýurtda parahatçylykly ýaşamak we zähmet çekmek bagtyna aýratyn göz ýetirýäris.

Bu gün hatyra çäreleri we sadakalar paýtagtymyzda hem-de Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda geçirildi.

Goý, Beýik Biribar şu gün okalan ähli aýat-dogalary öz dergähinde kabul etsin! Goý, türkmen topragynda asudalyk we agzybirlik, abadançylyk we rowaçlyk höküm sürsün! Beren sadakalaryňyz kabul bolsun!

 

TDH